14:14 Il arasyna ýaýran nusgalardan | |
11. IL ARASYNA ÝAÝRAN NUSGALARDAN
Ýatlamalar
Berdi Kerbabaýewiň goňşusy, diplomat, taryhçy alym, ýazyjy Gylyç Kulyýewiň aýdany. Olar Aşgabadyň gök bazaryna tejen waharmanyny almaga barýarlar. Obadan gelen daýhanlaryň öňünde üýşmek-üýşmek waharman, göreňde gözüň dokunýar. – Berdi Myradowiç, gel, şundan alaly. – Ýok, muny alyp bolmaz, bu gawunlar azan. Olar ýene iki üýşmegiň deňinden geçýärler, olara-da azan diýýär. Bulary synlap oturan ýaşulynyň deňine ýetýärler. Berdi aga onuň gawunyna-da at dakýar, azan diýýär. Ýaşuly peýläp oturan sözüni aýdýar: – Şu gawunlar bazara düşürlende-hä azmandy, şindi sizi görüp azandyr-da. Berdi aga hezil edip gülýär, ýaşulynyň gawunyndan almakçy bolýar. (Il arasynda bu degişmäniň başgaça aýdylýan warianty hem bar.) Şuňa meňzeş gepi men artist Baba Annanowdan hem eşidipdim. Maryda “Aýgytly ädim” filmi alynýarka Artyk Jally, Akmyrat Bäşim üçüsi nas almaga bazara barýarlar. Iň gowy nasy Marynyň bazaryndan tapsa bolýar. Nasyň hilini Akmyrat Bäşim barlamaly. Ol bir jümmük nasy diliniň aşagyna atýar-da, derrewem tüýkürip goýberýär. – Ýok, bu nas ýuwan, tutanok – diýýär. Şeýdip, ýene iki adamyň nasyna at dakýar. Dördünjiniň nasyna-da: ýok, tutanok diýýär. Nas satýanyň jany ýanaýypdyr. – Inim, ol äpet garnyň bilen seni hudaý tutaýmasa, nas tutmaz – diýýär. Meniň şaýat bolan pursatlarymdan bir mysal. Berdi Kerbabaýew ýazyjylar soýuzynyň başlygydy. Kabinetinde ýygnak geçirdi. Ýazyjylardan barýan golýazmalara redaksiýalarda seredilişi barada gürrüň gozgaldy. Her kim närazylygyny aýdyp zeýrenýärdi. Şahyr Towşan Esenowa-da gepledi, gahar bilen gepledi, agzyndan ýalyn çabyrady diýse-de boljak. Telim öwre onuň elten goşgusyny, poemasyny gysgaldypdyrlar. “Gazete eltsemem meňkini kesýäler, žurnala eltsemem meňkini kesýäler, radioda-da meňkini kesýäler!” diýip janygýardy. Berdi aganyň reaksiýasy oturanlaryň ünsüni çekdi. Ol Towşan bajynyň aýdýanlaryny diňläp otyrka murtuny sypap, eginlerini silkip, mys-mys gülýärdi. Soňam: “Towşan, kesilse biziňki kesilmeli, seňkini nädip kesýäler?” diýdi. Düşündiler, gülki kabineti sarsdyrdy, Towşan bajynyň gülküsi has-da belent eşidildi. Döredijilik adamlary hakynda ol günlerden galan degişmelerde olaryň gylyk-häsiýeti takyk berilýärdi. Berdi Kerbabaýew eli açyk, sahy bolsa, Beki Seýtäkow gysykdy. Oglanlaryň biri: “Beki aga, saňa gysganç diýýärler welin, şo çynmy” diýip soraýar. Beki aga-da ýomutçalap sögýär-de: “Men-ä puluny köçä zyňyp ýören göremok” diýýär. Ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň aýdany: “Beki Seýtegiň kabinetine bardym. “Äý, inim, erbet düýş görüp, uzak gije ýatyp bilmedim” diýdi. “Nähili düýş göreniňi men bilýän”. “Bilýän bolsaň, aýt”. “Bank ot alandyr”. “Äý, sen belent adam, bildiň!” diýip, Beki aga güläýdi. Men oň puluny bankda saklaýanyny bilýärdim. Ata Gowşudow juda öýkelek adam bolupdyr. Mahal-mahal öýkeläp, ýazyjylar soýuzyna-da aýlap barmaz ekeni. Ol mahal Şaja Batyrow Türkmenistanyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň birinji sekretary. Ata Gowşudow bilen bile işlän, ony gaty sylaýan adam. Onuň öýkesini ýazyp bolmaýandygyny, soýuza gelmeýändigini ahyry Şaja Batyrowa aýdýarlar. Batyrow ony kabinetine çagyrýar. Asyl, dünýäden öýkeli ýaly Gowşudow ýüzüni asyp oturan. Batyrow: “Atam, bu günler näme edýäň?” diýýär. Ata Gowşut gypynç etmän jogap beripdir: “Bu günler-ä uly oglum bilen onymy deňeşdirýän”. Batyrow hezil edip gülüpdir: “Seniň öýkeläniň çyn” diýipdir, çaý getirmegi buýrupdyr, çaý başynda onuň öýkesini ýazypdyr. Çary Aşyrowy bigam, oturyşmagy, keýp çekmegi halaýan adam hökmünde tanaýarlar. Onuň dosty Pomma Nurberdi. Pommany “Tokmak” žurnalynyň redaktorlygyndan boşadyp, ýerine Çary Aşyry belleýärler. Bu geňdi, sebäbi Çary Aşyrow satira, ýumor bilen iş salşyp ýören adam däldi, “Tokmak” žurnaly bolsa, respublikada ýeke-täk satiriki žurnaldy, Pomma Nurberdi satirik şahyr hökmünde-de tanalýardy. Beýle öwrülişige näme sebäp boldy diýip, Çary Aşyrdan soraýarlar. “Pomma, akmak, hepdäniň alty gününi içip, bir gün içmeýän ekeni, men ähli gün içýän” diýýär. Çary Aşyry partiýanyň merkezi komitetine çagyryp, redaksiýaňda tertip-düzgün ýok, işgärleň wagtynda işe gelenoklar diýip igenýärler. Çary aga ertesi irden edara baryp oturýar, garaşýar, dogrudan hem işe gelýän ýok. Diýlen dogry ekeni diýip gaýdýar. Soňky gün işgärleri ýygnap gygyryp başlaýar: “Swoloçlar, işe giç gelýäňiz, men düýn irden gelip garaşyp oturdym, biriňizem gara bermediňiz!” diýýär. Işgärler gülüp başlaýarlar. “Nämä gülýäňiz!?” “Çary aga, düýn bazar güni-dä!” “Nätdiňiz-aý, ýörüň, muň üçin ýüz gram urmasak bolmaz” diýýär. Berdinazar Hudaýnazarow döredijilik intelligensiýasynyň arasynda şahyrlygyndan hem beter serhoşlygy bilen tanalýardy. Arak içmek onuň üçin keýp däldi, dertdi. Agzy aja degenden soň saklanyp bilmezdi, onuň içişini “zapoý” sözi bilen aňladardylar, bir hepde, on güne deňiç galman içerdi. Içip başlanda onuň goldawyndan hantama ýaş ýazyjylar arak daşardylar, serhoşlykdan kellesi sämäp duran halypa olara näçe diýseň wada berýärdi diýip gürrüň ederdiler. Birine kitabyňy çykardaryn diýse, beýlekisine hökümetden jaý alyp berjegini aýdyp magtanýarmyş. Şu ýagdaý bilen bagly gürrüňler ýaýraýardy. Ine, şolaryň biri. Berdinazar ýazyjy bolmagy arzuw edýän studentleriň aragyny içip otyrka, gapdalda duran telefony görkezýär-de: “Men gönümel Balyş Öwezowa til edip bilýän, ol meniň aýdanymy gaýtalatman edýär” diýýär. Balyş Öwezow Türkmenistanyň kompartiýasynyň merkezi komitetiniň birinji sekretarydy, iň ýokarky wezipedäki adamdy. “Kimiň nähili haýyşy bar, aýdyň” diýýär. Berdinazaryň häsiýetine juda belet bolan student Ýazly Ataýew gülmän-yşman: “Mende bir haýyş bar, gaýrat et-de, meň üçin Balyş Öweze til edip ber. Goý, ol biziň kursumyzyň starostasy Begmyrat Ussaýewi wezipesinden boşatsyn, ýogsa, her gezek sapakdan gaçamda, meni bellige alýar” diýýär. Berdinazar: “Bu haýyşyň Balyş Öwez üçin maýdarak bolýar, pilden kiçi zadyň gürrüňi etme” diýipdir. Mäti Kösäýew hakyndaky gürrüňlerden. XX asyryň ellinji ýyllarynyň ikinji ýarymynda türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetinde okapdym. Mäti Kösäýew bizi-de okadypdy. Ol studentleriň ýüzüne göni seretmejek bolardy, hamala, olardan utanýan ýalydy. Onuň bu endiginden ýeser gülki ýasapdyrlar. Mäti aga ekzamen alyp oturan. Hemişe aktiw, köp okaýan, ýeserje student başda jogap berip, “bäşlik” alyp çykýar. Onuň okamagy halamaýan ýoldaşy: “Sen meň ýerime-de girip çykaý, men oňly taýýarlyk görüp bilmedim. Sesiňi birazajyk üýtget-de aýdyber, Mäti agaň ýüzüňe seretjek gümany ýok” diýip ýalbarýar. Ýeserje student ýalta ýoldaşy üçinem “bäşlik” alyp çykýar. Esli salymdan ýene bir ýalta tapylýar. Halys ýalbaryp, bizar edeni üçin ýeserje onuň ýerine-de girip jogap berýär. Mäti aga, dogrudanam, onuň ýüzüne seretmändir, ýöne ekzamen kitapçasyna “dörtlük” goýýar-da: “Şu sary botinkany indi görmäýin” diýýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |