12:47 Ikilemeler | |
Oguljemal ÇARYÝEWA
Goşgular
▶ IKILEMELER Akyllydym ~ nädeýin, yşkyñ etdi diwana, Içimde bir ýurt tutup ~ meni saýma bigäne. Howa ýaly gerek sen ~ aýyp dälmi demiksem, Gözümiñ damaryndan ýüregime siñipsiñ. Seniñ ýagty nazaryñ tüm dünýäme ýalkymdyr, Sil bolmaga güýjüm bar, bir azajyk galkyndyr. Sen bir jahan ~ göwnüm giñ, şol jahana sygmaga, Gerekli daşyñ bolsam, neneñ dözjek zyñmaga. Gabaplar kän guratdy, bu garypja öý meni, Zada däl, ruha aşyk ~ ruhuñ bilen söý meni! Ýa maña düşüneñok, ýa-da bilmedik bolýañ, Tümde galan gül deýin Güni gözläpler solýan. Ganatym özüñ gyryp, derdim soramañ näme, Ýalñyzlyk çölüne zyñyp, soñ garamañ näme?! Guş dilinde syrym bar, dilime düşün meniñ, Ilden ozal sen sözle, eý, göwün guşum meniñ. Matallarym seniñki, añmasañ syra ýanar, Senden ýag alyp peltäm ~ ömürlik çyra ýanar. ◆ ◆ ◆ Äşgärligiñ gujagynda syrymy oýardyñ pynhan, Sergezdanlyk ykbalymda ~ dogry ýoly sordum zynhar. Gam jepasy ýagyr etdi, ýürek indi hözir küýsär, Ýadyrganym ýat boldular, ýat islegim eziz küýsär. Ýol tapmanlar ýola saldym, ýoldan çykan kerwenimi, Mizan daşy ölçäp otyr alganymy, berenimi. Zülpüme bir nur çolaşdy, sendir öýdüp öper tarym, Wepa salym sil äkitdi, indi ne bor wepadarym. Ýürek ýurdy sowamaz hiç, men bir umyt üzülmeziñ, Heñe salmak niýetim bar, ah, heñlere düzülmezim. Yşk mülkünden mekan sorar, bu natuwan didelerim, Azaşyplar ýitip gitsem, señ kalbyñdan idelerin. Göwün gözelim karar tapmaz, näme-de oñ hyýaly, Nika bilen toý sorady ~ indi ylhamyñ aýaly. Bagtly bolsa, ýatdan çykar gam hüjrede perýatlary, Ýa-da oña teselli biýr, şygyr atly zürýatlary. ◆ ◆ ◆ Umyt bagy dolup otyr, elim ýetmez miwesine, Nesip etse, datmak hyýal ~ "Binesip" bir diýmesene. Bu dünýänin kitabynda ykbalyma garar oldum, Sabyr donun egne geýip, kanagata karar oldum. Ýusup ýüzüñ meni sorar, tanap bilseñ Züleýhañ men, Pyýadamyñ, at bereýin, ýoldaş borsuñ, geläý han sen. Natuwandym, söýget gerek, ejizligim bildirme sen, Bidem bolsam, Hudaýdandyr, ýüregiñden öldürme sen. Ömürlik däl, yşkbaz jahan myhmanyna hödür eder, Bir elinde ömür otyr, ölüminde ýatyr heder. Jiger böwri bitsin ahyr, gam myhyny sünjeme sen, Dert bermekden lezzet alsañ, getir gamyñ, ynjama sen. Bina gurup, döwlet gurup, il ýadynda galar şalar, Yşk tapanym ~ sözüñ ýurdy, saña menden näme galar?! | |
|
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||