00:19 Jadylanan daglar -3/ romanyñ dowamy | |
• Han aganyň huzurynda
Romanlar
Dag içine, yz çalmaga goýberilen Meret aýakçy arryk aýaklarynyň dyzdan aşagyny, injiginiň etlerini owkalap oturyşyna: - Han aga, dagyň çapraz ýerlerinde hem ol gurrumsagy gözden sypdyrman barýardyk- diýip, başyny ýaýkap janykdy. - Hatda yz düşmeýän kert gaýalyklarda hem melgunyň söbügini basyp barýardyk weli, arman kölüň boýunda bilmedik ýer ýuwdan ýaly bolaýdy-da. Baýhan töre Meret aýakçynyň ýüz-gözünden bir zat aňşyrjak ýaly, tiňkesini dikdi: - Başga hiç hili geň-taňlyk görmediňizmi? - Aý ýok, han aga-diýip, Meret aýakçy egnini gysyp, boýnuny gyşartdy.- Nämedir bir zat gördüm diýsem ýalançy bolaryn, aý dagdyr-da, daşdyr-da. Onuň egnini sallap durşundan göwni suw içmedik Baýhan töre: - Daglaryň goýnunda gudrat kän bolar diýýär-ä onda şahyrlar-diýip, maza bilen gözlerini süzdi.-Şol nätanyşy soň hiç tapyp bilmediňmi? - Ýok, han aga, soň yzyndan barýan ol gurrumsagymyzy jähennem ýuwudan ýaly boldy. Baýhan töre murtlaryny syntgylap oturyşyna başyny ýaýkady. Meret aýakçy ýeňsesini gaşap, bir zady ýadyna salan ýaly, ýene dowam etdi: - Neme, hä, howwa, şahyr diýeniňizde ýadyma düşdi, Gyýçak gaýanyň degresinde Goçmergen bilen Şiraly mürzäni uzakdan gördüm, megerem gije dagda aw-şikär edipdirler, awlary hem ganly bolupdyr öýdýän. Keýpleri çag, şady-horramdylar. Baýhan töre murtuny syntgylap, uludan bir dem aldy, onuň gabagyny sallap oturyşy göýä Goçmergen dagynyň awunyň oňup, keýpleriniň kökdügine lapykeç bolan ýaly. *** Toý tutulýan belent jaýlaryň degre-daşynda topbak-topbak märeke uzakdan ala-mula bolup görünýär. Gelin-gyzlaryň al-ýaşyl başdaňylary, ýigitleriň gyrmyzy donlary, ak telpekleri uzakdan seredeňde ýerde dogan älemgoşar ýaly toýhananyň ýaraşygyny artdyrýar. Gyşlagyň ilerisindäki baýyrda mallaryny bakyp ýören Kaşal padyman taýagyna söýenip durşuna: - Owkat bişýän gazanlardan göterilýän mazaly ys bu ýerlere hem gelýär-diýip, agzyny suwartdy.-Agşam, toýuňyz mübärek bolsun diýip baraýmasak-a bolmaz. Onuň gapdalynda durup, belentden obany synlaýan çolugy Kiçi ýetim goşda bir özüniň galjakdygy ýadyna düşüp -Kaşal daýy, çakylyksyz barybersek gelşiksiz bolmazmy?-diýip sorady. Padyman çolugynyň ýüzüne şoh seredip: -Toýuna çagyrmadygy baryp utandyraýarys biz-diýdi.-Garadag ülkesinde ady belli tütjar baýlar, begler näçe magrur bolsalar-da, merhemet edip, garyp-gasarlara bol-telki sadaka berýärler. Emma şü çopan-çoluklara kän bir idi-yssywat ediberenoklar. Kiçi ýetim kän wagtdan bäri gyşlaga gitmändigini ýaňzytmagyň ebeteýini tapman: -Kaşal daýy, men-ä şu gyşlagyň hemme syrgynynda bolubam görmegen men-diýdi.-Ýöne daşyndan seredeniňde bunlaryň bary ilimiziň hany-Baýhan töreleriň syrgynyndan garyp görünýär. Kaşal padyman baýryň ýapgydynda otlap ýören sygyr sürüsine göz aýlap durşuna çalaja gülümsiräp: -Hä, indi güýçlüniň gül ysy bar diýlgeni-dä, oglum, beýlekilerden bir pyçak arkasy tepawut etmese, onda onuň han syrgyny boldugy emes-diýip, Kiçi ýetime garap gözlerini gypyp goýberdi.-Ýene näme diýeýin, bal tutan barmagyny ýalar diýýär-ä. Kiçi ýetim onuň öwrümli sözlerine kän üns bermän: -Kaşal daýy, biziň gyşlagymyzam-a ýokarsyndan seretseň kiçi-girim däl-diýdi. Epgege-aýaza gaýzygyp giden goňras ýüzüni gyşlaga öwrüp, çöňňelen göreçlerini toý-tomaşaly saraýdan aýyrman duran Kaşal padyman: -Gyşlagyň dört tarapynda dört urug bar, hemmesem özbaşdak syrgyn bolup ýaşaýarlar-diýdi.-Gypjaklar, gojuklar, garalar, töreler. Ýene-de ýedi-üç öýli mürzeler hem bardyr. Häzir ülkäniň hany törelerden Baýhan töre, ondan öň garalar tiresinen Mandy beg ülke hanydy. Ol garadan gaýtmaz kişidi. Oňa han diýeniňden serdar diýeniň gelşer durardy. Arman ömri gysga eken, kuwwalylar bilen bolan bir söweşde şehit düşdi. • Baýhan töräniň teklibi Goçmergen dagdan gelşine hiç ýere sowulmady. Derekli ýaýlanyň deňinde bir säginip aşakda-çalpawlykda guran çeňňeklerini barlasammy diýip, böwrüni diňläp, biraz aýak çekdi, bir karara gelip, eglenip durman öýe howlukdy. Jenewüt*-söwüt agaçlarynyň arasynda ýegşerip oturan oraçasynyň öňünde saklandy. Egninden asylgy awlaryndan gan ysy kokaýar. Ol ok ýaýyny-sagdagyny, awlan awlaryny nirä goýjagyny bilmän ardynjyrady. Oraçadan çykan gyz ýegençisi uýaljaň salam berip, onuň elindäki aw guşlary salnan horjuny çekinjeňlik bilen aldy. Goçmergen ýegençisiniň yzyndan seredip durşuna, «häýt saçy kesilen» diýip myssa ýylgyrdy. Oraçanyň arka tarapyndan akýan salmadan el-ýüzüni ýuwup erikleriň saýasynda gurlan sypanyň üstüne tarap ýönelende ýegençisi Aýbarçyn eýýäm düşek atyp, saçak ýazyp ýördi. Ýaşyl ýapraklary bahar şemalyna erkin oýnaýan ýaýbaň şahaly erigiň astynda gyşaryp, öňüne äberilen bir çäýnek çaýyny agdaryp oturan Goçmergen bir zat soramaga gelen ýegençisine geplemäge maý bermän: -Tilektes mamaňlara baryp gaýtdyňmy-diýip, sorady. Ýegençisi oýlanyp durman: -Düýn agşam şol ýerdedim-diýip jogap berdi.-Ýatymlyk gonak çagyrdylar. Goçmergen bolýa diýen manyda baş atdy. Aýbarçyn oňa ogryn seretmesini goýanok. Ol öňden bäri ýegençisiniň özüne içgin seredip goýberýänini synlap ýördi. Ýöne näme diýjek bolýar, şol wagtam, soňam aňlap ýetişenokdy. Kellesinde agşam Aý agyllan wagtlary, derekli ýaýla, barmalydygy baradaky gül ysly, süýji pikirler köwsarlaýardy. Golaýdan at toýnagynyň sesi eşidildi. Goçmergen nahara başlamanka ýerinden turdy. Başy samyr derisinden tikilen gymmat telpekli, egni mahmal donly deşli kişi agyr göwresine bap bolmadyk çakganlyk bilen atyndan agyp, jylawyny tut agajynyň töňňesine iltedi. Oňa golaýlaşan Goçmergen: -Salawmaleýkim, muhterem** Baýhan töre-diýip, goluny uzadyp, gonak bilen gyzgyn salamlaşdy. -Waleýkim salam-diýip, Baýhan töre Goçmergeniň uzadan elini şelaýyn gysymlady.-Batyrym, mes-gurgunmyň! Goçmergen: -Şükür, han aga,-diýip ýylgyrdy.-Emma maňa batyr diýip gabardyp goýbermediňizmi?! Bize garanda batyr sözi siziň hanlyk sypatyňyz bilen alyşyp-gelişip dur. -Maňa batyr diýseň adamlar güler-diýip, Baýhan töre başyny çala gyşardyp ýylgyrdy.-Men bir sadaja bi iliň hyzmatynda ýören adam. Goçmergen Baýhan töräniň sypaýy ýylgyrşyna göwnühoş baş atyp, ony saçak başyna mürähet etdi. Baýhan töre goluny kükregine ýetirip: -Duzdan uly bolmaly, seniň saçagyňa hormatym uludyr-diýdi.- Emma biz bu wagt Kürenbaýyň meýlisine barmalydyk. Sizem edil meniň kimin ol ulug jaýa çagyryldyňyz. Baýhan töräniň sözüniň ahyryny kitapdan okan ýaly edip gepleýşi Goçmergene ýaramady. Ol dymdy. Soňam oňaýsyz dymyşlykdan çykmak üçin: -Hezreti töräm, men düýn awda gaty ýoruldym-diýip, egnini sallady.-Ejaza berseňiz dynjymy alaýsam, ýogsam märekä mejal ýokdur. Baýhan töre kepje sakgalyny sypalap baş atdy: -Meýliň batyr, seniň ýadowlygyň ýüz-roýuňdan bildirip dur-diýdi.-Ýöne oba-kendiň kethudalary hem saňa garaşýardylar. Bile gelseňiz ýaman bolmazdy, bir maslahat bar, seniň özüňi görüp, özüň bilen geňeşäýsek diýdiler. Goçmergen ýadaw nazaryny Baýhan töräniň gyrgy gözlerinden aýyrman durşuna: -Töräm, sen kethudalaryň geňeşinden habardarsyň ahyr-diýip sorady.-Sen maňa aýdyp berseň bolmazmy?! Baýhan töre: -Maslahat şeýle, mergen, eger sen razylyk berseň meniň müň ýigidimiň garamatyny seniň gerdeniňe goýmakçy bolýarys biz. Özüň bilýäň, ülkäniň her ýerinde Kuwwa hanlygynyň içalylary it ýaly ysyrganyşyp ýörler. Gözi gandan doýmadyk Kuwwanyň hany islendik golaý pursatda üstümize döküljek. Ine, şol pursatda seniň bir özüň meniň müň sany sümükli serbazyma deň gelýäň Goçmergen! Eger sen meniň ýigitlerimiň başynda dursaň olaryň her biri arslan-şire taý bolmazmy?! Goçmergen obanyň üstüne abanyp duran dag gerişlerindenem ýokarda, al-asmanyň bir ýerlerinde gaýyp ýören bürgüdiň nokada öwrülip barýan garasyny gözden sypdyrman durşuna: -Men beýle agyr wezipäni kabul edip, başaryp bilmerin, hezreti töre-diýdi.-Kethudalarga-da şeýle diýip habar beräýiň! Size hem şuny aýdaýyn, men bir erkin guş, meniň... -Menem şony aýdýan-da-diýip, Baýhan töre onuň sözüniň arasyny böldi .-Mergen, guş bar et iýýän, guş bar eti iýilýän, sen et iýýän guşlardansyň ahbeti?! Goçmergen Baýhan törä otlukly garap: -Et iýýän guşlardanmykam? Bilemok-diýdi.- Ýöne bir zady-ha anyk bilýän, men et iýýän guş bolsamam beýleki guşlaryň etini iýip bilemok... Onuň ketjallygyna Baýhan töräniň myrryhy atlandy. Ýok indi bu boýun egmez. Et iýýän guş eken, ýöne beýleki guşlaryň etini dadanokmyş. Dym*** gowy, düşündim seň assarly gepiňe. • Kürenbaýyň meýlisinde Meýlis gyzyşypdy. Gapysyndan törüne çenli gyzyl-ýaşyl reňkli haly-palaslar ýazylan giň saraýyň içi adamdan doly. Diwarlardan asylan kümüş şemdanlardan, şamçyralardan otaga ýaýraýan şöhle uzyn ýazlan saçagyň üstünde gelşikli edip goýlan dürli-dümen naz-nygmatlara, mejmelerdäki alma-üzümlere düşüp, bu miweler täsin görünýär. Märekäniň agramly bölegi geýnüwli baý-begzadalardan, han-törelerden hemem başlary selleli molla-müftiler, kazy-kelanlardan ybaratdy. Bir tarapda belent sekileriň üstünde ýumşajyk düşekçeler ýazylyp, entek gelmeli myhmanlara taýýar halda durdy, bir gapdalda bolsa bäş-alty sany bagşy-sazanda tirme aýdymlar bilen töwerekdäki baş-on ýaş-juwany güýmäp otyrdy. Biraz salym geçenden soň oturanlar gozgalaň tapdy. Hyzmatçy ýaşkiçileriň biri Baýhan töre gelýär diýip habar berdi. Saraýyň garagaçdan sünnälenip ýasalan belent gapysy iki tarapa açyldy. Egni zer donly, başyna geýen samyr telpegi ýüzüni ýapyp duran gara sakaly bilen reňkdeş Baýhan töre içeri girip, oturanlary howlukmaç synlady-da: -Salawmaleýkim jemagat!-diýip, sesini gataltman köpçülige ýüzlendi-Kürenbaý toýuň gutly bolsun! Niredendir bir ýerden peýda bolan toý eýesi inçe ýüzüne bap gelýän çürüje sakalyny sypalap: -Alladan gaýtsyn han-diýip, onuň uzadan serpaýly horjunyny garbap aldy-da, gapdalynda duran hyzmatçy ýigitleriň eline tutdurdy.-Han aga, hany öz hormatly ornuňyza geçiň! Baýhan töre gapdalyndaky mähremlerinden saýlanyp, mertebesi belent myhmanlara niýetlenip goýlan bezemen sekä geçip jaýlaşykly oturdy. Mertebeli myhman öz ornunda jaýlaşyp oturandan soň bagşylar hem dutar-gyjaklaryny syntgylap, tijenip ugradylar. Dutarynyň kirişlerini boş kakyp oturan gyrçuw sakgally bagşy: -Han aga, siz gelýänçäňiz oglan-uşagy-ha warsaky aýdyp güýmedim-diýip, Baýhan törä ýagdaýy aýtdy.-Indi sizem göwün küýsegiňizi aýdyberseňiz, bizem berjaý kylybersek. Baýhan töre özüne bir piýala şerbet guýýan ýetginjege nazar aýlady-da: -Bagşym, men şu il bilen adam-diýip, kellesindäki telpegini çykardy.-Halk nämäni saýlasa, sen şony aýdyp berseň gowy bolar. Oturanlaryň arasyndan indi dessana başlaber diýenler tapyldy. Bir ýerden dessana entejik wagt bar ballym, sandygyňdaky tirme aýdymlaram seýrekledi, indi näme özüne goýanlaryňdan aýdyberseňem bolar diýip bälçireýänlerem tapyldy. Baýhan töre adamlaryň bolşuny, galmagal-gowry synlap, gaty kejigip, ýerinden turup gidäýesi geldi. Kellesinde Goçmergeniň soňky aýdan sözleri köwsarlaýardy. Şol wagt ýaş ýigitleriň biri ýerinden dikelip: -Bagşy, duzarba* aýt!-diýip, badyhowa ýüzlendi. Gapdalynda oturanlar hem ony goldadylar. -Dogry aýdýaň, atarmançylyk-çaparmançylyk barada hem ne gözel aýdymlarymyz bar, mert ýigitleriň ruhuny götereliň ahyr. Bagşy dutarynyň kirişlerine ýeňiljek kakyp: -Onda duzarba aýdybermeli-dä-diýip, ýene bir öwra sorady. Baýhan töre bir zat ýadyna düşen ýaly goluny göterip bagşyny saklady: -Jemagat, atarmançylyk-çaparmançylyk diýende bir zat ýadyma düşdi. Goçmergen biziň towakgamyzy kabul etmedi, boýun towlady. Baýhan töräniň aýdan gepi hemmeleri oýlandyrdy. Bagşy hem aýdyma başlap bilmän, adamlaryň ýüzüne seredip galdy. Başyna sellejik oranan bir arryk ahun: -Goçmergen bu wajyp hyzmatdan nämüçin gaçgaklaýarka? Ýa-da başga bir islegi barmyka-diýip, töweregindäkileriň ýüzlerine garanjaklady. • Derekli ýaýlada pynhan yşky duşuşyk Derekli ýaýla agşamara owadan görünýär. Hoştp şam şemaly pessaý heň mysaly öwsüp ugranda, asmana uzaýan gaýa-gerşlerden çykan Aý şuglasy bu mesgeni nura boýap, has-da gözel, gelşikli görkezýär. Ýaz agşamy asmanyň çar etrabyna sepelenen merjen dänelerini synlap ýatan Goçmergen emaý bilen golaýlaýan aýak seslerine gulak asyp meýmireýärdi. Dyza ýeten gök otlaryň arasyndan seresap ädimläp gelýän gyz hiç zatdan habarsyz. Birden ol otlaryň arasynda ýitdi. Duýdansyz şir penjesine düşen ýaly el-aýagyny ýitirdi. Gödek gollaryň arasynda dar gujakdan sypmaga synanyşdy. Bolmady. Herhal naçarlyk oňa ýaraşýardy. Goçmergen gyzyň müşk anbar kokuly saçlaryndan bihuş ýaly samyrdady: -Aýsluw!.. Gyz entegem gorkudan ýa başga bir zatdan ýuwaşja titreýärdi: -Sen däli! -Aýsluw! Aýsuluw kindiwanja ýumrugy bilen Goçmergeniň berdaşly kükregini ýumruklady: -Däli sen!.. -Men däli-Goçmergen ýylgyrdy. Onuň syrtaryp ýylgyryşy Aý ýagtysyna Aýsluwa gorkunç, şol bir wagtda ýakymly göründi.-Men bir seniň Aýsluw diýen adyňy eşidenimde tolkunlaryň arasynda gark bolýan gämiçi ýaly hopugyberýän. Gyz kijijik aýalary bilen onuň özüni ýakynlaşýan ýüzüni aňry itiberip: -Güm bolsana-diýip, jakgyldap güldi.-Gark bolup gelýän gämiçi nirden ýadyňa gelýä? -Çynym, seniň adyňy eşidenimde tolkunýan suwlar hyýalyma gelýär, Aýsluw-diýip, Goçmergen ony gujagyna gysdy-Seniň goýnuňda Garadagyň depesindäki Pöwrize kölüni göz öňüme getirýän, bir wagtda gök, mawy, ýaşyl, zümerret öwüsýän jadyly köl ýaly gözel sen. Aýsluw çakgan hereket edip, söýgülisiniň gujagyndan sypdy: -Aý oglan, seni tanap bolanok-la?! Otursaň-tursaň gapdalyňdan Şiraly mürzäni goýman ýörşüňe özüň hem şahyr bolup barýaň. Men-ä halamok şony. Goçmergen hezil edip güldi: -O nämüçin, nä beýle meniň jorabegimi ýek gördüň? Aýsluw öýkelän bolup tersine öwrüldi: -Jorabeg bolaýşyny, ýantazyň ýaly edip, gapdalyňdan goýmaýaň. Halamok men şony. Goçmergen gaharjaň gyzy emaý bile özüne çekip bir zat diýjek bolanda, Aýsluw onuň berdaşly ellerinden tutup badyny gaýtardy-da: -Öten agşam Kürenbaýlaryň toýunda şeýle bir seredýar, gözüni aýyrmaýar menden, utançsyz. Goçmergen Aýsluwyň gaharlanan bolaýşyny synlap gülümsiredi: -Ol ikimiz hakynda bilýändir, şonuň üçin saňa seredýändir. Aýsluw gaşlaryny çytyp: -Şonuň üçin-ä däl şol-diýdi.-Ol bar-a, ol şahyrjyk, edil bir gözleri bilen ýalmap-ýuwdaýjak. Goçmergen gözlerini ýumup, aşak garady, soň Aýsuluwa seredip gelşikli ýylgyrdy: -Şahyr adamdyr-da eleşdirme-diýdi.-Belki seniň sypatyňda ylham perisini keşf edendir. Aýsuluw Goçmergeniň özüne uzaýan goluny kakyp goýberip: -Ýok bolsana-diýip, gaharly tersine bakdy.-Bilýän özüm meniň sypatymda nämäni keşf edenini. Açgöz, açmaňyz, haýasyz bir ülpet bar-da sende. Guwanyber şoňa! Goçmergen sarç gyzyň gyzgyn gaharyny sowatmak üçin: -Aý bolýa-la, bu zatlar degişmedir, onsaň toý nähili geçdi, meýlisden gür bersene-diýip, gepi başga ýana sowdy.-Iýeniň-içeniň özüňki diýýämi köneler, göreniň-eşdeniňden aýdyber! Aýsluw derrew başga keşbe giren ýaly: -Aýdan ýaly, sen nä toýa barmadyň-diýip, Goçmergeniň ýüzüne soragly bakdy.- çagyrmadylarmy seni? -Äý, şeýleräk boldy, bize ýollanan çakylykçynyň ýabysy ýolda batga batypdyr. Aýsluw ýene gaşlaryny çytdy: -Ýalanlama! Bunuň ýaly ertekiňi balajyklara otaryp ber. Seni çagyrdylar. Gapyňa birem däl, goşa çapar dagy gelendir. Şol meýlisde arzyly gonak-da sen bolmalydyň. Märeke saňa garaşdy. Goçmergen ony gepletjek bolýan ýaly: -Näme üçin maňa garaşdy-diýip, içýakgyç sowal berdi. -Bilmeýän ýaly soramaň näme, oglan?-Aýsluw ýakymly ýylgyryp Goçmergeniň berdaşly gujagyna gysmyljyrady.-Hemmeler seniň Garadagyň ýigitlerine serkerde bolmagyňy isleýär. Goçmergen dolmuş Aýyň ýagtysyna söýgülisini synlap oturşyna: -Hemmeler diýýäniň Garadagyň kethuda agalarymy-diýip, agzyny gyşardyp ýylgyrdy. Aýsluw bir ähmiýetli zat düşündirýän ýaly: -Şol kethudalar bolmasa, Garadag ülkesi bir günem durmaýar-diýip, janygyp aýtdy.-Hut Baýhan töräniň özi hem şol meýlisde seni serkerdelige mynasyp görýändigini aýdypdyr, Ol barybir Aýsluwyň jan köýdürip aýdýan sözlerini ýarpy-ýalta diňleýärdi. Şol wagt agaçlaryň aňrysyndan bir ýerden baýguşyň guguldysy eşidildi. Goçmergen Aýsluwa garap: -Baýhan töräniň adyny tutduň weli, bir ýerden baýguş töre geldi-diýip, çasly gülüp goýberdi. Aýsuluw onuň gülküsini çylkasyz hasaplap, gahar bilen dymdy. Edil şol wagtam Goçmergeniň gözleri Garadagyň gap bilinde ýylpyldap, soňam öçüp giden o’tjagazda eglendi, bar ünsüni şol yşaryp giden oduň ýanan tarapynda saklap durşuna: -Çeçegim-diýip, ony ezizledi.-Sen häzir bu ýerde durma, öýe gaýt, menem hazzar bir ýere ugramaly boldum. Aýsluw gözlerini tegeläp: -Düşünmedim, bu bimahal çagt nirä howlugýarsyň?-diýip, howatyrly sorady. Goçmergen daglardan gözüni aýryp bilmän durşuna: -Bilemok, ýöne häzir bir ýere-hä ýetmeli men-diýdi.-Ýüregimde bir tüsse ýaly dowul bar, janym, şony dagydaýyn. • Süýt kölünde duzak guran serwinäz -Siziň, habar berşiňiz ýaly, Garadagdan bir awçy biziň ýurda oraşan geçmegi öwrenipdir, Şerif aga! Züleýhanyň sözläp ugraryna mähetdel Şerif şatyrň kalby lezzete gaplanýar. Ol muny duýdurmajak bolup, başyny aşak salyp ony diňleýär. Züleýha sözlere nazym berip gürrüňini dowa edýär: -Geçen juma men ony duzaklap saklajak boldum, haýyp ol gaty zor çykdy, haýran galdym. -Sen özüňi howpa atma, Farangiz han!-Şerif şatyr Züleýhanyň zülpleriniň ujyna seretdi.-Her niçikde bolsa sen juwansyň, näzik janlaryňy töwekgelçilige goýma. Züleýha örülen saçynyň üçlarynda galan gögüş reňke seredip: -Men ol awçyny Kuwwa goýbermejek bolup, başyny aýlamaga synanyşdym, elimden geleni etdim-diýip, inçe gaşlaryny ynjyly çytdy.-Hatda saçlaryma nilreňk çalyp doga sanadym, emma afsus, ol awçy bilen oýnum deň gelmedi. Şerif şatyr başgabyny çykaryp ýylçyryny sypady: -Gitse gidibersin, barybir ol Kuwwanyň salgymynda aldanyp gezýär. Züleýha başyny aşak saldy: -Biz howatyr etdik, ülkämiziň salgymyna hem duşman aýak basasyn diýip. Şerif şatyr ýene bir zady ýadyna saldy: -Düýşde wagty ol seni gördümi? Züleýha egnini gysdy: -Bilmedim, Şerif aga! Ähtimal görendir, anyk bir zat aýdyp bilmerin. Süýt kölünde syrmaşyp, yzyny üzmän doga sanadym, emma haýyp başarmadym. Şerif şatyr ýene özi bilen gürleşýän ýaly samrady: -Ol seni tanap bildimikä? Düýşünde görenini huşunda göräýse, tanasa gowy bolmaz. Züleýha badam gabaklaryny sypaýy galdyryp seretdi-de: -Şerif aga, ol bizi düýşünde göreni bilen huşunda tanarmy, tanamaz onuň parhy näme-diýip sorady. -Bize seniň salamatlygyň gerek, Farangiz han! Züleýha Şerif agasyndan minnetdar şekilde, oturan ýerinde gol gowşuryp tagzym etdi: -Ýok, tanandyr diýip biljek däl, ýöne ol Kuwwa sapar etmesini bes etjege meňzänok. Hemem hr gezek düýşünde kämilleşip barýana meňzeýär. • Hüjrede oturanyň hasraty Şiraly mürze medrese hüjresinde ýokardan ýaňlanyp ugran azan sesini diňläp dymyp otyrdy. Nirdendir bir ýerelerden aňňyrýan eşegiň sesi, oýnap ýören çagalaryň goh-galmagaly hem gulaga gelip gidýär. Indi näçe günden bari ol Kürenbaýyň tutan toýunda özünden uzak wagtlap gözlerini aýryp bilmedik gyzy ýatlap oturýardy. Şeýdip oturmakdan hem lezzet alýardy, hesret çekýärdi Ony unutmaga çalyşýaryn diýip, gaýta ony ýatlaýardy. Şol meýlisden bäri indi näçe gündür Köçekbaý gypjagyň gyzy ýatsa-tursa bar rahatyny alyp, azap berýär. Ol Aýsluwyň özüne tarap dikilen gözlerini undup bilmän oturşyna nirden şol meýlis-zyýapata bardym men, barmasam gowy boljak eken diýip özüni kötekleýär. Diňe bir ahmyr-puşman däl, ýüregini üzüp barýan mähir-muhabbet duýgularyna nälet okaýar. Diňe bir nälet hem däl, doga-dileg hem edip, tesbyh sanaýar. Yzyny üzmän okaýan namazlaryndan soň, hüjresiniň bir burçuna geçip, ýene Aýsluw hakda uzyn oýlara gark bolup günsaýyn saralyp-solýar. «Bilýän, ol Goçmergeniň söýgülisi. Emma nämüçin men ony kellämden çykaryp bilemok. Goçmergen meniň jana-jan dostum, dostumyň söýenine betniýet bilen garamakdan agyr zat barmyka?! Emma... Emma şol meýlisde tötänden oňa gözüm düşende, olam maňa garap oturan eken. Nämüçin?! Onsaň menem ondan gözlerimi aýryp bilmän duzaga düşüp galaýdym. Ol maňa beýle seretmelem däl ahyry». Şiraly mürze oý-pikirleriň girdabynda başagaý bolup oturşyna ikindi namazyny kaza galýanam aňyna gelmedi ýa-da hiç zat piňine däl. Emma Aýsluwly hyýallary weli kaza galdyryp bilenok. «Küýseglimiň uzyndan-inçemik kaddy-kamaty, anjaýyn garaýan gyýyk gözleri, ýylgyranda gunça deýin açylýan gülgün dodaklary, eý-ho-ow»... Şiraly mürze duýgulara gark bolup barýan ýaly öňündäki üsti kitaply tagtaça agramyny berip ýerinden dikeldi. Kitaply arjalaryň üstünde inçe bokurdakly küýze, goşa bulgur dur. Ol şerbet guýunyp başyna çekdi. «Serimden geçýän söwdalaryň ahyr-akybeti gowluk däldir. Ýok, men bir ýerlere başymy alyp güm bolmaly. Başymy alyp, täk başymy alyp. Ýöne başymdaky pikirlerimi däl». Ol keramatly kitaby gujaklap: «Ýa Ýaradan Züljelalym, ýa Mälikil-mülk, beýle gözelligi meniň öňümde goýup meni dogry ýoldan çykaryp däliretmesene!-diýip, pyşyrdady.-Men öz ugruma parahat ýördüm. Bu gyz asmandan inmedi ahyr, zeminiň astyndanam çykmady, hemişe hem bardy ahyr. Gel-gel indi bu günki gün men ony görüp akyl-huşumy ýitiräýmelimi»?! • Aldawçy yzlar Derekli ýaýlada Aýsuluwy ýalňyz galdyryp, gyssanmaç gaýdan Goçmergen dagyň etegine ýetip barýarka gijäniň garaňkysynda çopan-çoluk o’t ýakan bolaýmasyn, boşuna dowla düşüp ýören bolmaýyn men diýip oýlandy. Ýöne çopan-çolugyň ýakan o’dy bolsa birden öçmeli däl ahyr, ol o’t ýandy, ýanan dessine hem öçdi. Bu ýerde bir gümürtik zat bolmaly. Kuwwaly jansyzlaryň edip ýören bir oýnumyka ýa? Dagyň ýapgydynda gijäniň tümünde oduň ýakylan ýeri diýip çen edip ýortup barýan Goçmergen arasynda säginip demini dürseýärdi, sähel wagtdan ýene daga dyrmaşmasyny dowam etdirýärdi. Göz çeni bilen nazarlap baran ýerinde ýanyp gutarmanka söndürilen odun bölekleriniň üstünden bardy. Dagdaky adam haýsy tarapa ugur alyp biler? Elbetde dagyň aňrysyna-Kuwwa hanlygyna tarap barýan bolmagy mümkin. Goçmergen dagyň ýapgydyndan edil eliň aýasynda ýaly görünýän gyşlaklaryna seretdi. Tümlüge çümüp oturan oba, tutuş il Aý yşygyna gara barsyň hamyny ýada salýardy. Dagyň aňrysynda Kuwwa hanlygy bardy. Daň agaryp, älem ýagtyldy. Garadagyň gaýalaryna güneş düşdi. Goçmergen dagda säheriň şeýle gözel bolýandygyny öňem bilýärdi. Ýöne häzir galagoply wagty bu duýgy başgaça bolup başyndan geçdi. Ol Garadagyň iň belent üç gerşiniň ortasynda ýaýlyp ýatan köle tarap gitdi. Gorka basylan aýagyzlar köle tarap äkidýärdi. Dowamy bar >> Jenewüt*-toraňňynyň bir görnüşi. Muhterem*-hormatly Dym***-örän * Duzarba-harby-gahrymançylyk mazmunly aýdym. | |
|
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |