11:26 Jadylanan daglar -5/ romanyñ dowamy | |
• Şerif şatyryň hekaýaty
Romanlar
Howa bulaşyp başlasa guşy uçýan Şerif şatyr dag daşlarynyň arasy bilen ýelkildäp barşyna kölüň gyrasyna ýetenini duýman galdy. Ownuk ýagýan ýagşa süllümbaý ezilmejek bolup haýdap gelişine üç dagyň ortasyna ýetip saklandy. Çar ýanyna esewan edip, biraz durandan soň «Bu ýagyşda Kuwwa aşyp bolmaz, ýolda buýup galmagymyz ikuçsyz diýip» gamyş-hyşalaryň arasynda oturan enaýyja külbä tarap ýöneldi. Külbä özüni atandan Şerif şatyryň süňňüne ýeňiljek galpyldy aralaşdy. Şonda-da giňgöwrümlilige salyp: - Işleri birýüzli etdik, uly aladamyzdan dyndyk, indi arkaýynlaşyp bileris-diýip, uludan dem alyp, hoşgylaw ýyljyraklady. Zeýtuna kempir iki-baka zowzuldap ýörşüne: - Şeripbaý, sen hassalap galarsyň balam-diýip, ony nirede oturtjagyny bilenokdy.-Häzir dagyň giýalaryndan melhem içireýin, derrew gulanlama bolup gidersiň, eýle-beýle sökellikleri özüm dep ederin, balam. Gerdegiň aňrysyna geçip, ö’l eşiklerini çykarynyp, Zeýtuna kempiriň bir ýerlerden sermenip tapan gurak eşiklerini geýip duran Şerif şatyr: - Mamam diýýän-ä...- diýip, şelaýynsyrap gürledi.-Şo baýaky gara däriňden tapylmazmyka, koýan* gumalagy ýaljagyny dilimiň astyna atsam-a men edil şu mahal Kuwwa tarap uçup gidibermeli bolýan. Zeýtuna kempir onuň gepine gulak gabartman öz işi bilen gümra bolup ýörşüne agtygyny gyssaýardy: -Balam, çaý-naharyňy nätdiň, mimany aç oturtmaýly! Züleýha hiç zat geplemän, mamasyna baş atyp, saçak ýazyp ýördi. Özüne mahsus bolmadyk eşige giren Şerif şatyr saçak başyna geçip oturandan soňam egninlerine salam berýän ýaly öz sypatyna syn etmesini goýmady. Zeýtuna kempir myhmanyň çaý-naharyna seredip ýören agtygyna birnäçe tabşyryk berip, namaz otagyna girip gitdi. Şerif şatyr öňüne goýlan tagamlary ses-üýnüni çykarman howlukmaç iýýärdi. Ol nahar iýip otyrkada kijijik gözleri iki ýana oýnakladyp, dört töweregi synalaýardy. Misli bar zady gözden sypdyrman oturan ýyrtyjy ýaly ähli zada üns berip, agzyndaky lukmasyny maza bilen çeýneýärdi. Nahar-çaýdan boldum edip, gaýra çekilenden soň uzyn gägirip oturşyna agyz-burnuny süpürdi, elini eňegine ýetirip töwir eden boldy. Züleýha Şerif şatyryň ýanyna golaý oturyp: -Şerif aga, geçmiş döwrüňizden bolýamy, bilemok bir gyzykly gürrüň edip berseňiz bolmazmy?-diýip, myhmanyna ýüzlendi. Şerif şatyr derçi gen maňlaýyny desmal bilen süpürip: -Lap ýagşy, Farangiz han, ajap bolar-diýip, gözlerini güldürdi. Züleýha bu adamyň özüne Farangiz diýip ýüzlenişine öwrenişip bilenok. Şonda-da syr bildirmän, her gezek oňa baş atyp, her bir aýtjak gürrüňini diňlemäge taýýarlandy. -Farangiz han, men size kemmagal ömrüm hakynda kelam agyz hem gürrüň etmändim. Bu gün bir meýdan sabyr etseňiz diňe geçen ýaşlygymdan hekaýat edip berjek-diýip, howlukman söze başlady.-Meni on bäş ýaşymda Rakyban ülkesine gul edip satdylar. Ol ýowuz ýurtda meni patyşanyň nedimleriniň biri satyn aldy. Bu adam daglaryň arasyndaky çola jülgede özüm ýaly ýigdekçeler arasynda maňa her dürli uruş tälimlerini, başga-da gizlin hünärleri öwredip başlady. Ol meniň daýawlygyma, syratly sypatyma seredip, ýanyndaky gulamlaryna suwly meşik getirmegi buýrdy. Gulamlar derrew bir ýerden suwly meşik tapyp getirdiler. Zandyýaman nedim ýeser ýylgyryp, keýgiň şahyndan ýasalan gapda aýawly saklaýan gaty pis kokaýan mergimuşdan suwly meşige bir çümmük oklady. Ol erbet ys hakda aýdanymda häzirem beýnim bulanyp gidýär. Soňra nedimiň buýrugyny ýerine ýetirip, gulamlar suwly meşigi meniň arkama ykjam edip bagladylar. Men gorkudan ýaňa agzymy hem açyp bilmän olaryň edýän işlerine kaýyl bolup durdym. Men bir goly bagly gul, özümem entek agzyndan süýt ysy gitmedik ýetginjek, alajym barmy?! Arkamdaky meşik weli öz myrtar ysyny ýaýradyp arkamdan düşmedi. Hatda gijeler hem arkam meşikli ýatmaly bolýardym. Göni bir hepdeden biziň hojaýnymyz-ýeser nedim arkamdaky meşige ýene bir çümmük derman oklady. Soňky hepde ýene şonça, garaz, ol her gezek gözlerini ýumjukladyp ýiti ysly dermanyndan ölçäp, suwly meşige guýdy durdy. Günlerde bir gün özüm ýaly tälim berilýän ýigitler bilen aşhana barsak, maňa olardan aýratyn nahar äberdiler. Bu hem meni geň galdyrdy. Ýanymdakylar «Şerif beg bolupdyr, indi oňa owkady aýratyn bişirýärler» diýip kikirdeşdiler. Men hiç zada düşünmedim. Wagt geçip durdy. Men özümde hiç hili üýtgeşiklik duýamokdym, ýöne biraz işdäm kemelip hemem saçlarym düşüp, ugrady. Hä, hawa, ýene-de bir zat, gijeler ukym gaçdy. Käteler bolsa saçlary dym seýrekläp ugran kellämi sypap bolup geçen zatlary oý-çen eden bolýardym. Bir gün nedim meni köşge alyp gaýtdy. Patyşanyň ak mermerden gurlan haşamatly köşgi-saraýy birbada howumy basdy. Men saraý adamlarynyň arasynda sesimi çykaryp bilmän durdum. Nedim bolsa meni belent ýerde goýlan tagtyň öňüne südenekledip diýen ýaly getirtdi. Tagtynyň üstünde ykjam oturan zer donly, başy täçli patyşa meni göwniýetmezçilik bilen synlaýardy. Men ses-üýnsüzje aşak bakyp durdym. Biraz wagtdan soň patyşanyň dergähine gol-aýagy zynjyrlanan bir daýaw bendi getirildi. Şeýtana sapak beren nedim şol myrdar ysly dermanyndan bir çümmügini suwly bulgura oklap, getirilen biçäre ýesire içirtdi. Biçäre zorluk bilen agzyna guýlan dermanly suwy ýuwdan dessine gözlerini mölerdip, ommalyp gitdi. Gaýdybam galmady. Meniň myrdar ysly derman diýýänim zäher eken. Gözlerimiň öňünde Ezraýyla öwrülen nedim maňada bir bulgur uzatdy. Men elimi-aýagymy ýitirip durşumy görüp: «Gorkma-da iç-diýip höküm etdi.-Biz seni şunça wagtdan bäri patyşanyň öňünde öldürmek üçin taýýarlamyzok. Galawut etme, hemme zat gowy». Oňa ynanmakdan başga alajym hem ýokdy. Onsaň içki howsalamy ýeňip, suwly bulgury başyma çekdim. Birbada agzymyň içine öt atylan ýaly boldy, birki ýola ýuwdundym, gursagymyň aşagy gyzdy, bir käse çaý içim salym geçenden soňra içim erbet towlady. Daş çykyp geldim. Nedim belent tagta arkasyny berip oturan patyşa tagzym edip, «Biziň ýetişdirgen şatyrymyza berlen zäheriň mukdary bu ýatana berlenden hem iki esse artykmaçdy-diýdi.-Görşüňiz ýaly, zäher şatyra ujypsyz täsir etdi. Aslynda bu zäheriň on pili öldürip biljek güýji bar ahyry». Patyşanyň öz nedimine göwni ýetdi, halat-serpaýyny hem ýetirdi. Men hem diňe şondan soň özümiň şunça wagtyň dowamynda şatyr edilip ýetişdirilendigimi bilip galdym. Şol günden başlap men ýurtdan-ýurda, ülkeden-ülkä ýüwrüp-ýortup patyşalaryň möhüm habarlaryny äkidýän-getirýän şatyra öwrüldim. Juda bir wajyp habar alyp barýarkam ýolda-yzda, kerwensaraýlarda zäher berlip öldüriläýmezligim üçin meni ýuwaş-ýuwaş zähere öwrenişdiren ekenler. Şerif şatyr mis kündük ýaly narynç reňkli kel kellesini sypalap oturşyna biraz säginip: -Başymyň kel bolmagy hem arkamda göteren suwly meşigime atylýan mergimuşlardan, ýene-de her günki owkadyma garylyp berilýän zäher-zakgumlaryň täsir-eserinden bolmaly, Farangiz han-diýip, gyzyň gözlerine garady. Onuň şemiň ýagtysyna ýaldyrap duran kellesine seredip Züleýhanyň ýüregi gyýyldy: -Siz soň watandan uzakda kän sergezdançylyk çekdiňizmi-diýip sorady. Şerif şatyr: Bir müçe müddet men öz ýurduma aşyp bilmedim-diýip, gyzyň okara gözlerine naýynjar seretdi.-Soňra bir goňşy hanlyga wajyp habarnama alyp barýarkam, ýolda Kuwwanyň mirasdar şahzadalarynyň birsine gabat geldim. Ol hem meni öz penasyna aldy. Züleýha Şerif şatyryň öňündäki bulgura şerbet guýup berdi: -Şerif aga, aýdyşyňyz ýaly başyňyzdan geçen wakalar siziň şeýle zirek** ynsan bolup ýetişmegiňize ýardam edipdir. Ýöne näçe kynçylyk çekseňiz hem ahyry watanyňyza ýetipsiňiz. Şerif şatyr Züleýhanyň näme diýjek bolýanyny aňyp: -Farangiz peri, enşalla bu ýerler Kuwwa hanlygynyň mülküne öwrülenden soň siz hem öz dogduk depäňize baryp bilersiňiz-diýdi.-Men şu wagt hem hyýalymda aýdyň görýärin, sizi kejebeläp öz ilimize alyp gideris, hut han hezretleriniň ýasawullary hormat bilen sizi watanyňyza çenli ugradyp bararlar. *** Giň howluda iki tarapa gezmeläp ýören Meret aýakçy, «Indi menem garrapdyryn, dagda-düzde tentiräp ýörmän han aganyň huzurynda diwan işlerine ýardamçy bolup gezibersem bolmazmyka?-diýip, ýeňsesini gaşady.-Bäş-alty sany degenek deýin ýigdekçe hyzmatyňda dursa kemem däl eken». Ol güjüm agaçlarynyň gabaraly saýasynda haly-kilim düşelgi sypa geçip, oturyp-oturmanka howlynyň açyk derwezesinden iki kişi bedewlerini öz maýdalyna sürüp içeri girdi. Meret aýakçy saraýyň ýokarky gatyna galyp, Baýhan töräniň oturan terseýwanyna girdi: -Töräm, Köçekbaý gypjak huzuryňyza geldi-diýip, ol ýerde oturan hojaýnyna habar berdi. Baýhan töre: -Juda gowy, hany gelen bolsalar girsinler-diýip, ýerinden dikelip, agar çäkmenini ýelbegeý aldy. Köçekbaý gypjagy Baýhan töräniň huzuruna goýberip, bir özi daşarda galan Meret aýakçy ýene başky pikir-oýuna dolandy. «Nädibem bolsa hezreti hanyň göwnüne ýetmeli, hemişe göwün islegini diline getirmänkä duýup, içinden tama eden zadyny häzirlemegi başarmaly. Hullasy, häh diýmänkä mäh bolmaly. Garrylygy huzury-rahatda geçirmek üçin şundan gowusy bolmaz. Bir saňsar baş jüp aýaga dynç bermez diýipdirler, hyzmat buýrulsa hemişe öňe zyňyp durmaly däl ýerem bar eken. Golaýda beg ogullary bilen Garadaga syrtlan awlamaga gitmeli bolanda, bilagyrsyny bahana edip şikärden galyp, ýerime şägirdim Hally paşmagy ugradypdym. Bu eden işim bir tarapdan bähbit boldy. Şo günüň ertesi Baýhan töre hezretleri saraýyna çagyrdyp, syrkawlasaňam ýorgana girip ýatar ýaly halyň harap däldir, ýeňil-ýapdy hyzmatyma ýarap meniň ýanymda boluber, bärde biraz ýagly-uzly owkat iýip, özüňi seýisle, derrew aýaklanyp gidersiň diýdi. Ine, şondan bäri şu ýerde men». *** Goçmergen gowagyň agzynda aýak çekip, daglaryň çür başyny büräp, dünýäni garaldyp gelýän tüsse reňkli bulutlary synlap durşuna: -Göýä, bulutlar itnişip-dyknyşyp gelşine Garadagyň gyýçak gaýalaryna göwüslerini ýardyryp, ah çekip gürrüldeýän ýaly-diýip, gapdalynda digdiräp duran ýoldaşyna seretdi.-Soňam bu daglaryň çür depesinden syrygyp, soňam bir-birsine birigip gelýän bulaklar misli daglaryň başyndan däl-de şol bulutlaryň göwüslerinden gözbaş alýana meňzeýär. Bu daglar jadyly daglar. Şiraly mürze gowagyň içinde o’t başynda digdiräp oturşyna: -Şu mahal çeşme-bulak, suw-söl bir diýme-diýip, öz ýanyndan hüňürdedi. Goçmergen oňa üns bermeýän şekilde: -Bu janly barlyga janyň bilen düşünmeseň, ol saňa kalbyny bermez. Ynsan hem şeýle, bir ynsana çyndan ýüregiňi berýänçäň ol saňa ýüregini bermez. Şiraly mürze ýerinden turup, Goçmergene tarap ýöneldi, emma ýene sägindi. Bir zatlar diýjek bolup, dodaklary müňküldedi durdy. «Şu mahal hemme zady birin-birin aýdasym gelýär, Goçmergen! Menem Aýsuluwy söýüp galdym. Bilýän, ol başdan seni saýlady. Halaýarmyş. Adaglyňmyş. Läkin men hiç zada garamazdan ony gowy görýän, hulkum bir şony söýüp galypdyr diýip, saňa göni aýdasym gelýär». Emma ol içinden aýdýanlaryny daşa çykarmaga gaýrat tapanok. Hemem Goçmergeniň baýaky «Kimiň goly belent bolsa, dünýäniň nygmaty şonuňkydyr» diýen sözjagazy onuň kellesinde köwsarlap dur. Goçmergen Şiraly mürzäniň içki oý-pikirlerinden habarsyz Garadagyň gap bilindäki gowagyň hoňkaryp duran agzynda säginip, aşakda ýaýlyp ýatan köli synlaýardy . Gün ýaşyp, iňrik garalyp, asmanda ýek-tük ýyldyzlar görünp başlapdy. Dagyň näbelli belentliklerinden ýa-da çuňňur derelerinden bir ýerden ýyrtyjy haýwanlaryň arryldylary çalaja gulagyňa degýärdi. Mawy kölüň gamyş-hyşaly kenarynda görünýän ýalňyz külbede nazaryny saklap pikire çümen Goçmergen Aýsuluwy hyýalyna getirdi. Birhili oňa bolan mähri kemeýän ýaly boldy, nämüçindir daýysynyň gyzyna dönüklik edýän ýaly duýgy yza berip, ýüregini jyzlatdy. Özüne emir edip, ýüzüni gapdala sowdy. Ýöne gowagyň içine girmäge hyýallanyp bärsine öwrülen wagty ýene uzakdan külbejige gözi düşdi. Onuň mergen nazary külbejikden bir garanyň howlukmaç çykyp, gamyşly kenar bilen ýorgalap barýandygyny sypdyrman tutdy. Ol dünýäni unudyp eýýäm uzakdan garasy ýitip barýan «garanyň» yzyndan eňmäge häzirlendi. Awçy häsiýeti ýeňinden çekdi. Saklandy, çen urdy. «Barybir bu ýerden ýetip bilmeýän-diýip, gözlerini süzgekledip howlukmaç oýlandy.-Şonuň üçin onuň nirä ugrap, nirden çykjagyny hasaplamaly. Onsaň gyssanman gitsemem ol gurrumsagy ele salaryn». • Möhüm gürrüň Köçekbaý gypjak Baýhan töräniň giň saraýyna girip, içeriniň garaňkysyna gözi öwrenişmän aýagy baglanan ýaly durup galdy. - Daşardan gelseň şeýle bolýa özi...-diýip, saraýyň töründe oturan Baýhan töre dillendi.-Derrew öwrenişýäň-deýt, süýşüp geliber, gypjak. Gözi oňly öwrenişmese-de ses gelýän tarapa ädim äden Köçekbaý gypjak: -Aý onam diýme, gözler öňki gözler däl, jöwheri gitdi how-diýip, indi biraz sudury görnüp ugran Baýhan törä tarap gözlerini jüýjerdip ýylgyrjak boldy. -Gel hany, byradar-diýip, Baýhan töre oturan ýerinden uzanyp, özüne tarap gol uzadan myhmanyna mylakat bildirdi.-Waleýkim salam! Olar aýbogdaş gurup, garşma-garşy oturyp, saglyk-salamatlyk soraşdylar. -Sag-esen geldiňizmi gypjak baý! -Şükür, ýaradan taňryma şükür-diýip, Köçekbaý gypjak baş atdy.-Il-günümiz aman bolsun, han aga! Baýhan töre öňündäki pyýaladan buza owurtlap, dodagyny ýalady: -Seniň bilen möhüm bir gürrüň bardy, Köçekbaý! Köçekbaý özüne hödürlenen içgili bulgura el uzadyp bilmän oturşyna: -Arkaýyn aýdyberiň hezreti töre-diýip, gollaryny döşüne goýdy.- Başarnygymyzyň baryndan bitirjek bolup ýüwrüp-ýeleris. Baýhan töre: -Men senden Goçmergen barada sorajakdym-diýdi.-Ol seniň ýegeniň, biziň halkymyzda «It ata-är daýa» diýen gepem bardyr. Asly bir iner häsiýetli ýigit bolany üçin, barybir daýylary tarapa çekiberýä. Köçekbaý gypjak hoşnut ýylgyryp baş atdy. Baýhan töre biraz boýnuny gyşardyp, başyny ýaýkady: -Olam özüňiz ýaly edermen, gözsüz batyr. Emma bir kemi-ol ululara gulak asmaýar, boýnuýogynlyk edýär. -Rast aýdýňyz hezreti töre-diýip, Köçekbaý gypjak ahmyrly başyny ýaýkady.- Bizem oňa artykmaç bir zat diýip bilemizok. Gaty gaharjaň, özdiýenli. Baýhan töre sakgalyny sypalap oturşyna: -Goçmergeniň geçen alabahar Kuwwanyň alamançylaryny daglaryň içinde ýeke-ýekeden paýhynlaýşy nämä degmeýär. Ol bir duşman üçin guduzlan gurt, süýek gemirýän syrtlan, biziň ilimiziň bolsa maňlaýyndan diräp duran ýeke-täk gerçek goç ýigit-diýip, Köçekbaýa seretdi.-Men oňa biziň ýigitlerimize baş bolup, ülkäniň gyrak-çetlerinde kerwen ýollaryny, geçitleri goraglap bermegi teklip etdim. Ony Kuwwa hanlygynyň leşgerlerine garşy durmaga razy etjek bolup il-ulusyň adyndan gürledim. Etmedi. Her dürli bahana tapdy. Geçieňek*, soňturan.** Gepiň tümmek ýeri, ol biziň ýigitlere serkerdelik etmek islänok. Köçekbaý hiç zada düşünmeýän diýen manyda gözlerini tegeläp, egnini gysdy: -Ýöne nämüçin hiç bilip bilemok? -Menem şony bilip bilmän azara galyp ýörün gypjak baý. Sen daýysy hökmünde onuň bilen ikiçäk gürleşip gör. Näme etsem-goýsamy, näme pikir-hyýaly bar, alajy bolsa bileli. Köçekbaý gidenden soň Baýhan töre başyny ýaýkap ýylgyrdy: -Sen ýoknasyz ýegeniňi başyna ala ýabylynyň gününi salaryn entek garaş birazajyk. • Züleýhanyň efsuny Kölüň gamyş-hyşaly kenary bu asuda. Tolkunlar däliräberenok. Aždarhanyň ýumurtgasy diýilýän äpet ýumry daşlaryň ýanyna gelip aýak çeken Goçmergen entegem çar ýanyna alakjap garaýardy, nazary bilen bir zatlary atygsap tapjak bolýardy. Soňra bir ýumry daşyň üstüne çökdi. Onuň sallanan eginlerinden, lapykeç bolup oturşyndan bu gezek hem «awunyň» oňmandygyny aňsa bolýardy. Zeýtuna kempiriň külbesiniň ýanynda görünen, soňam birden gürüm-jürüm bolan kelte pyýadany näçe yzarlasa-da tapyp bilmän, asyl onuň yzyny ýitirip, dagyň içinde kösenmek kösenipdi. Daşlaryň arasynda onuň howlukmaç ädimlerini saýgarmak aňsadam däldi. Goçmergen gelmişek pyýadanyň ýöne adam däldigini onuň ädim urşundan aňypdy. Käbir ýerde onuň yzy üç ädim giňeýärdi. Onuň ädimleri misli bir üçürdikläp bökýan adamyň ädimleri ýalydy. Garagörnüm golaýda Zeýtuna kempiriň külbesi görünip dur. Goçmergen ol ýere ugranda nämeden başlamaly hem nähili gep urmalydygy barada oýa batýardy. «Şol gara pyýada kuwwaly biri bolmaly, ýa-ha Zeýtuna kempiriň agtygynyň ýanyna gatnaýan bir aşykdyr, ýa-da biziň ülkämiziň içinde ýören içaly bolmaly» diýip, ol iň başda hem oýlan çaklamasyna indi ynanyp başlapdy. Ol bu zatlary bir ýol bilen anyklamaly diýen karara gelip Zeýtuna kempiriň külbesine ugrady. «Bu külbäniň gapysyndan girseň başga dünýä düşen ýaly bolýaň. Bu ýeriň howasy üýtgeşik. Öýbikesiniň hem täsiri barmyka»?! Goçmergen okara gözli gyzyň gaşynda otyrka külbäniň bosagasynda ýaýdanyp durşuny ýadyna hem salmady. Züleýha namazlygyň üstünde oturşyna Goçmergeniň göreçlerine seredip, bir zatlar gürrüň berýärdi. Ýigit onuň aýdýan sözlerini tassyklaýan ýaly ýylgyryp baş atýar. Okara gözli bu owadan gyz bolsa yzyny üzmän gürleýärdi: -Öz ýurduňyzyň erkin bir ülkedigi barada agyz dolduryp gürleýärsiňiz, awçy beg! Emma siziň erkinligiňiziň kökünde barybir Kuwwa döwletine baknalyk ýatyr. Züleýha özüni arkaýyn tutup oturanda bolsa, sülük barmaklary bilen yzygiderli yşarat görkezip, edil bir zady ynandyryp bilmeýän ýaly sözleýärdi: -Aýdyşyňyz ýaly, siz azat il, erkin halk, emma din-ygtykadyňyz boýunça Kuwwa hanlygynyň uýýan mezhebine uýýarsyňyz. Berkemal bir ülke bolsaňyz muny näm üçin edýärsiňiz? Goçmergen «Bu diýýäniň dogrudyr, emma meniň din bilen, şerigat bilen hiç hili bagly ýerim ýok, başymam çykmaýar» diýjek bolup agzyny açanda, Züleýha ony geplemäge goýmady: -Emma Kuwwada din-şerigat bir mutlaka kemalyýete eýe diýseňiz, o-da dogry däl. Indi otuz üç ýyl bäri Kuwwanyň şeýh-ul-yslamy asly jöhit Beniýemin ben Agsam atly kişidir. Beýle bir uly wezipede bir ýahudynyň oturmagy dinimiziň sütünlerini sarsdyryp duran apatdyr. Goçmergen garşysynda oturan görmegeý kamatly gyzyň sözlerini gözüni süzüp diňleýärdi. Ol şeýdip gözlerini süzüp oturan wagty, görmegeý gyzyň aýdýan sözlerini hem akyl eleginden süzýän ýaly görünýärdi. Emma beýle däldi. Goçmergeniň göwnüne bütin dünýä garalyp, bar zat petige direlen ýaly bolup barýardy. Diňe Züleýhanyň aýdyp oturan gürrüňlerinden özüne gorag tapjak ýaly mejalsyz hala düşüp, onuň owazyndan humar bolup, ejizläp barýan ýalydy. Goçmergen bu ýere gelen wagty Züleýhanyň hoşboý ysly ot-çöplerden tütedip oturşyny geň görüpdi. Gyz ýogyn gaşlaryny gerip ýylgyrypdy. «Käbir gün şemal köl tarapdan öwsüp kölüň içinden suwotularyň yslaryny getirýär. Men ol pis kokulary halamaýaryn. (Ýüregim bulanýar diýmekden çekindi, awçy ýigit birhil görer diýip). Onsaň Hindistanda bitýän şu hoşbuý ot-çöpleri tütetgi edýän-diýip, ýene-de bir ýola bilniksiz ýylgyrypdy.-Ýa-da batyr ýigide bu ys-koku pis gelýärmi»? Züleýha Goçmergenden hiç seda çykmandan soň ýene-de hoşgylaw ýylgyryp gürrüňini dowam etdirdi: -Şonuň üçin men siziň erkin-azat ülkäňiziň kethudalaryna düşünip bilemok. Özleri bütin halka Kuwwadan gorkmaýandyklaryny aýdyp, eger çaknyşmaly bolaýsalar, Kuwwany kül-peýekun ederis diýip, gomparýandyklaryny, emma ýeri gelende Kuwwa hanlygynyň uýýan mezhebine itagat* edýändiklerini bilýäňmi sen, awçy beg?! Züleýhanyň pessaý çalynýan saz ýaly sesi, birsydyrgyn gaýtalaýan sözleri tesbi sanaýan ýaly sazlaşyga düşüp Goçmergeniň kalbyna aram berýärdi. Ýöne jadyly nazary bilen efsun urýan şamara meňzeş hemem durky-düýrmegi näz-kereşmä ýugrulan bu gyzyň sözleri näçe şirinem bolsa, onuň «awçy beg» diýip, bu ýerlerde ulanylmaýan şiwede gürleýşi gözleri süzülip oturan Goçmergene sowuk degýärdi. • Daýy-ýegeniň gürrüňi Nahar iýlip, töwir galdyrylandan soň Köçekbaý gypjak Goçmergene seredip gyssanman söze başlady: -It ata, är daýa diýipdirler jiýen. Ýöne weli, Alla jan seniň iki tarapyň hem berendir, rahmetli kökeň Kadyr serdar ady bilen bu etraplarda tanalýan serkerde bolup geçdi. Janlaryna degibersin. Goçmergen üçin daýysynyň gürrüňi uzakdan aýlaýşy geň däl. Garry daýysyna öňden belet. Şonda-da hiç zat bimedikden bolup oturşyna: -Dädem pahyry hiç göz öňüme getirip bilmeýän-diýip aşak seretdi. Köçekbaý gypjak: -Deşli adamdy pahyr-diýip, ahmyrly başyny ýaýkady.-Saňa juda guwanardy. Garador atynyň öňüne mündürip seni uzynly gün aýlar ýörerdi. Özem meň gylyjymy göterjek şu dogmadyr, enşalla diýerdi. Goçmergen edähede görä baş atyp oturşyna: -Dogry aýdýaň daýy, ýöne bu döwür bir parahat, abadan döwür boldy, dädem pahyryň gylyjyny göterip ýörmäge hajat hem ýok-diýdi.-Biziň Garadag ülkämiziň gaýratly goç ýigitleri öz haýbat-syýasatlary bilenem duşmany gaýra tesdirýär. Köçekbaý gypjak çokga sakgalyny sypalap ýylgyryp: -Jiýen, bu aýdýan assarly kepiňe aňryýany bilen düşünip otyryn-diýdi.-Seniň tersiňe gidesim gelenok. Emma şu döwür sen bize ýardamçy bolmasaň, Garadagyň üstüne bela-beter harasat bolup iner. Seniň orta çykmagyň biziň hanadanymyzyň*, taýpamyzyň abraýy bolar. Tamdyra hem nany gyzanda ýapylmaýarmy näme?! Goçmergen dyzynyň üstünde goýup oturan samyr telpegini eline alyp ýerinden galjak ýaly ekezlendi-de: -Daýy, sizem şü Baýhan töre tetelli ikiýüzlilere pikirdeş bolýaňyz-ow-diýip, soňam biraz badyny gowşadyp, ýüzüni aşak saldy.-Onuň ýaly mömünsokarlara ata-babalar ýeriň üstünde ýören mussalat diýýändirler. Güýç kimiň tarapynda bolsa, baýhantöreler hem şol tarapda ýörendirler. Daýysynyň çöňňelip ugran göreçlerini bir nokta dikip, dymyp oturşyny görüp, Goçmergen telpegini kellesine geýdi: -Daýy, sag oturyň, men turaýyn-diýdi.-Ýene bir zat aýdaýyn daýy, birden bir ýagy-jeň gürrüňi çyksa, kiçjik daýylarym bilen birleşip, özümize mynasyp mert ýigitleri aýaga galdyryp bileris. Onuň üçin Baýhan töräniň aýdan-diýenine hä berip, ony abraýymyza şärik etmäýli! Köçekbaý gypjak oturan ýerinden ýegenini synlady. Ol örboýuna galyp, atan-satan bolup durşuna kellesindäki samyr telpegini düzedişdirip, daýysyna baş atyp gapydan çykyp gidişi daşyndan gödek görünýärdi. Ýegeniniň yzyndan garap galan Köçekbaý gypjak «Häh-eý, tumagyň Turanda galsyn, soňturan» diýip käýinjiredi. • Şiraly mürze aýgyda gelýär Şol gezek Goçmergeniň ony Ýehgudukda ýeke goýup bir nämälim ýere gaýyp bolan gijesi Şiraly täsin bir ahwalat gördi. Ol muny ýöne bir ahwalat däl diýip düşündi. ...Gün ýaşyp barýan wagtlary Şiraly mürze üýtgeşik bir bagyň arasyndan barýardy. Çar tarapda ak patrak bolup gülläp oturan erikleriň buzgunç ysynam duýýardy. «Edil ýazda gar ýagyp, olam diňe erikleriň üstüne düşen mysaly». Soňra ol garşysynda elwan güllere bürenip oturan bir daragty gördi. Oňa golaýlanda bu täsin agajyň saýasynda Aýsuluwyň oturandygyny görüp, aýagy badaklandy. Ol Aýsuluw bilen Goçmergeniň derekli ýaýlada habarlaşýandyklaryny bilýärdi. Ýöne bu ýer Derekli ýaýla däl ahbeti?! Derekli ýaýladan ajaýyp mesgen hem bar eken-ow... Aýsuluwyň gülmän-yşman oturyşam bir täsin. Elindäki gyzyl alma nämäniň alamatyka, ýa biri hediýe* beräýdimikä?.. Aý, şuň ýaly gözele gowja zat bolsa hediýe etmejek barmy. Birdenem ol arkasynda Goçmergeniň durandygyny görüp tisginip gitdi. Beh-h, göz agyrysy ýaly senem tapylaýýaň-aý. Golundaky keman-tiri nämekä? Goçmergen başyna geýen kekeçli samyr telpegini ýokary-aşak edip durşuna batyp gelýän Güne, asmana ýaýrap barýan gan ýaly şapaga nazar aýlaýardy. Onuň rejesi geň däldi. Aýsuluw onuň näme isleýänini aňlan ýaly, elindäki gyzyl almany depesinde goýýar. Goşaýumruk ýaly alýaňak alma Aýsuluwyň alnyndan bölünip daralyp aşaklygyna goýberilen saçlarynyň tolkun bolup gaýdýan ýerinde-edil depesinde durdy. Şiraly Aýsuluwyň gözlerinde nähilidir bir elheder alamatyny gören ýaly dowla düşdi. Oňa çen Goçmergeniň ýaýyndan sypan peýkam şuwlap gitdi. Şiraly mürze tisginip turdy. Gowagyň içi gum-gukluk. Her dürli düýş görýär adam. Daglaryň içinde ynsanyň hyýal dünýäsi tämizlenip pikirleri-oýlary aýdyňlaşýarmyka?! Şu gowaga mysapyr** bolan gijäň hökman bir alasarmyk ýa-da oraşan ahwal göräýmeli. Şiraly mürze gowagyň diwarlaryna oýulyp näbelli dilde ýazylan hatlara meňzeş nagyşlardan gözüni aýryp bilmän, tümlüge gark bolan petigine howatyrly seredip ýatyrdy. Daň atanyny daşardan guşlaryň saýraýan seslerinden hem duýmak mümkindi. Goçmergeniň düýn Gün ýaşyp barýan wagty gyssanmaç çykyp gideni. Ol munça wagtlap nirde bolup biler, meni bu ýerde taşlap gider ýaly näme gyssagly iş bolduka? Şiraly her dürli oýlara berilip kän oturdy. Bu başymdan geçýän zatlary Aýsuluwa aýtmaly. Bu yşgy, bu söýgini maňa beren onuň özi, goý özi hem bilsin. Ol näme diýse men şonuň bilen bolaryn. Şiraly mürze derrew Ýehudukdan çykyp, oba tarap ugur aldy. • Aýsuluwyň öýkesi Garadag ülkesinde Gün ýaşyp barýarka, şapak asmana endigan ýazylýar. Käte lemmer-lemmer bulutlary gyrmyzy reňke boýap bir täsin edýär. Goçmergen iňrik garalyp barýarka öýden çykyp, derekli ýaýla tarap ugrady. Mal-garalaryna seredip ýören gyşlagyň adamlary bilen baş atyşyp, salamlaşyp barýan Goçmergen maşgala gurmak, durmuş endişelerine gatylyp gitmek baradaky oý-pikirlere berildi. Soňky günler onda Aýsuluwyň ýanynda bir zat aýtmaly bolup, onam aýdyp bilmän ýören ýaly bir duýgy döredi. Belki boldy indi, besdir, beýdişip ýörmäli, size guda goýbereýin diýmelidir? Gyşdan soň bahar gelip dur, ýazdan soň güýz gapyňy kakyp dur. Çarhy-pelegiň destinde wagt bir akar derýa ýaly zat. Simap ýaly akyp duran bir pursatlyk zamana-heňňama düşünjek bolup şojagaş wagty hem bihuda ýitirmeli dälmikä? Onda belki alys bir ýurda gidýän kerwene goşulyp, syýahata ugramalydyryn. Aýsuluwymy ýalňyz galdyryp nirä gideýin. A belki ol meniň bilen bile gider. Ýa-da gowsy baýyrlaryň ter-çemenlik ýerinde çatma gurup elkin ýaşabersek bolmazmyka? Müň pikir-hyýaly degirmende aýlan deý kellesinde aýlap-üwäp gelşine, ol gözlerine ynanmady. Aý ýagtysyna Aýsuluw edil suwuň içinde açylan ak gül ýaly bolup garşysynda otyrdy. Onuň egnindäki ak sowsany bu ýurtlarda dokalmaýar. Beýle lybasy biziň ýurtlarda tikip hem bilenoklar. Onsaň ony diňe beg-töreleriň hatynlary, gyz-gelinleri geýip bilýär. Köçekbaý daýysy her näçe atly-çawly adam bolsa-da o diýen baý-badöwlet däldi. Ýöne gyzyna gezek gelende hiç zadyny gaýgyrmaýar. Onuň göwün islän şaý-sepi bolsa-da, mata-kumaşlary bolsa-da ikirjiňlenip durmaýar. Özi-de gyzyna bir zat alyp berse nesýe-nowgan etmez, puluny nagt tölär. Aýsuluw edil şu wagt Goçmergeniň göwnüne edil daýysynyň gyzy däl-de başga biriniň gyzy ýaly duýgy döräp gitdi. Züleýha hem göz öňünde janlandy. Ol näme diýjegini bilmän, bir agyz -Aýsuluw!-diýdi-de dymdy. Gyz oňa ynjyly garady: -Goçmergen, nämüçin beýdýäň? Ol gözerini tegeläp: -Näme edipdirin men-diýip, hiç zatdan habarsyz bolansyrap gürledi. -Kökem senden gaty nägile boldy. Ýüregini agyrtdyň onuň. Goçmergen aşak bakyp durşuna: -Men daýymyň göwnüni ýykjak däldim-diýdi.-Emma onuň aýdýan zadyny başarmajagym belli ahyr. Aýsuluw ýerinden turup Goçmergene golaý bardy: -Kökem, seniň başarmajak zadyňy başyňa goýjak bolmady. Gaýta seniň oňarjak işiňi aýtdy. Goçmergen: -Ony kökeň aýdanok-diýdi.-Beýle sözleri Kökeň agzyna salyp aýtdyrdylar. Garadagyň ýigitlerine serdar bolmagy maňa Baýhan töräniň hut özi teklip edeni eýýäm haçandy. Aýsuluw: -Sen näme üçin boýun towlaýarsyň-diýip, ýüzüni ters towlady.- Näme sebäpden boýun towlaýaň? Bu seniň üçin şan-şeref ahyry Goçmergen başyny ýaýkady: -Maňa beýle mertebe gerek däl. -Goçmergen, başyňa döneýin-diýip, oňa Aýsuluw ýalbardy.-Sen garadaglylara baştutan bolsaň hemmämize gowy bolar. Seniň tüýs başaraýjak wezipäň, etmeli işiň serkerdelik, serdarlyk. Kökemem şeý diýýä, jiýenim aç gurtdyr, gerek bolsa Kuwwanyň üstüne goşun çekip, ol memleketi tar-mar etmegi hem başarar diýýär. Goçmergen Aýsuluwa bakyp ajy ýylgyrdy. Aýyň ýagtysyna onuň agzynyň gaharly ýumulýany, ýylgyranda dişleriniň erkli-berkli gysylýany duýulýardy. Ýöne ol barybir uak dymyp bilmedi: -Men hiç mahal bir ýurduň üstüne musallat bolup inmerin. Men diňe öz ýurdumyň azat-erkin ogly bolup ýaşaryn.-Goçmergen Aýsuluwa ýene bir zat düşündirjek boldy.-Baýhan töräniň düýp islegi hem şol, meniň ýaly yňdarmalary ýygnap sölite serbazlaryna ýüzbaşy bellejek, müňbaşy, serkerde etjek. Ahyr maksady keseki eli bilen o’t gorsamakçy, dünýä gan çaýkap, olja-ganymat almak, baýamak. Goçmergen başga hiç zat diýmän ak derekleriň arasy bilen akyp ýatan çeşmäniň boýuna gitdi. Garadagyň garly gerişlerini yzlap gaýdan sowujak şemal derekleriň apbasy ýaly ýapraklaryny şygyrdadyp geçýär. Çigrek şemal teniňe ýakmaýar. Azajyk üşäp başlan Aýsuluw turuwbaşdan beýdip gürrüňe başlamagym hata boldy diýip, özüni günäkärledi. «Mylaýym-mährem söze başlap, hoşamaý hörpde geplänimde, aýtmaly zatlarymy birin-birin düşündirenimde beýle bolmazdy. Indi, bu dälini asyl-ha yzyna gaýtaryp bolmaz. Näme etsemkäm? Hemme zat gowy bolup barýardy. Gyssanmaçlyk edip özüm bulaşdyrdym öýdýän». Ol ak derekleriň arasynda daglara tarap bakyp oturan Goçmergeniň ýanyna baryp, onuň arkasyndan gujaklady-da: -Begim-diýip, mylaýym äheňde gürläp başlady.-Men bir seni söýüp ýören naçar. Elimden gelýän zat ýok. Maňa enemem-atamam gerek däl. Bir sen bolsaň bolýar. Ýöne kiçjikligimden birje arzuwym hemişe ýüregimi ýagtyldyp, şu günlere çenli meni ýaşadyp geldi. Ol Goçmergeniň arkasyna başyny goýup, onuň ýürek urşuny, kalbynyň gürsüldisini diňläp, ýuwaşja äheňde gürleýärdi: -Men söýgüli ýarymyň il içinde atly-mertebeli ýigit bolmagyny janymdan arzuw edýärdim. Onuň il-günüň derdine ýaraýan, gitse getirýän, etse bitirýän edenli, gaýratly gerçek boljagyny bilýärdim. Onuň ýanyndaky garadan gaýtmaz ýigitleriň öz serkerdesiniň bir aýdanyny iki gaýtalatman diýenini berjaý etmäge howlugyp duruşlaryny synlasym gelýärdi. Ana, şeýle ýigidiň sendigini men çagalygymdan bildim. Şonuň üçinem laýyk on dört ýaşyň dolan güni- Nowruz baýramynda seniň boýnuňa alaja bag -tumar dakypdym. Goçmergen arkasyndan mäkäm gujaklap duran Aýsuluwyň pyşyrdysyna, ter endamynyň gyzgynyna meýmiräp barýardy. -Şonuň üçinem men sen entek sünnet edilmänkäň gulagydan dişläp belläpdim-diýip, Aýsuluw onuň gulagyndan dişläp, jak-jaklap gülüp goýberdi. Duýdansyz agyra tisginip, böküp honda düşen Goçmergen gözlerini tegeläp durşuna gulagynyň ujuny sypalady: - Hawa, kiçjikkämem senden ýaňa gün ýokdy. Gulagymda goýan tagmaň entegem ýitenok. • Dünýä dowul salan bir gara atly Garadagyň ululy kiçili gyşlaklary az däl. Hemmesiniň içinden bu ülkäni ikä bölüp geçýän şaýol geçýär. Gaýradan-ileri, gündogardan batara. Şol şaýoldan bilen bir äpet gara atly bimahal çag göründi. At toýnagynyň sesleri uly ýoluň ýagyrnysynda deprek kakýan ýaly ala güpürdi, zemini elendiren zenzele. Dejjal bol-a... -Kuwwalylar ýetip gelýär, halaýyk! Kuwwanyň leşgerleri gelýär! Gara atlynyň sesi daň saz beräýen uçurlary ýaňy ukudan oýanyp gelýän adamlary örüzdi. Säher hemmäniň oýanýan wagty, emma bu zähre ýarýan sese oýanmak?! Gara atly bolsa bogazyna sygdygyndan gygyryp barýardy: -Oýanyň how oýanyň! Aýaga galk millet, Kuwwa hanlygy üstümize çozandyr-la ho-ow! Onuň bu habary gygyryp aýdyşy münüp barýan atynyň aýaklarynyň astyndan çykýan güpürdä goşulyp has-da mojuk ýaňlanýardy. Gara atlynyň sesine ilki oýanyp aňk-taňk bolan adamlar seslerini çykarmaga mejallary galman, lal-jim bolup, bir ýere butnamaga gaýrat tapman doňup galdylar. Gara atlynyň garasy ýitenden soň her ýerden eli naýzaly, egri gylyçly bäş-on sany kişi daşary çykyp, çar tarapa temisginen boldular. Ýöne olaryň hem göreçlerinde uly bir gorky bardy. Daňdanyň ümüş-tamyşynda oýanan adamlar hatda öýleriniň äpişge-penjiresinden garamaga hem gorkýardylar. Ýöne aladaňdanyň öňýanynda bolup geçen bu waka soňky döwür irden ýarawsyz bolup oýanýan tutuş Garadag halky üçin basyrganma ýaly bir ahwal bolup ýadynda galdy. • Perizat gyzyň ukusyny bozan gelneje Aýsuluw öýüň aladasyndan gaçyp, bagyň içine gitdi. Guşluk wagty içde-daşda işiň güreýän wagty hemme aýak üstündedi. Erik, şetdaly agaçlarynyň arasy bilen geçip, goçak güjümleriň saýasynda gök öwsüp ýatan serhowuzyň gyrasyna geldi. Onuň ukuly gözleri açylanok. Bu ýerde belent sypanyň üstüne geçip gyşardy. «Kim gelse-de çakyzam tutup çydatman dur, başym çatlap barýar diýip aglaryn, onsaň-a giderler-diýip, içini güldürdi.- Ýöne şu gün agşam Goçmergeni görmelidirin, näçe wagt boldy, üç-dört gün dagy bolup barýar gyz. Özem gara berenok». Gözleri süzülip barýarka baglaryň arasyndan ýöräp özüne garşy gelýän gyzyl çabytly gelni görüp ýetişdi. Äraly mürzeleriň ortanjy ogly Miralynyň gelni Äşe ýaly-la bi. Bu näme edip ýörkä bu wagt?! Eýýäm ýerinden dikelen Aýsuluwa golaý gelen Äşe şelaýynsyrady: -Perizat gyzyň ukusyny bozýan bolduk-da. Aýsuluw gabaklaryna ýokaşan ukyny derrew kowup, ýylgyrjak boldy: -Ýok, geliň-geliň, gaty bir ýatmak ýokdy. Irden kökeme* selällik taýýarladym, şoňa biraz ukym bozuldymy nämemi argynyrak. Äşe Aýsuluw bilen elleşip salamlaşyp has-da şelaýynsyrady: -Tüweleme, tüweleme, göz degmesin hem akylly hem şekilli, ula kiçä ýakymly. Äşe ýylgyryp geplände kijijik ýüzünde giň dodakly agzy mumdan ýasalan ýaly birtäsin büzülip-ýazylýardy. Ol hem gepleýärdi, hem Aýsuluwy täjir gözi bilen synlaýan ýalydy. Aýsuluw hem ony gözastyndan synlaýardy. “A gyz, muň niýeti nämekä özi, ýadyňa-oýuňa düşmejek adam-la by gyz”-diýip, içinden çen-çak edýärdi. -Zyýany ýok, zyýany ýok, Aý perim-diýip, Äşe has-da ýaramsaklyk etdi.-Köçek baý ýaly döwletment kişiniň gyzy ýatman kim ýatsyn. Arkaýyn ýatyp dynjyny alsyn. Aýsuluw utanyp, ýene aşak bakdy: -Beý diýmäň, Äşe gelneje, ulygyz halymyza indi bir ýatak gyz diýen at ýetenokdy. Ony hem alsak bu elli ýylda bize hyrydar çykan tapylmaz. Äşe Aýsuluwyň jakgyldap gülüşi ýaly gülüp başarmasa-da, agzyndaky ownuk dişlerini görkezip, özüçe gülen boldy: -Beý diýme aýym, sen gije-gündiz ýatsaňam hyzmatyňda durjak ýigitlerem bar. Aýsuluw gülküsini tapba kesip, aňk-taňk halda: -Kimkä hyzmatymda durjak ýigitler-diýip, Äşäniň ýüzüne dikanlap garady. Äşe onuň gyýyk gözlerine biraz howatyrly garap: -Neme-le gyz, o-bi, biziň körpe ýüwürjimiz... Aýsuluw Kürenbaý gojugyň toýunda özünden nazaryny sowup bilmän oturan gögele ýigdekçäni göz öňüne getirdi. Äşe gowuşgunsyz bolsa-da, sözüni dowam etdirdi: -Şiraly jan sen diýip däli-diwana bolup ýör, indi näçe eýýäm düzüwli iýip-içenini gören ýok. Aýsuluw näme diýjegini bilmän içini güldürip durşuna «wah-eý, görgülijik» diýmekden başga hiç oňly zat aýtmady. Äşe bolsa oňa seredip, iki paý berlen ýaly gepleýärdi: -Hawa, aýym, hem şahyr, hem aryf ýüwürjim sen diýip mejnun-däli bolup ýör. Onsaň az-kem serini ýeňletmek bahanasy bilen düýn daga şikäre gidipdi, bu gün irden ýeldirgän ýaly bolup gelip, meni bir gyra çekdi-de içini dökdi. Bar zady gizlemän aýtdy. Meniň içki hasratymy Aýsuluw jana bir ýetir diýdi. Aýsuluw tasdan «Şiraly mürze şikäre Goçmergeniň ýanynda gidendir ýa bir özi gitdimi» diýip sorapdy. Emma diýmedi, dilini dişläp saklandy. «Goçmergen bolmasa seň ýüwürjiň ýaly teti dagyň gyrasyndan-syrasyndan baryp biljekmi» diýip ýene bir zatlar oýlanyp içini güldürdi. • Dowla salýan habarlar - Bu gürrüňler bütin Garadagyň içinde dowul döredip adamlary ynjalykdan aýyrdy. Egni galyň gaýyşdan tikilen öňlükli Bugurçy ussa gyzyl köz bolup gyzaran demir parçasyny suwdan püre-pür agaç çelege sokup, demiriň wazyrdysyna diň salyp durşuna söhbetdeşine nägilelik bilen garady: -Howwa, şol gürrüň indi üç-dört gün bäri gyşlakdan-gyşlaga aýlanyp, adamlaryň elini sowadyp ýör. -Men-ä indi goşlarymyzy arkamyza daňaýmaly bolup otyryn. Bugurçy ussa ör-gökden gelip: -Haý ýak-a, Orak ussa-diýip, gözlerini tegeläp söhbetdeşine seretdi.-Bu ne towşantüýlik, nirä gaçmakçy? -Kuwwa hanlygynyň leşgeri üstümize dökülmänkä assa gaçan namart diýlenini edäýjek men-ä. Bugurçy ussa boýnuny gyşardyp, oýa batdy, soňra çal sepen sakgalyny daraklap goýberdi-de: -Gara gije gyşlagyň içi bilen bir äpet gara atlynyň Kuwwa üstüňize gelýär, waý halyňyza Garadag halky diýip gygyryp, ilaty bimaza edýändigini eşitdim-diýip, aladaly dillendi.-Emma birbada beýle basga düşübermek bolmaz-a?! Adamlaryň ýüregine gorky, dowul salýan ol atly kimkä? Orak ussa kärdeşiniň ussahanasynyň diwarlaryna bir laý göz gezdirip: -Alla bilsin, ýöne onuň atyny gyzyl-o’t edip, gyşlagyň içi bilen çapyp barşyna, gygyryp aýdýan sözleri adamlaryň kalbyna gorky salýany-ha çyn-diýip, uludan dem aldy.-Bilemok biziň begler nämeden heder edýäler. Emma şol atlyny ele salyp bolanokmyş. Onuň nirden gelip, nirä gaýyp bolýanyny hem bilýän ýok. Köçeden geçip barýan Goçmergen demirçileriň gürrüňini eşidip biygtyýar sägindi. -Armaweri, demirçi baba! -Bar bolasyň goçum.-Bugurçy ussa edip duran işini goýup oňa ýöneldi.-Hany gel, bir käse şerbet bereýin. Goçmergen: -Taňryýalkasyn, demirçi baba-diýdi.-Men şol gara atly barada bir bilýänimi aýtjak. Ol dag tarapdan gelýändir, ýene daga tarap hem gidýändir. Aslynda kuwwalylaryň oýnudyr bi, siz arkaýyn bolaýyň, erte-birgün daga gidip yz basmasam bolmajak öýdýän. Bir Bugurçy ussa, bir Goçmergene gözlerini tegeläp garaýan Orak ussa pyşyrdap diýen ýaly: -Emma belli ki, ol gara atly daga tarap ugur alsa-da daga ýetmän howada ýitip gidýärmiş-diýip, ellerini ýokary galdyrdy.-Akyla sygmaýan zat, gözüň alnynda howada eräp gidýän gara atly. • Çürt-kesik jogap Goçmergen howlusyna golaýlaberende ýene bir zat ýadyna düşen ýaly säginip, şu gün daýysy bilen eden söhbetini kellesinde aýlady. «Belki Baýhan töräniň teklibini kabul etmelidir. Oglanlyk edip, garry daýymyň göwnüne degip goýan bolmaýyn»? Ol öýüne gelen dessine Aýbarçyn öňünden çykdy: -Aga, geldiňizmi sag-esen! -Alla şükür geldik, özüňizem otyrmysyňyz sag-salamat?-Goçmergen ýegençisiniň özüne garaýan gözlerinden bir zat okajak boldy. Bolmady.-Bir zat aýtjak bolýaň, çekinme, Aýbarçyn! Aýbarçyn gyz uýaljaňlygy bilen: -Aýsuluw habar goýberipdir, aga-diýdi.-«Şu gün nädibem bolsa Goçmergen meni görsün diýipdir. Öýümiziň arka ýüzündäki igdelikde garaşýan diýibem aýdypdyr». Ol ikigöwünli bolup durşuna maňlaýyny gaşap oýa çümdi «Näçe günden bäri öýe köwlenemok, ýabany ýatyp ýörşüm. Asla meniň ömrüm daglarda ýollarda geçip barýan ýaly». Ol hiç zat diýmän igdeli ýaba tarap ugrady. Ýol boýy pikir ýumagyny çöşläp ýadady: «Gyşlakda janyňa rahat tapyp, peýwagtyna ýatyp-turup, günüňi güýmäp bolýar. Emma daglarda hakyky köňül rahatlygyna gowuşýan ýaly. Ýehudykda başymdan geçýän sergüzeştler meni gün-günden kän zatlara borçly edýär. Men düýşde Kuwwa gidip, ol ýurda aýlanyp bilmek gudratyna eýe. Şonuň özi hem on müň atly bahadyryň başarmajak işi dälmi?! Ýöne günde-günaşa Garadaga gaýdyp, gowakda ýatyp, düş görýänim, düýşümde duşman ýurda gidip bilýänimi bir ynsana aýtmak töekgelçilik. Ony hiç kime duýdurmaly däl». Ol gumak ýoldan gidip barşyna ýene Aýsuluwy hyýalyna getirdi. Nämüçindir ol gaharly halda Goçmergeniň göz öňüne geldi. «Gündiziň günortany çagyrýan bolsa, gaty möhüm bir zat bolmaly-diýip, ol igdelige barandan soň, Aýsuluwa garaşyp durka hem oýlandy -Ýa-da möhümdir diýip oýlaýan bir zady bolmaly». Ol şeýle ýagdaýy hem ähtimal hasaplady. «Kim bilýär gyzlaryň kellesinde näme bar»?! Aýsuluw ýabyň boýunda ösüp oturan äpet igdeleriň arasy bilen ýuwaşja ýöräp geldi. Başga wagt bolanda aýagynyň aşagyndan ot çykyp durmaly gyzyň gelşini geň görüp, gözlerini tegeläp ony uzakdan synlady. Aýaklaryndan daş asylan ýaly-aý. Meniň Aýsuluwym hiç wagt beýle lapykeç bolmaly däl. Ol nämüçindir Goçmergenden kineli. Ol gelşine saklanman bir zat sorady: -Sen Baýhan töräniň teklibini kabul etjek dälmi? Goçmergen: -Kabul edip bilmeýän-diýdi.-Ýöne onuň saňa näme dahyly bar? Aýsuluw: -Men meniň arzuwlarymy hasyl etjek adam bilen ýaşasym gelýär-diýdi.-Meniň uly bir arzuwymam, tamamam ýokdy. Bir ýalňyz islegim dagda-düzde ygyp ýören awçynyň däl-de il-günüň içinde abraýly, ady hormatlap hem söýlüp tutulýan serkerde kişiniň hatyny bolmakdy. Olam bolmajak bolsa, men ikimiziň söwdamyzy goýbolsun etjek. Goçmergen seňrigni ýygryp ýylgyrdy: -Sen biziň söýgümizi söwda hasaplaýaňmy? Aýsuluw oňa jogap berjegem bolmady: -Her kim öz mynasyp adamyny tapsa gowy-diýip, başga hörpden gopdy.-Seniň ýoluň başga eken. Men bilmändirin. Goçmergen Aýsuluwyň golundan tutup özüne çekdi. Ol garşylyk görkezmese-de, ýüzüni kese sowup: -Goýber, elimi agyrdýaň-diýdi. Gyzyň äheňi sowuklaç. Goçmergen: -Häzir goluňy goýbersem, soň bütin ömre ýüregiň agyrmazmy-diýip, oňa sowal berdi. Aýsuluw özüne agram salyp, ýöne ýene biprewaý: -Agyrsa agyrybersin. -diýdi.-Barybir göwün diýen adamym ýok eken meniň. Goçmergen ýüzüne urlan ýaly bu ýerden tizräk gitmäge gyssandy. Söüleri soňlanman galdy. Goçmergeniň yzyndan seredip galan Aýsuluw «Ýok, barybir söýmeýän eken-diýip oýlandy.-Eger söýýänligi çyn bolanda täk bir gezek hem bolsa aýdanymy ederdi. Söýenok-şonuň üçinem aýdanymy edenok». • Ýene-de näbelli gorky Kaşal padyman garşysynda oturan Kiçi ýetime gömme nanyny uzatdy: -Garadagyň gara nany, gara bolsa-da garnyňy mazalyja doýrar diýip bir nakylam bardyr. Kiçi ýetim ýeňiljek ýuwdunyp, gömme nandan bölüp aldy: -Garadyryn-guradyryn, öz ilime töredirin diýýärmiş-ä şu nanymyz! Kaşal padyman pezzik murtlaryny syntgylap oturşyna söhbetdeşine baş atyp, onuň aýdanyny makullady: -Ýene bir ýagşy ýeri, biziň künjüli gara nanymyzy iýseň, gapdalyna hurş gerekmez, ýüregiňi kuwwatlandyryberer. Kiçi ýetim gyssanman gäwşäp oturşyna: -Baýak, Kürenbaý gojugyň meýlisinde Arslan bagşy bir duzarba aýtdy, häli gulagymdan gidenok-diýdi.-Atyma-da döwüp berdim şu nandan, özümem bir döwüm saldym agzyma. Duşman bilen döwdüleşen çagymda, kuwwat berer diýdim ýowuz demlerde. Kaşal padyman başyny ýaýkady: -Bah-bah, gör ony, gör nädiberýär, ýüregiň içinden parran geçýän aýdym. Edil daň-säheriň öňýanynda söweşiň başlanjak-başlanjak pursatlary göz öňüňe gelip gidýär. Soňra olaryň ikisem dymdy. Ortada şatyrdap ýanyp duran oduň sesinden başga töwerekde iňlär siňek ýokdy. Birden olaryň ikisiniň hem göwnüne dowul düşdi. Çeýnäp oturan döwüm-dişlem nanlaryny bokurdakdan geçirmek kyn boldy. Ikisi hem bir wagtda bir-birine gorkuly seretdi. Göreçlerinde bir duýgy ýaşaryp gitdi. Ýöne ony bir-birne düşündirmäge-de, hatda aýtmaga-da bogunlary ysmady. Tutuş dünýäni gaplam alan tümlükde, öçeňkirläp ugran o’t başynda kalplarynda dörän gorky duýgusyna gark bolup, kän zaman dymyp otyrdylar. *** Garadagyň gyşlaklarynda wagt öz maýdalyna akýar. Hemme ýerde hem şeýle. Emma Baýhan töräniň kalbynda ýaşaýan bir dowul ony başga bir adama öwrüp barýan ýaly. Ol şol gorky bilen dikleşip-darkaşyp ýörşüne durmuşyň adaty akymyna ynamsyz garap hasam bitaplaşýar. Oturyp-turup janyna jaý, kalbyna rahatlyk tapanok. Onuň üçin wagt birsydyrgyn akmaýardy. Düýn agşam Mahmyt damylla gelip gidenden soň-a hasam rahatlygy bozuldy. Uzak gijäni çirim etmän geçirdi. Biraz köşeşmek üçin göknar demledip içdi. Barybir uklap bilmedi. Haýatyň düýbünde öz-özi bilen düzzüm oýnap oturan Meret aýakçy injiklerini owkalap «Düýnden bäri Baýhan törä bir döw-ä çaldy-diýip, maňlaýyny sypady.-Oda-köze düşüp ýörşüniň astynda bir emmasy bolaýmaly. Içimi hümledip oturanymdan peýda ýok, baryp munuň anygyna-şänigine ýeteýin». Baýhan töre ukuly gözlerini bir açyp, bir ýumup golaýna gelen Meret aýakça: -Ýer-ow, aýakçy, gije senem meň ýaly şöwür çekdiňmi-diýip, bälçik geplemäge synanyşdy. Meret aýakçy: -Garrasaň ukyň gaçýar diýleni, ýalanam däl ýaly-la-diýip, han agasynyň ýüzüne ýyjyraklap garady. -Garrasaň ukyň gaçýar, garrasaň gadryň gaçýar, mazaň gaçýar, aý garaz gaçýan zadyň sany köp-diýip, Baýhan töre bir topar zat sanaşdyrdy.-Bir Alla tagala bolan ynamyň galýar. Şoňa-da şükür. -Hawwa, rast söz şükür galýar, şoňada şükür, şükür Alla-diýip, Meret aýakçy onuň sözüni tekrar makullady. Biraz wagt dymyp oturan Baýhan töre: -Meret beg, baýaky Köçekbaý gypjak bilen eden maslahatymyz bu gezegem başa barmady-diýip, garşysynda dyz epip oturan Meret aýakça seretdi.-Gürrüňimiz ýene biderek boldy. Goçmergen diýen adam bize gulak asmaýar. Öz bilenini edýär ol. Meret aýakçy kellesini aşak salyp: -Han hezretleri-diýip, gyssanman söze başlady.-Eger rugsat bolsa, meniň özüm hem Goçmergen bilen gepleşip göreýin. Baýhan töre göwünsiz ýylgyrdy: -Ýatyp galandan atyp gal-diýdi.-Görseň göräý, senkäm bir hasap. Ýerinden turmak üçin özüni rastlan Meret aýakçy dyzlaryny penjeläp syrtyny ýokary galdyryp zordan dikeldi: -Garraňdan soň götüň turýar diýseler näme diýdiklerikä diýip gülerdim-diýip, içýangynly ýylgyrdy-Ol-a özüňden öňünçä syrtyňy asmana garadyp, ýeriňden turjak bolup dyzaýanyň üçin aýdylýan eken. Baýhan töre: - Haý agzyndan bozulan aýakçy-diýip garnyny gujaklap lah-lah gülüp hezil etdi. Dowamy bar >> Koýan*- towşan. Nedim* – ýaran. Zirek*- çulum, ökde, ugurtapyjy, akylly. Geçieňek*- keçeňek ýaly manydaky söz. Soňturan*- zoňtar manysynda. Mutlaka*- bütinleý, absolýut. Itagat*- boýun egmek, şoňa laýyklykda hereket etmek Efsun*- jady, owsun, jadylamak. Hanadan*- bir nesilden gaýdýan maşgala, öý manysynda. Hedýe*- sowgat. Mysapyr*- myhman manysynda. Köke* -gypjak dilinde kaka. | |
|
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |