INTERNET WE KITAP
Milli internet ulgamynda edebiýat çygrynda ýörgünli saýtlaryň biri bolan Kitapçy.kom saýtyndaky zenan şahyrlaryň durmuş ýoly we döredijiligi bilen halkymyzyň ýaş ýazyjy-şahyr hanymlaryny tanyşdyrmaga gönükdirilen “Şygryýet melekleri” taslamasynyň çäginde rus şahyrasy Wera Pawlowa hakda makalajygyň teswirlerinde (salgysy: http://kitapcy.com/news/sygryyet_melekleri_makalajyklar_toplumy_wera_pawlowa/2021-10-23-17839), öz ýazan eserleriňi neşir etdirmek we şuň bilen baglylykda internetiň mümkinçiliklerini ulanmak barada käbir pikirler aýdylypdy.
Şol teswirlerde häzirki döwürde, internetiň döredýän mümkinçiliginden peýdalanyp, kitaplaryň elektron görnüşde köpçülige hödürlenmeginiň has amatly bolýandygy nygtalypdy.
Şol pikiriň tassyklamasy we elektron kitaplaryň dizaýnynyň mysaly hökmünde serhetabat-dovletabat.gov.tm saýtynyň kitaphanasynda (salgysy: https://serhetabat-dovletabat.gov.tm/library) ýerleşdirilen käbir kitaplaryň daşky sahabynyň suratlaryny maglumat hökmünde goýmagy makul hasaplaýaryn:
1.Hydyr Amangeldiň "Hekaýalar toplumy":
2.Hemra Hudaýgulyýewiň "Ömrümiň köçeleri" atly kyssa eserleriniň ýygyndysy:
3.Rahmet Gylyjowyň "Aýtmaly habarym bar..." atly, dürli ýyllarda neşir edilen makalalar ýygyndysy:
4.Oraz Ýagmyryň "Magtymgulynama" kitaby:
"Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir" diýilýär. Belki, şu mysallardan ugur alan ýaş ýazyjy-şahyrlarymyzam öz eserlerini, bir ýere jemläp, olary redaktirläp, korrektirläp, elektron programma serişdeleriniň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly, öz ýygyndylarynyň dizaýnyna jogapkärçilikli çemeleşip, türkmen okyjylaryna täze-täze kitaplary hödürlärler?!
Elbetde, çeper eserde ilkinji zat mazmun. Ýöne, mazmun neneňsi gyzykly bolanda-da, ony horaşaja, bulam-bujar görnüşde däl-de, syrdam, tertipli hem bezegli görnüşde okanyň, has ýiti estetiki lezzet berýändigini tejribeli :-) okyjy hökmünde aýratyn belläsim gelýär.
Edebiýat täzelikleri