16:12 Iki dünýäniñ çatrygynda... | |
IKI DÜNÝÄNIŇ ÇATRYGYNDA
Edebi makalalar
Edebiýatda ýazyjy-şahyrlar toparyny ýaşy boýunça nesle bölmek türkmen ýa ors edebiýatynyň keseli däl, dünýä edebiýatynda şeýle. Meger, ol talantly kişileriň ýyldyzlar topary ýaly her döwürräk dogulýanlygyndan gelip çykýan bolsa gerek. Biziň neslimizi edebiýat ylmy-da, edebi tankyt-da gaty bir läliksiretmedi, berk nesil hökmünde ykrar edip hem barmady, onuň sebäbi eýýäm segseninji ýyllaryň başlarynda Kommunistik partiýanyň ideologiýasynyň, ýazyjylara doly gözegçiligiň gowşanlygyndandy. Biz partiýanyň göni görkezmesi astynda taýyn temalary «işlemeli» bolmadyk, öňki nesiller bilen deňeşdireniňde döredijilige erkinräk başladyk. Student ýyllarymdan tä sosialistik sistema dargap başlaýança, Kommunistik partiýanyň organy bolan «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda işländigime garamazdan, öz ýazasym gelen zadymy ýazdym, öz diýesim gelen pikirimi diýdim. Elbetde, podtekstde! Ýagynyň daşyndan içi amanrakdy... Biziň neslimize gowy ýazyjy bolmakdan gaýry çäre ýok! Sebäbi biz iki sistemada ýaşap gördük, ullakan imperiýanyň synyşynyň şaýady bolduk. Ýalan zadyň şeýle kuwwatly, mizemez, güýçli bolýandygyna garamazdan, düýbüniň çüýrükdigini gördük. Ýetmiş ýaşda däl-de, otuz-otuz bäş ýaşda! Akylymyzyň goýalan döwri! Beýik pars şahyry Sagdy ýüz on ýaşapdyr. Ol ömrüniň otuz ýylyny okamaga, otuz ýylyny jahankeşdelik etmäge, otuz ýylyny bolsa döredijilik işine bagyşlapdyr. Dogry, her kime Allatagala Sagdynyň talantyny, uzak ömrüni beren däldir, ýöne adaty ynsan ömrüni bereninde hem biziň nesle entek ajaýyp-ajaýyp eserleri döretmäge wagt mümkinçiligi bar. Ýanus Hudaýynyň ýüz tarapyndan baryp bir ýüzüni, arka tarapyndan baryp ikinji ýüzüni gördük, dünýäniň gije tarapynam, dünýäniň gündiz tarapynam gördük. Halypamyz – Durmuş aga bizi läliksiretmän, berk tutdy, köp-köp çarşenbeleriň içinden geçirip okatdy, öwretdi, tejribe taplatdy. Ýetmişinji ýyllarda iki sany kitap maňa örän uly täsir ýetirdi. Biri – Resul Gamzatowyň «Meniň Dagystanym», ikinjisi Imant Ziodonisiň «Kurzemite» atly eserler kitaby! Gamzatowyň kitaby – Gündogar pähimine ýugrulan dana kitap, ýöne kitapda awar rowaýatlary diýlip getirilýän rowaýatlar aglaba Gündogar, galyberse-de türkmen halkynyň rowaýatlarydy. Men dessine şeýle kitaby ýazmaga taýynlandym, çünki geçmişimize salynýan talaň çydar dagy ýaly däl. «Türkmen topragy» diýen ýaly kitap ýazyp, türkmeniň geçmişdäki dana-dana pähimlerini, atalar sözlerini, nakyllaryny, manyly gysga ertekilerini esere siňdirip, geçmişi galtamanlardan goramak jana-jan borjum bolup göründi. «Kurzemite» bolsa inçe lirizmi, tekstiň aşagynda käte öwşün atýan paýhasy bilen meniň ruhuma ýakyndy. Men ony öwran-öwran okap doýup bilmeýärdim... Men hökman şeýle kitaby ýazaýmalydym, sebäbi il-ulsa aýtmaly zatlarym, göwnüme bolmasa, örän kändi. Meniň akyl beresim gelýärdi, dünýäniň iň beýik dagy Ewereste çykyp: «Siz şuny bilýäňizmi?» diýip gygyryp, akyl satasym gelýärdi. Eflatuna gaýra dur diýip sowatlylygymy görkezesim gelýärdi. Ýöne... men beýle kitaplary ýazmadym. Ynha, ýigrimi ýyldan soň bolsa şol kitaplary ýazmandygyma begenip aňyrsyna çykyp bilemok! Ýaşlykda, akyl-paýhasyň gögele çagty akyl satasyň, akyl-paýhasyň durlananyndan soň bolsa, özgäni diňläp, dymasyň gelýär eken. Her bir tapan täze pikiriň, paýhasyň, tapyndyň kyssaňa giräýenok. Ony depderçäňe belläýmekden başga çäräň ýok. Depderçe-de galňap gidip otyr... Men bütin ömrümde kyssadan başga zat ýazmaly däl, proza – okean, oňa islendik pikir hökman girer diýip tama edýärdim, ýöne islendik pikir girip baraýanok... Eliňizdäki kitaby ýazmak pikirim ýokdy, ýöne ony ýazmak meniň ynsanlyk borjuma öwrüldi. SSSR dargap, sosialistik sistema paşmadyk eksperiment hökmünde taryhyň arhiwine girdi. Türkmen halky onlarça halk bilen birlikde daşy mahmally zynjyry – gulçulyk zynjyryny syndyryp, Garaşsyz döwlet boldy! Tutuş türkmen halky, dünýä dargap giden türkmenler erkin, Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwleti üçin Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowa minnetdar boldy. Taryh ony aýny wagtynda dünýä getiripdir, munuň özi Allanyň türkmene nazar saldygydyr! Türkmen halkynyň geljegi hem, armanly giden geçmişi hem beýik ogluna minnetdar bolmalydyr. Men şu kitabyň üsti bilen ýüzýyllyk ara nazar saljak bolýaryn. Geçen asyryň dördünji çärýegine ýetmän türkmeniň baş galasy Gökdepe syndy. Asyryň aýagyna çenli bolsa, basybalyjy Samoderžawiýe türkmen topragyny doly diýen ýaly eýeläp, demir ýollaryny çekdi. Demir ýollar türkmen topragyna ekskursiýa etmek üçin çekilmändi. Demir ýollar türkmen halkynyň bähbidi üçinem çekilmändi. Demir ýollaryň çykdajysyny türkmen baýlygy millionlap-millionlap dolmalydy. Demir ýollar girdejini ymgyr köp getirjekdigine göz ýetirilenden soň gurlupdy. Şagadamdan Guşga çenli çekilen demir ýol türkmen topragyna urlan berk demir gandaldy. Şagadamdan Guşga çenli çekilen demir ýol geljege dikeldilip goýlan merduwandy. Şol merduwandan ýörän halkymyz: 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryna gelip ýetdi! Garaşsyzlyk gününe gelip ýetdi! Taryhda ilkinji gezek sözüň doly manysynda özbaşdak döwletli boldy! Bu örän uly taryhy waka! Biz munuň şeýledigine düşünýäris! Biz bu güni Türkmenistanyň ganatyny ýaýan Güni diýip bilýäris, ýöne bu güne doly akyl ýetirmek üçin köp-köp ýyllar gerek! Bu taryhy waka üç günde, üç ýylda akyl ýetirerden has uly taryhy waka! Gaty uly daga ýakyndan seredip, onuň näderejede uludygyna gözüňi ýetirip bolmaýar. Geçen Beýik Watançylyk urşy gidip durka-da ýazyjylar, şahyrlar uruş hakda aldygyna eser döredýärdiler. Ondan bäri elli ýyl geçdi! Elli ýyllap Soýuzyň ýazyjylary, rus ýazyjylary uruş hakyndaky ýüzlerçe eserleri ýazdylar, emma, gynansak-da, ýigrimi bäş-otuz million halkymyzyň ganyna galan bu uly uruş hakynda L.N. Tolstoýyň «Uruş we parahatçylyk» romany döränok, megerem, wagty gelenok. Biziň Garaşsyzlygymyz hakda, türkmen halkynyň röwşen durmuşyny dünýä ýüzüne ýaýyp biljek eser entek döränok. Ýöne şeýle eseriň dörejekdigine ynanýaryn, çünki beýik zatlar uzaklardan görünýär. Türkmen halkynyň beýik işleri hem uzaklara görünmelidir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |