17:16 Inçe bilen ýogyn / satiriki hekaýa | |
INÇE BILEN ÝOGYN
Satiriki hekaýalar
Inçe bilen ýogyn wraçyň huzuryna barmak üçin onuň kabinetiniň agzynda garaşyp otyrdy. Inçe diýseň arryk, däli jöweniň çiňrigi ýaly uzyn, ikindiniň kölegesini ýatladyp duran bir sulba. Ýogyn ýüzünde at çapybermeli, inedördül, ýaýkyldap oturan bir zat. Inçe adam oturgyçda parahat oturyp bilenok, aram-aram ýerinden turup gezmeleýär. Çünki takyr oturgyja degýän gaty süňk eýesine azar berýän bolmaga çemeli. Eger ýaňky arrygy gaňňasyz eşege mündürseň, eşek janawar oňurgasynyň agyrysyna çydap bilmän ýöne jyzzyn atyberer. Arryk hem ynjalasy ýok weli, dat gününe eşegiň. Ýogyn üç oturgyjy dagyny tutup otyr, parhyna-da däl. Ol agyryny-ynjyny duýmaýan bolarly. Eger ýogyny gaňňasyz, palansyz eşege bäş-alty bolup, gollap mündürseň, onda eşek «maňa ýumşak palan atdylar weli, adam haçan münjekkä» diýip, pikir ederdi. Ýöne weli, eşegiň takyr ýerde toýnagy ýere girerdi, gumakda dyzyna çenli batardy. Ýogyn ümsümligi böldi: ― Öwf! Yssy düşýär-ow. Wraç geljek dälmikä?! ― diýip, elindäki gazet bilen ýüzüni ýelpedi. ― Şeýläý, maýam aýak bolup barýar. Indi görjegiň yssydyr. Be, wraç gara bermedi-le?! ― diýip, inçe iki-baka gezmeläp ýörşüne aýtdy. ― Meniň ýaly eti agyrlar etini dökmek üçin ylgan bolýarlar ― diýip, ýogyn uludan pallady. ― Infarktdan gaçýandyrlar ― diýip, inçe gelip oturgyçda oturdy. ― Tersine. Infarktyň yzyndan ýetýärler. Daljygyp, derde ýolugýarlar. Inçeler ýognajak, ýogynlar horlanjak bolýarlar. Bu ýoň bolupdyr. Garaz, bu dünýäde ýüküni taýlap uran-a ýok-da ― diýip, ýogyn gerk-gerk edip, birnäçe sapar gägirdi we pallady. ― Siz mamla. Arly gyş gara ýuwnup ýörenem gyt däl. Hut buzy tegeläp deşip, şoňa girip çykýanam bar ― diýip, inçe ýerinden turdy. Ýogyn öz gezeginde şeýle diýdi: ― Bu zatlar moda. Şol sowuk suwa ýuwunýanlar üçin, belki, mylaýym, ýyljak suw melhem bolardy. Soňra inçe söze başlady: ― Aç gezmegem ýoň bolupdyr, haw. Biz-ä ýekeje sagadam çydap biljek däl ― diýdi. Ýogyn onuň sözüni tassyklady: ― Men aýdýan-a moda diýip. Sagam aç gezjek, syrkawam. ― Gippertonigem syryljap ýör ― diýip, inçe ýene ýerine geçip oturdy. ― Aşgazany başlynyň hem içi eljuk diýýär ― diýip, ýogyn gözlerini süzüp, meýmiräp oturan ýerinden aýtdy. ― Aç gezseň, oklanan daş depäňe deger durar, ähli kesel saňa ýagydyr-da. Dok başa döwlet ýagar diýip köneler aýdypdyrlar ahyry ― diýip, inçe aç gezmekligiň zyýanlydygyny aýtdy. Ýogyn birneme ymyzgandy. Hor çekjek boldy. Öz horuna özi tisginip oýandy. Çep gözüni çalaja açyp şeýle diýdi: ― Wraçlaryň pelsepesi, duz datma, içiňden öl geçmesin, öküz ýaly sagdyn bolarsyň, ine, sargytlary. Mundanam bir gep bolarmy diýsene. ― Açlykdanam bir mydar bolarmy diýsene. Ajyň aňy bolmaz diýipdirler ― diýip, inçe agzyny tamşandyrdy. ― Hawa-dar-eý, halypa, garny doka bela ýok diýlip ýöne ýere aýdylan däldir ― diýip, ýogyn sag gözünem açdy. Bu umumy gürrüňlerden soň inçe bilen ýogyn birneme öwrenişdi, indi bular içginräk pikir alşyp başladylar. Inçe özüniň iňňä sapaýmaly inçejik sesi bilen jyň-jyň edip söze başlady. ― Onsoň, halypa, siz nädip etiňize çykyp, bagyşlaň, nädip semräp bildiňiz? Wraça daga ýüz