09:46 Iç ýene-de, iç ýene | |
IÇ ÝENE-DE, IÇ ÝENE
Goşgular
Görýän, keýpiň saz ýaly, iç ýene-de, iç ýene. Öňki içeniň az ýaly, iç ýene-de, iç ýene. Kölde gezen gaz ýaly, iç ýene-de, iç ýene. Bolsun gözüň duz ýaly, iç ýene-de, iç ýene. Bir käsäni içeňsoň, biri azrak bildirer, İki kesä çüt ursaň, gözüň gana doldurar, Üçe-dörde ýeteňsoň, gyzyl meňziň soldurar, İç, gyzarsyn gözleriň, iç ýene-de, iç ýene. Tapan-tupanyň ýalmap, çişýärsiň dönüp hyrsa, Alabeder geýýärsiň, keşbiň meňzeýär barsa, Kim towguna "tok" diýse girýärsiň garsa-garsa, Ur stoly, dep poly, iç ýene-de, iç ýene. Jübiň dolsa, bes saňa, ýagşy ady isläňok, Eçilýänçe näkesi "salgyt" diýip gyssaňok, Ýagşylaryň kän welin, akyl berýän dostuň ýok, Depilýänçe ýeňsäňden, iç ýene-de iç ýene. Işiň bilen nä işiň, diňe özüň beslegin, "İçme" diýen adamy itden beter pislegin, Ýola sakak bolana dürli töhmet toslagyn, Ebtiň agyp, dübdüren, iç ýene-de, iç ýene. Akmeňidi az görseň, tirýegi hem çekiber, Özüň akylly saýyp, her kime at dakyber, Sarymsakmy, kelemmi-saýgarma-da dykyber, Tä ýykylyp süýnýänçäň, iç ýene-de, iç ýene. Geň görmezler keşbiňi ak kagyza salsam-da, Azdyr saňa entekler näçe ýaňsa alsam-da, Nebsim gaty agyrýar, käte görüp gülsem-de, Öziňe haýpyň gelmese, iç ýene-de, iç ýene. Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |