06:22 Internetde tanyşdyk | |
INTERNETDE TANYŞDYK
Goşgular
Sen maňa ýazdyň, menem saňa, Bahar internetde tanyşdyk. Ýazyldy günbe-gün köp hatlar, Şeýdip, has güýjedi tanyşlyk. Gatnady yz üzülmän hatlar, Hatlar yzy, jaňlar alyşdyk. Tanyşlyk yzy ýazdy söýgä, Bile ýürekleri çalyşdyk. Ne meni gördiň, ne men seni, Diňe hyýallarda görüşdik. Şatlygy has köpräjik paýlap, Gaýgyny-da deňje bölüşdik. Diňe hyýallarda duşuşyp, Kyn günde kömege baryşdyk. Ara bolsa-da müňlerçe metr, Ýürekler ýakyndy garyşlyk. ...Ýöne güýz aýralyk diýýärler, Birden aralary açyşdyk. Güýzde tänen ýaprak mysaly... Güýzde bir-birekden gaçyşdyk... Ylham GURBANALYÝEW. 2020. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |