17:03 Iki araba | |
IKI ARABA
Goşgular
Iki sany araba Sataşyp uly ýolda, Bir-birinden hal-ahwal Soraşdy ýadaw halda: - Armaweri?! - Bar bol, kärdeş! - Nirden gelýäñ? - Gaýradan! - Nirä barýañ? - Ilerik! - Ýüküñ näme? - Garry mama! - Nähili niýetiñ bar? - Ýol söküp, agtarýar är! - Ýeri, özüñ nirden gelýäñ? - Ilerden! - Nirä barýañ? - Gaýrak! - Ýüküñ näme? - Garry baba! - Bar onda niçik hyýal? - Agtarýar dulja aýal! - Belki, guda bolarys?! - Garry mamaña ýaşy näçe? - Ýüzden geçen! - Agzyndaky dişi näçe? - Bary gaçan! - Beýle bolsa, gadyrdan Gusa bolup bilmeris! Garry gija ýüz ýaşly Kempir alyp bilmeris! Tapmaly bor Ýaş aýal. Agzy doly Diş, aýal! ■ SARGAN Oglanlyga dolanyş Oglanjykkam Sargan iýip görüpdim, Bişirip berildi Garryja enem... Köp ýyldan soñ Geçen gije düýşümde Hezil edip Sargan iýdim men ýenem. Düýş düýş bolýar, Ýalan onda ähli zat, Gözüm açsam, Iýmändirin sargany. Huşumda-da sargan iýesim gelip, Böküp turdum, Bir ýan oklap ýorgany. Ýola düşdüm, Howul-hara geýinip, Haýal etmän oba aşmak hyýalym. Çaý-nan iýmän Wtek alty-ýeñ ýedi Alakjap barşymy geñläp aýalym, Ýetişdi zordanjyk: - Ýeldirgediñmi?! A-ýuw, beýdip nirä gitjek? - diýmäge. Uzak hoşlaşyga Wagtym bolmansoñ, Diýdim: - Oba barýan, Sargan iýmäge! Samolýota mündüm, Ondan soñ otla. Otludan düşemsoñ, Maşynly gitdim. Ýöreý-ýöreý Halys sütünim süýnüp, Bir wagt doglan obam Beşire ýetdim. Meni görüp Gülüşmäge durdular Obamyzyñ uly-kiçi çagasy. - Nämä gülüşýäñiz? - Gülmez ýalymy, Bolup gelşiñe bir äñet, agasy! Şäherde ýaşaýan beşirlileriñ Be6sip oba gelýänleri az-az-a! - Ýeri, beýle näme bolanmyş?! - diýip, Äñetsem, Meñzeşdim masgarabaza: Başyma şlýapa geýendigimi Undup, Geýipdirin üstünden papak. Aýagymyñ birinde-hä ädik bar. Birinde-de Tomus geýilýän çepek! Köýnek-balagymam çöwre ekeni Galstugym ýeñsä dakaýypdyryn! Sumka ýerine-ds stolumyzyñ Çekerini alyp çykaýypdyryn! Şlýapapapakly, Ädikçepekli Barandygma bakman, Begendi enem: - Nädipler geläýdiñ?! Sygyr guzlady, Sarganjyk bişirip Bererin ýenem! ■ RUÇKALY WAKA Maýa atly örän oñatja gyzjagazyma bagyşlaýaryn. Maýa atly kiçijik gyz, Bir gün gidende okuwa, "Kakamyñ goşgy-hekaýa Ýazýanja ruçkasy gow-a! Hiç ýalñyşam goýberenok, Tämiz ýazýar" diýäge-de, Kakasynyñkyny alyp, Öz ruçkasyn goýaga-da Mekdebw bardy. "Hasapdanc Boldy şol gün "Barlag işi". Aljyraşyp - düşüp tapdan, Mysal çözýär ähli kişi. "Barlag işi" barasynda Pikirem edenok Maýa. Ünsüni bir ýere jemläp, Ýazýar gyzykly hekaýa. Soñky sagar boldy "diktant", Hemmeler-ä "diktant" ýazýar. Ünsüni bir ýere jemläp, Maýa welin goşgy düzýär. Maýajygyñ kakasy hem Görgi baryn gördi öýde. "Beýdip kürtdürip durşuma Menden şahyr bormy heý-de?! Ozallae ýüzugruna-da Ýazardym on-on bäş bendi. Ýa bolmasa talant-gorum Gutaryp ýörmükä indi?! Goşgyny goýbolsun edip, Hekaýa ýazaryn belki?!" Hekaýa-da başa barman, Kakasyny etdi gülki: "Öñki deý ýeñil ýazañok, Ruçkam kejiriñ-kejiri. Pikirimi bulaşdyrýar. Ýalñyşyp, berýär ejiri. Görýän welin maña şu gün Ýazdyrjak däl hekaýa-da. Bu meniñ ruçkam däl ahyr, Diýmek, bar günä Maýa-da!" Indikide beýtmez ýaly, Bolar ýaly gyzyna pent. Kakasy özüni tijäp, Ýazdy zordan ýekeje bent: "EGEÝ ŞU GÜNNEN ŞEÝÝÄK MENIÑ ÝUÇKAMY MAÝA, AÝYP GITSE MEDHEBE DIÝJEK DIÝEKTOÝ DAÝA!" Hemra ŞIROW. | |
|
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |