IKI KENAR ROWAÝATY
Sumbaryň sag kenarynda
otyr mähriban obam,
Sumbaryň sol kenarynda
ýatyr eýran obasy.
Sag kenarda bir dogan,
sol kenarda bir dogan,
Aýralykdan yza çekip,
ýogalypdyr käbesi.
Didara zar göreçler
bir-birege garaýar,
Ara bir garyş bolsa-da,
serhet ýatyr arada.
O kenarda oturan
bu kenary halaýar,
Ýarym asyr habar ýok,
birek-birek barada.
«Hal-ahwalyň niçik, dogan?»
habar gatyp bilmersiň,
Bilinäýse, dat günüňe!
Bu-gün erte gülmersiň.
Ýarym asyr geçipdir
dogan dogana zar otyr,
... Bir gün obam ýas baglady,
egne alyp tabydy.
O kenarda aglady,
dogan doganyň agysyn,
Şo pursat bi pany jahan
meniň üçin tamydy.
Doganyň ýürek awusy
baryp ýüregimi ýakdy,
Sen niçik zalym ekeniň,
ah, takdyr, takdyr, takdyr?!
▶ ZARYN ÇEKMEDIKLER BIR DÖWÜM NANYŇ
Islegi şer, dawa-jenjel, goh bolar,
Zaryn çekmedikler bir döwüm nanyň.
Taýak döwseň, keýpi şonça çoh bolar,
Zaryn çekmedikler bir döwüm nanyň.
Adamzatda köýüp ýatan ary bar,
Ýerzeminde ýasap goýan dary bar.
Kalbynda doň, eremedik gary bar,
Zaryn çekmedikler bir döwüm nanyň.
Pyragynyň köýüp ýazan gendesi –
Senem tebigatyň ýasan bendesi.
Bolar munda bahyllygyň bendisi –
Zaryn çekmedikler bir döwüm nanyň.
Enesiniň gözýaşyny aňlamaz,
Atasynyň çeken derdi ýeňlemez.
Sözüm bar: «Azaply çörek heňlemez,
Zaryn çekmedikler bir döwüm nanyň!»
Goşgular