21:29 Howatyrly mesele / satiriki hekaýa | |
HOWATYRLY MESELE
Satiriki hekaýalar
"Ýüke werzişgär boz eşek Bolaýyn diýseñ, öýlengin". Magtymguly. Hormatly sallahlar! Meniñ size berjek wajyp maslahatym bar. Hawa, hawa, wajyp maslahatym. Öýlenmek barada. "Öýlenmänkäñ, oýlan" diýip, bizden öñki öýlenip geçenler ýöne ýere aýdan däldirler. Başymdan geçendigi sebäpli, menem şol pikiri ikelläp däl, durkum bilen goldaýaryn. Seýrek biten mekgejöwen ýaly bolup, parsa-parsa gyl örüp, eñegiñizdir ýokarky dodagyñyza tamdyryñ kesewi degen ýaly bolar welin, siziñ öñüñizden gaýragoýulmagy howply wajyp bir mesele zompuldap çykar. O-da duluñyzy doldurmak. Ýagny, öýlenmek meselesi. Ine, şu mesele bolsa, çyndan we çuñdan oýlanmaly, howatyrly meseledir. Üşbu, şu meselede säwlige sähelçe mümkinçilik döretseñ, indiki öýlenýänçäñ (ykbal beýle oýna duş etmäwersin!). Çyn-Maçyna argyşa bugdaý äkiden ýükçi ýaly dünýä ineniñize, sizi dünýä inderen ene-atañyza mydama igenip gezmegiñiz mümkin. Şeýle ýagdaýa düşmejek bolsañyz, menden maslahat (maña-da öñkülerden) şulary berjaý ediñ. Eger berjaý edäýen ýeriñizde soñy bilen elimi gysup däl, meni ýagşyja bagryñyza oýkap "sagbolsunlary" ýüregiñizden aýtmagyñyz mümkin. Diñläñ: Birinji. Özüñize "içeri işler ministri" (ýagny, gelinlik) saýlajak bolýanyñyzyñ ejesi, kakasy we ş.m.-leri ketde kürsüleriñ eýeleri bolmaly. Sebäbini menden gowy bilýänsiñiz. Eger bilmeseñizem, soñ göz ýetirersiñiz. Ikinjiden. Onuñ kakasynyñ jyny ejesiniñkiden ejiz bolmaly. Onuñam sebäbini özüñiz gowy bilýänsiñiz. Galyberse-de, "işe" alkal bolýanyñyz şol maşgalada dünýä inen ýeke-täk şahs bolmaly. Şonda döwran siziñ eliñizde bolar. Şu maslahatlary berjaý edip, toý tutup görüñ. Eger şonda-da bolmasa, onda bagyşlañ welin, eger şu ýagty jahanda ýaşajak bolsañyz, meniñ elim siziñ ýakañyzda däl, aşötiriñizde bolar. Gaty çynym bilen aýdýan, aşötiriñizde... Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |