18:08 Jadylanan daglar -6/ romanyñ dowamy | |
• Bihaýa dost ýeňseden hanjar urýar
Romanlar
Şatyrdap ýanýan ot gyzyl lybasly çeýebeden loly gyz mysaly çabalanyp oýnaýar. Hem gyzyl, hem gyzgyn. Gözüňi baglap barýar. Birhili ildençykgynç duýgular damaryňda at apýar. Şiraly mürze agyr ýuwdunyp: - Ahyr soňy men Aýsuluwy gowy görýändigimi boýun almalydym-diýip, Goçmergeniň ýüzüne geldi.-Ony senden gizläp gezip biljek däldim. Goçmergen «dostunyň» özüne gorkuly garaýan ýüzüne seredip durşuna hahahaýlap gülüp goýberdi. Şiraly mürze onuň bolşuna düşünmedi. «Ýa bu gazap donuny geýip, gahar atyna atlanmazynyň öňýanyndaky gorkunç gülküsimikä? Bu ýowuz adam meni bir penjesinde gysyp öldürip bilýär-ä, islese biloňurgamy şarta ýazdyrmak hem munuň üçin eşekden palan alança däldir.-diýip, dowla düşüp, onuň gazaply nazaryna dözüp bilmän ýüzüni gapdala sowdy. - Bilýän, munuň gahary aýylganç, meň ýaly ejiz birini maýyp etmek Goçmergeniň çep elinden gelýär. Ýöne ol meni näme etse-de öz ýürek duýgymy açyk-aýdyň aýtmalydyryn. Haçan çenli gizläp ýaşamaly? Ýeri gelende ol meniň dostum»... Goçmergen onuň içki pikirini gözünden okaýan ýaly: - Dostum...- diýip, gaharyny dişleriniň arasyndan syzdyryp söze başlady.-Sen bu oýna goşulmasaň nädýär, ikibaşdan oýnuuň düzgünini bileňok. - Sen haýsy oýun barada gürrüň edýärsiň-diýip, Şiraly mürze oňa sowally seretdi.-Sen yşk meselesini oýun diýip bilýärsiňmi ýa? Goçmergen hyrçyny dişläp gürledi: -Seniň yşgyň bilen işim ýok. Namart adamlaryň oýnuna goşulma. Olar seni it edip iki-baka ýüwürderler. Şiraly mürze onuň näme hakda aýdýanyna gulak gabartman, özüçe bir zat düşündirjek bolýardy: -Men seniň bilen hiç edawatym ýok. Ýöne edil seniň kimin menem Aýsuluwy gowy görýändigimi, belki sendenem beter gowy görýändigimi aýdasym geldi. -Şiraly mürze! Hakykatdanam gowy görýän bolsaň, Aýsuluwyň özi seni saýlasa meniň gepim ýok. Eger ol meni däl-de seni saýlan takdyrda, men şol gyzam saňa bagyşlaýan, özümem şu obadan çykyp gidýän. Şiraly mürze zoňtarlyk edip, temegini göge tutdy: -Bagyşlap-bagyşlaman Aýsuluw bir kişiniň elindäki zatmyka? Kimiň ýanynda galmagy onuň özi saýlar. Goçmergen Şiraly mürzä seredip durşuna, adam birden nädip beýle tanalmaz ýaly üýtgäp bilýärkä diýip içini gepletdi, soňam: -Hany ýolumdan sowul-diýip ötägitdi. Onuň yzyndan garap galan Şiraly mürze «Barybir Aýsuluw munuň ýaly däli-binowanyň maşgalasy bolup, bir ýassyga baş goýmaz-diýip, içini gepletdi, şoňa hem ynandy.-Aýsuluw beg aşydyr, ýeňiýoluklaryň saçagyna gelişmez». • Meret aýakçynyň töwellasy Goçmergen uzynly gün howlusynda güýmendi. Köplenç dagda-düzde ýörensoň öýüň içinde-daşynda edere iş kändi. Bir işi boldum edip, beýlekä başlasammy diýip durka gyr alaşasyny sürüp golaýa gelen Meret aýakçyny gördi: -Meret aga, salawmaleýkim. -Waleýkim salam, goçum. Arma-da, işiň iläri. -Bar boluň, aý iş diýer ýaly edýän derekli işimem ýok. Meret aýakçy alaşasyndan düşüp, Goçmergen bilen elleşip salamlaşdy. Saglyk-salamatlyk soraşman ikisem öýe tarap ýöräp gaýtdylar. Gapynyň agzynda Goçmergen kündük-legen alyp myhmanynyň elini ýuwdurdy. Içeri girip jaýlaşykly oturandan soň köne oraçanyň tärimine bir hatar sereden Meret aýakçy: -Tüweleme-diýdi.-Kadyr serdaryň almaz gylyjyny tärimden aýyrmansyň. Diýmek peder mertebesiniň belentdigine düşünýäň. Goçmergen: -Aý indi näme diýeýin Meret aga-diýip, oýlanşykly söze başlady.-Dädemiň gylyjy hemişe şol ýerde duraýmaly meniň üçin. Ol şol ýerde dursa hemişe gowlukdygynyň alamaty ýaly. Durmasa weli... Aýbarçyn iýip-içer ýaly ýeňiljek nahar-owkat, bir küýze aýran äkeldi. Goçmergen myhmana başlaň diýip yşarat etdi. Olar bismilla edip nahar iýdiler. Nahardan soň Meret aýakçy habaryny aýtdy: -Inim, men seniň ýanyňa ýörite geldim. Öý eýesi oňa diňleýän diýen manyda baş atdy. Meret aýakçy ýene bir dem säginip söze başlady: -Gadymkylaryň «Baş bolmasa, göwre läş» diýen nakyly ýadyma düşende bir gülkünç zat gözöňüme gelýär. Ýurduň başy bir bolgusyz adam bolsa, şo ýurt ite meňzeýär, meniň ýalylaram şol itiň guýrugy diýip göz öňüňe getiräý. Goçmergen myhmanynyň gülmän-yşman aýdyp oturan gepine ýylgyrdy: -Meret aga, sizem walla aýdaýdyňyz. -Ýok, inim, men dogry aýtdym, has anygy dogry sypatlandyrdym.-diýip, Meret aýakçy kesgin aýtdy.-Ýurduň başy ibaly bolmasa, onuň hyzmatçylary hem ondan beter bolar eken. Goçmergen aşak bakyp oturşyna: -Şonda-da özüňizi beýle ýere urmaň-diýip, sypaýçylyk etdi. Meret aýakçy: -Sen meniň nämüçin munça gepiň başyny agyrdyp oturandygymy bilmeseňem nämüçin gelenligimi duýup oturansyň-diýip, ol başgaça hörpden gopdy.-Men seniň ýanyňa Baýhan töreden heder edip geldim, goçum. Nadan adam ýurt eýesi bolsa, mert kişileriň kastyna çykýandyr. Ine, sen şondan habardar bolmalysyň. Goçmergen näme diýjegini hem bilmän: -Aý Meret aga, men-ä, sizi Baýhan töre ugradandyr öýdüpdim-diýdi.-Sizem näme «It ite buýrar, item guýrugyna» diýleni ýaly alaçsyz gaýdyberensiňiz. Dogry dälmi? Meret aýakçy: -Goçmergen inim, sen göz üçin hem bolsa Baýhan töräniň teklibini ret etmeli däldiň-diýdi.-Indi ol ar aljak bolar, ýörer. Goçmergen bilemok diýen manyda egnini gysyp oturşyna: -Meniň hiç kime kastym ýok-diýdi.-Maňa ýamanlyk etjeklerem, päli ýoldaşy bolsun. Meret aýakçy Goçmergen ikisi tirkeşip daşary çykandan soň, gyr alaşasyna atlanyp durka hem «Sen inim ýene bir sapar oýlanyp-çenlenip gör» diýip zynharlady. Gy:rreňk alaşasyny gyssanman sürüp barýan Meret aýakçynyň yzyndan garap duran Goçmergen Pöwrüze kölüň kenarynda guran bukusyny ýadyna saldy. Ertir irden şol ýerde ýatyp, töweregi synlamaly diýip pikir etdi. • Kuwwalylar gelýär Şerif şatyr ýene Pöwrize kölüň gyrasynda göründi. Ony gapdallap gelýän serbazlaryň naýzalary Gün şöhlesine lowurdap, eginlerine geýen demir donlary, mis tuwulgalary olary has-da haýbatly görkezýär. Ýöne şonda-da olar bir zatdan heder edýän ýaly, ädim uruşlary seresaply. Zeýtuna kempiriň külbesine golaý barlandan soň olaryň ählisi kenardaky gamyş-hyşalykda bukuldylar. Şerif şatyr dört ýanyna garap, soňam pişik basyşyny edip külbä özüni atdy. Ony bosagada Zeýtuna kempir garşy aldy. -Ykbalyň daş ýarjak şanly günleri golaýlap gelýär, enem-diýip, Şerif şatyr dabara bilen ýyljyraklady.-Kuwwanyň sülsady şu dagyň aňrysynda taýýar dur. Bizden habar bolan sagady garadaglylaryň depesinden tupan bolup, boran bolup inäýmeli. Zeýtuna kempiriň içine çöküp giden owalary ýyldyrady: -Şeripbaý, oglum biz näderis, biz? Bu başagaýlykda biz biçäreler at aýagynyň astynda galaýmarysmy ýa-da bolmasa bu ganojak garadaglylaryň melamatyna duçar bolsak nä? Şerif şatyr başyny ýaýkap: -Ýok, ýok enem, arkaýyn boluň. Kuwwanyň leşgeri bäri gelmänkä sizi eýýäm göçüreris-diýdi.-Ýöne ähli işlerimiz doly bitýänçä siziň bu ýerde saklanmagyňyz lazym. Mahmal tutyny bir ýana serpip, beýleki otagdan görnen Züleýha öňküsinden zyba hem-de çalasyn hereket edän ýaly. Ol elindäki miweli mejmäni saçagyň üstünde ýerleşdirip durşuna: -Şerif aga, bir zady bilesim gelýär-diýip, hoşamaý äheňde söze başlady.-Kuwwanyň san-sajaksyz leşgeri Garadagyň obalaryna girip, katlyaam* ederlermikä ýa-da belli bir ýerde başa-baş dikleşerlermi? Şerif şatyr saçak başyna geçip, ornaşyp oturandan soň eýlesine-beýlesine garanjaklady-da: -Farangiz jan, ony biz bilmeris-diýdi.-Garadaglylar tutanýerli dursalar, ýagny bir ýere jemlenip bilseler, onda bize garşy hökman urşarlar. Beýle halda ýagdaýlar çatak. Emma pikir edişimiz ýaly bu gezek olar öýlerindenem çykman, gara başlaryny basyryp ýatsalar, onda biziň leşgerler hiç bir gansyz-pidasyz, jeňsiz-gowgasyz ýurdy tabyn ederler, bu iki tarapa hem peýdaly bolar. Elbetde, egilen başy gylyç kesmez. Züleýha içinden bir zatlary oýlap: -Aslynda şeýle bolmagy mümkinmi, Şerif aga?-diýip sorady. Şerif şatyr ýeňlerini düýrüp, okara el uzatmazdan ozal bir salym säginip, böwrüne diň saldy-da: -Biziň hasabymyzdan bu şeýle bolmaly-diýdi.-Ýöne ilçilik düýnki meniň mekgäme münüp, yzymdan galmadyk hudawuran awçy ýalylar bar bolsa, şolar halky aýaga galdyraýmasa diýen gorkymyzam bar. Ony diňläp duran Züleýha «Onuň ady Goçmergen, özem awçy, özi-de gökden uçan durnanyň gözünden urup bilýän mergen awçy, ady hem Goç-mer-gen» diýip, mähir bilen içinden ýene bir ýola garadagly ýigidiň adyny gaýtalady. Soňra sessiz-üýnsüz nahara başlan Şerif şatyryň bir zat ýadyna düşüp: -Farangiz gyzym-diýip, başyny galdyrdy.- Meniň tabşyryklarymy berjaý edip bildiňmi? Züleýha bir zat ýadyna düşen ýaly tolgunyp ýerinden turdy-da: -Siziň aýdyşyňyz ýaly awçy ýigit bilen söhbetdeş bolup bildim-diýip, aljyaňňy äheňde söze başlady.-Öwreden zatlaryňyzy taglym edip gulagyna guýandyryn diýip biljek däl, emma käbir zatlary düşündirdim. Esasan siziň Mahmyt damylla bilen eden gürrüňleriňiziň düýp-özenini gazalap-gazalap onuň gulagyna guýdum. -Bärek Alla, bärek Alla, gyzym-diýip, Şerif şatyr agzyny şapbyldatdy.-Sen edil Süleýmanyň söýgülisi Balkys ýaly paýhasly. Züleýha inçejik gaşlaryny çalaja gerip, gelşikli ýylgyry-da, minnetdarlyk bildirdi: -Iň gyzyk ýeri awçy ýigit saňsar tüssäniň astynda şeýle bir meýmiredi heý goýaý. Ýene birki gezek şeýle bolsa, ol başbütin biziňki bolar. Şerif şatyr Züleýhanyň gürrüňini diňläp oturşyna göwni-garny doýan ýaly heziller edýärdi. Maşallah, maşallah, Farangiz gyzym diýip onuň öwgüsini ýetirýärdi. Züleýha köpden bäri bilesi gelip, soramagyň ebeteýini tapman ýören zadyny sorady: -Şerif aga, siz nämüçin maňa Farangiz diýip ýüzlenýäňiz? Şerif şatyr aşak bakyp biraz dymandan soň: -Reýýan şäherinde ýesirlikde wagtym, şol zandyýaman nedimiň elinde wagtym men bir gyza aşyk bolupdym-diýip, Züleýhanyň ýüzüne garap ýylgyrdy.-Olam seniň bilen atdaşdy. Ýöne men oňa hiç wagt adyny tutup ýüzlenmändim, ýanymdaky ýoldaşlaryma hem bildirmedim. Hatda düýşümde hem birden onuň adyny tutup samraýmaýyn diýip, oňa bu ady oýlap tapypdym. Züleýha bilisigeljilik bilen öňe gobsunyp: -Bu zatlary ýatlamak size jebir bermeýän bolsa, biraz giňişleýin gürrüň beräýiň-diýdi. Şerif şatyr: -Ýok, asla azary ýok-diýdi.-Bu zatlary saňa gürrüň berip durkam, mende edil şol aşyk bolan gözelime aýdyp duran ýaly duýgy döreýär. Züleýha utanjyndan çalaja gyzaryp aşak bakdy. Şerif şatyr onuň eda bilen oturşyndan doýup bilmän: -Eý taňrym! Ol edil saňa meňzäp duran, gül kamatly bir gyzdy. Meniň Farangiz hanym-diýip, eýýäm nemlenen gözlerini ýumdy.-Ol şol zandyýaman nedimiň gyrnak gyzlarynyň biridi. Bir gije ikiçäk galanymyzda ol maňa özüniň watany-Gyzyl deňzinden daşda bolmadyk Faran daglaryny etekläp oturan şäherjik barada aýdyp beripdi. Meniň garamyk gözli söýgülimiň dogduk şäherinde ýaşaýan adamlaryň agzybir, bagtly durmuşy hakda berýän gürrüňleri edil erteki ýaly meni hyýal atyna atarýardy. Men entek ol ülkeleri görmänkäm şol ýerde ýaşamagy göwnümde besläp başlapdym. Eger şu zalym nedimiň penjesinden sypyp bilsek, söýgülimiň dogduk depesine baryp ýaşarys diýip arzuw ederdik. Arman biziň arzuwlarymyza hasyl bolmak ýok eken. Duýdansyz gelen dert meniň Farangiz hanymy bir gijäniň içinde öz gujagyna alyp gidiberdi. Şerif şatyryň biperwaý gürläp oturşy Züleýhanyň ýüregini agyrtdy. Emma turup gitmegiň hem ebeteýini tapanokdy. Biraz dymyp oturandan soň Şerif şatyr takyr kellesini sypalap: -Men bütin ömrüme ondan başga bir gyzy söýüp bilmedim-diýdi.-Indi hem söýüp bilmerin öýdýän. Ah, meniň Faran daglaryndan gelen Farangiz hanym!.. *** Baýhan töräniň garşysynda oturan Kürenbaý gojuk: -Şu eýýam Garadag ülkesine Kuwwa bilenem, gaýry bilenem jeň başlamagy jahyllykdan-diýip, kellesini galdyrdy.-Bu kesapatyň çäreini özleriňiz tapmasaňyz, hiç kim alada etmez, han aga! Öňräk Zeýtuna kempire pal atdyranda, onuň özi barada aýdan sözlerini ýadyna salan Baýhan töre: -Rast söýlärsen Kürenbaý- diýip, mümkingadar mylaýym bolmaga çalyşdy.-Läkin beýle çetin işde maňa ýardamçy bolup durjagam özüňizsiňiz. Baýhan töräniň özi bilen mylaýym gepleşýändigine monça bolýan Kürenbaý eňegini ýokary galdyryp, gurak dodaklaryny müňküldetdi. Hiç zat diýmedi. Baýhan töre onuň näme diýjek bolýanyny aňlap bilmedi. Içinden sögünmek sögündi. «Sen asyl kepläniňden keplemäniň ýeg. Ýogsam Garadag ülkesinde ýene bir aňňyrak eşek peýda bolupdyr diýerler». Baýhan töräniň içgepletmesinden habarsyz Kürenbaý: -Ýene bir zat hezreti töräm-diýip, badyhowa äheňde söze başlady.-Şu meselede özüňiz öňe düşüp, millete ýol görkezmeseňiz iş çatak. Baýhan töre kölüň kenaryndaky ýalňyz külbede ýaşaýan palçy kempiriň özüne aýdan soňky sözlerin ýadyna salyp, it ýaly häsiýetsiz bolmajak bolup çalyşýardy. Ýöne bu hem hemişe başardyp durýarmy. • Şerif şatyryň ölümi ýa-da düşnüksiz wakalaryň başlangyjy «Ähli iş-pişesini bir ýana taşlap, gyşlakdan daglara tarap gaýdan Goçmergen kölüň kenarynda guran bukusyna geçip, indi näçe wagtdan bäri ses-üýnsüz otyrdy. Näçe wagt geçeninem bilenok. Diňe Gün öýleden agan ýaly duýgy bar». «Şu gezek hem ol melgun gözüme çöp atyp, burnumyň eteginde gaýyp bolaýmasa diýip gorkýan. Men ony gola saljak bolup yzarlaýan weli, olam meni bir ýol bilen aňtap ýetişýär». Bu gezek onuň pikir edişi ýaly bolmady. Ol Şerif şatyry uzakdan gördi. Ýöräp gelişi haýalam däl, howlukmajam. «Ýaman adam gepiniň üstüne gelermiş diýýärler. Sen-ä walla gepiňi etmegem gerekmedi, diňe sen hakda pikir etsemem gaşymda peýda bolaýdyň. Diýmek gaty zannyýaman bolmaly sen». Şerif şatyr ellerini owkalap duran Goçmergendenem, onuň oý-pikirindenem habarsyz gelýärdi. Birden buky jaýyndan çykan Goçmergen, «Hany gel bäri! Sypmarsyň indi. Indi goluma düşdüň, häý Kuwwanyň şeýtany» diýip gygyrdy-da oňa tarap okduryldy. Emma Şerif şatyr onuň garaşmadyk zadyny etdi. Ol gamyş-hyşalyga girmedi, ýumry daşly kenardan özüni köle oklady. Suwuň sowgy süňňüne ornan Şerif şatyr birden aýagymyň damary çekäýse diýip ýakasynyň çöwre ýüzünde saklaýan temenini dişleri bilen berk gysyp, garşylykly kenara ümzük atdy. Wagtal-wagtal ýeňsesine gaňrylyp, kenarda duran Goçmergeni synlap, badyny gowşatman ýüzýärdi. Goçmergen özüni köle oklap: «Şu gezeg-ä seni sypdyrmasam gerek, gurrumsak» diýip, ol barha özünden daşlaşýan pyýadanyň yzyndan galmajak bolup suw gulaçlap ugrady. Şerif şatyr suwuň ýüzünde gamak ýaly ýeňil ýüzýärdi. Goçmergen her näçe jan etse-de onuň yzyndan aňasat ýetip bolmajagyny duýdy. Şerif şatyryň suwuň ýüzünde erkin gulaç urup ýüzüşi, çulum hereketleri hem Goçmergeniň badyna badak atýan ýalydy. Dogrusy beýle kowgy onuň ömründe ilkinji gezekdi. Ol suwuň içinde barha arany açýan şatyryň yzyndan näçe gulaçlasa-da köl ony aşak basýan ýaly. Şerif şatyr bolsa taganaýak mysaly suwuň ýüzünde taýyp barýardy. Şerif şatyr kölüň gök suwuny ala şapyrdy edip, yzyndan ýetip gelýän garadaglydan dem salym öň kenara çykdy. Endamyna ýapyşan eşiklerinden suw şorlap akyp duranam bolsa onuň bar ünsi kenara ýetip gelýän Goçmergendedi. «Indi bir salymam säginmän gözüň gören tarapyna gaçmaly, bu mekkardan ara açmaly-diýip, haş-haş edip duran Şerif şatyr dört tarapyna göz aýlap çalt-çalt oýlanýardy.-Farangiz gyzymyň özüne imrindirjek bolýan awçysydyr bi. Munuň ýaly dikdüşdileri mugyra getirmek aňsat däl. Aňsadyň näme, mümkin däl iş aslynda». Şerif şatyr ylgap barşyna taýak atym ýaly ýere ýetende ýere ýazylyp düşdi. Bir daş bilen etjegini eden Goçmergen elinde saklap duran ikinji daşyny ýere oklap, uzyn süýnüp ýatan pyýada tarap ylgady. Üstüne kölege beren gara ýakasyndan ebşitläp tutan wagty özüne gelen Şerif şatyr garşydaşynyň bokurdagyna ýapyşdy. Demligi erbet gysylan Goçmergen gözlerini petredip, duşmanyň demir ýaly penjelerinen sypmaga synanyşýardy. Ýöne bolanokdy. Ol soňy deminde ysgynsyz elleri bilen sermenip, garşydaşynyň bir ýerlerinde ýaşyrylan pyçagy sogrup alyp, onuň gulagynyň ýeňsesinden, edil äňi bilen bokurdagynyň sepleşýän ýerine sokdy. Şerif şatyryň äňiniň başlanýan ýerinden çüwdürip akýan gan kenaryň daşlaryny gyzyla boýady. Biraz özüne gelenden soň wagt ýitirmän çabalanyp ýören Şerif şatyryň damagyny çaldy. Onuň çabalanyp ýatyşyny synlap syrtaryp duran Goçmergen «Hä-heý, garry melgun-diýip, ölüp barýan Şerif şatyra seretdi.-Kän ylgatdyň-aý yzyňda, teý tutdurmadyň. Şu yzarlap ýörşüme bäş sapar dagy gatnadyň biziň ýurda». Şol wagtam ol özüni töwerekläp gabap gelýän duşman nökerlerini görüp, «Siziňki näme-eý» diýen manyda agzyny gyşardyp gapdala tüýkürindi, soňam geliberiň diýen äheňde elindäki gysgajyk hanjary gysymyna gysdy. Garşysyndan gelen iki nökeriň biri ony naýza urmakçy, beýlekiniň elinde egri gylyç oýnaýardy. Goçmergen olaryň ikisindenem sypmalydy. Ýöne ilki haýsy herekede geçer. Ol göni kükrege urulan naýzadan sypyp, bada-bat onuň eýesini seňseletdi. Depesinden inen gylyçdan hem sowlup barşyna nökeriň gylyçly bileginden tutup, zarp bilen silkip ýetişdi. Darkaş göz açyp ýumasy pursatda bolup geçdi. Kuwwaly esgerleriň hemmesi tükgerdi, emma diri galmagy başaran täk biri kenarda gaty ýeser gylyçlaşýardy. Goçmergen onuň nikaply ýüzünden bir zat aňjak bolýardy, emma ol indiki etjek hereketini özi hem bilmeýän ýalydy. Ýöne onuň uruş uslyby örän tanyşdy. Goçmergen gylyçlaşyp barşyna özüniň hem güýjüniň gaçýandygyny duýup, dogrudanam bu kimkä diýip oýlandy. Olar gylyçlaşmakaryny dowam etdirýärdiler. Kenarda täk ikisiniň gylyçlarynyň şarkyldysy ýaňlanýardy. Daş-töwerekde esgerleriň jesetleri göýä gorkujygyndan ýüzün düşüp, bulary sessiz-üýnsüz synlap ýatan ýalydylar. Ol bir oňaý tapyp gylyjynyň ujuna ildirip, garşydaşynyň ýüzündäki perdäni sypyrdy. Ýüzüniň perdesi sypyrylan Kuwwa nökeri aljyrady. Gaçmaga synanyşdy. Onuň bar güýji ýüzündäki perdesinde ýaly derrew yza basyp ugrady. Ýüz-gözi «lap-lap» gyzyp duran Goçmergen hem bir pursat daýanyp, onuň ýüzüne dikanlap garady, soňam hahahaýlap gülüp goýberdi: -Bu senmi Gara kezzap! Onuň garşysynda duran serbaz biraz arkaýynlaşyp: -Bize Karahan töre diýerler, ismi-şerifimizi dogry tut, eý eşek-diýip, Goçmergene hemle atdy. Goçmergen bir zat ýadyna düşmeýän ýaly bir gözüni ýumup, kellesini gyşartdy, dodaklary weli ajy ýylgyrýardy: -Beh, şeý diýsene, sen haçandan bäri Karahan bolup ýörsüň-äý? Kuwwa dönük bolup gideniňden bärimi? Öň-ä seniň ýörgünli adyň Gara kezzapdy. Karahan gylyjyny gynyna salyp: -Oýun etme, Goçhan-diýip, garşydaşyna sypaýçylyk etdi.-Seniň hiç zatdan habaryň ýok, çünki bu işler döwletiň içki işleri her bir gezip ýörene aýdylyp ýörülmeýär. Men Kuwwa memleketiniň içinde ýören jansyz. Goçmergen duýdansyz gülüp goýberdi: -Öňem-ä sen bir janly zat däldiň. Karahan töre onuň gülküsine goşulman sözüni dowam etdi: -Garadagyň bähbidi üçin gara başymny etegime salyp, duşman ýurduň içinde gezip ýörün. Munuň şeýledigini daýym Baýhan töre-de bilýär. Baýhan töräniň ady tutulan bada keýpi gaçan Goçmergen hiç zat diýmän elindäki gylyjyny bir gapdala oklap goýberdi. Karahan onuň ýanyna baryp: -Emma bu edeniň weli mutlaka bolmaýar-diýip, süýem barmagyny çommaldyp, oňa düzediş berdi.-Bu gylyç-naýzalary oklap goýbermegiň zamany däl, gardaşym, uruş tebli kakyldy, Kuwwa hanlygy üstümize ýetip gelýär. Her bir gylyç-şemşiriň, her bir naýzanyň, hanjaryň hasaby bar. Goçmergen töwerekde gyzyl-ýaýyrt bolup ýatan gylyç-galkanlary ýygnamagy ýüregine düwüpmi ýa-da başga bir zat üçin eglen wagty duýdansyz arkasyndan inen urgynyň zarbyna serilip düşdi. Bir pursat huşuna ýitiren Goçmergeniň üstüne atlaýyn münen Karahan töre bolsa ony birehimlik bilen bogmaga başlady. Bu gezek Şerif şatyry öldürişindäki ýaly tötänlik boljak däldi. Goçmergen näçe sermense-de Karahan töräniň ne bir bilinde, ne-de ädiginiň gonjunda gizlenen hanjar tapdy. Ol soňky deminde essi aýylyp barýarka, dişlerini gyjap bokurdagyny owkalaýan Karahan töräniň birden gözlerini mölerdip bir tarapa agyp gidenini görüp ýetişdi. Birhaýukdan özüne gelende, Kaşal padymanyň ýüz-gözüne suw sepip oturandygyny gördi. Egin-eşigi sal-sal goja padyman Karahan töräniň el-aýagyny kendir ýüp bilen güýlüp ýören çolugyna janygyp bir zatlar düşündirýärdi. • Züleýha iki oduň arasynda Züleýha daşary çykyp, kölüň kenaryna golaý bardy. Göwnüne bir erbetlik bolan ýaly bolup durdy. Şerif şatyrdan habar-hatyr ýokdy. Ol duran ýerinden kölüň aňrysyna-bärsine göz ýetmeýän giňişliklerine göz aýlap: «Şu mahal Goçmergen awçy, bir ýerlerde Şerif şatyryň yzyndan galman, ony ele saljak bolup jan edip, jöwlan urýandyr-diýip, biygtyýar oýlandy.-Ýöne ol şatyr kel gaty melgundyr, awçy begi heläkläýmese-de biridir». Köl tarapdan öwsen çygly şemal ony üşetdi. «Soňky günler birhili mazam ýok, dümewläýmesem ýagşydyr, ýaramok öz-ä». Şonda-da nämüçindir kenara çykyp, üşäp durýardy. «Awçy beg gelmezmikä? Eger ony täzeden bir görüp bilsedim. Juda gowy bolardy.-Züleýha kenardan daşlaşyp barýarka, Goçmergeniň gelmegini isleýändigini öz ýanyndan boýun aldy.-Ol şu gezek biziň külbämize gadam goýsa, hemme zady birin-birin gürrüň bereýin. Ol maňa düşüner. Eger ol islese iki bolup bir ýerlere başymyzy alyp gideris. Bize hiç kim gerek däl». Züleýha külbelerine girip, aýak çekdi, yzyna aýlanyp ýene meýdana gidesi, Goçmergeni agtarasy geldi. «Nämeler etmek isleýäň, Züleýha-diýip, öz-özüne sowal berdi.-Olar Kuwwa hanlygynyň duşmanlary ahyry, sen bolsa olara mähir goýýaňmy?.. Ýok, aslynda bu beýle bolmaly däl, meniň edýänim dogry däl. Duýgulara aldyrma kalbyňy, gözel Züleýha». Düşegine geçip oturandan soň ol ýüzüniň lap-lap gyzýandygyny duýdy. Alma sirkesini ýüzüne çalyp oturşyna «Seniň hem kalbyň garadaglylaryň boluşy ýaly-diýip, ysgynsyz ýylgyrdy. Onuň ýylgyryşynda öz-özüne kinaýa bar ýaly duýulýardy.-Dillerinde biz azat erkin diýýärler, durmuşda weli kuwwalylardan aýrylyp bilenoklar». • Şerif şatyryň direlmegi ýa-da bulagaýlygyň dowamy Ümür-dumana bürenip oturan dagyň bir ýerlerinden serbazlar peýda boldy. Olar kölüň kenarynda pytrap ýatan jesetlerden taýakatym gapdalda gäberen godalak pyýadanyň ýanyna gyssanmaç ýetip geldiler. Olaryň ekabyry merhumy arkan ýatyryp, barmaklary bilen jan damaryny barlady. Soňam depesinden garap duran serbazlara: -Şerif şatyr şuňkar bolupdyr*!-diýip, aýratyn bir hasrat bilen habar berdi. Merhumyň daşyna berk egrilişip alan serbazlar agyzlaryny açyp durdular. Şol wagt olaryň arasyna biri gysylyp girdi. Oňa hiç kime üns berenokdy. Adamlaryň arasyna giren kişi ortada ýatan jesede ýakyn baryp, eglip onuň ýüzüne seretdi-de: -Çatak bolupdyr-diýip, ýeser ýylgyrdy.-Şerif şatyry ýaman edipdirler. Birden serbazlar öz gapdallarynda gepläp duranyň ýüzüne gözleri düşüp arwah gören ýaly tisginip gaýra tesdiler: -Oh-ow!.. Şerif şatyr?! -Beý-bää!.. Ynanar ýaly däl, Şerif beg diri eken-ä. -Şerif beg... Estagfirullah! -Onda bu ýatan kim? -Ýaman bulaşdy bu ahwal. Şerif şatyr özüne meňzeş merhuma haýpy geliji nazar bilen seredip: -Meňzeşimiň tepbedini okapdyrlar-diýip, dodagyny dişläp, başyny yrady.-Imany hemra bolsun! Munuň ýaly özüme meňzeş adamy ejemem dogurmaz indi. Erbet adamam däldi, dili laldy diýmeseň. Belki lallaygy üçin hem gowy bolandyr, dili bolanda häsiýetini görkezerdi. Hemişe öňden goýberip ýa-da yzymdan ugradyp, özümi yzarlaýanlaryň gözüne güýdüşip, sapalak atanymda peýdalanýardym pahyry. Serbazlar onuň geplerini agyzlaryny açyp diňleýärdiler. Ol bolsa gaýta beter beleň alyp gürleýärdi: -Şu Garadag ülkesinde dagy ikimiziň näçe adamy suwsuz äkidip, suwsuz getirdik. Ine, indem ýatyr gara ýer bolup biçäre. Ýer ýaly ýuwaş ýigitdi, ýere hem gitdi. Ol serbazlaryň ýüzüne birin-birin garap çykdy-da, «dogrudanam şu duran men özümmi?» diýip öz-özüne ynanmazçylyk edýän ýaly iki eliniň aýalary bilen omuzlaryny, döşlerini sypalady, soňam: -Hany onda ýigitler gitdik-diýip, buýruk beriji äheňde gürledi.-Entek Attar Mäligiň kerwenini Garadaga geçirmeli. Şuňkar bolmak*-ölmek, ýagny ruhunyň guş bolup uçup gidendigi manysynda. • Süleýmanyň syýa reňkli kitaby Züleýha ilkinji gezek täleýiň-takdyryň emrine kaýyl bolmak islemedi. Ol köne sandygy açyp, gaýyş jiltli galyň kitaby çykardy. Ak goşarlaryna agram berip duran saldamly kitabyň sahyplaryny agdaryşdyryp özüne gerek dogalary agtaryp ugrady. «Anyk duýýaryn, onuň ýagdaýy agyrlaşdy, ýowuz güne sataşdy şu wagt-diýip, Züleýha özi bilmezden samraýardy.-Ýap-ýaňyja irkilen aralygymda hem düýşürgäp ýetişdim. Awçy beg bir tikenli ýol bilen ters tarapa gidip barýardy». Zeýtuna kempir agtygynyň bir hyýala münenini aňlap, «Ahyry haýyr bolawersin, towa-towa-diýip, ýakasyna tüýkürýärdi.-Bu saçy kesilen gyrnak bir mojuk işiň küýüne-hä düşdi». Ol agtygynyň elindäki galyň kitaby löwhäniň* üstünde açyp goýup, labyzly sesine bat berip jadyly sözleri sanaýşyny synlap, tersine garap oturdy. «Eý Bar Hudaýa hudawende, özüň günämi ötewer, men bu çaga köne ybrany dilini nirden öwretdim diýsene-Zeýtuna kempir maňlaýyny ýumruklap, öz-özüne nälet okady.-Ine, indi bu gyzy ýolundan gaýtaryp bolmajagy görnüp dur-a. Ylahym, Süleýmanyň gara kitaby** hem guragaý, menem guraýyn. Bu gyrnak indi gijäniň gara güýçlerinden ýardam dileýär». Bir wagtdan soň okamasyny bes eden Züleýha: -Ene jan, bar git, otagyňa geçip berk ukla-diýip, talap ediji äheňde aýtdy.-Häzir meniň söýgülim gelýär. Men ony mynasyp bir şekli-şemaýylda garşy almaly. Zeýtuna kempir «Towa-towa» diýip, arkasyna öwrülip, öz otagyna tarap ýegşerilip ugrady. Ol gidip barşyna: -Bu ýüzigaraçylygy görenimden doňňara daş bolaýyn-diýip, kuwwalylaryň düşnüksiz şiwesinde samyrdaýardy.-Otagyma geçip beýhuş derman içip, öli ýaly uka gideýin. Goý, üç günden bärde turmaýyn men. Löwhe*-Üstüne kitap goýulýan tagta Süleýmanyň gara kitaby**-Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, Süleýman pygambere jynlaryň ýazyp beren kitaby. Ol kitabyň güýji bilen Süleýman pygamberiň ýele-suwa hökümi ýöräpdir, döw-jynlara emir edipdir hem-de gurt-guşuň diline düşünip bilipdir. • Şabasan geçidinde Garadagyň belent gerşleriniň arasynda Şabasan geçidini bilmeýän ýok. Kuwwa hanlygyndan çyksaň bir hepdä galman Olja dagyna ýetip bolýar. Ol ýerden hem uçutlardan-geçitlerden ägä bolup bir gün ýöreseň Garadag ülkesiniň bäri çetinden girýärsiň. Şerif şatyr gapdalyndan gelýän ak düýeli kişä ýol-yzyň gürrüňini edip atyny maýdalyna sürüp gelýärdi. Iki örküçli ak maýasyny gyssaman sürüp gelýän uzyn inçemik kişiniň başynda çüri başgaby, eňeginde süýnmek ýüzüne gelşip duran geçi sakaly bilen sazlaşyp ony beýlekilerden tapawutly görkezýärdi. -Muhtarem Atdar Mälik-diýip, Şerif şatyr her gezek sypaýçylygy elden bermän süýji äheňde söze başlaýardy.-Siziň akyl-parasadyňyza aferin diýýäris. Sizden gaýry hiç kimse Garadag ýaly gaýduwsyz ülkäni leşgersiz, ýaragsyz, jeňsiz, pidasyz teslim etmegiň ugruny-tärini bilip bilmedi. Aferin size! Atdar Mälik gözlerini ýumup söhbetdeşini biparhlyk bilen diňleýän ýalydy. Emma gepläp başlanda her bir zady nazarynda saklap, ünsden düşürmän synlaýandygy belli boldy. -Şerif beg, adamyň ýüzüne onuň özi hakynda magtaw sözleri aýtmak mutlaka gabahatdyr-diýip, Attar Mälik sypaýçylykly ýylgyrdy.-Belkide bu ynsan kalby üçin hurafatdyr. • Toý habary Akar ýabyň ýalpak güzerinde atyny suwa ýakyp duran ýigitleriň biri: - Ertir Şiraly mürze öýlenýär. Düýn toýuň geňeşi boldy, bu gün irden çapar atlylary toý çakylyga ugratdylar-diýdi.-Mürzeler gypjaklar bilen guda bolupdyrlar. Atynyň içgirisini düzedip duran egni gaýyş keltekçeli uzynak ýigit: -Beh, Şiraly mürze nä ýüzüne Köçekbaý gypjagyň gyzyny aljak bolýarka?-diýip, başyny ýaýkap ýylgyrdy. Gapdalyndaky gara sakgal ýigitleriň biri hem janyýangynly gürledi: -Ah-ow, gardaş, ol gyz, Aýsuluw Goçmergen ikisi öňdenem adakly bolmaly-diýip, dodagyny gyşartdy.-Onsaňam Şiraly mürze Goçmergeniň jana-jan jorasy dälmi? -Howwa-aýt, olar owwaldan arasyndan gyl geçmez ýary-ýarandylar ahyry. -Bir bulaşyklyk-a bar. -Aslynda Aýsuluw hem Goçmergeniň daýysynyň gyzy. -Onda näme üçin beýle bolýarka? Olar atlaryny suwa ýakyp, güzerden çykyp öz ugurlaryna gitdiler. • Asman arşdan inen melek Gelnaljylaryň şowhun-şagalaňy näçe belentden ýaňlanýan hem bolsa, Goçmergen ses ýeterden uzakda. Ol entegem daglaryň goýnunda, belent baýyrlyklardan düşüp gelýärkä Kaşal padymanyň çolugyna sataşdy. Ol Karahan töräni gyşlaga eltip Teýmir mähreme tabşyrandyklaryny, onuň hiç zat diýmän, uzak dymyp durandan soň Baýhan töräniň dönük ýegenini zyndana taşlamagy buýrandygyny habar berdi. Goçmergen ýene bir zat sorap bilmän, Kiçi ýetimiň ýüzüne garap, oýurganyp durdy. Kiçi ýetim onuň ýagdaýyny aňan ýaly: «Şu gün Köçekbaý gypjagyň gyzyny mürzeleriň körpesine nikalaýarlar-diýip, Goçmergene buşlady-Bu gün agşam Äraly mürze körpe oglunyň öýlenme toýy mynasybetli zyýapat berýär eken». Goçmergen näme diýjegini bilmän aşak seretdi «Kuwwa bilen ýowuz bir jeň başlanjak bolup dur, çoluk-diýip, içini gepletdi. Daşyndan weli hiç zat diýmedi-Şeýle haý-haýly günde toý-tomaşa ýada düşermikä»?! Bir güýç ony Garadaga tarap alyp barýardy. Ol «Bu gün meniň Aýsuluwym gelin bolýar-diýip, gözlerini süzüp ýylgyrýardy.-Meniň adaglym meniň dostuma gelin bolýar. Bir zatlar-a tersine bolup başlady. Bu ýerlerde hiç durarlyk galmady öýdýän». Ol yzyna dolandy, alaçsyz halda dagyň üstüne çykyp, töweregine esetdi. «Ujadag, Gojadag, ho-ol beýlede kuwwalylaryň gelýän tarapynda hem Oljadag-Goçmergen sanan daglarynyň ortasynda ýaýlyp ýatan Pöwrize kölüne äňetdi.-Belki köle tarap giderin. Şundan gowsy bolmaz. Şu ýana gitsem dogry bolar. Biraz göwnüm açylar. Bolmanda suwuň astyna ýitip giderin». Soňky aýdanyna özi hem geň galyp ýylgyrdy. Ol hemişeki mesgenine-Ýehuduga tarap barýardy. Soňam birhili başy aýlanan ýaly boldy. Daşlaryň üstünde oturyp, dumana baglanan gaýalaryň başyny synlamaga synanyşdy. Daglaryň gap bilinden ýokarysy goýy duman oralyp ýatyr. Ol arkan ýatyp gözlerini berk ýumsada bütin dünýä daşynda pyrlanyp aýlanýar: «Çarhy-Pelek diýilýäni nämekä diýip oýlanýardym. Ýaradan Taňry şony maňa görkezjek bolýarmyka?!» Näçe wagt ötendigini bilenok gözlerini açanda bolsa Zeýtuna kempiriň külbesinde ýumşak düşekde ýatandygyny gördi. Bu ýere uçup geldimmikäm diýip ýylgyrdy.- Men-ä Akmaýanyň ýolundan soňsuz äleme serkeşdelige ugradymmykam öýdüpdim-diýip, içini pikire basdyran Goçmergen gözlerini tegeläp haýran sermi-sal.-Beh, ynanar ýaly däl, meger ynsan göwün islän ýerine düýşünde tenini hem göterip uçup ýetip bilýär öýdýän». Ol diwarlaryna ýaşyl daraýy tutulan rahat otagda Züleýhanyň her dürli ysly ot-çöplerden tütetgi edip ýörşüni synlap ýatyr. Ysgyn-mejaly sorulyp alnan ýaly duýgy ony ejizledip taşlapdy. Züleýhanyň aram-aram edip ýören işini gapdala goýup, özüne mähir bilen seredýändigini duýýan Goçmergen bir täsin hala düşüp, mejalsyz ýylgyrýardy. «Demir maňňalda ýyldyraýan közjagazlaryň agşam asmanynda göz gypyşýan ýyldyzlara meňzäýşini.-Goçmergen bir tüýsli başynyň humar bolup aýlanýandygyny duýdy.-Bu gyzyl közler misli Züleýha gyzyň şaý-sepleri ýaly, asyl öçmäni bilenok, ýanyp-lowurdap durlar». Ahyr Züleýha onuň ýanyna gelip, gapdalynda dyz epdi. Onuň egnindäki ýukajyk lybaslaryndan, ter bedeninden, dyza ýetip duran saçlaryndan hoşboý yslar bark urýar. Emma nämüçindir Goçmergen ýerinden galdy. Men gideýin diýen äheňde töweregine seretdi. Şol wagt hem ol egninde eşikleriniň ýokdugyny, diňe bilinden aşagynda eşiginiň bardygyny duýup, allaniçigsi boldy. Züleýha onuň maksadyny aňan ýaly Goçmergeniň gollaryndan ýapyşdy. Goçmergen hem ýerinden turmaga synanyşdy. Ýöne hiç mejaly ýokdy. Şonda-da ol Züleýha seredip: -Men gideýin-diýdi.-Rugsat ber, men gideýin, meni saklama! Züleýha onuň berdaşly goluny sypdyrman oturşyna: -Gitmesene-diýip, gaýgyly sesii sandyradyp özelendi.-Birazajyk ýatyp, özüňi rastla, men saňa sitarada saz çalyp, raksa düşüp bereýin, isleýäňmi? Ol mukamlar adama mutlaka güýç-kuwat berýär. Sen meni şeýle keşpde görenem dälsiň. Goý, häzir hyýallaryň seni Hindistana äkitsin. Isleseň edil Şährizada kimin müň bir gijeli erteki-masal aýdyp berip güýmäýin. -Ýok, men gitmeli, Züleýha! Züleýha emaý bilen onuň gapdalynda gyşaryp ýatdy-da, lezzete berlip gözlerini ýumdy, süýji ýuwdundy, kepän dodaklaryny diliniň ujy bilen ölläp Goçmergene has-da golaý süýşüp gulagyna pyşyrdady: -Bu gije seniň toý gijäň, awçy beg. Men seni ýakyn adamlaryň ýaly armanda goýmakçy däl, men seni öz gyzlyk dünýäm bilen serpaýlajak. Muny näme üçin edýändigimem bilemok. Men seniň asman-arşdan inen adakly perizat melegiň bolmaly. Megerem ikimiziň nikamyzy eýýäm perişdeler arşy aglada gyýandyrlar. Bolmasa men muny başarmazdym. Goçmergen oýaly-ukuly bolsa-da aňynda yşaran sowaly gapdalynda özüne bakyp ýatan gyza sundy: -O niçik arş-aglada perişdeler tarapyndan gyýylýan nika? Gyz oňa gysmyljyrap gulagyna pyşyrdady: -Bagzy haýwanlaryň hem ylahy nikasy gyýlan bolýar, awçy beg! Gurtlar, arslan-şirler bir jübit bolup ýaşap bilýärler, çünki olaryň nikasy ylahydan gyýlan. Diňe taýy bilen ýaşap, maşgala bolup, nesil döredip ýaşap geçip gidýärler. Onsaň haýwanatda beýle ylahy nika bar bolup-da adamzatda bolmazmy eken?! Onuň sesi pessaýja saz ýaly täsir edýär, ýüregiňi hamyr deý ýugurýar. Bu owaz bir yşga öwrülip Goçmergeni meýmiredýärdi. Züleýha bolsa onuň gujurly gollaryna başyny goýup, onuň düşeginde bir nämälim alysa uçup barýan ýaly. Dowamy bar >> Katlyaam*- halky bir çetinden gyrgyna bermek. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Derbi dagyn: Morozka - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |