ISPAN DÜMEWI PANDEMIÝASY - KORONAWIRUSYÑ BAŞLANGYÇ PELLESI
Ispan dümewi pandemiýasy dünýä boýunça takmynan 50 million adamyñ ölümine sebäp bolupdyr. Dümewiñ garşysyna alnyp barylýan göreş möhletinden öñ gowşadylandygy sebäpli 1920-nji ýyla çenli dowam edipdir.
Üns beriñ, tegelek bir asyrdan soñ täzeden möwç alan wirus şu gün çykan zat däl. Ispan dümewi pandemiýasy häzirki günüñ koronawirus belasyna köptaraplaýyn düşünmäge kömek etse gerek.
■ Ispan dümewi pandemiýasy nädip döredi?
50 million adamyñ ömrüniñ soñlanmagyna, sosial-ykdysady ýykgynçylyga getiren 1918-nji ýylyñ ispan dümewinden ýüz ýyl geçensoñ bütin dünýäni aýaga galdyran koronawirus (Covid-19) pandemiýasyna garşy göreşmekde käbir ähmiýetli tejribeleri we gyzykly maglumatlary öwrenip bolar.
1918-nji ýylda başlan pandemiýa garşy göreşde haýal-ýagallyga ýol berlendigi sebäpli 1920-nji ýyla çenli dowam edipdir. Maglumatlara görä ilkinji waka 1918-nji ýylyñ 4-nji martynda ABŞ-nyñ Kanzas ştatynda ýüze çykypdyr. Ýewropada Birinji jahan urşuna gatnaşýan Fransiýada, Italiýada we urşa gatnaşmaýanam bolsa Ispaniýada dümew çaltlyk bilen ýaýraýar.
1918-1920-nji ýyllar aralygynda Ýewropada başlap, gämiler arkaly Amerika yklymlaryna-da geçen pandemiýa şol döwrüñ dünýä ilatynyñ üçden bir bölegine uly howp salypdyr.
Pandemiýalara köp dürli faktorlaryñ ýiti täsir edýändigi üçin gelejekki çaklamalarynda iññän hüşgär we taýýarlykly bolmalydyr.
Koronawirusyñ içki dinamikasynyñ içindäki ýagdaýyna seredilende, añsat ýokuşma häsiýetli, kesgitli dermany we waksinasy heniz tapylmadyk howply keselden söz açylýar.
Munuñ mysallaryny taryhdan görmek bolýar. 1928-nji ýylyñ pandemiýasynda ABŞ-de geçirilen synag bize ýol görkeziji gollanma bolup biler.
■ Näme üçin ispan dümewi diýlipdir?
Aslynda dümew Ýewropany we ABŞ-ny gurşap alanam bolsa, Birinji jahan urşunyñ dowam edip duran wagty ABŞ-da, Fransiýada, Germaniýada, Angliýada gazetlerde köpçülikleýin kesel baradaky habarlaryñ berilmegine ýol berilmändir, emma ispan korolynyñ agyr nähoşlandygy we dümewiñ Ispaniýada giñden ýaýrandygy baradaky habarlaryñ berilmegine welin göz ýumupdyrlar. Şonuñ üçin dünýäde dümew diñe Ispaniýada has giñden ýaýrandyr öýdülýär.
■ Ispan dümewi beýleki dümewlerinden tapawutlymy?
Ispan dümewi H1N1 görnüşinde kodlanan 2009-njy ýylyñ doñuz dümewinden bäri mälim jansyzyñ üsti bilen orta çykypdyr.
Influenza köpçülikleýin keselleriñ birnäçesine mahsus kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ we garrylaryñ ölümi bilen birlikde ispan dümewinde ýaşlarda-da ölüm derejesi diýseñ köp ýüze çykypdyr.
Ölümlerde sitokin (Haýwan we ösümlik öýjükleri arkaly döreýän, öýjükleriñ bir-birleri bilen gatnaşygyny üpjün edýän protein we peptidperiñ bir toparydyr. Öýjükler sitokin reseptorlary arkaly öz funksiýasyny ýerine ýetirýärler) üýteşmesinden soñ bakterial superinfeksiýanyñam täsirli bolýandygy belli bolupdyr.
■ Ýokanç döwründe ABŞ-da nämeler boldy?
Filadelfiýa we Sent-Luis şäherleri özboluşly dolandyryş aýratynlyklary bolan iki şäherdir. Ýokanç keseliñ 1918-nji ýylda Bostona gelen söwda gämileri arkaly ABŞ-na baryp ýetendigi çaklanylýar. Hatda 1918-nji ýylyñ sentýabr aýynda Bostona 35 mil uzaklykdaky harby bölümleriñ birinde gulluk edip ýören esgere ýalñyşlyk bilen menengit kesel kesgitlemesi goýulan gününiñ ertesi 1500-den gowrak esgere dümew ýolugandygyny ýazypdyrlar.
Ilkinji ýüze çykan alamatlaryñ "ispan dümewi" kesel kesgitlemwsi goýlanda, iki şäheriñ biri-birinden düýpli tapawutlanýan dolanduryş taktikasyny herekete girizendigini görmek bolýar
Filadelfiýa ýagdaýy sowukganly garşylaýar we öñüni alyş işlerini geçirmekde haýal-ýagallyga ýol berip, işe süýrenjeñlige salýar.
Saglygy goraýyş edaralarynyñ işi we raýat jemgyýeti onçakly ösmedik bolansoñ, garşyylyklaýyn çykyşlar peýda bermeýär hem-de 1918-nji ýylyñ 28-nji sentýabrynda müñlerçe kişiniñ gatnaşmagynda resmi parad geçirilýär.
■ Resmi paraddan soñ näme boldy?
Paraddan sanlyja gün geçensoñ şäheriñ hassahanalary ispan düwewi ýolugan, gyzgyny galan, dem almasy kynlaşan adamlardan dolup-daşýar we saglygy goraýyş edaralary hassahanalara kömek berip ýetişmeýär. Müñlerçe kişi aradan çykansoñ, öñüni alyş işleri berk ýola goýulýar we ýokanç doly gözegçilik astyna alynýar.
ABŞ-da 1918-njy ýylyñ sentýabrynda köpçülikleýin ölümler sebäpli, ölenleriñ hemmesini birden umumy mazarda jaýlap başlaýarlar.
Sent-Luisde bolsa başgaçarak çäreler kabul edilýär.
Iki adamda dümewiñ alamatlary görlen basyna, berk profilaktiki çäreler kabul edilýär.
Köpçülikleýin-medeni çäreler, ýygnaklar, partiýa mitingleri ýatyrylýar. Sport duşuşyklary goýbolsun edilýär. Köpçülikleýin waksinasiýa (priwywka) geçirilýär.
Gynansak-da, Sent Luisde geçirilwn bu öñüni alyş çäreleri soñuna çenli şular ýaly tertipde dowam etdirilmeýär. Ýokanç doly gözegçilik astyna alynandyr öýdülip, iki aýdan soñ - 1918-nji ýylyñ noýabr aýynda öñüni alyş işleri bir demde gowşadylýar. Şol wagtdan başlabam dümew örç alyp ýaýraýar, diñe birnäçe aý geçensoñ, zordan diýen ýaly ýañadan gözegçilik astyna alynýar.
Netijede ýokanjyñ ýaýraýyş grafikasynda iki şäheriñ arasynda tapawut ýüze çykypdyr.
Ispan dümewi Filadelfiýa, Sent-Luis şäherlerinde dürli wagtlarda we dürli ýagdaýlarda goýberen säwlikleriniñ jemgyýete ýiti täsir edipdir we netijede dümew ýoluganlaryñam sany barha artypdyr. Taryhda bu wakalara "Filadelfiýa telbeligi" we "Sent-Luis gapyllygy" ady berlipdir.
■ Ispan dümewi pandemiýasy näçe adamyñ ölümine sebäp bolupdyr?
Ispan dümewi pandemiýasy bütin dünýäde 20 millondan 100 milliona çenli aralykdaky adamyñ ölümine getiripdir.
Dümew bilen baglanşykly bu takyk belli däl maglumatlar uruş döwründe köp ýurtda ölüm we waka sanyny hökümetleriñ bukmagy sebäpli ýüze çykypdyr.
Taýýarlan: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Medisina