tutduňyzmy? ― diýip, ýaýdanjyrap sorady. Ýogyn ýogyn sesi bilen war-war edip gürledi: ― Wah, hawa-la. Öň men senden dagam hordum. Içimden günüň şöhlesi beýläme parran geçip, kölegäm ýere düşmezdi. Maňa ýoldaşlarym kölegesiz diýerdiler. Ýörämde süňklerim şakyrdardy. Bir halta süňkdüm-dä, gepiň gysgasy. Ýoldaşlarym oýun edip, gaç, honha, süňk ýygnaýan gelýär, arabasyna atyp seni alyp gider diýip gülerdiler. Gyjalata çydaman ökde-ökde wraçlara ýüz tutdum. Olar işiňi üýtget diýdiler. Soňra häzirki işime geçdim. Öňler owurdym owurdym bilen tapyşyp, çörek çeýnetdirenokdy. Garnym biloňurgama baryp ýelmeşip, olam böwreklerimi gysyp, azar ýamanyny berýärdi. Indi, görseň, düýbünden başgaçadyr. Arada arkan ýatyrkam, göbegime «Wolgamyň» açary gaçaýdy. Barmagymda pyrlan bolup, oýnap ýatyrdym-da. Saňa ýalan, maňa çyn, elim göbegimiň düýbüne ýetmedi. Garaz, el bilen alyp bolmady-da. Soňra ýüzin ýatyp, açary ýere gaçyrdym. ― Semremek iýmite baglymyka?! ― diýip, inçe sowal berdi. ― Men-ä öýden duz dadamok. Soňky işime geçelim bäri öýden diňe çaý, mineral suw içýän. Onsoňam, semremek naharyň diňe kaloriýasyna bagly ― diýip, ýogyn ukudan mazaly açylyp gürledi. ― Men-ä, ýogsam, garnymy ahmal edemok, baý, iýýän-ä. Dil ýüpek gurçugy ýaly yzyny üzmän uklaýançam iýýän. Naharhanadan daşap ýöne symyşlap otyryn. ― Seni horlaýan zat maşgala, güzeran bolaýmasyn? ― Ýok, beýle-hä bolmaly däl. Ýeke özüm, sallah ýaşaýan. ― Saňa bir azar berýän peläket bardyr. Ýogsam beýle bolmaz. ― Özüm özüme azar beräýmesem, maňa, eger-eger, ýüzüň üstünde burnuň bar diýjek jemende bu jelegaýda ýokdur. ― Ryskyňa şärik bolýan bir pelit bar bolaýmasyn? ― Ýok. Men ony aýdyp biljek däl. ― Keseliňiz bar bolaýmasyn? ― Mümkin. Wraça özümi barladyb-a görüpdim. Ol sende alimentar distrofiýa bar diýipdi. Alimentar diýse men gorkdumam, alimentdir öýdüp ― diýip, inçe güldi. ― Ýöne weli, ýaňky alimentar distrofiýanyň nämedigini anyk biljek däl. Soňky döwürlerde ady ýitmiş keseliň ady köpelipdir. ― Sebäbi ylymly wraçlar köpeldi, gardaş ― diýip, ýogyn haşylap, iki egninden dem aldy. Ýaňky alimentar distrofiýa diýen keseliňe men belet. Onyň maňa düşnükli, aý dogan ýaly aýan. Ol äteňet kesel iýilýän iýmitde koloriýanyň, ýagny güýjüň ýetmezçiliginden döreýär ― diýip, ýogyn jan ýandyryp aýtdy. Emma inçe oňa garşy boldy. ― Mümkin däl. Meniň gara garnymdan başga güýmenjäm, aladam ýok ahyry diýip, inçe zöwwe ýerinden turdy. ― A-how, bagyşla gardaş, iýýäniň samança güýji ýok çorba bolsa, şoňa suwa düşeniňde näme peýda. Iýmitde belok, ýag we şoňa meňzeş peýdaly, ýokumly zatlar bolmasa, sen tutuş düýäni, agzyndaky çeýnäp duran ýandagy, syrkyny, şorasy bilen ýuwdanyňda saňa ondan ne peýda ― diýip, ýogyn gobsundy. ― Ol nähili beýle bolup bilýär? ― Şeýle-dä. Men iýmit ugrundan instituty gutarmasam-da, ol ugurdan diplomsyzam bolsam, akademikçe bilýändirin. Bütinsoýuz iýmit institutynyň professoryny ompa oturdaryn ― diýip, ýogyn ýogyn barmakly küti elini aýlap, daşynda aýlanyp ýören siňegini kowdy. ― Mümkin. Belki, maňa kaloriýaly iýmit ýetýän däldir. Käte gyzgynym-a peselýär ― diýip, inçe ylalaşdy. ― Wo-wo-wo! Boldy-boldy. Gözleriňem garaňkyraýandyr? ― diýip, ýogyn çyny bilen