13:18 Ine, dogan geler... | |
"INE, DOGAN GELER..."
Goşgular
Ine, dogan geler: — Dirimiň? — diýer, Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme. Men: «Şükür» diýerin begenerinde bu gün ýene aman-esen örenime. Ol papagny bir gapdala taşlar-da, soňsuz nesihata başlar ýene-de. /Biz ikimiz başga-başga adamlar döresegem bir ata, bir eneden/. «Şahyrlykdan çörek iýmek kyn düşer, yhlasyňy siňdir ýeňilräk käre Men bolsa diýerin: «Ynanaý agam, özümem alaçsyz, tapamok çäre. Dünýäde diýen köp, emma hudaý bir, ol hemişe gorap ýörmez täk meni. Girdaba gaçsamam, endişä galyp, başa çekip ýatma, köne çäkmeni. Men indi çaga däl, şükür, goja däl öz başymy özüm çarajak borun. Bir aýdymçy kimdigini bildirmez içinde bolanda köp sesli horuň!» Ol gider, kalbyma howsala salyp, hem kisäme salyp, bir az-owlak pul. Men: «Sag bol» diýerin, «Sag bol, jan agam» Emma arzuw eden günüm däldi bul. Ilki arzuwlarym başga-başgady, Çaga arzuwlarynyň baryp ýatany. Men öz adym bilen bezemekçidim Bezege mätäç däl eziz Watany. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |