Türküstan ASSR-niň Türkmen oblastynda sowet häkimiýetine garşy tolgunyşyklar, ýaragly çykyşlar 20-nji ýyllaryň birinji ýarymynda giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Mysal üçin, Hojaguly Nyýazgulyýewiň (Hojaguly hanyň) baştutanlygynda Tejen uýezdinde hereket eden toparda atly-ýaragly 200 adam bardy. Hojaguly han sowet häkimiýetine garşy baş göterip, öz hereketine millilik we az-kem panyslamçylyk äheňini bermäge çalşypdyr. 1923-nji ýylyň sentýabr aýynda Hojaguly hanyň topary bilen atly diwiziýanyň (baştutany Koçkarew) we milisiýanyň meýletin toparlarynyň (başlygy Garyp Nazarow) arasynda gazaply söweş bolýar. Netijede, Hojaguly hanyň topary dargadylýar. Şol söweşde Hojaguly hanyň özi-de ýaralanyp ölüpdir. Onuň galan nökerleri bolsa daşary ýurda gaçypdyrlar. Sowet häkimiýetine garşy Merw uýezdinde Nyýazowyň topary çykyş edipdir, emma bu uly bolmadyk topar milisiýanyň çalt hereket edýän topary tarapyndan dargadylýar.
Hojaguly han (Hojaguly Nyýazgulyýew) barada Berdi Kerbabaýewiň “Gaýgysyz Atabaý (Чудом рожденный)” atly romanynda onuň Rus patyşasynyň saýlama atly goşunlarynda (atly gwardiýada) ýüzbaşy bolup gulluk edendigi ýazylýar.
■ Edebiýat:
1. Türkmenistanyň taryhy. Akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen. III tom. – Aşgabat: Ylym, 2017. 357, 358 sah.
2. История Бухарской Народной Советской Республики: Сб. док. – Ташкент, 1976. – 263 sah.; Туркестанская правда. 1922 год, 16 августа.
3. Ташлиев Ш., Куприкова Е. Ликвидация басмачества в Туркменистане: Басмачество: социально-политическая сущность. – Ташкент, 1984. – 93 sah.; Мухаммедов А. Славный путь. – Ашхабад, 1965. – 37 sah.
4. Кербабаев Б. Чудом рожденный. – Ашхабад, 1967. Стр.46. https://profilib.bar/chtenie/125507/berdy-kerbabaev-chudom-rozhdennyy.php. 13.06.2020ý.