sorady. ― Asyl işe-derde ýaramok ― diýip, inçe hossar tapynan ýaly naýynjar gürledi. ― Tüýs alimentar distrofiýanyň özjagazyna duçar bolupsyň, gardaş. Birmeňzeş şurruk çorba bilen şol bir borşuň çörekden ýasalan kotletiň pidasy diýerler saňa ― diýip, ýogyn çyny bilen aýtdy. ― Näçe iýýän weli, gyzyl aç-da ― diýip, inçe bir ýerlerden garnyny tapyp sypalady. ― Endam-janyň owum-döwümdir, üstüňden asfalt «ütükleýän» traktor geçen ýalydyr. ― Hawa, edil özi. Urgany üzülen öý ýaly salym gowşak. ― Hywa argyşa barýan göhert ýaly tiz ýadaýansyň? ― Dogrymy aýtsam, size jogap bermäge-de mejalym ýok ― diýip, inçe oturdy. ― Gijelerine ol, näme patyşalaryň pyýada gidýän ýerine zygyr-zygyr gatnaýansyň? ― Wah, edil özi. Käte gabyz hem bolýan. ― Hamyň ýedi ýyl suw görmän gatan gurbaganyň daşy ýalymy? ― Edil Amazonka derýasyndaky krokodiliň gerşi ýaly şygyrdap dur. ― Garyn boşlugyňda käte suw ýygnanýandyr? ― Hawa-aý, ýöränimde garnym düýä ýüklenen hataba daňylan suwly çelek ýaly julk-julk edýär. ― Saç-sakalyň haýal ösýändir? ― Hawa, «Kolhozçy» stadionynda ekilen çaýyr ýaly asla ösenok ― diýip, inçe gaba kellesindäki imenşip duran saçyny elledi. ― Saçyň aýagaldygyna düşýärmi? ― Edil göklän kürräň bar-da. Ýöne üsti-başym gyl bolup dur. Tüýini dökýän it bilen ýatan ýaly ― diýip, inçe eginlerini kakyşdyrdy. ― Seniň keseliň bradikardiýa keselinden tahikardiýa keseline aýlanýar. Soňam gan damarlaryň gipotoniýa bolar. Saglyk bolsa, sen dispensiýa-da garaşyber ― diýip, ýogyn çyny bilen aýtdy. ― Dispensiýa diýýäň weli, maňa entek pensiýa çykardan irräkdir. ― Hah-hah-ha. Arkaýynja garaşyber. Tamaň tala daňylan ýaly bolaýsyn. Ýaňky keseller seni pensiýadan berde kakarlar. ― Dem almagam kyn. Ukudan ganyp bilemok. ― Gulaklaryň güwläp, zat eşitmejek bolýandyr? ― Edil transformatoryň içinde ýatyp turan ýaly. ― Sähel zada tyz-tyz edip, çetiň gyzyp durandyr? ― Hawa. Gaharym tiz gelýär. ― Oňa gahar diýilmeýär. Oňa girriklik, kakyn diýilýär. Medisina dilinde aýtsak oňa psihoz diýilýär. Gerek bolsa, men saňa psihozyň latynçasynam aýdyp bilerin. Aý, onuň saňa geregi ýok. Ganyňda anemiýa, leýko we trombositopeniýa bar. Onuň sebäbi ganyňda belogyň, gandyň, holesteriniň, hloridleriň derejesiniň peselmegi. ― Be halypa, sen medisina ugurdan diplomsyz wraça meňzeýäň-le?! ― Dogry, mende diplom bar. Sebäbi men medisina institutynyň içinde bir ýerde işledim. Mende beýleki institutlaryňam, uniwersitetiňem diplomlary bar. Ählisiniňem howlusynda işlänimde tanyş tapyp, bäş-alty ýyl bakyp semredýän. Ylymlar akademiýasynyň howlusynda işläbem ylymlaryň kandidaty diýen ada eýe boldum. Soň ol ýerden gaýtdym. Sebäbi, maňa ylymlaryň doktory bolmak gerek däl. Häzirem žurnalist boljak bolýan öz-ä. Şolara hyzmat edýän, redaksiýalaryň işgärlerini bakýan. Soň ýazyjylara hyzmat ederin-dä. ― Sen žurnalistlere hyzmat edýän bolsaň, men seni tanamaly ahyry?! ― diýip, inçe sorady. ― Sen nireden naharlanýaň? ― Şol ýerden. ― Menem-ä şol seniň barýan naharhanaňdan iýýän-ä. ― Men-ä seniň zalda nahar iýip oturanyňa gabat gelmedim ― diýip, inçe geňirgendi. ― Men şol naharhananyň aşpezi ahyry ― diýip, ýogyn jogap berdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||