22:19 Horaşaja Heseliň gülleri / erteki | |
HORAŞAJA HESELIÑ GÜLLERI
Ertekiler
Bir agşam güýçli şemal turdy. Şemal bilen öň bu ülkelerde görülmedik gyzyl gülleriň gunçalary uçup geldiler. Gyzgyn şemallaryň ugruna düşüp gelen bu san-sajaksyz sergezdan gunçalar köpleri haýran galdyrypdyr. Oba adamlary şemalyň zarbyna uçuşyp-gaýyşyp öz deňlerinden geçip barýan gül gunçalaryny synlap, soňam eginlerini gysyp külbelerine sümüldiler. Horaşaja Hesel gyz bolsa uçuşyp-gaýyşyp bir ýerlere howlugýan güllere seredip: belki bu güller ýöne däldir, gudratly bolsalar näme diýip, oýa batypdyr. Ol howlukmaç başyndaky ýaglygyny sypyryp, şemalyň ugruna gaýyp gelýän gülleri çöplemäge başlapdyr. Ýaglygyny güllerden dolduryp ýörkä hem ol bu işi näme üçin edýändigini bilenokdy. Soňra köneje külbesine girip ýaglygyna ýygan güllerini seredip uklap galdy. Ertir irden oýananda ýaglygyndaky gülleriň lowurdap ýatan tylla bölejiklerine öwrülendigini görüp horaşaja Hesel entek düýş görüp ýatyryn öýdýän diýip, ýylgyrypdyr. Emma bu düýş däldi. Agşamky şemal bilen uçup gelen gül gunçalary gyzyl parçalaryna öwrülipdiler. Hesel gyz begenjinden iki bolup bilmedi. Emma onuň begenji uzaga çekmedi. Onuň köneje külbesiniň gyşyk penjiresinden çykýan lowurda ylgap gelen goňşy-golamlary horaşaja Heseliň ähli tyllalaryny elinden alyp gitdiler. Horaşaja Hesel gyz gaty gamlandy. Aglady. Ahyr bir netijä geldi. Täze eşiklerini geýip ýola çykdy. Ol gyzyl gül-gunçalary äkelen agşam şemalynyň gelen ugruny yzarlap ýola düşdi. Ol derýanyň kenary bilen az ýöräp, köp ýöräp, dagyň alma-injirli jülgesine girdi. Soňra daga dyrmaşdy. Ýodada ýadady. Gyýçak daşlara näzijek dabanlaryny gyýdyryp dagyň depesine çykanda onuň garşysynda ümürsow reňkli daragt peýda bolupdyr. Horaşaja Hezel gyz arzuwlan zadyna gowuşdy. Täsin daragtyň altyn gülleri bardy. Ol näçe ýadan hem bolsa bu arzyly bagyň saýasynda uklamajak bolup jan etdi. Ümürsow reňkli daragtyň altyn güllerini synlap durşuna düýş gördi. Elbetde, gyzyň yhlasy juda güýçli bolandan soň daragtyň saýasynda uklap galsa-da düýşünde ýene şu ýerde oýandy. Altyn ýapraklary howada lowurdap duran daragt Heseliň gepleýän dilinde dillendi: «Gözel gyz, meniň şahalarymdaky altyn güller ýolunan badyna adaty güllere öwrülýär. Soňra bir gije geçenden soň olar altyn parçalaryna öwrülýärler». Horaşaja Hesel gyz mähriban obadaşlarynyň öýkeli halda uludan dem alypdyr. Daragt bolsa: «Ýöne ýene bir aýtmaly möhüm zat bar-diýip dillenipdir.-Laýyk bir gün geçenden soň altyn parçalaryna öwrülen gül gunçalarym küle öwrülýär». Horaşaja Hesel obadaşlary hakda oýlandy. Sylapberdi MUHAMOW. 21.03.2020. | |
|
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |