03:19 Hindistana giden söwdagär we totynyñ oña sargydy hakynda hekaýat | |
Hindistana giden söwdagär hem totynyñ oña sargydy hakynda hekaýat
Goşgular
Täjiriñ akylly Totusy bardy, Şonuñ üçin ony il sylaýardy. Bir gün Hindistana gidermen bolup, Dogan-garyndaşlarny ýadyna salyp, Hersiniñ göwnüne ýetesi geldi, Bir zatjagaz sowgat edesi geldi. Ýakymly niýetden besläp ýüregni, Soraşdyrdy kime näme geregni. Totuguşam kem galmady olardan: "Meñ dogduk ilime barsañ bu ýerden, Kowumdaşlam saña gabat geler kän, Baryna salam aýt ýekänme-ýekän. Aýralyk ejirni çekýänimi aýt, Ýatlap, gözümden ýaş dökýänimi aýt. Bendilikden horluk görýänimi aýt, Mydam ili ýatlap ýörýänimi aýt. Olar bilen açyk bolsa-da ara, Bu dertden gutulmañ çäresin sora. Bendilikde ýaşap ýörkäñ ejirde, Sataşmagyñ mümkin her hili derde. Her kime bir hili ykbal bolup ýar, Kim şatlykda, kim hasratda ýaşaýar. Erkinlikde ýaşap ýören Totular Meni ýat etseler, derdim dep bolar. Olañ biri maña has-da mähriban, Görk-görmegi zyýat, diýseñ hoş zyban. Ömürlik soltan ol göwün köşgümde, Ah çekýän hemişe onuñ yşgynda. Diýmän: "Garaşmakdan halys ýadadym, Mydam ýada salsyn beren wadasyn. Olam hasrat çekip edil men deýin, Noş edip ýaşasyn aýralyk meýin..." akylly sözleri gelip hoşuna, Söwdagär söz berdi dana guşuna. Hindistana baryp ýeten badyna, Beren wadasyny saldy ýadyna. Erkin totuguşlar topar-topardy, Söwdagär olaryñ ýanyna bardy. Gowşurdy guşunyñ ýollan salamyn, Ähli sargytlaryn, köñül kelamyn. Şonda birden erkin totulañ biri Hemmesinden beter çekip ah-zary, gaýtdy-da şahadan göýä daş bolup, Patlap ýere gaçdy çalam-çaş bolup. Muny gören täjir gepletdi için: "Iki göwre - bir jan" diýilýäni çyn. Munuñ şeýledigni hut häzir bildim, Biçäräñ ajalna sebäpkär boldum. Yşkyñ ýowuz oýunlary kän eken, Bu meñ totym bilen jana-jan eken. Bitirmedik bolsam onuñ haýyşyn, Beýle agyr günä goşmazdym başym". Dil - çakmaga, sözem ogşaýyp daşa, Käte sebäp bolýar her dürli işe. Kä haýyr, kä şer iş basym-basymdan Döräp dur olaryñ çaknyşmasyndan. Işiñ soñun saýman sözleseñ eger, Belli zat - haýyrdan rüstem geler şer. Mahsus bu hal her bir hökmürowana, Olaryñ azary ýetýändir käne. Ölüni direldip bilýänem sözdür, Gülzary çölüstan kylýanam sözdür. Şol bir sözüñ gudrat-güýjüni görýän: Kim üçin zäher ol, kim üçin derman. Bu pany jahanda kim bolsañ, bol sen, Çyn adamsyñ diýjek sözüñi bilseñ. Täjirimiz söwda işin bitirip, Düýelerne dürli-dümen ýük urup, Sargalan zatlaryñ alansoñ baryn, Ugrady nazarlap dogduk diýaryn. Iline gowuşdy, guşuny gördi, Bolan-goýan zatlañ habarny berdi: "Sagydyñy aýdyşyñ dek bitirdim, Totulara salamyñy ýetirdim. Ähli aýdanlarñy aýtdym olara, Ähli ýagdaýlarñy aýtdym olara. Gürrüñ berdim çekýän ýürek derdiñden, Bir totyñ bolşuny täsin gördüm men. Ol guş seniñ hal-ýagdaýñy eşdenden, Patlap ýere gaçdy. Geñ galdym çenden. Gaplady kalbymy gussadyr gaýgy, Näçe ökünsem-de, ýok indi haýry. Kä söz ýaýdan çykan peýkama meñzäp, Synaña çümýär-de, berýär kän azap". Dana toty bu sözleri eşdende, Çekýän dert-ejiri durmady çende. Edil jan rişdesi üzlen şekilli, Essi aýyldy-da, ýere ýykyldy. Söwdagär demligi daralan deýin, Haş-haşlap, uludan aldy-da demin, Elinden gidendir öýdüp totusy, Gürlände, gyryljyk eşdildi sesi: "Şirin zyban guşum, paýhasly guşum, Agyr melamata goýduñ bu başym. Elmydama guwanardym saña men, Owazyñy eşdermikäm ýene men? Zyýat saýdym seni jennet guşundan, Agyr külpet inderdiñ meñ başymdan. Sen meñ guwanjymdyñ, göwün hoşumdyñ, Ähli zatdan eziz görýän guşumdyñ. Seni arzan satyn alanam bolsam, Meñ üçin bar zatdan gymmatdyñ, bilseñ. Soñky boljak işi duýman öñünden, Öz dilimden bela galdym bu gün men. Dilim, sen kalbymyñ hany-soltany, Öýümiñ rysgaly, göwheri-käni. Sen käte daşyma demirden gala, Käte-de melamat, towky, dert-bela. Sensiñ meni gamdan halas etjegem, Sensiñ ýene bu başyma ýetjegem. Kämahal ol sen, kämahal gapan, Duýman ýaşapdyryn şu günlere çen. Kä ganym duşmanym, käte ýaranym, Kä hasratym, kä sapaly döwranym. Käte perişde sen, kämahal şeýtan, Sen - edil ýüregme çenelen peýkam. Sen käte rehimdar, kämahal zalym, Görüp bu biçäre guşlaryñ halyn, Düşündim men öz goýberen hatama, Indi gije-gündiz aglamda näme?!" Öz ýanyndan samrap oturan täjir, Guşlaryñ bagtyny ýatyran täjir Gözýaş edip, agram salyp aklyna, Synandy özüni aklamaklyga. Gark bolýan biçäre gaçyp mejaldan, Dalda gözlär akyp barýan sypaldan. Gam laýyna batan täjir görgüli Ahyry kapasa uzady eli. Agyr matam tutup, sallap başyny, Çykardy daşyna ölen guşuny. Ölen bolup ýatan toty şobada Ganatlarny pasyrdadyp howada, Sypdyrman duýdansyz açylan bagtyn, Gondy şahasyna belent daragtyñ, Täjir haýran galyp, açdy agzyny. Soñam üzlem-saplam sözledi şuny: "Sargan sargydyñda niçik syr baryn Ozal añmandyryn, indi bilýärin. Añkawlyk bolarmy, heý, mundan beter? Siziñ maña guran alyñyz ýeser. Sagdyñy dostlaryña ýetirdim, Indem öz başyma bela getirdim. Başda pirimiñ bilmämsoñ aýan, Saña - peýda etdim, özüme zyýan". "Sag bol, haýyşymy bitireniñe, Dostlarymdan habar getireniñe. Kim görnetin dana, akylly bolsa, Kimiñ sesi belent, ýakymly bolsa, daşyñda has mäkäm kapasa baryn, Men öz ykbalyma garap bilýärin. Taýymyñ sen barkañ ölen bolmagy Öylanşykly gurlan ýalan bolmaly. Çakym dogry bolsa, beýtmegi meger, "Senem şeýt" diýp, maña iberlen habar. Aýyplaşma, indi seni terk edýän, Öz ýegre dostlarmyñ ýanyna gidýän". Hojaýyn dillendi: "Meni utduñyz Hem örän gymmatly zat öwretdiñiz. Ýoluñ açyk bolsun, Alla ýar bolsun, Ol size hemişe howandar bolsun! Maña sapak beren eý, paýhasly guş, Uç dostlañ ýanyna, taýyña gowuş!" | |
|
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |