20:42 Intizar gözler / hekaýa | |
INTIZAR GÖZLER
Hekaýalar
Ömrüniň köp bölegini obada geçiren enem mähriban zenandy, süýji sözlidi. Agtyklaryna guwanyp, olara mähir bilen garardy. Onuň gatyrgananyny gören ýokdy. Hassalanda kakam enemi şähere getirip, ökde lukmanlara görkezdi. Derdi ýeňlän hem bolsa, enemi şäherde galdyryp, idi-yssywat etmeli boldy. Eneme şäheriň ýaşaýyş-durmuş şertlerine uýgunlaşmak ýeňil düşmedi. Howludaky jaýymyzyň gapysyny giňden açyp, ol oba tarap garap otyrardy. Ýüreginiň obany küýseýändigini bilse-de, keselden ymykly açylmasa kakam ony oba iberip biljak däldi. Hal-ýagdaýy kadalaşan enem oba gidende men hem ondan galmadym. Obada ýaşamagy gowy görýärin. Wagtyň hasaply bolsa-da gyzykly geçýär. Ir-agşam mal-garanyň aladasy. Deň-duşlaryň bilen oýnamaga-da wagt tapylýar. Şol gün çaga ýüregim howsala tapyp, ir oýandym. Namazlygynda dyzanaklap doga okap otyran enemi görüp, düşekden turmaga höwlukmadym.Ol oturan ýerinde demini sojap kynlyk bilen alýardy.Maňa tarap öwrülende, onuň gözlerinden akýan ýaşlaryna gözüm düşdi. Olar enemiň gasyn baglan ýüzünden syrygyp, eňegine çenli ýol ýasapdy. Kalbyndaky aladasy çökder bolansoň, enem oýadygymy duýmady. Kimdir birinden howatyrlanýan ýaly ol namazlygyny ýygnap düşekçesine geçdi. Ýassygynyň aşagyndan bir zatlary çykaryp, olara seredip oturdy. Soň enem howla çykdy. Şol gizlin syryň anygyna ýetmek isleýärdim. Kimdir biriniň gizlin syryna özünden rugsatsyz aralaşmak terbiýäme mahsus zat däldi. Emma çaga bilesigelijiligi ähli zatdan üstün çykdy. Ýassygyň aşagynda üçburç bukja bilen esgeriň suraty bar eken. Olara seredip oturşyma enemiň otaga girendigini bilmän galypdyryn. Bu edepsizligim üçin enem käýär öýdip, suraty we bukjany arkamda gizledim. -- Amanguly -- körpe oglum -- diýip enem suratdaky esgeri görkezdi. -- Beýik Watançylyk urşyna ilkinjileriň hatarynda gitdi. Gazaply söweşlere gatnaşyp, ýaradar bolupdyr. Gutulansoň, ýene-de köp darkaşlara gatnaşypdyr. Orden-medallara mynasyp bolupdyr. “Ýeňiş bilen hökman oba dolanyp bararyn” diýipdir. Ondan bäri köp ýyllar geçip, gapylarda toýlar tutuldy. Ýöne meniň esger oglum gelmedi. Hat-habaram bolmady.“Hökman ýeňiş bilen gaýdyp gelerin!” diýipdir ahyryn. Oglum sözüniň eýesidir -- diýip, naýynjar hazaryny maňa diken enemiň aýdanlaryny tassyklamakdan başga çäre galmady Hawa, bu gürrüňden bäri ýyllar geçse-de eneme esger oglyny görmek nesip etmedi. Enemi jaýlanymyzdan otuz ýyldanam köp wagt geçipdi. Hat gatnadyjy gelende, öýmüzde menden başga adam ýokdy. Ol Merkezi arhiwden gelen bir tagta kagyzy maňa gowşurdy. Habarnamany okanymda agam Amanguly Gulnyýazowyň Watanymyzyň azatlygy ugrundaky gazaply söweşleriň birinde gahrymanlarça wepat bolup, doganlyk mazarynda jaýlanandygyny bilip galdym. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |