01:25 Iñ soñky tüsse: Tolstoýyñ gaçan güni... | |
IÑ SOÑKY TÜSSE: TOLSTOÝYÑ GAÇAN GÜNI...
Edebi makalalar
Ol gidenden soñ aýaly özüniñ ýalñyz galandygyny duýdy we "daş-töweregindäki hemmeler oñ edenini ýalñyş hasaplaýardy. Hatda gyzyna çenli tutuş oba "sepil gaçgagyñ" tarapyndady. Tolstoý özara oñşuksyzlyklarynda aýalyny hiç mahalam güýçli ritorikasy bilen dili gysga etjek bolmandy. Gaýtam onuñ iñ absurd talaplaryna-da elinden geldigiçe, hatda çydap biljegindenem köp eglişik etdi. Ýazyjy aýalynyñ ähli pyrryldaklaryna, şantažlaryna, we "özümi öldürerin" diýip haýbat atmalaryna çydap gezýärdi. Emma onuñ tarapdarlaryny haýrana goýan we gaharlandyran hereketiniñ özeninde gojalşan hojaýynyñ gaçyp gitmeli bolandygy üçin ruhy ezýet çekýän gowy adamyñ tebigaty bardy. Munuñ özi 25 ýyllap gaçmagyñ pikirinde gezen, emma ýeterlik güýç-kuwwaty barka gaçman oñan ejiz, syrkaw adamyñ eden işidi. Gaçyp nirä gitdi, ölümemi? Belli ylmy-barlagçy, professor W.F.Snegirýewiñ geçiren barlagy Tolstoýyñ aýalyna ýazan hatynda gaçyşyñ öz janyña kast etmegiñ düşnüksiz görnüşidigini bize açyp görkezdi. Tolstoý ikinji derejeli otlynyñ küpesinde gezelenç etdi. Makoweskiý köpçüligi, çilim tüssesine gaplanan wagony ýatlaýar. "Biziñ münen wagonymyz Orsyýetdäki syýahatlarymda münen iñ ýaramazy we iñ adamlysydy". Petiş howadan we tüsseden ýaña demigendigini duýan Tolstoý öñki platforma geçdi. Bulam onuñ kükrek infeksiýasyna sebäp boldy. Rus demirýollaryndakу bu haýal ýolagçylyk Lew Nikolaýewiçiñ ölümine goşant goşdy. Aýaly Sofiýa Andreýewna Tolstaýa hem iki gezek öz janyna kast etmäge synanyşdy. Tolstoý aýaly Sofiýa Andreýewna Tolstaýa bilen 1902-nji ýylda Krymda / Fotosurat: Fine Art Images / Ideal Image Tolstoý baş ruhany bolan uýasyny görmäge gidende, öý durmuşyndan has beter manastyr durmuşyna özüni berdi. Goja obanyñ bir çetindäki külbede, manastyrda ýa-da ümsüm otelde psihologiki taýdan öýüniñ dört diwarynyñ arasyndaky bol-elin durmuşdan has rahat durmuş tapdy. Soñky döwürde diñe aristokratiýadan däl, mülki Ýasnaýa Polýanadaky ýaşaýşyñ aşa demokratiýasyndanam ünsüni sowmagy gerekdi. Onuñ ýanyna gelýänleriñ arasynda Maksim Gorkiý, ruhyýet bilen gyzyklanýanlar, döwlet ýolbaşçylaryndan zulum gören toparlar, talyplar, işçiler we işgärler bardy. Tolstoý ömrüniñ ahyrynda döredijilik işini bes etdi. Özüni doly oý-pikire berdi. Oña asudaluk we ýekelik gerekdi. 1905-1908-nji ýyllaryñ rewolýusiýasy diñe iki paýtagtda (Moskwada we Peterburgda) ýaragly gozgalañyñ tolkunyna sebäp bolanyny az gördi, şol bir wagtyñ özünde başganyñ "talañçylyk" hasaplan daýhanlar topalañyna-da sebäp boldy. Tolstoýyñ aýalynyñ garyndaşlary bu rewolýusiýadan kän kösençlik çekdi. Sosialist rewolýusionerler onuñ erkek jigisini öldürdi. Aýratynam Tolstoýyñ öldürilendigi barada hatlar alandan soñ maşgalasynyñ başyna geljeklerden gorkýardy. "Sergeý ata" hekaýasy Tolstoýyñ iñ çuñ manyly eserleriniñ biridi. Hekaýa on ýyl ýaly uzaga çeken arakesmeden soñ ýazylyp, özi ölenden soñ çap edilen wesýeti hasaplanýar. Rus ýazyjysy nirädir bir ýere - hiçlige, garañkylyga gaçsa halas bolaryn öýdüpdi. Köpçülikden gaçmak diñe köpçüligiñ içinde ýitip gitmek bilen mümkindi. Tolstoýyñ pyýada ýöreme endigi ýaly şahsy azatlyk we özbaşdaklyk küýsegi bilen baglanyşykly bir topar gylygy bardy... Sofiýa Andreýewnanyñ äriniñ öýden gidendigini bilenden soñ ýakyndaky köle özüni oklap iki gezek ölmäge synanyşmagy Tolstoýa ýiti täsir edipdir. Ol söýgüli gyzy Saşa ýazan hatynda "Kimdir bir gark bolaýsa, ol gark bolanyñ menden başga hiç kim däldigini biläýiñ" diýip zeýrenipdir. Ol gidenden soñ aýaly özüniñ ýalñyz galandygyny duýdy we "daş-töweregindäki hemmeler oñ edenini ýalñyş hasaplaýardy. Hatda gyzyna çenli tutuş oba "sepil gaçgagyñ" tarapyndady. Sofiýa aýdylmadyk ýokuş söz galmady. Äriniñ yzynda galan mirasda we terekede hem düşünişmezlik döredi. Sofiýanyñ ýazan "Meniñ durmuşym" atly ýatlamalar kitabynda "Şehit we şehit zenan" atly bir bölüm bar. Eýse, "gurban" kim? Ol bir genä hyzmat etmek üçin doglan aýalmydy ýa-da bir geniý ýönekeý aýal bilen ýaşamaga höküm edilen bendimidi? Görüşýänçäk... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 04.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |