06:48 Iki çopan | |
IKI ÇOPAN
Goşgular
Bu habar çopanyň işdäsin kesdi, Goşa geljekdigni eşdip baýaryň. Etli gazan kän gaýnapdy ojakda, Soraljakdy bir gün sanam dowaryň. Baýaryň geljegi ýene bir süriň, Çopanynyň gaýta işdäsin açdy. Çünki tükel, gurat süriň yzynda, Onuň bir garny dok, biri hem a:çdy. Sanawdan soň etli gazanly çopan, Kowuldy iş haksyz bu jelegaýdan. Gazany etsizem halal hak aldy, Ýüki ýetdi üste janly sylagdan. Geň ýeri çopanlar bilýänem eken, Hözirini görýär azabyn çeken. 2017 ý. *** Kän okapdy bende, känem bilýärdi, Pelsepeden, durmuş, taryh ýa dinden. Döwtalapdy öwrenjege öwretjek, Pespäl, şahyr göwni açykdy giňden. Bilýänin berjekdi ogullaryna, Oňlamadylar hem diňlemediler. Paýlaşara dogany ýa aýaly, Dertdeş bolmadylar, ýeň bermediler. Bilýänleri içe sygman ahyry, Içurnuk keseli aldy pahyry. 2022 ý. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |