17:38 Iki psihiatr | |
IKI PSIHIATR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Iki sany psihiatr bir jaýda ýaşapdyr. Her gün agşam olar işden gaýdypdyrlar we köplenç bir liftde öz ýaşaýan gatlaryna galmaly bolupdyrlar. Olaryň biriniň ýüz-keşbi hemişe tutuksy ekeni. Beýlekisi bolsa adatça şähdaçyk ekeni. Lift gözegçisi iki psihiatryň arasynda her gün gaýtalanýan bir hereketi geňirgenip synlapdyr. Tutuksy keşpli psihiatr her gün liftden düşende, hökmany ýagdaýda yzyna öwrülip, ikinji psihiatryň üstüne tüýküripdir. Ol bolsa, parahatlyk bilen elýaglygyny kisesinden çykaryp, öz eşigine degen tüýküligi süpüripdir. Kä günler bolsa, lift gözegçisi üstüne tüýkürileniň gaharlanmakdan-a geçen, gaýta ýylgyrýandygyna-da tomaşa edipdir. Öz görýän wakasyna haýran galan lift gözegçisi, ahyry bir gün saklanyp bilmän, üstüne tüýkürilen psihiatrdan sorapdyr: -Allanyň hatyrasyna, hormatly lukman, aýtsaňyzlaň, näme üçin siziň kärdeşiňiz siz babatda beýle gödek hereket edýär? Bu sowala gündekisi ýaly eşigini süpürip duran psihiatr ýylgyrypdyr-da, jogap beripdir: -Men näbileýin? Onsoňam onuň bu hereketi meni näme üçin alada goýmalymyşyn? Näme üçin beýle hereket edýändigi barada, goý ol hereketi edýän alada etsin... Çeşmesi: http://www.orator.ru/pritcha_dva_psihiatra.html. 27.08.2020ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |