13:57 Içine gan giren söýgi we bu söýgüden çykan ders! | |
IÇINE GAN GIREN SÖÝGI we BU SÖÝGÜDEN ÇYKAN DERS!
Publisistika
Birnäçe gezek ýurduñ paýtagtynda "girdenek bilen döwüñ urşy" bolup geçdi, gördük: Bagdatda, Kabulda, Damaskda, Ierusalimde, Hanoýda, Tripolide … Dördünji güne girdik. Şol bir zat Kiýewde… Yer bilen gök birleşdi. Ölüm ýagýar. Ilki şäherler dört möhüm nokatdan urulýar: Elektrik bekedi. Hassahana. Harby baza. Şäheriñ baş köprüsi. Soñra bombalama gezegi raýatlaryñ ýaşaýan jaýlaryna gelýär. Bir ýanyna çöken binalar. Üst-üstüne opurylan gatlar. Bölek-büçek balkonlar. Gapy, penjire, aýna, alýumin profil, demir, beton plitalaryñ içinden halas edilip gaçybatalgalara alynan mekdep okuwçylary... Ýurduñ gündogaryndan günbataryna jan gaýgysy... Goñşy ýurtlara sygynmak isleýänler üçin otly wagonlarynda ýer tapmak üçin ylgaşlaýan gujagy bäbekli aýallar. Kiýew direnýär. Negadar? Nirä çenli? Eziji ot açyjy güýjüniñ agdykdygyna garamazdan rus goşuny Kiýewi bir hepde-on günüñ dowamynda ele geçirmese, Putiniñ emri bilen döwrä "bombalaryñ atasyny-da" soup biler diýýärler. ABŞ Owganystanda ulanypdy. Russiýa şimdi wakum bombany Kiýewde ulanyp biler. Ýadro bombasynyñ ýykgynçylygyny döredýän, gyzgynlyga çydamly basyş bilen işleýän we "öleniñ jesedini buga öwrüp taşlaýan, ölmän diri galanyñ bagryna gan öýdürýän wakum bombalary-da" Kiýewiñ üstüne ýagyp biler. * * * Kepillik gelipdi. Ony her dürli howp-hatardan, bela-beterden, her dürli ýykgynçylykdan gorap biljek epesi, ýol görkezijisi, gujak açyp durany, söýýäni bardy. Edil bir ýaşly çaganyñ eje ynamyna ýapyşyşy ýaly Kiýewde Waşingtony, Londony, Berlini, Pariži, Rimini ynamdar saýyp, olaryñ eteginden ýapyşypdy. Kiýew gansyz-pyçaksyz öñki parçasy Moskwadan gopup, günbatarly täze söýgülisine aşyk bolupdy. Söýgüsine çokunýardy. Diýseñ ynanýardy. Gürrüñsiz! Goýberäýmezler! Hiç haçan! Terk edäýmezler. Kiýewi Moskwa iýdirmez, gorarlar duýgusyna mäkäm ýapyşypdy. Bu duýgy bilen ýaşaýşyñ kynçylyklaryna garşy döş gerip biljekdigine ynanypdy. Gözleýärdi, howp alýardy, günbatar gymmatlyklaryny açýardy, täze söýgüsine uýgunlaşmak üçin gülüp-oýnap özüne ýewropa durmuşyny gurýardy. Gülküli teleserial artistinden özüne ýolbaşçy saýlap alypdy. Özi ýaly Ýewropa aşyk bolanlar, mysal üçin, Polşq, Wengeriýa, Çehiýa, Latwiýa, Litwa, Estoniýa yzly-yzyna NATO-nyñ düzümine alnypdy. Moskwa bu gopuşlara gaharlananam bolsa, ahyrynda razy bolupdy. Günbatarly söýgüli Moskwany "Ýewropanyñ benzinçisi" edipdi. Ýewropa tebigy gazyñ 40%-ni, nebitiñ 25%-ni Russiýadan alýardy. Aýratynam dünýädäki ähli zawod-fabrikleriñ dirilik suwy gaz-nebitiñ üpjün edijisi-de ýene Russiýady. Russiýa Günbataryñ töleg ulgamy bolan Swift-den peýdalanýardy. Putiniñ ogrular režiminiñ döreden oligarhlary Ýewropanyñ futbol klublaryny satyn alýardy. Şeýle rahatlykda, ine, Kiýewem Ýewropanyñ magnawy suprasy, ekinçisi we "nan sebeti" bolýardy. Ukraina bugdaý, jöwen, günebakar önümçiligi bilen Ýewropany we Ýakyn Gündogary üpjün edip biljek derejä ýetmegi maksat edinipdi. * * * Söýgüsi galp çykdy. Maksatlary çökdi. Kiýew ýeke galdy. Ukraina buthananyñ howlusyna taşlanan gundagdaky bäbek mysaly Putiniñ eziji ot açyjy güýjüne bir başyna taşlandy. Putin Kiýewe "Sen meniñ ganymdan, parçamdansyñ. Sen ýalñyş adam Günbatara aşyk bolduñ. Sen Ýewropa bileleşigine gaçyp bilmersiñ. Olar seni aldap, alyp gaçyp, aslynda meni peseldýärler. Seni saçyñdan süýräp yzyña getirerin. Ýa meñki bolup galarsyñ, ýa-da gara ýeriñki borsuñ. Agyryña çydasañ müñ ýaşa, günüñi gör indi. Ukrainany ýok ederin" diýýärdi. Ukraina dördünji gününe girende ene-atasy tarapyndan taşlanan we bularyñ ýerini tutup biljek hiç kimsesi ýok çaganyñ biçäreligine gark boldy. * * * Kiýew ýanýar. Täze söýgülisi Günbatar Kiýewi ýeke goýdy. ABŞ-nyñ Prezidenti "Rus okkupasiýasyny serpikdirmek üçin Ukraina 350 million dollar gorag kömegini berjekdigini" mälim etdi. Beýleki ÝB ýurtlary-da ýarag kömegini ýollaýarlar. Girdenek öz söýgüsini äpet döwüñ gazabyna garşy bir özi goramaga terk edildi. Ýarag ugradan bolup, tomaşa edýärler. Kiýewi "ýa meniñki borsuñ, gara ýeriñki" diýen öñki gözsüz batyr belalysynyñ öñüne atdylar. Türkiýäniñ soñy gan bilen gutaran söýgüden almaly dersi bar. Bu ders “İstiklal-i Tam Olma” (Doly garaşsyzlyk) günlerine dolanyp gelmekdir. Doly garaşsyzlyk - Türkiýäniñ Milli azat-edijilik urşundan soñ özbaşdak we hiç kime mätäç bolmazdan bar bolup bilen, milli agalygy ykdysady agalyk bilen berkitmek maksadyny goýan" baş prinsipdir. Seret, Kiýewiñ halyna! Al dersiñi! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 27.02.2022 ý. | |
|