IŞ we ZENAN HAKDA
Zenanlar hemme zada aglap bilýär: bir kinofilme, aýdyma, okan zadyna... Iň bolmanda erkekler ýaly! Emma zenany ýürekden aglatmak welin gaty kyn.
Eger zenan ýürekden aglaýan bolsa, agladýan onuň ýüregine girendigidir. Ýöne agladýan ol gadyrbilmez bolansoň, gözüni gyrpman ýürege iňňesini sünçýändir! Ine, şol mahalam goşa ýumruk ýaly tokga düwün gelip zenanyň bogazyna düwüler. Ýuwdunyp, dem alyp bilmez; çünki ol goşa ýumruk ýaly düwün janyny alyp gelýändir. Soňra zenanyň gözleri çygjarar. Içinden “aglajak däl” diýer. Ýöne agysyny sakalabam bilmez. Sebäbi beýle hasrata zenan bolup döz geler ýalymy näme.
Gözünden buldur-buldur bolup ýaş akar; ilki birküç damja, soň ýagyş mysaly... Zenan möňňürip aglar, durar ýerde durmaz! Siz pikir etmäň, zenan gideniň yzyndan aglaýandyr öýdüp! Gideniň gidende oýup giden ýeridir ony agladýan, ol oýuk ýere salan ýarasydyr. Ol ýaranyň hiç haçan bitmejegini, bitäýen ýagdaýynda-da, çuňňur yzynyň galjagyny bilensoň aglaýar. Emma bilýäňizmi, aglamak zenanlary akyllandyrýar.
Akan her damja gözýaş zenany öňküsindenem zenan edýär. Çünki her damja bir sapakdyr. Käte zenanlar aglanda, käbir adam “Aglama, nämä aglaýarsyň, şonuň üçinem aglanyňa degýärmi” diýýändir. Hiz zat bilmänsoňlar şeýle diýýärler. Çünki ýürekleri ynjan zenanlar aglamasa ölýärler. Içindäki zäherdir olary öldürýän! Zenanlar aglap-aglap şol zäherden saplanýar, ýaralaryndaky iriňden arassalanýar! Sebäbi ol iriňden arassalanmasaň çybana öwrülýär. Çybana öwrümejek bolubam aglaýarlar.
Soň wagt geçer. Zenanlar özlerine bil baglamagy öwrenýärler. Umyt edýärin öwrensinler, ýogsam bolar-bolmaz ýollara baş goşup sandan çykarlar. Sandan çykan ruhlaryň dogry ýoly tapmagy-da täze gaýgy-hasratlaryň buşlukçysydyr. Zenanlar muny bilensoň, irde-giçde özlerine bil baglamagy öwrenýärler...
Köp aglaýan zenanlar köp zatdan el çeken zenanlardyr aslynda. Hawa, her damja zenanlary öňküsinden akyllandyrýar, emma akyllandygyça o güpbe ynanan çyn söýgüsi olaryň gözünde ownar. Ownadygyça manysyny ýitirer we ine, şol wagtam özlerine bil baglap, özlerinden täze zenan ýugrup-ýasarlar. Güýçli, ýeňilmezek, magrur (tekepbir), söýgä ynanmaýan zenan... Adamlar köplenç “nämüçin şunça köp ärsiz aýal bar” diýip soraýar, hemmesi-de karýera edinmegiň derdinde. Çünki ol zenanlar ynançlaryny ýitirdi. Wagtynda ýüreklerine şeýle bir köp iňňe sünjüldi welin, şonça-da köp aglap içini boşatdylar! Indi olar özlerinden başga çyn zadyň ýokdugyna ynanýarlar, şonuň üçinem özlerine bil baglaýarlar. Çünki olar bil baglan adamlarynyň hiç haçanam özlerine mynasyp bolmandygyny gowy bilýärler!
Bil baglan adamlarynyň hemişe bir bähbidi boldy. Nämüçin şondan soňam başgalara ynansynlar! Nämüçin ynanalyň! Daş-töweregimizde ýürekden aglaýan zenan bar bolsa, bilip goýuň, ol akyllanýandyr. Bilip goýuň, ol durmuşyň ajy hakykatlaryny kabul etmäge başlandyr. Bilip goýuň, ol indi çyn söýginiň ýokdugyna ynanýandyr. Bilip goýuň, onuň bil baglap biljek ýekeje hakykaty galandyr. Olam kim, nämüçin diýip soramaň indi. Çünki köp aglaýan zenanlar irde-giçde özlerine bil baglaýar!
Eziz NESIN.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Oýlanmalar