11:30 Jadylanan daglar -2/ romanyñ dowamy | |
• Dostlaryň aw-şikar seýli
Romanlar
Bulaň bary başlanypdy düýş ýaly A birdenem öwrülipdi ykbala. R.M.Rilke Goçmergen ynsan göwresini gizläp biljek gara daşlaryň arasy bilen ýokarlygyna dyrmaşyp barşyna aýagyna eýermän on-on bäş ädim yza galyp gelýän ýoldaşyna garaşyp biraz sägindi: - Gyssanmasaň ýagmyr başlar, Şiraly mürze! Ýeňiljek narynç reňkli çäkmeni uzyn boýuna gelşip duran, başy sur bagana telpekli, bisakgal ýigit: - Aý-how jora*, menem seniň ýaly günde-günaşa daga çykyp, dere söküp ýören bolsam, beýdip gara derimi saçyp, daljygyp, yzyňa eýermän gelmezdim-diýip, dyzyna ýaplanyp durşuna ýylgyrdy.-Ine, bu gara daşlaryň gyýçaklygyny bir görsene ed-dil hanjaryň bar-da, sen bolsa bularyň arasynda pişik ýaly ýylmygyp barýarsyň, tüweleme. Goçmergen egninden asan sagdagyny ykjamlap: - Tosun bolupsyň-aý-diýip, möjegiňkä meňzeş ýiti dişlerini akjardyp ýylgyrdy.-Ýüregiň daşyny ýag alypdyr şekilli?! Daglaryň üstüne bürenen bulutlaryň aňrysynda bir ýerlerde gök gümmürdedi. Goçmergen asmana äňedip durşuna: - Haýdamasak Haýdar babam gapyl basaýjak ýaly-diýdi. Şiraly mürze degişmek üçin: - Belki dowul saljak bolýandyr-diýdi.-Käbir adamlara meňzäp güp-güp edip, güberip, gorkuzjak bolýan bolmasyn?! Goçmergen bulutly amana bakyp, başyny ýaýkady: - Ýok, çynyny edip dur. Howlukmasak ýagmyr astynda galyp süllümbaý ezileris-diýip, ýene Şiraly mürzäni gyssady.-Ýene bir käse çaý içer müddet haýdaly, hä diýmän Ýehudyga ýeteris. Şiraly mürze hiç zat geplemän onuň yzyna eýerýär. Harsaň daşlaryň üstünden seresap ädimläp, bir salym ýokary dyrmaşanlaryndan soň ýagyş sepeläp ugrady. Ädimlerini gataltdylar. Gyssandylar. Garadagyň gap biline ýetenlerinde düýe ýaly goşa harsaňa duwlanyp duran gowagyň agzy peýda boldy. Goçmergen: - Ynha, byradar Ýehudyk gowagyna hem geldik-diýip, garalyp duran deşige goluny uzatdy. - Nesip bolsa bu gijäni şu ýerde geçireris. Şiraly mürze duran ýerlerinden aşak seredip, gara dagyň düýbündäki zirk-böwürslen ýaly gyrymsy ösümliklere bürenip oturan arça-zereňleri synlady: -Jorabeg, näme üçin başga ýerlere garanda daga ýagyş-ýagmyr artykmaç ýagýar-diýip sorady. Goçmergen maňlaýyndan syrygýan ýagyş damjalaryny süpürip, ajy ýylgyrdy: -Pelegiň gerdişi şeýle, dostum! Kimsäniň goly belent bolsa, dünýäniň nygmaty şonuňky. - Soňra ol Şiraly mürzä ümläp, gowaga girmegi teklip etdi. *** Godalak göwresini göterýän gysga aýaklaryny seresap uzadyp, çagylyň arasyndan çogup çykan ýaşyl otlara basýän pyýada burnuna haýsydyr bir ýerlerde burugsaýan tüsse ysynyam alyp ýetişýär. Temegini göge tutup, ýeliň ugruny kesgitlemek onuň köne endigi. Ýöne bu gezek başartjak däl ýaly. Ol ýene-de wagt ýitirmän jülgäniň içinden ýokarlygyna dyrmyşdy. Ses-üýnüni çykarman gidip barşyna hem bir zaman, gör, nirede kimdir birinden eşiden goşgy setirleri hakydasyna geldi «Bu dünýä gör kimleriň şikär edýän meýdany». Üç dagyň ortasynda, mawy asmanyň ýere gaçan parçasy ýaly göm-gök öwsüp ýatan köl adaja tolkunyp, bu ýerleri bikarar edýär. Kölüň aňry çetinde gargy-gamyşlaryň, gyrymsy hyşalaryň arasynda bir enaýyja külbe görünýär. Godalak kişi başgabyny maňlaýyna çümrüp barşyna burnuna salyp hiňlenýärdi: - Farangiz peri barmyka, Köşgünde otyrmyka, Kalbymyň töründen jaý berjek, Men bir ýadynda barmykam? He-eý, haýýat gözel, ne ajap Ol ätiýaçly ädim urup gelşine bu dagyň üstünde dörän tasin köl hakynda hem pikir öwrüp ýetişýär: «Bu kölüň ady köp. Gudrat-keremi köp Ganyýýul-Azymyň bir mugjyzasy bi. Ýaş-ýeleň, jahyl-jümri Pöwrize köl, Pöwrize köl diýşen bolup suwjaryşsalar-da, ulular bu suwlar hakda başga bir hekýat otarýar. Hamala bu mawy köl dag depesinde gudrat bilen bir gijede döräpdir, aýdyşlaryna görä, şu dagyň depesinde oturyp jedelleşen bäş-on sany jyn bu köli Kap dagynyň arka tarapyndan goparyp, arkalarynda göterip şu ýere getiripdirler. Hullasy bi köl jynly köldür diýip garadaglylar ynanyp gürrüň berýärler. Şunuň töwereginde ýaşap ýören halkyň-a asylam jyndan tapawudy bamy özi, hiç bir zatdan heder-gorkusy ýok, bir deçjalýürek adamlar bular-diýip, Şerif şatyr ýaňsyly ýylgyrýar. - Pöwrize köl, Jynly köl-janly köl, ýene bir owarra köl... Aý garaz bu kölüň ady köp, ady köp. Uf-f, ýoruldym wallaýy». • Gowakdaky geň-enaýy gürrüňler - Bu gowaga nämüçin Ýehuduk diýip täsin at beripdirler? Goçmergen ortada ýanýan ody ölçerip oturşyna: - Aslynda bu gowagyň ady «Ýehudy guduk» -diýip, ýoldaşynyň sowalyna jogap bermek üçin söhbete başlady.-Ýöne kän zaman ötenden soň il agzynda bu at ýoýulyp, «Ýeh guduk», soň ýene aý-ýyl aýlanyp «Ýehudyga» öwrülip gidipdir. Aýdyşlaryna görä, gadym eýýam Ýusuf atly görmegeý bir ýehudy ýigit gelip bir ýerlerde mekan tutupdyr, ol güýçli hekim hem münejjim eken. Howwa, dogry pikir edýäň, bu ýeriň halky ony rowaýatlarda ady agzalýan Züleýhanyň söýgülisi Ýusup aleýhessalam bolaýmasyn diýip hem güman edipdirler. Emma ol edil bir beýle däl ekeni. Herhal ol ýehudy tebipçilik edip, adamlaryň derdine ýarap, şu ýerde ýaşaberipdir. Şiraly mürze: - Bu haýsy döwürler bolup öten wakalar-diýip, ýoldaşyndan sorady. - Gaty köne zamanlar bolup geçipdir-diýip, Goçmergen içinden hasaplap, onsoň aýtjak ýaly oýa çümdi.-Şol döwürde kamaty kyrk gulaç döwadamlaram, agzyndan o’t saçýan ganatly aždarhalaram bar ekeni. Ylym-bilim hem ýetjek derejesine ýetip, hekimler hatda ölen adamy direltmegiň usulyny hem bilipdirler. Şiraly mürze gözlerini tegeläp, dostunyň gürrüňlerini diňläp oturşyna maý tapyp: - Kur;anda kän ýerde duş gelipdim, boý-kamatlary kyrk gulaçdan az bolmadyk Ad we Semud kowumlary hakda her hili rowaýatlar bar. Ýöne ol nägehanlar kapyr bolup, hudaýyň birligini ykrar etmändirler-diýdi. - Şonuň üçin hem ol äpetler Jepbaryň gazabyna duçar bolup, zeminiň ýüzünden ýok edilipdirler. Goçmergen ortada ýanýan oda seredip oturşyna: - Bu gowakda bir gudrat bardygyny özümem bilýän-diýip, gözlerini süzüp ýylgyrdy.-Kämahal ýeke özüm galyp, uka batanymda, garaýyp* düýşler görýärin. Hiç kimiň görmedik, bilmedik dünýälerine gidýärin. Ýöne bary diňe düýşde-dä. Pikir edip görýän welin, belki şol Ýusuf hekimem bu gowagyň gudratyna göz ýetirip, soňam bu ýerden gidip bilmän galan bolmagam ahmal. Goçmergeniň gürrüňini bölmäge milt etmän oturan Şiraly mürze: - Senem şol ýehudy tebibiň ýaşap geçen gowagyny mesgen edinmekden gorkaňokmy?-diýip, oňa sowal berdi. Ortada ýanýan oduň ýagtysyna goşhaltadan nan, peýnir, kakmaç edilen et çykaryp oturan Goçmergen: -Nämeden gorkaýyn?-diýip ýylgyrdy.-Tersine, bu ýerler asuda, köňlüňe aram berýär, garaňky tümlükde oýlanmak başgaça. Şiraly mürze gowagyň buz ýaly diwarlaryna seredip: - Aý şonda-da birhili üýşenmeseňem bolmaz-a-diýdi. Goçmergen: - Adam kämahal gorkmaly zatdan däl-de özüne asla howp salmajak zatdan gorkup ýaşaýar-diýdi. Şiraly mürze hyýalbentlik bilen: - Seret, şu çag biz söhbet edip otyrys welin, göwnüme bu gowak hem bizi diňläp oturan ýaly-diýdi.-Belki bir wagtlar seniň aýdýan şol ýehudy hekimiň aýdyp beren hekaýatlaryny hem bu gowak ses-üýnüni çykarman diňländir. Goçmergen ortada ýanýan oduň üstüne gazan ataryp, owkat taýýarlap ýörkä hem Şiraly mürze onuň gowagyň diwarlaryna düşýän şekiline seredip oturşyna: - Onda biraz ýer diňläli-diýip, ýoldaşyna uklamagy teklip etdi.-Gijäni şöwürde geçirsek, gündizem jebirde geçer. • Kölüň kenaryndaky külbe Üç dagyň ortasynda tolkunyp ýatan täsin köl köplenç bolşy ýaly bu mahal hem asuda. Gamyş-hyşaly kenarynda hem iňlär siňek ýok. Bu ýerde ýalňyz oturan külbejik gaty bir göze hem ilip duranok. Godalak kişiniň gamyş-hyşanyň arasy bilen pişik basyşyny edip gelşi, çar ýana seresaply seredişi, bir zady hem gözden sypdyrmajakdan. Aram-aram säginip, doňuz diňini salyp, böwrüni diňleýşi hem geň. Golaýdan-daşdan gulagyna degip, derrew ýitip gidýän şytyrdy-pytyrdydan heder edip, godalak pyýadanyň sakga saklanyşyny, kürtdürip durşuny göreniňde edil oklukirpi göz öňüňe gelýär. Ol pişik basyşyny edip, enaýyja külbäniň gapysyndan girdi-de, ýeňiljek ardynjyrady. Külbäniň töründe uzyn şahy köýneginiň üstünden ýaşyl daraýy don geýnen inçe billi, görmegeý gyz ýeňiljek gopup, ýerinden galdy, godalak kişa tagzym bilen salam berdi: - Aleýkum salam! Farangiz hanym, ýagşy oturganmysyz?! - Şükür, aman-esendiris Şerif aga-diýip, ýene tagzym edip, oňa oturmaga ýer görkezdi. - Alys ýoluň argynlygyny çykaryň, şu ýerde jaýlaşyň hany. Züleýhanyň haýaljyk bilen seýkin basyp, emma çakgan saçak ýazyşy, naz-nygmatlary getirip goýuşy hemme zady hasaplap oturýan Şerif şatyryň başyny-gözüni aýlady. Bu adaty däl gyrnak diýip oýlandy, peýker gatançly diýilýäni şu. Gonak kişi öz hormatyna hoşboý ysly şemdan ýakyp gelýän öý bikesini synlap: - Tarfatul-aýn*, tarfatul-aýn, aferin, ähli zady bir demde bedessur kylşyňyza aferin**-diýip, başyny ýaýkady. Saýhally ädimläp gelip myhmanynyň gaşynda dyz epen Züleýha: - Şerif aga biziň illerimiz salamatmydyr-diýip sorady. Şerif şatyr dileg edýän şekilde gollaryny ýokary garadyp, dabara bilen: - Allaha şükür, siziň kibi perzentleri barka Kuwwa hanlygy dowamat-dowam salamat-salam we bakuwwatdyr, mizemezdir-mehkämdir***-diýdi. Göçgünli gepleýän myhmanyny gabak astyndan synlap oturan Züleýha: -Biz hem munda mysapyrçylykda öz ýurdumyza hyzmat edip bilsek Alladan razydyrys-diýdi.-Ýöne bir gün gelip dogduk depämize ýetip, ata-babalarymyzyň ýatan topraklaryny togap edip bilermikäk? Şerif şatyr gözlerini tegeläp: - Enşalla, enşalla-diýip, baş atdy-Ynha, tiz zamanda muhterem hanymyz Garadag ülkesine goşun çekip geler weli, bu ýerler hem biziň ýurdumyzyň bir welaýatyna öwrüler, onsaň siz hem hormat-ehtiram eýesi bolgaç, dogduk depäňize gaýdyp bilersiňiz. Züleýha gözýaşa baglanan umytly gözlerini myhmanyndan gizläp ýüzüni sowdy. Şerif şatyr: - Hany indi Farangiz han, soňky bolup geçen ýagdaýlardan habardar ediň! Näme işler bitirdiň, aýdyp otyr -diýip öý bikesine ýüzlendi. «Farangiz hanym» ortadaky naz-nygmatlaryň gapdalynda tütäp duran hoşboý ysly şemiň közjagazlaryna seredip söze başlady. • Düýşde görnen salgym-şäher Goçmergen hemişeki belet ýoluny sypdyrman, sähranyň içi bilen gözýetime tarap barýar. Başga bir dünýä düşendigi magat. Diňe ukuda wagty- düýşde ol bu sähra ýetip bilýär. Emma kän wagtdan bäri gelip-gidip ýörenden soň bu mekana öwrenişmekden gorkýar. Her gije ýa-da her bir uklanynda däl, Ýehudukda gyşarsa ol düýş görýär. Şol hemişeki matlaply düýş-ony bu ýurda äkidýän, ýola salýan düýş. Ol bu ýurduň bir çäginden giren dessine Kuwwanyň başkendiniň küňreli diwarlaryny, başy gökdireýän minaralaryny, saraýlaryny synlap aýak çekýär. Seresap ädimläp barybermeli. Günorta çagynyň tüp yssysynda hemme uka giden ýaly. Gala ilaty öýlerinden çykanoklar. Goçmergen gala derwezesiniň bosagasyndan ätläp sägindi. Demini dürsäp şähere gadam basýar. Daş düşelen tämiz köçeler, bazar meýdançasy, dükanlar, dym-dyrslyk. Bu ne täsin şäher boldy, kent boldy, bazary bar ýoly bar, jemendesi ili ýok. Bazar meýdançasyndan dar köçlere sowlup galanyň ilatynyň palçyk tamlaryna tarap golaýlaşdy. «Şo külbe-hä meniň çatmama meňzeşem» diýip, ýylgyran Goçmergen onuň çagşan penjireinden içeri äňetdi. Külbäniň ortasynda ýalňyzja çyradanda ýanyp bir tutamy galan şem köräp dur. Ol bu içeride hiç kim ýokdur öýdüp yzyna dönjekdi, emma çaga sesini eşidip sägindi. - Eje, eje, men saňa bir zat aýdasym gelýär! Külbäniň dulundan ýakymly aýal sesi: - Körpeje bäri gel-diýip perzendini ýanyna çagyrdy.-Häzir ses-selem çykarmaly däldigini men saňa düşündirdim. Sen akylly çaga ahyr. Körpeje: - Eje, nämüçin geplemeli däl-diýip ketjallyk bilen duran ýerini depdi.-Meniň gepleşesim gelýär. - Balajygym, bu wagt ýurdumyzda zemdat sagady. Şonuň üçin her kim ýaşaýan ýerinde ýaşyrynyp, ses-üýnsüz oturaýmaly. Çünki patyşamyzyň emri şeýle. • Täsin düýşüň täsiri Jülgäniň içi bilen gelýän iki pyýada indi bir ýarym günden bäri bir nätanyş kişini yzarlap halys surnukdylar. Ýüz-gözlerem ýadaw. Üstesine dag üstündäki kölüň gamyşly kenarynda nätanyşy gözden sypdyrdylar. Birsalymdan Ýehuduk gowagyndan çykyp gelýän iki garany görüp derrew böwürslenlikde bukuldylar. Geň ýagdaý. Bu şol, edil özi, diýip heşelle kakdylar, gitjek ýeriň ýokdur. Yzarlap gelýänimiziň dagda şärigi bar eken. Yzçylar bir-birine seredip, geňirgendiler. Gowakdan çykan iki gara golaýlaryna gelende eden çak-çenleriniň ters düşendigin göz ýetirdiler. Arkasyndaky sagdagynda syh-syh bolup duran peýkamlaryryndan, elindäki ýaýyndan hemem ýöräp gelşinden Goçmergeni golaýlaryna gelmänkä tanadylar. Yzyndan gelýäniň Şiraly mürzedigini görüp has-da arkaýynlaşdylar. Ýöne şonda-da olara görünmejek bolup bukulyp oturan ýerlerinden çykmadylar. Hiç zatdan habarsyz Şiraly mürze: -Jora diýýän-ä, men-ä walla gowakda uzak gije basyrganyp çykdym-diýip ýylgyrdy. - Sen weli uzak gije sarsman ýatdyň, gapdalyňda top atsaňam duýjak däl sen, tüweleme, bek uklaýan ekeniň. Goçmergen biraz säginip, böwürslenlige tarap oýurganyp garap durup: - Ýok, men aslynda köplenç ukym bozuk, emma bu ýerde rahat ýatýaryn-diýdi.-Kädaýym düýş dagam görýän, özem walla enaýydan enaýy ýöne... - Nähili?-diýip, Şiraly mürze gyzyklandy. - Baýak bir düýş gördüm-diýip, Goçmergen gije ukuda eden syýahatyny aýtmaga gyssanman, başga bir gören düýşüni gürrüň bermäge howlukdy.-Jülgede ösüp oturan baglaryň arasyndan nirädir bir ýere ok ýaly uçup barýarmyşym, ep-esli ylganymdan soň sakga durup sagdagymdan goşa peýkamy sogrup alagada birini ýaýa ötürýärmişim, beýleki peýkamam agzymda dişlerim bilen saklap, ýaýa salan peýkamymy alma agajyna garadyp atýarmyşym. Atan peýkamym goşa ýumruk ýaly bir gyzyl almany sapagyndan üzýär, aşak gaýdan miwe entek howada wagty ikinji atan peýkamym ony alma bagyna çüýleýärmiş. Soňam begenjimdenmi nämemi, dälirän ýaly ylgap alma agajynyň üstünden üçürdikläp bökýärmişim. - Bäh!-diýip, haýran halda ýylgyran Şiraly mürze telpegini çykaryp, maňlaýynyň derini syldy. - Bahram şanyň gulany bol-a. - Alma agajynyň üstünden towsup düşen ýerim guşaklygyňa ýetip duran ak süýt. Köl bolup ýaýkanyp ýatan süýdüň içinde ýeňi-ýany uzyndan-uzyn, narynç reňkli ýuka köýnegi egnine gelşip duran mawy saçly bir gyzyň gujagynda onuň uzyn saçlaryna çolaşyp heläk bolup barýandygymy duýýan. Gyz meniň barha daljygyp barýanymy duýup dursa-da hiç zat diýmän ýylgyrýar. Iň soňky demimde özümi rastlap bir zyňanymda uçup kenara ýetýän, kenarda hem bir tokgaja mekejiniň üstüne düşýän-de, ony gabyr-gubur basyp, çygyrdyp damagyny çalýan. Bir görsem çar ýanym jojuk bolup ýatyr. Endam-janym, eşiklerim hem gyzyl gan. Heýwere hyjuwlanyp, heýejanlanyp oýandym, walla. Şiraly mürze onuň gürrüňiniň arasyny bölmän dursa-da, ahyryn-da: - Hälem oýanaýanyň how, gardaşym-diýip, başyny ýaýkap ýylgyrdy. - Men-ä bu buýr-bulaşyk hyýaly düýşüň öňüni-soňuny ýitirdim. Goçmergen öz gören düýşüni gürrüň berip durka aram-aram böwürslenlige göz aýlaýardy. Dowamy bar >> Jora*- köne şiwelerde dost manysynda. Garaýyp*- geň, enaýy, gyzykly. Tarfatul-aýn*- Göz açyp ýumasy salymda (arapça). Bedessur kylşyňyza aferin*- taýýar edişiňize haýran. Bakuwwatdyr, mizemezdir-mehkämdir***- kuwwatlydyr, üýtgewsizdir, berkdir. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |