10:12 Jadylanan daglar -4/ romanyñ dowamy | |
• Ýylgyrýan ýaly ýyldyzlar
Romanlar
Baýhan töre ak öýüniň tüýnüginden görünýän ýyldyzlar ynsan gözlerine juda meňzeş. Ol asman jäjeklerini synlap uzak ýatdy. Göýä wagt duran ýaly. Ýok, olar ilki adaty ýyldyzlardy weli uzak synlanyndanmy, birhili soňabaka göreje çalym edip başladylar. Ol özüne garaýan ýyldyzlaryň gülýän adamyň gözlerine meňzäp balkyldap, aram-aram gyrpylýaram. «Be-e, näme üçin olar ýylgyrýarlar-diýip, Baýhan töre iňkise gitdi. - Ýylgyrar ýaly agzy bamy olaryň? Şonda-da ýylgyrýan ýaly ýyldyzlar» Birdenem özüniň ýaş gelni bilen ýalaňaç halda ýatandygy ýadyna düşdi. Gusul alman uklap galypdyryn diýip, kimedir birine gahar edýän ýaly iki ýana sermenip,. üstüni örtmäge ýorgan gözledi. Şol wagtam tüýnükden garaýan ýyldyzlaryň gözlerinden sowuk damjalaryň öz ýüzüne damýandygyny iýni syzdy. Çalaja tisgindi. Baýhan töre tisginip gözlerini açanda eýýäm daň agaryp gidendigini gördi. Daň-säher sepeläp geçen ýagyşyň ownuk damjalary ak öýüň tüýnüginden düşüp, ony oýarypdyr. Ol wagtynda oýananym ýamanam bolmadyr diýip pikir etdi. Daň tilkiguýruk bolmanka oýanyp, täret almaga endik eden han bu gün hatda azan sesine hem oýanmandygyna geň galdy. Horazlaram gygyrmasyny bireýýäm bes edipdirler. Ol bimaza bolup oturşyna «Süňňüme edil gurşun guýlup, agzyma hem zäk atylan ýaly-diýip, içini gepledip, öz-özünden göwni geçdi.-Ýeri, bu alasarmyk düýş nämäniň alamatyka?» Bu zatlar hakda oýlanmajak bolup ak öýden çykyp, bäş ädim ilerde, goçak güjüm agaçlarynyň kölegesinde goýlan sypa geçdi. Hyzmatçylar saçak ýazdylar. Çaý äberdiler. Ýaş gelin melhem getirdi. Onuň elindäki tylla çaýylan kümüş pyýala, goşaryndaky kümüş bilezik bilen owadan görünýärdi. Tulpar ýaly ýaş gelniň giň biçüwde tikilen köýnegine sygmaýan ter bedenini synlap oturşyna, arslanlaryň öz awlan awunyň läşini porsadyp iýýändigi barada oýlandy... Onuň oýlary-da birhili düşnüksiz ahmyrly. Ýaş gelniň gyzgyn gujagyndan maza tapmaýandygy üçinmi, ýa-da gelniň göwnüne ýetip bilmeýändirin öýdýärmi, bir zatdan gahar edýär. Balarynyň turşy mumundan, ýene birnäçe ot-çöpleriň heliminden taýýarlanýan melhem gaňşyrowgyny ajatdy. Ýüzüni egşedip oturşyna bir owurt suw bilen agzyny çaýkap, onam gaşlaryny çytyp ýuwdup goýberdi. Hyzmatçy oglan ertirlik naharyny äbermäge gelende Meret yzçy garaşyp otyr-diýip, habar berdi. Baýhan töre naharly okarany öňüne äberip, näme diýerine garaşyp duran hyzmatça goýber, gelsin diýen manyda başyny atdy. Inçeden arryk göwresine ýapyşyp duran dar, çalymtyl çäkmeni başyndaky gytyk tüýli telpegi bilen reňkdeş kişi Baýhan töräniň göz öňüne çöl alakasynymy ýa-da atýalmany getirdi. Özüne zor berip gülmän saklandy. -Aýakçy gel hany. Ýagşy ýigit aş üstüne diýipdirler. Meret aýakçy ýyljyraklap Baýhan töre bilen hazzar salamlaşdy-da, şasypa böküp mündi. Ol myhmanyň aşakda çykaryp goýan gön aýakgaplarynyň bir-biriniň üstüne münüp duranyny synlap oturşyna: -Niçik, öý-içeriň salamatmy, çagalar gurgunmy-diýip, howlukmaç soraşdyrdy. Meret aýakçy ýaltanman ýerinden turup edep görkezdi-de: -Saglyk han aga! Hemme salamatdyr, Siziň başyňyz esen bolsun!-diýip, gollaryny döşüne goýup durşuna hoşamaý ýyljyraklady. Çaý-naharyň başynda Baýhan töre: -Men şu gije daňa ýakyn bir täsin düýş gördüm-diýip, gürrüňe başlady.-Biziň ilde düýş ýorgutdan başy çykýan biri barmy? Meret aýakçy agzyna salan nanyny çeýneýärkä howlugyp çalaja düwündi, soňam özüni dürsäp: -Şu biziň daglaryň depesindäki Jynly kölüň bärki kenarynda bir garry kempir barmyş-diýdi.-Aýdyşlaryna görä, tebipçiligem edýärmiş, pal garap hem berýärmiş. Megerem düýş ýorgutdanam habary bardyr. Baýhan töre öňündäki okaradan bir bölek gaýnadylan goýun etini alyp, agzyna atyp, maza bilen çeýnäp oturşyna: -Ol kempiri bäri getirip bolmazmy?-diýdi. -Ýok, indi ýigrimi ýyldan bäri ýaşaýan külbesinden çykmaýarmyş. Bir ýerden çykman Allanyň adyny zikir edip oturmagy ant içipdir diýýäler. -Zenanlaram ant içer oguşýa?! -Hä, şeýle han aga, menem geň galdym. Bolşy biraz geň-töwra öz-ä. Baýhan töre saçagyň bir burçuna ýagly barmaklaryny süpürişdirip: -Onda Gün gyzmanka tebip mamaňka ugraly-diýip myhmanynyň ýüzüne bakdy. . *** - Kaddy serwi, kamaty ragna gözel, Zülpi zünnar, gül roýy berna gözel, Aşyky-hal eýledi bizni mejnun, Dertlerimiz dertlerden aala gözel... Şiraly mürze döwet galamyny syýadana batyryp, oýa çümdi. Ýazyp başlan setirleri maňzyna batmasa näme?! «Ýok, bu Aýsluwyň waspyna mynasyp setirler däl. Ýöne eger ol yhlas etsem, mundanam sazlaşykly, joşgunly süýji edip ýazyp bilerin diýýärin, ýöne kalbymdaky yşky beýan etmäge söz tapamok-diýip, gözlerini ýumup oýlandy.-Munuň üçin maňa Aýsluw periniň birje sözi gerek. Ýöne men entek onuň sesini hem eşidip göremok. Onuň bal agzyndan, şeker lebinden çykan ýekeje hoş sözi bolsa meniň ylhamym guş bolup uçar, gaýdyp gonmaz, gonmaz-da pel-pelläp ýörer yşkymyň asmanynda». Birdenem berk dartylan sary ýaýyň kirşinden sypyp gaýdan keýmir ok gelip onuň ak guş ýaly yşky arzuwlaryny para-para etdi. Niredendir bir ýerden peýda bolan Goçmergen onuň aňynda kyýamat gopdurdy. Şiraly mürze öňündäki gazal ýazylan kagyzy mynjyradyp, eliniň tersi bilen oklap goýberdi. Tarsa ýerinden turup, hüjresiniň bir burçuna geçip çugutdyryp oturdy. «Men aşyk boldum, Aýsluw meniň akly-huşumy aldy. Indi däli-mejnun bolubermesem alajym barmy? -Sandyraýan dodaklary doga sanaýan ýaly eşidiler-eşidilmez pyşyrdaýardy.-Men aşyky-diwana boldum, Aýsluw meni bikarar etdi. Ýok, ýok, Aýsluw näme etsin maňa. Meniň däli-mejnun bolmagyma günäkär Goçmergen. Şol, diňe şol, eger ol bolmadyk bolanynda men Aýsluw bilen bagtly bolardym. Eger bir pynhan ýerde sataşyp, Aýsuluw jana öz söýgimi yzhar edäýsem*, nähili gowy bolardy. Wah ýöne... wah, barybir ol Goçmergenden çekinip, meniň söýgimi kabul hem edip bilmez. Aslynda menem Goçmergen bolandan soň hiç arkaýyn hereket edip bilemok ahyr. Aramyzda Goçmergen dur. Nämüçin? Ýeri nämüçin meniň söýenim Goçmergeniň nesibesi bolmaly?! Adalat bamy şu ýerde? Bu çarhy-pelegiň işimi, taňrynyň ýazgydymy? Meniň beg dädem, direnişip duran agalarym bar. Mal-mülkümiz Garadagyň ýaýlalaryna syganok. Abraýymyzam özümize ýetik. Mertebämiz hem hanlaryň deňinde bolmasa-da şolardan kem däl». Şiraly mürze gözlerini berk ýumup, kellesini penjeledi. «Gel-gel indi meniň söýen melegim, meniň geregim ýerden ýeke çykan, ýetim Goçmergeniň nesibesi bolaýmalymy»?! *** Baýhan töre mahmal donunyň üstünden zerrin kemerini guşanyp daşary çykdy. Bilindäki gymmatbaha daşlar bilen bezelen kümüş desseli gylyjyny gynyndan ýarpy sogrup, tygyna syn edip göwni göterildi. Bu gylyç Kuwwa poladyndan jöwherlenip ýasalan. Meret aýakçy ak öýden çykan Baýhan törä atyna atlanmaga kömek etdi. Olar ýanlaryna alty-ýedi sany nökeri alyp, ýola düşjek bolup durkalar kellesi keçe sopbaşly kişi howla girdi. -Huw-hak diýip gelen taňry bendesine garaşyk ediň! Baýhan töre Meret aýakça bu nämäniň alamaty diýen manyda seretdi. Meret aýakçy egnini ýygryp: -Diwana gelse işikden, bela gaçar deşikden diýipdirler, han aga!-diýip ýalynjaňlyk etdi. Baýhan töre bir gapdalda garaşyp duran hyzmatçy oglanlara: «Taňry bendesine idi-yssywat ediň, çaýdan-çilimden hem hor bolmasyn» diýip, howlukmaç tabşyrdy. Nökerleri bilen at gorduryp, belent howludan çykyp barýarkalar hem «Görnüşinden myhmanymyz giýabende ogşaýar* » diýip, içini gepletdi. • Kölüň kenaryndaky nätanyş gözel Kölüň aýna mysaly tekiz ýüzi hemişeki ýaly asuda. Daş-töwerekde batgalyk suwotlarynyň ysy bark urýar. Goçmergen näçe sulh salsa-da kölüň kenarynda yzarlap gelen yzlaryny tapanok. Edil şu ýere gelip gürüm-jürüm boldy. Dagda yz çalmak, asmandan barýan guşyň yzyny görmek ýaly bir zat ahyr. Yzlaryň bulaşýan ýerinde çommalyp oturyp, içinden bir zatlar ölçerip-dökdi. Boş ýerden dowla düşüp ýören bolmaýyn diýip, böwrüni diňledi. Biraz wagt geçenden soň turup, kölüň böwür berip aýlanyp gidýän ýerine- gamyşly güzere tarap gitdi. Gamyş-ýekenleriň arasynda oturan külbejige golaý baryp sägindi. Ilki daş-töwerege esewan etmeli. Ol syrdam söwütlerden, goçak toraňňy agaçlarynyň sütünlerinden köpri ýasalyp, şonuň üstünde-guşaklyk boýy ýokarda gurlan külbäniň aşagyndan geçip, gyrak-bujaklary aýlanyp, gamyş-hyşa basyrnan kenarda aýak çekdi-de, köli synlady. Uly giňişlikde ýaýylyp ýatan mawy suw ümür basan säherde asuda tolkunyp öz-özüni üwreýän ýaly görünýär. Kelleleri mäşerik ýaly, syýasow jünekeýler suwuň ýüzünde peýwagtyna ýüzüp ýörler. Kölüň ortasynda suwdan çykyp duran gyýçak daşa gonan gyzylgaz, Goçmergene ünsem bermän, säher salkynyndan lezzet alyp ganatlaryny daraýar. Şübheli bir zat gözüne ilmänden soň ol agaç üzeňňilere basyp ýokary galdy. Gapyny emaý bilen açdy. Diwarlaryna ýukajyk daraýydan perde asylyp bezelen otagyň içinde peýda bolan Goçmergen gözlerine ynanmady. Onuň garşysynda gara şamar saçlary topugyna düşýän ak ýüzleri nurana gyz ýylgyryp durdy: -Hoş geldiň, batyr ýigit, sapa getirdiň! Ol iki gapdalyna gözüniň gyýtagyny aýlap: -Zeýtuna mama ýokmy?-diýip, gyza sowal berdi.-Sen onuň nämesi bolýaň, Mundan owal seni hiç görmeýärdim men! Gyz inçe uzyn gaşlaryny gerip ýylgyrdy: -Zeýtuna enem melhem otlardan çöplemäge daga gitdi. Men onuň neberesi, adym Züleýha. Siz bolsa batyr ýigit... Goçmergen mergen onuň sözüni böldi: -Haçan geler Zeýtuna mama? -Şu gün gelmelidi, biraz eglendi, bilmedim, özümem alada edip durun. Goçmergen gyzyň özüne göni garaýan gözlerine seretmejek bolup, keseräk garap durşuna: -Şu töwerekde ýat-ýala görmediňmi sen-diýip, gyza üns bermediksiräp, sorady.-Del yzlar gyssanmaç ädimläp şu ýere gelipdir, soňam suwuň gyrasyna gelip gürüm-jürüm ýitipdir. Züleýha aljyraňňy hala düşüp, zowzuldady: -Daň tilkiguýruk bolan çaglary aýak sesleri eşidilen ýaly boldy, ýöne hiç bir gara görmedim, onsaň gulagyma eşidilendir diýdim men, batyr ýigit. -Goçmergen meniň adym! Züleýha onuň adyny eşidip: -Hoş bolduk batyr ýigit-diýdi-de, tagzym bilen ak ellerini döşüne goýdy.-Sizi görüp juda memnun bolduk, töweregimizde şeýle azamat* ýigitler bar eken, biz elkin ýatyp bilýäris diýip akaýyn indi. Goçmergen onuň sözlerinde birhili kinaýa ýokundysyny duýdy, emma syr bermän: -Howwa-diýdi.-Gämiçiniň jany bir diýipdirler, biziň hemmämiz bir gaýykda, hanym. Ýaşaýan mesgeniňiz ganyma golaý, ýaga ýakyn ekeni. Onsaň o tarapdan garakçy-galtaman geçse-ötse habardar bolmak gerek. Züleýha ör-gökden gelip, gyz gorkaklygyny edip dowla düşdi: -Towa, towa, biz-ä entek beýle zatlary görmänimizden soň bilemizok. Seýri-seýranly ýaýlak ýer diýip şu ýerde gonduk, hemem Garadag ýurdunda hemişe asudalyk bolandan soň, çekinmän etmän ýaşap ýörüs. Beladan-kazadan özi asrasyn** jan Allamyň. -Sessiz-üýnsüz akýan derýa gaty ýowuz bolýandyr. Kuwwa hanlygy hem şol sessiz akýan derýa meňzeýär. Onuň etjegi içinde. Bir gün geler, duýdurman-aňdyrman üstümize döküler. Şol gün agyr bolar.-Goçmergen Züleýhanyň ýüzüne dikanlap garap sözüni dowam etdi.-Men goňşy Kuwwa halygyna dahylly bolan her bir adamdan, her bir zatdan şübhelenýän. Züleýha gabaklaryny galdyrman bir nokada gözlerini uzadyp durşuna: -Onda siz bizden şübhelenip bilersiňiz!-diýip, owadan ýylgyrdy.- Sebäbi biz Kuwwadan gaçyp gaýdan göçegçi. Şu dagly ülkäni özümize pena bilip gaýtdyk. Goçmergen gyzyň özüni asuda alyp barşyny synlap: -Garadag ýurdy indi müň ýyl bäri erkin ýaşap, özünden pena sorap gelenlere hem pena berýär, ejize-pakyra hossar çykýar-diýdi. Züleýha hoşhylaw nazaryny Goçmergenden aýyrman: -Onda Garadag ülkesiniň batyr ýigidini öz saçagymyza çagyrsak, duz-tagam hödür etsek, ol garşy bolmaz-la-diýip, çekinjeňlik bilen sorady. Goçmergen täsin külbäniň ýaşajyk hanymyna näme diýjegini bilmän, iki o’t arasynda galdy. • Ýylanyň köýnegine meňzeş nagyşlar Bilbiller saýrap ugrasa eýýäm ertir bolany. Aýbarçynyň entek gulpakly gyzjagaz döwri ir bilen oýanan adama perişdeler rysgal paýlaýarmyş diýip eşiden gürrüňi her gün irden ýadyna düşýär. «Bu gürrüňi ejem pahyr aýdypdymy, Aý mamamyň hekaýatymy, ýahut Tilektes daýzamdan eşidipdimmi? Bilemok». Ol agasynyň ýatak jaýyna boýnuny uzadyp, onuň üçin ilkagşam salan düşeginiň bozulman durandygyny gördi. Agasy bu gije hem bir ýerlerde şöwür çeken bolmaly. Aýbarçyn howluda duran ýerinde öýleriniň gapdalyndan geçýän gumak ýol bilen çekene bakýan çopanyň tozana garylyp, mallaryny sürüp barşyny synlady. Olaryň yzýanyndan Baýhan töräniň birnäçe atlyny yzyna tirkäp Garadaga tarap gidip barýar. Yzyndaky atlylary hem özünden beter sozanguýruk. Ak öýe girip bir zada güýmensemmi diýip oýlandy, emma karar tapmady. Ýeke özi oturyp iýip-içmäge hem içmäge işdäsi ýok. «Aý, bor-da, Aýsluwlara gidip geleýin-diýdi.-Ikibaşdan Tilekdes mamamdan ýüň sorapdym, şony alyp gaýdaryn». Altmyş ýaşy arka atyp, ýetmişe gadam basan, köseleç sakgally Köçekbaý gypjak ogullary, inileri bilen igdeli ýabyň boýunda bir kowçum bolup oturýarlar. Il arasynda bu syrgyn «Uzyn orda» diýen at bilen tanalýar. Köçekbaýlar Goçmergeniň daýy toparyna degişli. Şonuň üçin ata-eneleriniň aýrylanyna bir müçe geçenem bolsa, Goçmergenem Aýbarçynam olardan aýagyny üzenoklar. Garynja gatnaşygy galdyrman gelýärler. Goçmergeniň öz körpe gyzy Aýsluw bilen halaşýanyny eşideninde Köçekbaý dyzmaç ogullarynyň gaňryşyna gaýdyp, «Işiňiz bolmasyn-diýdi.- Jiýenniň* haky bar, alsyn, geregi şol gyrnak bolsa, wagyr etmäň». Dyzmaç ogullar atasynyň diýeninden çykyp bilmediler. Aýbarçyn garry daýylaryna ýetip baranda, Köçekbaý gypjak gyr bedewiniň garşysynda otyrdy. Ol seýisläp ýören bedewine iýdirmek üçin kersen doly arpanyň üstüne ýumurtga çakyp, gargylap oturşyna özüne tarap sülmüräp gelýän gyzy tanady: -Aýbarçyn gyzym gelýän eken-ä! -Salam garry daýy! Köçekbaý öňündäki kerseni süýşürip ýerinden galdy: -Waleýkim salam jiýenim, gel, gel bakaly-diýip, töweregine garanjaklady.- Tilektes, kany nirde sen, mimanny garşy al. Ak öýüň serpigi syrylyp elwan mahmal köýnekli gyz göründi. Köçekbaý: -Heýt gyrnak-diýip, oňa azgyryldy.-Pallap durmada bejit bol, boýdaş jiýeniňi öýe sal! Horaz sülgün mysaly owadan ýorgalap ak öýe tarap ugran Aýbarçyny garşy alyp duran Aýsluw salam-heligem unudyp, ýaltalyk bilen gerindi-de, ak öýüň söýesine ýaplandy: -Ja-an boýdaş, şeýle bir ýatagym çykdy, Ernemen kel boldum hakyt. Aýbarçyn onuň bilen salamlaşyp: -Beýle bolsaň seni gelin edip alyp bilmerin-diýip, çürt-kesik aýtdy, soňam jakgyldap gülüp goýberdi.-Baýdak boýly, är gaýratly agamyň gül ömrüni kül etdiräýmerin saňa, dogru-da... Olar gülşüp ak öýe girdiler. Bosagadan ätleýen ýerlerinde ýumak oýnap ýören gijenleri* gören Aýbarçyn «Waý bujagaz eýjejikleri bir görsene» diýip, eglip olaryň birini gujagyna aldy. Aýsuluw gijenlere seredip gaşyny çytdy-da: -Aýbarçyn jan, maňa ýylanyň köýnegini tapyp bersene-diýip, haýyş etdi.-Seniň agaň diňe dagda-düzde saýýatlyk edip ýör-ä. -Wiý, sen ýylanyň köýnegini nämetjek gyz: Aýsluw Aýbarçyny gujaklap diýen ýaly goýun derisinden tikilen körpeçäniň üstünde geçirdi. Jorasy onuň mähribansyraýşyna düşünmedi. Ol bolsa ýylgyryp: -Bilýäňmi, üstünden ýyl aşan ýüzärlik hemem täze kendil köreklerini garyp, anna agşamy tütetgi etmeli-diýip, Aýbarçynyň gulagyna pyşyrdady-Gowy tutaşan wagty ýylan köýnegini şol oda atmaly. Aýbarçyn gözlerini tegeläp, Aýsluwyň aýdýan zatlaryna düşünmeýän diýen manyda başyny ýaýkady: -Dursana, boýdaş jan, gepiň küle ýerini aýtsana! -Ana, şol wagt, ýylanyň köýnegini oda atan çagtyň, äre barjak ýigidiň keşbi göz öňüňde peýda bolýarmyş, elbetde okamaly dogasynam okap ýetişmeli. Okan wagtyň hökman ýeke özüň bolmaly. Peşehanada oturyp dagy şeýle edäýseň barjak ýigidiň hut ýanyňa gelen ýaly bolup duýulýarmyş. Çyna berimsiz gürleýän Aýsluwyň agzyna garap aňkaryp galan Aýbarçyn: -Dur, dur-diýdi.-Äre barjak ýigidiň ýüz keşbini görmek nämä gerek? Sen meniň agamyň gelinligi dälmi?! -Wa-aý, bolýa-la gyz, oýun etdim-diýip, Aýsluw jakgyldap güldi-de gök-al gülli keçäniň üstünde oýnap ýören gijenleri aýagynyň ujy bilen itiberip goýberdi.-Ine, şu gijenleriň enesine gerek ýylanyň köýnegi. Bu haram ölmüş ýylda iki gezek bäş-alty gijenden guzlap bizar etdi, şu gezek ýylanyň köýnegini tapyp iýdirmegi ýüregime düwdüm, kast hem bolsa etjek şony. Onsaň bu urkaçy bogaz bolup bilmeýän eken. Aýbarçyn ony diňläp oturşyna pikire batdy. Aýsluw bolsa ýene arkasyny haly çuwala berip oturşyna müňňüldeşip, oýnap ýören gijenleriň özüne golaýlaşýanyny dabany bilen itiberip goýberip, hezil edip gülýär. Gijenleri aýagy bilen itiberende Aýsluwyň dartylan mahmal köýneginiň astyndan görünen keşdeli aýak geýimini synlap oturşyna, Aýbarçyn ala-mula ýylan gowuny göz öňüne getirdi. *** Han howlusynda myhman alnan Şerif şatyr biraz arkaýynlaşyp, arkasyndaky torbasyny bir gyra goýdy. Täze soýlan malyň etinden taýýarlanan gaýnatma, mele myssyk bugdaý nan şatyryň gözüne degdi. Mazaly ajygypdyryn diýip oýlandy. Aşhanada arkaýyn otyryp, hiç ýana garaman garnyny doýransoň töwir galdyryp, elini eňegine ýetirdi. Soňam töweregine garanjaklap bokurdagyna agram salyp, ähem-ühem etdi. Hyzmatçy oglan tizmähetdel ýetip geldi. Şerif şatyr: -Öýle namazynyň wagty golaýlap gelýär, -diýip, ýetginjek hyzmatça ýüzlendi- maňa namaz jaýy görkez. Ol gulak asyjylyk bilen baş egip, myhmany ýokarky gatda ýerleşen namaz okalýan hüjrä eltip sessiz-üýnsüz çykyp gitdi. Şerif şatyr inçe sesine nazym berip azan gygyryp soňam namazlyga geçdi. Ol hüjräniň çürelip gidýän gümmezine seredip, biraz dymyp oturdy. Ýerinden galjak bolanda agyr gägirdi. Köpräk gäwşäpdirin, owkadam tagamly bolupmyş diýip gülümsiredi. Hüjräniň derejelerine golaý baryp, daraklygyna galyp, daşaryny synlady. Bag-bakja bürenip oturan howluda bir zada güýmenip ýören hyzmatçylary, hanyň keýwany aýalynyň gapdalynda ýüň tüýdüp oturan hatynlary gördi. Şerif şatyr duran ýerinden çarbagdan üstaşyry garap, daşaryk-has uzagyraga nazaryny aýlady. Gözlerini süzüp bir zatlary hasaplap, ölçerip-dökdi. «Obanyň içinden akar ýap geçýär. Towlanyp akýan suw ýylyň dört paslynda hem dynýana meňzänok. Suw degirmeni gije-gündiz aýlanyp dur. Bu wagta çenli geçen ýylyň arpa-bugdaýyny üwäp azaldandyrlar. Çünki bu ýylyň hasyly bokurdaklap otyr. Kilwanyň öýi suwharazdan uzakmyka»?! Ol namazlygyň üstüne dolanyp, ýene çöküne düşüp oturdy. Bir zatlary oýlanyp-çenlenip esli wagt oturansoň, arkasyndan golaýlaşyp ugran aýak seslerinden öňürtiläp, «Es-salamu-aleýkum, we-rahmatullahi we-berekäh» diýip, jüp ýola gygyryp, iki egnine salam berdi-de, okalmadyk namazyny tamam etdi. *** Goçmergen ýehgudukda görýän düýşlerinden biynjalyk. Beýle düýşleri ozal, başga bir ýerde görmändi. Beýnisini sykyp barýan oýlar barybir garjaşyk, bihaýyr. Ol dagyň eteginde säginip, her nähilem bolsa gowakda galyp, hemişeki görýän düýşleri bilen bir zadyň anygyna ýetip bolar diýen netijä geldi. Gumak ýol bilen oba girip barýaka yzyndan eşidilýän sese gaňrylyp bakanda çepiksizje oglanyň özüne bir zat diýýänini duýdy. -Näme diýýäň balaja-diýip sesini gataldyp gygyrdy. Köýneginiň tirsegi süzülip duran kirlije oglanjyk: -Neme-leý, o gün çalpawlykda guran toruňa iki jüp lakga düşen eken-diýip utançly ýylgyrdy.-Onsaň urnup heläk bolup galmasynlar diýip alaýdym şolary. Goçmergen ýylgyryp: -Oňarypsyň erkäm-diýdi-de ýoluny dowam etdirdi.-Her kim öz nesibesini iýýär. Ol obanyň ortasyndan geçýän suwly ýabyň gyrasyndan ýöräp barýarka Baýhan töreleriň syrgynyna seretdi. Hemişeki ýaly han syrgynynyň şowhun-şagalaňy uzakdan eşidilýär. Bu syrgynyň gelim-gidimi hem ýetik diýip, Goçmergen oýlandy. Birden onuň gözi Baýhan töräniň syrgynyndan çykyp barýan pyýada düşdi. Nätanyş adam, bu ýerli däldigi derrew göze ilýär. Goçmergen onuň nirä ugur alyp barýandygy hakda iňkise gitdi. «Ýa-da baryp eý ýolçy ugur hanja diýip soraýsammykam?». Ol uzaklaşyp barýan kişiniň yzyndan garap durşuna içini gepletdi. «Sen-men ýok, baryp bir bendäniň ýakasyndan tutup, abyr-zabyr ediberseňem-ä bolmaz-diýip, göwnügiňlik etmäge synandy.-Bir bahana tapyp, baryp kimdigini, nirä barýanyny osmakladyp, sorap zat edip anyklaýmasaň gelişiksiz bolar». Huç zatdan habarsyz gidip barýan ýolagçy gök öleňleriň üstünde hellewleşýän ak dereklere siňip barýardy. Ol ahyr ak derekleriň arasyndan seredende çalaja görünýän suwharazlaryň aňrysynda gözden ýitdi. Goçmergen öýüne tarap öwrülip gidiberjek boldy, soňra ýene gök öleňlige tarap öwrüldi. Suwharazlaryň töweregine baranda Goçmergen çommalyp oturyp aýagyzlary synlady. Kölüň kenaryndaky aýagyzlar bilen deňeşdirip gördi. Edil şu aýagyzlar-a däl. Bu aýagyzlaryň eýesiniň geýen aýakgaby kölüň gyrasyndaky yzlardan tapawutlanýar. Bu adam belki Baýhan töräniň täze işe alan hyzmatçylaryndan biridir-diýip oýlandy. • Zeýtuna kempir pal atýar Zeýtuna kempir dişleri dökülip gutaran agzyny kümşüldedip: -Daşarda at aýagynyň sesleri bar-diýdi-de, başyny galdyryp diňşirgendi. Dowla düşen Züleýha tasap ýerinden turup, içki otaga ýöneldi. Onuň narynç-mawy reňkli şahy köýneginiň etekleriniň şowurdysy ýiten dessine daşky gapydan: -Habarlaş!-diýen haýbatly owaz eşidildi.-Kim bar bu külbede. Zeýtuna kempir kynlyk bilen ýerinden turmaga synanyşdy. Gapy açyldy. Gapyda duran iki pyýadany synlap, Zeýtuna kempir «Özleriňiz-ä, ýöne-möne adam däl.-diýip, oturan ýerinde içini gepletdi.-Ýa beg-töre siz, ýa beg-töräniň ýakyn-ýarany». -Gapyda durmaň-diýip, ol gelenlere buýruk äheňde gepledi.-Gelen bolsaňyz giriň içgeri! Baýhan töre pesejik gapydan başyny egip girip barýarka «Altyn gapylynyňam agaç gapyla işi düşer» diýleni şumuka diýip, oýlandy-da, myssa ýylgyrdy. -Öýüňiz abat bolsun pir hatyn-diýip, ol Zeýtuna kempire ýüzlendi.-Biz bir täsin düýş gördük, ýordurmak niýetinde bosagaňyza gelipdik. Zeýtuna kempir gyrbyldap gelip, pal atýan ýerine-agaç sekiniň üstüne geçip oturyp öňündäki düwünçegi çözdi. Düwünçegiň içinden gaýyş jiltli kitapçany alyp, könelşip giden sahypalaryny agdaryşdyrdy. Soňra Baýhan töräniň gapdalynda oturan Meret aýakça gözüniň gyýtagyny aýlap: -Bu kişiniň ýanyňda oturmagy lazymmy-diýip, sorady.-Munuň agzyna bekdigine eminmiň? Baýhan töre: -Bul adam meniň ähli syrymy birin-birin bilýär-diýdi.-Ondan arkaýyn bolaýyň. Zeýtuna kempir: -Bu seniň weziriňmi?-diýip, Baýhan töreden sorady. Onuň jogap bererine hem garaşman-Onda bu adam seniň on bäş gün adam, on bäş gün it bolýanyňy bilýärmikä? Garşysynda soky ýaly sarsman oturan kempiriň soňky sözüne gözlerini tegelän Baýhan töre näme diýjegini bilmän Meret aýakça seretdi. Eýýäm ýerinden turmaga taýýar bolan Meret aýakçy külbäniň gartaşan bikesinden howatyrlanyp ugrapdy. Ikiçäk galansoňlar Zeýtuna kempir Baýhan töräni ünsli diňledi-de: -Düýşüň dagy näteňet seniň han-diýip, başyny ýaýkady.-Alasarmyk, çynymy aýtsam bir zatdan gorkýaň, hata iş edeňok weli, il-gün meni ýazykly saýmasyn diýýäňmi, bilemok. Garaz bir aladaň bar. Baýhan töre kepje sakgalyny penjeläp, gözlerini ýumdy: -Aladamyz-a dogrusy walla ýetik. Iliň öňüne düşseň it bolmaly ýerem bar, tilki bolmaly ýerem-diýdi.-Düýş-püýş görmäge elimizem degenokdy weli, şü gezek bilmedim ýa demrinden ýa kömründen, bir täsin ahwalatlar göründi. Zeýtuna kempir köne kitabyň sahypalaryny waraklap: -Gören düýşüň tagbyryny aýtsak bu bolar! Saňa gökden garaýan ýyldyzlar-şum nazarlar. Olar ähli zatdan habardar. Şonuň üçin hem sen uýatly ýaly duýýaň özüňi. Edýän işleriň hakynda oýlan. Bir işi başlanyňda dokuz oýlap bir biçersiň welin akybetinden zelel gelmez -diýip, bir demde sarnaşdyrdy-da Baýhan törä seretdi.-Sen il-ülke üçin gara başyňy ne keç oýunlara salyp, ömrüňi humara goýýarsyň. Emma bir bilmeli zadyň, her bir işde haýyr getirjek bolsa ýalan sözlemegi parz bil özüňe. Lagnaty şeýtany hem özüňe ýaran edip bolar. Indi bolsa ýene bir aýtjagym, şuny berkje belle: seniň golaý-goltumyňda ýaşaýan töwekgel bir kişi bar, daýym şu töwerekde-dag içinde serkeşde gezýär. Zynhar-zynhar gaty ägä bol ondan. Onuň kimin zannyýaman entek görülen däldir, bir sen däl, seniň il-ýurduňnyň tepbedini bir özi okap bilmäge kadyr ol. Zeýtuna kempir tamam diýen manyda kitabyny ýapyp, hor bileklerini ýokary göterdi: -Pygamberler ýorgudy bolsun, han! Bismillähi. La-seýfe illa Zülpikar, la feta illa Aly kerrar. Ämin* . Baýhan töre onuň aklygyny oturan kiliminiň astyna dykyp, ýerinden turdy. *** «Ne kadar ýoruldym men. Özümem bilemok. Öýe dolanaýyn. Öz ojagyň ýaly mähriban ýer bolarmy. Näçe surnugyp ýadasaňam öz külbäň daýanmaga güýç tapyp berer. Öz bosagaňa gelip başyňy goýsaň, başga ýerde azat-rahat alan demleriň boş zatdygyny duýup galýaň». Goçmergen aňynda aýlanan pikiri öňem bir wagt şu duran ýerinde aýdyp, indem ol gaýtalanýan ýaly kalbynda düşnüksiz duýgy peýda boldy. Bu zatlar birden ýadyna düşen dek geň-enaýy hala düşdi. Nämüçin beýle bolýarka diýip, haýran galyp aýak çekdi. Bir salym säginip, daýylarynyň syrgynyna tarap garap durdy-da, ýene ýoluny dowam etdirdi. Şu pursat Aýsluwy görüp bilmejegini aňlasa-da ýüregi atygsap ony göresi geldi. Onuň agşam şapagyna meňzeş elwan atlaz köýnekli ak öýden anjaýyn bolup çykyşy göz öňüne geldi. Şonda olaryň öýleriniň töweregi hasam gelşigne gelýär. Diňe bir ol ýer däl, Aýsluwy görende Goçmergeniň dünýäsi görke gelip, keýpi çag bolýar. Arkasyndan tanyş ses eşidildi: -Göwnüme bolmasa, bir pikire gümra bolupsyň sen, byradar! Goçmergen özüne tarap ýetip gelýän Şiraly mürzäni gördi. -Aý, şu meniň bir şygyr düzýän şahyr hem takwa dostum bardy, soňky günler ondanam habar ýok diýip, oýa batyp durşumdy-diýip, gözüni gypyp, mekir ýylgyrdy. Şiraly mürze edep bilen gol uzadyp, dostuna salam berdi. Şol wagt Goçmergene seredip durka Aýsuluw hakdaky pikirleri täze güýç bilen kellesinde köwsarlady. Bar keýpi bozuldy. Goçmergen dostunyň ýüzündäki galagoplygy aňdy: -Şiraly mürze, nämüçindir ýüz-gözüň gamaşyp dur, saglykmy özi-diýip, onuň ýüzüne siňe seretdi.-Dek häzirjigem betiňde gam ýokdy, birdenem içiňden bir hasrat geçen ýaly dünýäň bulaşdy?! Şiraly mürze bütin syry açylyp barýan ýaly howpurgap gözlerini ýumdy. Aýsuluw hakyndaky aňyny-huşuny bütinleý eýelän garjaşyk pikirlerini kowup bilmän durşuna: -Dostum, meni daga äkitsene!-diýip, umytly gözlerini Goçmergenden aýyrman dillendi.- Birhili haýat endişeleri* basmarlajak bolýa. Garşy-garşy daga gideli diýip ýüregiňe düşenem bolsam, gaýrat et, men ol ýere bir dag ýaly agyr endişelerden gaçyp gidemok, şolara çözgüt taparyn diýip umyt edýän. • Düýşüň içinden parran geçip, gaýyp şähere syýahat Taňry daglary aýlanyp duran zeminiň üstünde myh edip goýandygy hakynda kitapda ýazylypdyr. Goçmergen ýehudykda ýatyrka bu barada oýlanyp uka gitdi. Daglaryň bagrynda ýatyrka birden sährada peýda bolup, garşysynda seleňläp görünýän şähere tarap ýöräp barýan Goçmergen düýş diýilýän zady kitap okan ýaly okap bolsady diýip hyýalyna getirdi. Onda bu jadyly daglaryň zamanyň içinde bir gudratly mekandygy anyk. Ýene ol ukuda görüp başlan düýşüňde özüňi huşuňda kibi duýsaň erkiň eliňde bolýar diýip özüni ynandyrdy. Ol indi kän wagtdan bäri ýatyrka bir täsin ülkä syýahat edýändigini bilýär. Şol bir ýagdaý, şo bir oraşan düýş, ukuda edil huşundaky ýaly bir ýerlerde gözüni açyp, bir nätanyş şäherde peýda bolýar. Beýle düýşüň adaty zat däldigi belli. Ol düýşde wagty ajygýar-suwsaýar, ýykylsa teni awaýar, Gün şöhlesi düşse gözleri gamaşýar, edil huşundaky ýaly. Belent diwarlaryň aňrysynda gizlenen şähere aňsat girse-de, darajyk daş köçelerde azaşan Goçmergen ahyr üýtgeşik köşk-saraýyň bosagasynda daýandy. Ony ýolboýy basmarlan ýadawlyk el bilen aýrylan ýaly. Şu wagt bolýan zatlar düýş däl, edil hakykat. Köşk-saraýyň daşyndaky ýasawullar edil misden guýlan ýaly syrdam boýly-kamatly. Goçmergen olardan känbir gypynç edenok, ýöne ganynda aýlanýan awçy ägäligi özüni duýdurýar. Nesil yzarlaýan endikleri ony ýasawullaryň gözüne sap atyp köşge girmäge ýardam etdi. Saraýyň dür-merjen bilen bezelen dälizlerinden barýarka ýagyrnysyndan ogşaýan çigrek ýele tisginýär. Giň howly ýaly eýwan, ortada haşamatly tylla tagt. Boş duran tagtyň arkasynda mahmal tutular şemleriň lowurdysyna üýtgeşik görünýär. Mahmal tutularyň reňkinde-gyzyl-goňras eşikli biri eýwanyň ortsaynda sesli kitap okaýar. Dili düşnüksiz. Kitapdan okaýan sözleri tagty rowanly eýwanyň gümmezine degip ýaňlanýar. Gapynyň agzynda buky ýerde duran Goçmergen diňşirgenip görýän adamynyň Kuwwanyň hanydyr öýtdi. «Ýöne bu nefer edil bir sehirgär mysaly doga sarnaýar-a-diýip içini gepletdi.-Aý şu doga-jadysy bilen asmany inderip, zemini çökerýän bolsa-da häzir munuň bellisini edeýinde dynaýyn». Şol wagt elindäki kitaby bir gapdala goýan Kuwwanyň hökümdary tagtyna geçip, demini dürseýär: «Pä-h, şu sakaw tilde dowa sanamakdan zille zat barmyka?-diýip, çüri sakgaly süýri ýüzüne gelşip duran kişi goluny salgaýar.-Heman sadranç oýnasammy diýýän». Onuň kaddy-kamaty, boluş-goýuşyny ilkinji gezek synlaýan Goçmergene ähli zat geň. Tylla tagtyň öňünde senuber we şemşat agajyndan ýasalan sandalyň üstünde küşt tagtasy bar. Üýtegşik küşt tagtasy. Şirmaýydan ýasalan çöpleri täsin şekilde ýanyp-öçüp durlar. Çarpaýa galan jüp at, pil, altyn çaýylan şa, perzi-ählisi ýanyp-öçýär. Goçmergen ýanyp-öçýän küşt çöpleriniň syryny bildi. Tagtyň üstünden asylyp duran tüýnük ýaly tegelekden çykýan şöhle bir tilsim bilen hökümdaryň öňündäki sandala düşýär eken. «Sandalyň üstündäki sadranç şonuň üçin yşyk saçýan eken. Bu şübhesiz sehir-Goçmergen ukudan oýanan ýaly özüne gelmäge synandy, düýşden sypmak başartjak däl emma.-Men öň kän eşidipdim Kuwwanyň häkimi ýöne häkim däl, ol hakyky hekim diýip. Asyl görsem bu murdar hekim däl-de göz baglaýan jadygöý eken». Çüri sakgal hökümdar tagtynda oturan ýerinden biraz eglibiräk küşt tagtasyndan çarpaýa galyp duran atyň şekilini barmaklarynyň arasynda tutup ýokary galdyrdy: -Indi bir taryka birlen, bir tilsim birlen gara atlyny Garadaga goýbereli. • Hasratyň mawy reňki Züleýha kölüň kenarynda ýalňyz. Göm-gök suwlaryň üstünde ýaýlyp ýatan gök asmanda gaýýan çarlaklar bir zat diýip gygyryşýan ýaly. Kenarda pyşdyl çanagyna çalymdaş harsaň bar. Gyz indi näçe sapar bu daşyň üstüne çykyp mawy giňişligi gözlerine doldurýar. Bu ýerden mylaýym şemala ýeňiljek tolkunyp ýatan köl oňat görünýärdi. Ol kenardan kölüň asman bilen birleşýän ýerine çenli synlap durşuna «Kölüň aňrysynda Kuwwa hanlygy başlanýar-diýip, gözlerini ýumup içini gepletdi.-Men şol ýurtda doglup, çagalygym, nowjuwanlygym şol ajaýyp ülkede geçdi. Bu ýerde bolsa edil baky sergezdançylyga höküm edilip, terkidünýäler kibi ýaşap ýörmelimi bolarmykak»?! Züleýha garşysynda ýaýlyp ýatan köl bilen egnindäki köýneginiň reňkdeşdigine haýran galyp ýylgyrdy, ony ilkinji gezek görýän ýaly täsin galdy. Iki ýana galkyjyklaýan tolkunlara seredip, egnindäki mawy reňkli köýnegine garap, «Eýsem-de bolsa, hasratyň reňki map-mawumyka-diýip, gussaly ýylgyrdy.-Onda meniň ýüregim hem gök nildir». «Aslynda biziň sergezdandan parhymyz näme-diýip, ol özüne sowal berdi.-Bir wagt eždatlarymyzyň Kuwwa hanlygyna wepaly gulluk etjekdikleri barada eden kasamyna görä, bizem bäş günlük ömrümizi ýat ýurtlarda köýdürip ýörmeli. Bu ýurtda bolup geçýän zatlary Kuwwa hanlygyna ýetirip durmaly, ine biziň wezipämiz, sadaja şundan ybarat». Züleýha uludan dem alyp, öýlerine gaýtmaga hyýallandy. Gökde gaýýan çarlaklar öňküden hem bikarar. «Şu galjaň guşlary görenimde düýnki awçy ýigit ýadyma düşýär. Olam bu suwguşlary kibi bikarar. Batyr, sypaýy tüýs öz iliniň ogly. Gözlerime seredende onki çüňňüm* gowşap gitdi. Göreçleri içime girip, ähli pynhana zatlary äşgär edip başlajak ýaly duýuldy. Gorkdum. Gylyç ýaly egri gaşlary, ýüzüne gelşip duran murty»… Ol pikir-duýgularyny gapdala süýşürip, öýlerine ugrady. Ýolda gelýärkä ýene batyr ýigit hakda oýlandy. Ol indi gelmezmikä diýip tama etdi. • Özüni bilen-älemi biler Baýhan töre bir topbak atlysyny yzyna tirkäp dag tarapdan gelýärkä ýene-de dikdüşdi awçy hyýalynda janlandy. Atlaryň ýorgalap barşyna goşup ol tizmähetdel oýlanyp ýetişýärdi. Şol gelşine Zeýtuna kempiriň aýdan sözleri gulagynda ýaňlanýar. Kempir kitabyny ýapandan soň «Bir aý içre otuz gün bolsa, her iki günüň biri sen it gylyk birine öwrülip, gören adamyňa gagal gepleýäň, köpek kibi hyňranýaň, han oglum» diýip, mäşerik ýaly kellesini ýaýkapdy. Baýhan töre dogrudyr diýip öz ýanyndan boýun aldy. Şonuň üçin belki men Goçmergen bilen ýeterlik mylakatly gepleşen däldirin diýip ikirjiňlenýärdi. Mylakat-mähirli hoşgylaw daraşyp, hažyk-hužuk etmegi başarsaň-a belki gönügäýmegi mümkindir diýip pikir etdi. Pir kempiriň kitap açyp, pal garap bermegi, gören düýşüniň ýorgudynyň soňunda aýdan sözleri gulagynda ýňlandy durdy: «Diňe sen däl, seniň il-ýurduňnyň tepbedini bir özi okap bilmäge kadyr ol». Kempiriň soňky aýdan «kadyr ol... » diýen sözleri Kadyr ogly diýen ýaly gulagyna gelip ýaňlandy durdy. Soňam agzyny gyşardyp öz ýanyndan ýylgyrdy: Bolup bilmez... Kadyr awçynyň ogly halkyna beýle hyýanat edäýermikä?! Emma weli Goçmergen hiç wagtam meniň öňümde epilip durmaz, bu hem onuň bir gün gelse halkyna haýynlyk etjegini görkezenokmy eýse?! Wah-h, onuň ýaly garamaýaklaryň set müňüsini ed-dil mumly ýüplük ederin weli, şoňa gezek gelse jynym pes çykaýýar-diýip, hyrçyny dişläp gelýän Baýhan töre ýolaýyrtda atynyň jylawyny çekdi.-Bolýa-da, ýöne menem-ä adama ýalbarýan ýigitlerden däl, görübereli bu zatlaryň ahyry nä-niçik bolar. Onuň ýaly boýnyýogyn deýýuslaryň boýnuny alma sapagy deýin üzüp taşlaýsaň janym hezil edäýjek weli, arman, il-ulusa gerek bolsa etjek alajyň ýok»... Baýhan töräniň gapdalynda garry alaşasynyň jylawyny zordan çekip, azara galyp duran Meret aýakçy hojaýnynyň nazaryndan bir zat okamaga synanyşdy. Başarmady, onsaň sesini çykarmady-da öňe seredip atyny gyssady. Baýhan töre ýene ýolboýy Goçmergeni küýünden çykaryp bilmedi. «Bi ýeňiýoluk özüni bilenok-diýip, hyrçyny dişledi.-Aýdypdyrlar-a özüni bilen älemi biler diýip. Emma şol akyl akmak awça berilmändir-dä. Özüniň kimligini bilmeýän adam äleme ryswa bolar». Biraz ýol ýörelenden soň ol atynyň badyny gowşadyp: -Meret beg-diýip, hemrasyna ýüzlendi.-Men şeýle gagal-garasöýmezmikäm? -Aý, ýok-how-diýip, Meret aýakçy gözlerini tegeläp, başyny ýaýkady.-Hezreti hanymyz, siz her bir işde adalatdan ugur alýarsyňyz, şonuň üçin kädaýym kesgin kararlary bermeli bolýarsyňyz. Megerem şondan siz ýowuz görünýän bolmagyňyz ahmal. Ýöne hakykaty aýtmaly bolsa, siz ýaly polady ýumşak kethuda Garadagyň müň gyşlagynyň müňüsinde hem ýok. Baýhan töre gelşikli ýylgyrdy. «Haý ýaranjaň bidöwlet -diýip, içinden guwançly sögünjiredi.-Garadagyň müň gyşlagyna soltan saýlasalaram meni beýdip öwjek tapylmaz». Ýakyn hemrasynyň hüý-häsiýetine öňden belet Baýhan töre: -Meret han, şu biziň boýnyýogyn mergenimizi boýun egdirip bilmedik. Onuň üzeňňisinden üç geçmek meň mertebäme-de dogry gelenok.-diýip, süýji dilli ýaranyna sala saldy.- Indi näme etsek makul bolar diýýäň? Meret aýakçy uzak oýlanyp durmady: -Goçmergene lepbeý diýdirmek üçin daýysy Köçekbaýy çagyrtsaňyz gowy bolar, hem oňa bu işi derhal hal et diýip tabşyrmaly-diýip, Baýhan töräniň ýüzüne garady.-Hernäme diýseňem ol dikdüşdi öz daýysyna gulak asaýmaly. Baýhan töre özümem şoňa meňzeş bir zat pikir edip otyrdym diýip içini gepletdi-de: -Onsaňam men Goçmergene entegem berjek serpaý-engamlarym hakda hiç zat aýtmandym, şolary hem ýatladanda artykmaçlyk etmez-diýip, sürüp barýan atynyň badyny gowşatman badyhowa gepledi.-Gyzgyn-gyzgyn sözläniňden, gyzyl tyllaňy gaýgyrma diýmänmidir öňküler?! Baýhan töräniň her sözüni baş atyp makullap gelýän Meret aýakçy «Eger batyr mergene aýdanyňy etdirip bilmeseň, iliň öňünde yrswa bolaryn öýdüp gorkýaň gerek» diýip, içinden hojaýynyna ýüzlendi. Daşyndan weli hiç zat bildirmän ýyljyraklady. *** Şerif şatyryň nirden çykany belli däl. Birden uly ýoluň üstünde peýda boldy. Edil ýeriň teýinden zompa çykan ýaly. Iki gyrasy igdelik bolup ýatan ýoluň gyrasynda aýak çekdi. Daraklygyna galyp, öňe-yza göz ýetirjek boldy. Meşhur ulama Mahmyt damyllanyň baý mülki bar eken. Çar tarapy bagy-bossan, serhowuz, miwe mestan. Hyzmatynda duran sopularam juda mylakatly. Uzyn-uzyn ädimläp barşyna başyny ýaýkaýar. Iki günüň içinde eden işlerini aňynda aýlaýmak aňsatmy?! «Sary kilwanyň suwharazyna bardym. Aýdyşlaryna görä, bu suwharazda Garadagyň atly-çawly adamlary bugdaý üwedýärmişler. Suwharazyň çarhlary Kuwwada ýasalan eken, daşlary şu ýeriň özünde ýülmenip ýasalypdyr. Ýokarky gatynda däne guýulýan agaç howasy hem biziň ussalar tarapyndan ýasalypdyr. Bolmasa meniň işlerim bitjek hem däl eken. Öz ilimiň neçjarlaryna gurban bolaýyn. Olar göýä maňa aňsat bolar ýaly nowalaryň içini giňiş, agzyny hem dar edip bejeripdirler. Ana, şol suwharazyň däne guýulýan nowasynda gizlän «mergimuşym» Garadagyň men-men diýen adamlaryna deň-derman ýeter durar, onsaň olar dura-bara goýun ýalyja ýuwaşabererler. Her gezek bugdaý üwelende şol dermandan bir mukdar una garylyp-goşulyp durar. Soňra şol undan taýýarlanan nandan iýen kimse erkek-aýal, uly-kiçi parhy ýok züwwetdinlik keseline ýolugar. Duz dadan her biriniň gorky damary düwler. Adamlar birtöwra bigaýratlaşyp başlabererler. Muny hiç kim duýmaz, özleri hem bilmezler. Garaz bu halk gitdigiçe Kuwwa hanlygyna garşy göreşmäge özlerinde gaýrat-mydar tapmazlar, tutuş halk gorkak bolup galar. Akybetde* hem bizlere tabyn-teslim bolarlar». Şerif şatyr diňşirgenip durdy. Toýnak sesleri golaýlap ugrandan ýoluň gyrasynda ösüp oturan gür buýanlyga sümdi. Atlaryny öz maýdalyna sürüp geçip barýan adamlary synlap ýatan Şerif şatyr «Baýhan töre nirden gelip nirä barýarka-diýip, içini gepletdi.-Mahmyt damyllanyň aýdyşyna görä, uly iliň hadymy hasaplanýan bu kişiniň Kuwwa hanlygyna bolan mynasybeti bir töwramyş. Ol bir görseň Kuwwa hanlygyny ykrar edýärmiş, bir görseňem biz müň ýyl bäri azat-erkin ýaşap gelýäris, erkinligimizi hem gylyçlarymyz bilen gazanýarys, gylyçlarymyz bilen hem goraýarys diýýärmiş. Düşüner ýaly däl. Ýa-da bu adamyň eşek kellesi beň çekeniň kellesi ýalymyka»?! Şerif satyr buýanlygyň içinden çykyp, üst-başyny kakyşdyrdy-da, «Bu ýerde ýol bilen gitmeli däl, ýolsuz ýerden ýol ýasamaly şonda hem-ä wagt ýitirmersiň, hem-de menziliňe aman ýetersiň» diýip ýeňsesini gaşady. Ýorga ýöreýiş onuň han ýöreýşi. Ugry hem daga tarap. Dag bolsa külreňk, göm-gök bulutlar bilen garalýar. • Ýagmyr ýagsa dünýä täzelenýär Säher ümüş-tamyş wagty daglaryň etegi has-da gözel görnüşe girýär. Pesejik baýyrlaryň aňrysynda başlanyp, barha çuňlaşyp gidýän jülgelerde pisse-nar, hoz-injir ýaly dogabitdi daglara mahsus baglar gün düşmeýän sümme tokaý bolup ösýärdi. Daglaryň kert billerinde asyr ýaşan arça agaçlary belent zadyň üstünde belende garap ösüp otyrlar. Jülgäniň içinden könelip, ýiteňkirlän sokmagy yzarlap gelýän iki ýoldaş birsellem ýöränlerinden soň saklanyp, demlerini dürsäp, egrelip ösýän agaçlaryň arasy bilen akyp ýatan çeşmeden suw içdiler. Olar jülgäniň içinden ýokarlygyna dyrmaşyp ugran wagtlary daglaryň depesine direnip asmany ýapyp duran gögümtil-gara bulutlaryň arasydan ýyldyrym çakdy. Ýokardan inen gümmürdi dag gaýalarynyň arasynda zenzele bolup ýaňlandy. Goçmergeniň yzyndan galman gelýän Şiraly mürze başyny ýaýkap: -Seň bilen daga gaýtsaň asman bujagy çözlen ýanlyga dönäýýär-diýdi.-Ýa-da bolmasa Burkut baba ikiňiziň bir edawatyňyz bar?! Goçmergen çalaja ýylgyryp: -Ýagmyr ýagsa älem täzelenýär-diýdi.-Aslynda bu dünýä bir ýagyş bilen ýuwardan-a hapysadyr weli, aý şonda-da ýagmyr ýagsa dünýä öz hakyky durkuna gelen ýaly bolaýýar-da. Şiraly mürze daglaryň depesine direnip, dünýäni garaldyp gelýän bulutlara garap howpurgap durşuna: -Onda tiziräk seniň Ýehudugyňa gideli-diýip, egnindäki çäkmenine çolandy.-Ine, hä diýmänkäň ýagmyr däl çabga geler. -Dowla düşme, jora-diýip, Goçmergen ony köşeşdirmäge synanyşdy.-Gar-ýagmyr ýagsa daglar has-da gözel bolýar. Ony synlap durmak hem aýratyn lezzetli. Şiraly mürze kibtini gysyp durşuna: -Aý, şonda-da gowagyň içinde durup, synlap lezzet alaly gardaş-diýip, ýoldaşyny gyssady.-Näçe tiz barsak şonça gowudyr. Goçmergen arkasyndan asylgy sagdagyny, ok ýaýyny ykjamlap durşuna «Aý howwa-da, ýagmyr ýaganda hemme öýüne sümülýär. Tüýs bir garakçy-galtamanyň hereket edip biljek mahaly dälmi-diýip, bir dem hyýala çümdi.-Belki-de yzarlap ýören şol adamymy hem şeýle howada tapyp bilerin». Soňra ol ukudan oýanan ýaly başyny galdyryp: -Ýör onda, mürze ýigit-diýip, ýoldaşyna ýüzlendi.-Gideli, hon-ha şol gerşe galyp bilsek biziň gowak. Baryp derrew o’t başaraly. Geçen hepde çapan dagdanymyzam edil şulara meňzeş goçak agaçlardandy. Alty ganat ak öý gursaň, gapysyny dagdan agajyndan etseň ýaraşar diýipdiler. Ýöne şol gezek-ä gaty ýadadym» diýip, gidip barşyna hümürdeýärdi. Dowamy bar >> Söýgini yzhar etmek*- Söýgimi düşündirmek, beýan etmek. Giýabende ogşamak*- neşekeşe meňzemek. Azamat*- Daýaw, edermen. Beladan-kazadan özi asrasyn*- Beladan-kysmatdan özi gorasyn. Jiýen*- ýegen Gijen*- çaga pişik. (Zülpükardan başga gylyç ýok, böwsüji Alydan başga ýigit ýok.* Hadys-şerifden). Haýat endişeleri*- durmuş aladalary Onki çüňňüm*- onki çüň, ynsan synasynyň dürli ýerlerinde bolan onki deşik-delik manysynda. Akybet*- ahyr, soň, her bir zadyň ahyry. | |
|
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -11: romanyñ dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |