22:50 Iman | |
IMAN
Goşgular
Hiç haçan hiç ýerde bar zat ýerbe-ýer boldy hasap edilmeýär bil, jigi. Eger şeýle ediläýse, derdeser. Bendäñ ýaşaýşyndan halas boldugy. Çünki, Isleg ösýär, Ýaşaýyş ösýä, Adamlaram kem-kem özgerip barýar. Hem şo ýolda özleriniñ döreden kynçylyklaryna döz gelip barýar. Birisi döredýär, Birisi ýeñýär, Geñ görme, şeýledir gurluşy dünýäñ. Dünýe-görkli gedem gyzdyr, Yzynda ýersiz selpeder. Asmanyñ ýüzi göm-gökdür, Edýän deý eýmenç elheder. Ýöne, Alla hoş niýetlä Goldawyny unutmandyr. Seretanda Muhammede Saýa salan bulut bardyr. Kynçylyklara teselli, Hoş günlere medetkärdir. Görk bolup gursaga siñen, Kalbymy sowadan bulut. Ýagsa, ýagmasa-da, ynan, Ol - juda owadan bulut. ▶ TEKLIP Neçüýn elmydama aladaly biz? Galdyr başyñ, synla ahyr baglygy. Saralyp gidipdir gussañ derdinden Seret, bu Zeminiñ ýaşyl baglygy. Dur, ezizim, biraz çeksene aýak, Gel, oturyp gürleşeli mesawy. Göýä bu durmuşda gyt zat deý aýal, Kalbymyza gaplap ýörmän gussany. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |