16:11 Jadylanan daglar -7/ romanyñ dowamy | |
• Attar Mäligiň syrly kerweni
Romanlar
Gün öýleden agyp gelýärdi. Attar Mäligiň kerwenini ugradyp barýan kiçeňräk topar atly Garadag ülkesiniň daşyny gurşap alan belentli-pesli daglaryň içinden geçip gelşine il-obaly ýerlere golaýlapdy. Kerwen Garadag ülkesiniň depesinden garap duran belent baýyrlaryň üstünde ýük ýazdyrdy. Kerwendäkiler özara kän gepleşmän düýeleri çökerip, ýüklenen haltalary düşürýärdiler. Zer bilen jäheklenen haladyny ýelbegeý atynyp, çöküp oturan düýeleriň arasynda aýlanyp ýören Attar Mälik, kerweniň ýüküni tizmähetdel düşürip ýören hyzmatçylara göz-gulak bolup çaý içim salym eglendi. Soňra bir gyrada misden ýasalan jam şekilli abzallaryna güýmenip oturan garry münejjime gözi düşdi. Onuň mawy sopbaşynyň astyndan çogup çykyşyp duran ak saçlary dag şemalyna galgap, işine päsgel berýärdi. Attar Mälik münejjime golaý baryp oňa habar gatdy: -Agaýy Safar, şu gün ýeliň ugruny takyklap bilermisiňiz? Ýüz-gözüni tüý basan goja münejjim: -Beli*, muhterem Attar Mälik-diýip, dodaklaryny çommaldyp baş atdy.-Eýýäm anykladyk. Şemal ertirem, şu günem dagdan aşaklygyna-gyşlaklara tarap bady-hazan bolup öwser. Attar Mälik sakgalyny sypalap hoşamaý ýylgyrdy: -Onda ir günümizi giç edip oturmalyň, şemal başlaýança gerekli zatlary taýýarlap, tertipläp goýubereli. Safar münejjim: -Arkaýyn taýýarlygyňyz bilen boluberiň-diýdi.-Galanynam Alla oňarsyn, Aly Murtaza ýary-ýaranyňyz bolsun! Attar Mälik gapdalynda ýören serbazlaryna: -Jülgäniň içine pytyrap gidiň-de, haýal etmän odun çöpläp başlaň-diýip, howlukmaç buýruk berdi.-Gün ýaşmanka «Nemrut ataşyny» taýýar etmeli, güýçli tüsse burugsatmaly. • Hoşboý ysly ot-çöpler ýa-da Züleýhanyň bimar bendisi Goçmergen Züleýhanyň ähli edýän zatlaryny ünsden sypdyrman synlap ýatyşyna ýuwaş-ýuwaşdan özüne gelip, bolup geçen ahwallaryň kelebini kellesinde çöşläp başlady. «Kuwwalylaryň jansyzlary dagda arkaýyn gezip ýörler. Olar ýöneden ýörmezler, bir mojuk işiň kül-külüne düşendirler. Geçen bahar hem bir berk niýete münüp gelipdiler. Araçäkdäki ýigitleriň gözüne çöp atyp, bir tär bilen gizlenip geçip, gyşlaklara golaý gelipdiler şonda. Bu gezek weli olar hasap ederden has köp bolup dökülipdirler». Züleýha onuň ýanyna gelip, indi iki agşam bäri öz ýanynda galýan eziz myhmanyny saçak başyna çagyrdy: -Awçy beg ajykmadylarmyka? Men agşamlyga barak etinden kepbap bişirdim, datly tagam bersin diýip leýmun suwuny-da sepdim. Goçmergen onuň ak ýüzüne seredip: -Ýok, men ýerimden tursam gyşlaga gitmeli, adamlardan habar tutmaly-diýdi.-Garadagda kuwwaly serbazlar ygyşyp ýörler. Bir bela gopmadyk bolsa ýagşydyr. Züleýha onuň gapdalynda dyz epip: -Awçy beg, siz ýarawsyz-diýdi. Soňra onuň berdaşly gollaryndan sypalap, aýalarynyň arasynda kijijik ellerini saklady.-Onsaň ýene edil bu wagt sen gyşlaga gitmeseň öz-özüňe ýagşylyk etdigiň bolar. Goçmergen allaniçigsi halda: -O nämüçin-diýip, oňa sowal berdi. -Gyşlagyňyzda seniň dostuň toýy başlandy. Ol seniň söwdügiň, seniň adaglyň bilen toý tutup otyr. Edil bu wagt ol ýerde görünseň sen bir erbetlik edersiň. Topalaň göterersiň. Goçmergen ýerinden dikelip oturdy-da: -Sen bu zatlary nirden bilýärsiň?-diýip, Züleýha şübheli seretdi. Züleýha özüni günäli duýýan ýaly başyny aşak salyp durşuna: -Sen uzak gije gyzyl o’t bolup ýandyň, awçy beg-diýdi.-Uzak gije samrap çykdyň. Gyzgynyňy gaýtarmak azap boldy. Seni alada edemden soň ýanyňdan aýrylyp bilmedim, onsaň ähli zatlary diňläp oturmaly boldum. Biçak utanan Goçmergen gapdalynda oturan Züleýhanyň syratly bedenine, alma ýaňaklaryna, özüne garaýan okara gözlerine sessiz-üýnsüz seredip: -Meni näme üçin alada edýärsiň-diýip, gyzyň garaşmadyk sowalyny berdi. -Alada edýän-de, nädeýin-diýip, onuň sowalynyň sowuk äheňinden öýkelän Züleýha damagy dolup zordan jogap berdi.-Özümem bilemok awçy beg, seni alada etmesem bolanok. Kalbyma buýrup bilemok. Ol seni juda gowy görüpdir. Meniň näzik kalbymy agyrtmasana! Goçmergen Züleýhanyň aýdýan sözlerini diňläp ýatyşyna şemdanlaryň ýanynda kümüş jamda tütäp, hoşboý yslary bark urýan otlaryň ysyny alyp, öňküden beter başy garjaşdy. Züleýha hem şoňa garaşýardy. Ol özüni söýgüli ýigidiniň gujagyna atmaga howluýardy. *** Dagyň ýapgydynda ýakylan o’tlar adam boýundan hem belende galyp, gyzyl ýalynyň uzyn dilleri howany ýalaýar. Bir hatara düzülip, on-onbäş ýerde hemem bir wagtda ýakylan o’t göze görünmeýän gazaply haýwanyň arlaýşy kimin şatyrdap, gübürdäp ýanýardy. -Edil muhterem Safar münejjimiň aýdyşy ýaly, şu gün şemal güýçli öwsüp, ody basym tutaşdyrýar-diýip, Attar Mälik hoşgylaw ýylgyrdy. Şerif şatyr oňa golaý gelip: -Serbazlar buýrugyňyza taýýar-diýip, tagzym gatyşykly baş egdi.-Agzyňyzdan çykjak her bir tabşyrygy berjaý etmek şerefdir. Attar Mälik göz gyýtagy bilen sazanaklaşyp duran serbazlara seredip: -Serbazlaryň etjek işini hol çuwallardaky gudrat eder-diýip, ýuka dodagyny gyşardyp ýylgyrdy.-Hany indi getiriň bäri! Serbazlar çöküp oturan düýeleriň gapdalynda bir-birsine degşirlip goýlan haltalary göterip Attar Mäligiň ýanyna alyp gaýtdylar. Attar Mälik haltalaryň agzyny açdyryp, onuň içinden bir penje külreňk gumy oda oklady. Oduň ýalny bada-bat öçüp, közli kesindileriň arasyndan goýy gögüş tüsse burugsap howa ýaýrady. Attar Mälik tüssäniň adaty däl ysyna seňrigini ýygryp ýylgyrdy-da: -Hiç bir jady-sehr hem däl, diňe kimýadyr bi-diýip, öz-özünden göwnühoş bolup hümürdedi-Ýöne siz muny sehrigöýlik hasap etseňiz gözel göwnüňiz. Goý, siziň aýdanyňyz bolsun. Soňra ol syrly külke gaplanan haltany tutup duran serbaza: -Çuwalyň içindäkini oduň üstüne çöwrüp, tutuş silk-diýip, buýruk berip, özi gyra çekildi. Serbaz dem-düýdüni çykarman onuň aýdanyny berjaý etmek bilen boldy. Beýleki serbazlar hem ellerindäki haltalaryň içindäki kirşene meňzeş külkäni oduň üstüne guýdular. Oduň ýalny öçüp, oňa derek goýy tüsse burugsap, towlanyp, dünýäni doldurdy. Şemal bolsa dünýäni gaplan tüssäni Garadagyň gyşlaklaryna tarap edil eldeki haýwany iýdip äkidip barýan ýalydy. • Oýalykdaky oraşan düýş «Kellämiň agyrysyna çydar ýaly däl. Depämi açyp, beýnimi goparyp taşlap, ýerine gaýnap duran gurşun guýlan ýaly-la, walla-diýip, alasarmyk halda oýlanan Goçmergen gözlerini açmaga synanyşdy, boýnuny gyşardyp gördi.-Bolanok, ellerimi-aýaklarymy ýeser edip daňypdyrlar, adam daňmagyň bu usulyna kuwwalylar kürmek diýýäler». Ol azajyk diklenip töweregine seretdi. Gara görnümde ses-selem ýok, ümsümlik. «Gara kezzap töwerekde görnenok. Diýmek meni mäkäm daňyp, özi serbazlaryny alyp gelmäge gidipdir öýdýän, deýýus». Goçmergen gözlerini ýumup, birazajyk wagt oýlanyp ýatdy. «Bu dönük deýýus Garadagyň ähli syryny duşmanlara satyp, ýurdumyzyň basylyp alynmagyna aňsatja ýol açyp berendir. Indi Garadag ülkesi Kuwwa hanlygynyň golastynda ýaşamalymy?! Ondan-a entek güýç-gaýratymyz barka söweş meýdanynda gylyç gemrip ölenimizem gowudyr». Soňra ol ýatan ýerinden süýşenekläp kölüň kenaryna tarap gaýtdy. Kölüň kenaryna ýetenden soň, biraz demini dürsäp durşuna diňşirgenip töweregi diňledi. Ol el-aýagy daňylgy ýagdaýda togalanyp köle girdi-de suwuň astyna çümüp başlady. Goçmergen suwuň düýbüne düşen daş ýaly ses-selemsiz ýitdi. Soňra gözüni açanda Züleýhanyň başujunda oturandygyny gördi. Züleýha onuň maňlaýyndan syrygýan der damjalary elýaglyk bilen süpürip oturşyna: -Sen gaty gyzdyrdyň-diýýärdi. Onuň aýdýan sözleri Goçmergeniň gulagyna uzakdan eşidilýärdi. Züleýha Goçmergeniň beýle hala düşüp galmagyny islänokdy. Diňe naharyna goşup beren dermany artykmaç düşdümi ýa-da ters täsir etdimi, belli däl, ýöne bir zad-a boldy. Onuň özem awçy begiň bir özüne gelip, ýene bir-de beýhuş bolup ýatyp galyşyndan howatyr etmän duranokdy. • Kesapatly toý - Äraly mürze, toýuň gutly bolsun!-diýip, Baýhan töre egni Kuwwada tikilen goňras çäkmenli, başy bagana telpekli kişiniň goluny gysdy.-Ogul öýermek ýaly işleri pyýgamberimiz hem ýagşy görüp, sünnet edipdirler. Baýhan töräniň sözlerine hoşamaý baş atýan Äraly mürze oňa törden ýer görkezdi. Soňra eli bilen maňlaýyny kölgeledip, toý märekesniň gaýda-gaýmalaşygyndan birini gözledi. Onuň arkasyndan gelen kyrk bäş-elli ýaşlaryndaky adam: -Däde, meni agtaryp durmuň-diýip, oňa habar gatdy. Äraly mürze: -Hä, Nuraly oglum gowy geldiň, seni tapman durdum-diýip, ogluna seredip durşuna bir zatlary ýadyna saljak bolup azara galdy.-Goňşy gyşlakdan gelen gonaklara tagam çekdiňizmi? Nuraly hemme zadyň göwne makul edilip durlandygyny aýdyp, öz ugruna gitdi. Äraly mürze toý gazanlarynyň arasyna baryp, şol ýerde aýlanyp ýörşüne egnine gyrmyzy don geýip, biline kendir guşak guşanan garynlak kişini tapdy: -Beýemçi, hany senem bir göreýin-diýdi.-Çapyksuwarlara serpaý taýýar durmy? Şol wagt nirdendir bir ýerlerden atylyp çykan dyzmaç atly ýigdekçe toý mähellesiniň ortasyna urdurylyp girdi-de, jylaw tutup bilmän atdan ýykyldy. Ony derrew ýerinden galdyryp, agyz-burnunyň ganyny süpürdiler. Ol daşyna üýşen adamlara «Dagdan kerwen geldi, uly bir o’t başardylar, şondan soň...» diýip, bir zatlar habar berjek bolup, sözlerini aýaklap bilmän gözlerini giňden açyp, huşuny ýitirdi. Toý şowhunyna suw sepilen ýaly boldy. Baýhan töre iki ýana elewrep ýören aýallary synlap seňrigini ýygyrdy: -Hany, Teýmir mährem derrew atlanda daga tarap gidip gör özüň-diýip, ol garry goşunbaşa buýruk berdi.-Ýanyňa saýlama ýigitlerde üç-ýedi sanysyny algyn, ýene bir howp-hatar ýüz beren bolmasyn. Teýmir mährem sesini çykarman özi ýaly garrap tapdan düşen ýabysyna atlandy. Ol atlylary bilen obadan saýlanyp, garasy ýitmänkä, Garadag tarapdan çapgyn şemal öwsüp ugrady. Şemalyň ugruna tüsse ysy gelip başlady. Tüssäniň ysynda köýen kagyzyň tagamyna çalymdaş bokurdagyňy gijedip, üsgürdýän bir zat-a bar. Demligiňi dykyp, kelläňi agraldyp barýar. Tüsse gitdigiçe goýalyp töweregi gaplap barýar. Adamlar bir pursat uka giden ýaly oýalykda doňup galdylar. Zaman, mekan diýen düşünjeler bir pursat pikir-oýlardan çykdy. Aslynda pikir-oý, erk-hereket, duýgy hemme zatlaryň arasy üzlüp, dagady, çaşdy. Bu bir pursat dowam etdimi ýa bir gün hiç kim bilenok. Hemmeler özüne gelende Kuwwa hanlygynyň atly-ýaragly serbazlarynyň, gyzyl tuglaryny belent tutup ýetip gelýändiklerini gördüler. Bedew atlaryny säpjedip gelýän serbazlaryň ýüz-gözlerinde gahar-gazap alamaty ýokdy. Dagyň etegine golaý bir ýerde Teýmir mährem demligi dykylyp atdan agdy. Ony saklan bolmady. Ýanyndaky ýigitleriň ýagdaýy ondan gowy däl. Arkasyny harsaň daşa berip oturan garry serkerde atlaryndan düşmän irkilip oturan, atdan düşseler-de iki-ýana yraň atyp barýan ýigitlerine ysgynsyz halda seretdi: -Bu mutlaka maglubyýet! Mutlaka maglubyýet-Bütinleý ýeňiliş. • Ümdüziňe gaçyş Ol gözlerini ýalpa açyp bilmedi. Ýuwaş-ýuwaş özüne geldi. Mejalsyz ýatyşyna «Belki meniň bu ýatyşym bir zadyň alamatydyr, ýöne ýatyş däldir-diýip şübhelendi.-Bolmasa öň hiç wagt şuňa meňzeş ýagdaý bolmandy. Men haçandan bäri özümi biler-bilmez alasarmyk halda bu külbede ýatyryn, dünýeden habarym ýok». Ol ellerine başyny goýup uklap galan Züleýhany oýarasy gelmedi. Ýuwaşlyk bilen gabagyny galdyryp, ýarym ýagty otagyň petigini synlap ýatyşyna öz ellerine başyny goýup süýji uka giden Züleýhanyň saçyndan gelýän ysa melul bolup ýene uka gitdi. Uklap barýarka bir alamat gören ýaly boldy ýa-da ony ýene gara basdy. ...Gyşlakda şowhun-şagalaňly toý bolup dur. Dosty Şiraly mürze onuň ýanyna gelip: «Goçmergen, hany dost, sen bir wagtky eden şertiňi ýadyňa sal» diýýärdi. Goçmergen onuň näme hakda aýdýanyna düşünmän duranmyş. Şol wagt Şiraly mürze «Hany, Aýsuluw saňa baraýsa, men bu gyşlagy, bu ili terk edip, çykyp giderin diýip ant içipdiň, ýadyňdamy?! Ine, men-ä Aýsuluwy törüme geçirdim, indi ol meniň nikaly aýalym. Hany dost indi senem şertiňi bitirip bilermiň» diýýärdi. Garabasmadan aýňalan Goçmergen eglenmän ýerinden turmaly diýen berk karara geldi. Ol Züleýhanyň düşegini terk edip, ýarym garaňky otagda sermenip eşiklerini gözledi. Birhili özüne howa ýetmän başynyň aýlanýandygyny duýup, daşary çykmaga howlukdy. Soňky sapar süýji ukuda ýatan Züleýha tarap nazar aýlady. Ol hiç zatdan habarsyz. Şu wagt nähili ýakymly, mähriban görünýär. Goçmergen nämüçindir ony ýeke goýup gidesi gelmedi. Ol eşiklerini tapmasa-da daşky otaga ýöneldi. Daşky otagda oňa Zeýtuna kempir pete-pet geldi, çaky ol gapyda durup assyrynlyk bilen ony synlapdyr. Golunda Goçmergeniň eşikleri bar. Ol garşysynda peýd bolan ýalaňaç ýigide alagaraňkyda çiňerilip durşuna: -Gözel gyzyň gujagynda aýşy-eşretde bolup, wagtyny hoş geçiren goç ýigit-diýip, içiýangynly güldi. Agzynda ýeke dişi hem ýok bu murdar kempiriň gülküsiniň aýylgançdygyny diýip, içini gepleden Goçmergeniň ini düýrükdi. Zeýtuna kempir bolsa gyssanman sözüni dowam etdi.-Sen bu ýerde düşegiň ýumşady beg, gyzgyn gujakdan galkynyp bilmediň. Seniň ýurduň bolsa eýýäm Kuwwa hanlygynyň-kuwwatly döwletiň gujagyna düşdi. Wah-hah, waweýla* indi seniň ülkäň ýokdur, ol biziň ýurdumyzyň bir welaýatyna öwrüldi. Goçmergen Zeýtuna kempiriň elindäki eşiklerini kakyp alyp daşaryk okduryldy. Daňdanyň ümüş-tamyşynda ylgap barýarka bir-iki ýola daşlara sürşüp ýykyldy, maňlaýy ganjardy. Emma şonda-da hiç zady myzaýyk etmän ylgady. Dag ýapgydynda aşak düşüp gelýärkä ol Kaşal padymana gabat geldi. Ol harsaň daşa arkasyny berip, bir tarapa garap, saňsar bolan ýaly dymyp otyrdy. Goçmergen onuň garşysyna geçip: -Padyman, bolup oturyşyň näteňet, eýgilikmidir, janyň bir sagmydyr-diýip, howsala bilen ony soraga tutdy. Kaşal padyman ses-üýnüni çykarman otyrdy. Goçmergen onuň egninden tutup, özüne getirmäge synanyşdy: -Padyman diýýän, saňa nämeler bolup geçdi-diýip, biraz gaharlanyp sorady.-Biziň ülkede näme wakyýalar gopdy özi? Kaşal padyman oňa seretmän öz ugruna gepläp oturan ýaly: -Bütin halkyň aňyny üýtgetdiler, mergen. Kuwwa ýurdundan gelen melgun jadygöýler biziň daglarymyzyň üstünde şaman ody ýakyp, tüsse tütedip, bir belalar okap, biziň ile dem urdular, çüflediler.-diýip, çal başyny yrap samrady.-Soňra Kuwwanyň serbazlary hiç zat bolmadyk ýaly gelip, biziň gyşlaklarymyza geldiler, biziň han-törelerimize hem siz şu günden bu ýana Kuwwa hanlygynyň raýaty, bu zemin hem biziň welaýatymyzdyr diýip yglan etdiler. Tamam garadaglylar, tutuş halk akyl-huşuny ýitiren ýaly gelen bir oýnam serbazyň öňünde teslim bolup, özleriniň erk-ygtyýaryny olara tabşyrdylar, olaryň aýdanlaryny kabul etdiler. Goçmergen dik durmaga mejaly galmandan soň çommalyp oturyp ony diňleýärdi. Diňledigiçe hem gursagynyň astynda bir ýerlerde erbet sanjy döräp, çekip-çydar ýaly bolmadyk azara öwrülip barýardy. Soňra ol özüni rastlap ýerinden dikeldi. Elleri bilen ýüzüni maňlaýyny owkalap özüne geljek boldy. Garadaga öwran-öwran seretdi. Göwnüne bolmasa daglar hem peselen ýaly, edil egninden basylan ýaly duýgy döredi. «Meniň erkine el ýetmeýän gaýa dek buýsançly, arslan ýürekli halkymyň maňlaýyna niçik kysmatlar ýazylypdyr. Niçik sehru-jady bizi merdi merdanalykdan jyda eýledi. Nädip beýle nalajedeýin, namyrat hala düşdük. Çarhy-pelek niçik hazan ýeline öwrülip-aýlanyp başlady»? Soňra ol ýüregin demir tikenli penjesine gysyp, mynçgalap, pers-ala edip barýan azardan gaçyp gutuljak bolýan ýaly ümdüzüine tutdurdy. Kaşal padyman dünýeden doýan ýaly bolup oturan bolsa-da, onuň bu herekedine geň galyp yzyndan seredip galdy. *** Ýarpy göwresi ýorgançadan çykyp galan Züleýha ukynyň arasynda üşeýändigini bilip ýatyrdy. Belki köl tarapa garaýan penjire açyk galandyr diýip ukuly halda kellesine getirdi. Birden howsala düşdi. Entek ukudan turmanka gujagynyň boşlugyny duýup, gözüni açan dessine Goçmergeniň ýokdugyna düşündi. Ol eşiklerini geýmäge gyssanyp gözleri bilen ony agtarýardy. Onuň bireýýäm ýokdugyny bilse-de öz göwnüni aldap, gözleri otagyň dört burçuny aýlanýardy. Şol wagt daşky otagdan çykan tykyrdy oňa umyt berdi. Bar eken, gitmändir diýip, bir galkdy, ylgap daşky otaga çykanda Zeýtuna mama pete-pet geldi. -Wah-h, enem senmidiň?! Zeýtuna mama ýüzüni kese sowup: -Näme garadagly gurrumsagyňy gözleýäňmi-diýip, ýigrenç bilen agzyny gyşartdy. Züleýha bir möhüm zadyny tapman, basga düşüp, başagaý bolup duran ýaly Zeýtuna mamanyň eginaşyry daşky gapa seretdi-de: -Howwa, gözleýän, näme-diýip, gahar bilen gözlerine ýaş aýlady.-Gidipdir ol, indi gözläniňden nä peýda. Men ýatyp galypdyryn, men näme üçin beýle gaflat ukusyna galyp bolup ýatyp galdymkam, gara maňlaýym. -Ah-eeý, akly kelte gyrnak-diýip, Zeýtuna mama oňa käýindi.-Özüňi bagyş edip, ony özüňe bendi edäýerin diýdiňmi? Heý beýlede bir ýaňylmak bolarmy. Ol dag möjegi, sen bolsa günäsizje owlajyk. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaýar» diýlen gep bar, eşitmediňmi? Sen ony özüňe maýyl edip, imrindirip, ekdi etjek bolduň. Unutma hergiz. Garadaglylar beýle duzaga düşmeýärler. Züleýha göz ýaşlaryny seçeläp, saklanyp bilmän: -Men ony maýyl etjek bolmadym-diýdi.-Tersine ol meni özüne bendi edip taşlady. Men ony janymdan söýýän. Ozal men şeýdip aklymy ýitirip hiç kimi söýüp görmändim. *** Şiraly mürze atlaz ýorganda ýarym ukuly halda ýatyşyna gelniniň kündük ýyladyp ýörşüne seredip ýylgyrdy. Soňra biraz diklenip oturyp, alty ganat ak öýüniň täzeje tüýnügine seredip, ol hakda oýlandy. «Aslynda Aýsuluw bilen ikimize niýetlenip gurlan ak öýüň özi täze ahyry. Ejem-ä ýazlaga gidilende gurýan öýlerimizden dikäýmeli, oglumy öýerýän diýip, beýdip göz çykgynçylyk edip ýörmek gerek däl diýip, göwnüme-de degdi weli, ýöne dädem tüweleme öz bilenini etdi. Hemişe talhandökerlik edibem bolmaýar, emma maňa gezek gelende dädeme berekella aýdaýmaly-diýip, Şiraly öz ýanyndan minnetdar boldy.-Täze gelin, täze ak öý, täze bir haýýat». Aýsuluw golaý gelip ýaşmagyň aňrysyndan: -Tehäret suwuň taýýar-diýdi.-Daň atyp gelýär. Şiraly mürze ýüpek ýorgany sepip ýerinden turdy. Ol çykyp gidenden soň Aýsuluw işdäňi açýan süýji ysly ertirlik häzirläp saçaga getirdi-de ak öýüň dagdan gapysyna seretdi. Gapy oňa Goçmergeni ýatlatdy ýatlamajak hem bolsa ýatlatdy. Gör haçandy, haçan aýdany ýadyna hem düşenok. Emma aýdan sözi ýadynda. Şol gezek duşuşyga gijä galyp gelen Goçmergen «Şiraly mürzeler üçin jülgeden dagdan agajyny çapyp alyp gaýtdyk, pälwan agaç eken on-on bäş müçe dagy ýaşynda bardyr» diýipdi. Şeýle uzak ýaşan dagdan agajy bolaýmasa ondan gapy-gabsa ýasar ýaly tagta önmeýär. Aslynda dagdan agajyndan gapy ýasatmaga seýrek adamlaryň gurby çatýar. *** Goçmergen kyrk günden bäri Ýehuduk gowagyndan çykman ýatyrdy. Ondan hiç kimiň habary hem ýokdy. Ol hem hiç zatdan habarsyz lal-güň ýaly ýatyrdy. Birnäçe sapar öz janyna kast etjek boldy. Kast edip hem gördi, emma ölmedi, ölmek başartmady, itjanly ekenim diýip ajy ýylgyrdy. Garaňky gowagyň tümlüginde ganyny sarkdyryp-sarkdyryp, mejaly gaçyp uka gitdi. Uklap barýarka hyýalynda ejesiniň mährem hüwdüsine meýmireýän ýaly boldy. Kakasy pahyr hem şol ýerde, oň merdem keşbine gelşip duran şahdaçyklyk ýadaw ýüzüne ýaraşyk berip durdy. Gorkudan we öýkeden gözjagazlary ýaşa dolup duran oguljygyny köşeşdirjek bolýan kakasy «Hany oglum, seni ulakan ýigit edeli-diýip, kijijik Goçmergene hoşgylaw bakýar.-Sünnetlije ýeriňi görkez hany». Ol düýşünde wagty tokar oglanjykdy, oýananda ýene öňki durmuşa dolandy. Düýşünde ony sünnete ýatyrýarlar, hemmeler bir zada begenýärler. Oýananda bolsa ol diňe maýyp bolup galanyny aňlady. Ol özüni bu ýalançy dünýäde watansyz, il-günsüz dosty-ýarsyz galan bir zat hasaplaýardy. Men jan hem däldirin, ruh hem däldirin. Men bir reňksiz howada gaýyp ýören tozgadyryn diýip, öz-özi hakynda pikir öwürýärdi. Näçe wagt geçendigini bilenok, ol aç-suwsuzlyga öwrenişdi. Soňra yraň-daraň atyp, garaňky gowagyň törüne bardy. Ol ýerde bulkuldap ýerden çykyp duran çeşmäniň gyrasynda dyz epip, eglip suw içdi. Suwuň tagamy janyna aram berip, bir pursat dem almagam unutdy. Sowuk suwdan ganyp içýärkä gözlerini süzüp lezzet duýdy. Biraz özüne gelenden töwerek ýagtylan ýaly boldy. Gowagyň bagryndan syzyp ýene bir näbelli tarapa akýan çeşmäniň gapdalynda ýarpy bölegi ululy-kiçili gyýçak daşlara gömlüp ýatan sandyk tapdy. Daşyna galaýy çekilip haşamlanan sandykda öküz hamyndan jiltlenen on-onbäş kitap tapdy. Kitaplary çeşmäniň gyrasynda goýup sandygy gowagyň agzyna-ýagty ýere eltip goýdy. Sandygyň ýüzüne tutulan ýalpyldawuk galaýynyň ýüzüne keşdelenen arapça ýazgyny kynlyk bilen okady. «Rebbi kad ateýteni, min-el-mülki we allemteni, min täk’wilil ehadisi, fatyres-semawaty wel-arza, ente weliý fid-dünýa wel-ahyraty. Täweffeni müslimen we elhikni bis-salihin*». Haty okap, onuň Kurandan haýsy-da bolsa bir aýatdygyny aňlan Goçmergen «Meger bu gowakda ýaşan ýehudy Ýusuf musulman bolan bolmaly» diýip, öz ýanyndan çaklady. Rebbi kad ateýteni, min-el-mülki we allemteni, min tähwilil ehadisi, fatyres-semawaty wel-arza, ente weliý fid-dünýa wel-ahiraty. Täweffeni Müslimen we elhikni bis-salihin.*- Perwerdigärim sen maňa patyşalyk, mülkdarlyk berdiň we düýşleri ýormagy öwretdiň. Meniň musulman halymda janymy algyn we meni ýagşyzadalar bilen duşuşdyr. *** -Bu bibaş, badyhowa halkyň baýyna-garybyna, hanyna-serdaryna bir ajaýyp alamat görkezip, bir damja-da gan dökmän ýurda eýe bolduk, bir ülkäni bir lahzada* teslim** edip başardyk-diýip, Attar Mälik ýeňilden dem aldy.-Indi Garadag ülkesi Kuwwa hanlygynyň bir synasyna öwrüldi. Allaha hamd we şükürler bolsun! -Ämin! -Ämin, inşalla! Ýanyndaky hemralary oňa eýerip, gollaryny ýüzlerine syldylar. Attar Mälik sözüni dowam etdi: -Bu welaýatyň öňki hany öňki ornunda oturubersin. Bu ýerde biziň öz wekilimiz bolar. Biz diňe Ulug hanymyzdan onuň adyna perman ýazdyryp, möhür bereli. Goý, ol öňküsi deýin halkyň baştutany bolup ýurdy dolandyrsyn, ýöne indi biziň hezreti hanymyzyň emirlerini wajyp tutup, buýruklaryny berjaý kylsa, bizge wepadar hyzmat eýlese şol ýeter. Bu ýerde bize hiç kimiň baş götermändigi, biziň emin-arkaýyn gelip, ýurda eýe bolandygymyz barada hoş habar eýýäm muhtarem Ulug hanymyza ýörite çapar bilen ýetirildi. Indi biz bu ýurtda doly häkim, Kuwwa hanlygynyň namyndan hereket etmäge haklydyrys, kadyrdyrys. Şerif şatyr gapdalynda duran ýüzbaşylaryň adyndan gürleýän ýaly: -Hormatly Attar Mälik, rugsadyňyz bilen ýene bir zat barada aýdaýsam kem bolmazdy-diýip, ellerini owkalady.-Indi her näme-de bolsa bu ýerde biziň serbazlarymyz düzgün-nyzamy berjaý etmek üçin bu ýerde galsalar juda gowy bolardy! Attar Mälik makullaýjylyk bilen baş atdy: -Elbetde, bu ýerde biziň toply-tophanaly gorganymyz bolar, hem birki müň serbazymyz, birnäçe onbaşylarymyz, ýüzbaşylarymyz, serkerde-serheňlerimiz galar. Her hili zat bolmagy mümkin. Bu ýerde öz adamlarymyzy öz serbazlarymyzdan ýagşy goraglajak tapylmaz. Gollaryny döşüne goýup, özüne tagzym edip duran Şerif şatyra aýratyn nazar salan Attar Mälik: -Şonuň üçin siz şu wagtdan biziň bu ýerde galjak wekillerimiz hem-de serbazlarymyz ýaşar ýaly gala-gorganyň gurluşygyna oňaýly bir mesgen tapmalysyňyz-diýip, oňa tabşyryk berdi. *** Howlukman ertirlik edinen Äraly mürze töwir galdyryp, elini eňegine ýetirdi: -Ine, indi boldy. Biziň toý tutan günümiz ülkämiz Kuwwa hanlygynyň howandarlygyna geçdi. Indi emin-arkaýyn ýaşamaly, ömür sürmeli zaman geldi. Onuň uly ogly Nuraly kakasynyň sözüniň ahyrynda näme diýjegini bilmese-de, baş atyp hä-howwa berip ony makullaýar. Şiraly bolsa arkasyny tärime berip, gözlerini bir nokada dikip, dymyp otyrdy. Äraly mürze «ähem-ühem» edip, bogazyny arçap sözüni dowam etdi: -Biziň hemmämiz Kuwwa hanlygynyň metjit-medreselerinde ylym-magryfet alyp, kämil çykdyk. Şonuň üçinem biz Garadag halkyndan kän tapawutlydyrys. Geljekde siz hem Kuwwanyň merhemetli hanyna wepaly hyzmat edip, ol Zaty Alylarnyň ýakynynda bolarsyňyz. Şiraly mürze kakasynyň nutuklaryny ýüregedüşgünç hasaplasa-da, ahyryna çenli diňledi, soňra daşary çykyp salkyn howada dem almak niýetinde baga tarap gitdi. Serhowuzyň gyrasynda aýak çekip, uly daşyň üstünde oturdy. Bu ýeriň salkyn saýaly, miweli agaçlary Şiralynyň janyna aram berip bilmese-de, ol bu ýerde ýalňyzlyk tapýardy: «Indi näçe günden bäri Goçmergenden habar ýok. Onuň nirde ýörendiginem bilýän ýok. Hatda ýegençisi Aýbarçyn hem onuň nirä gaýyp bolandygyny çaklap bilmeýärdi. Ol biçäre hem agasyndan bir habar tapyp bilmän elek bolup elenýär. Obada bir gep bar; düýnki basgynda Goçmergen ýeke öz kuwwaly serbazlara garşy çykypdyr, dag içinde daşyny gaban serbazlar ony rehimsizlik bilen kerçeläp-parçalap hezil edip öldüripdirler, pahyryň jesedini hem ahyrynda Jynly köle atypmyşlar. Bu gepe ynam ýok. Emma dogrudan hem ol nirdekä»? Şiräly öz ýanyndan oýlap-çenläp, göwnüne gelenini aňynda aýlap oturşyna, dostunyň ýitip gitmeginde özüniň günäsiniň bardygyny iç-içinden boýun alýardy. «Goçmergen menden gaty öýkeledi. Men bilip durun, ol meniň adym ýadyna düşende hem ýigrenýändir. Meni görmejek bolup gör haýsy jelegaýlara özüni urup gidendir, nirde iki jahan awarasy bolup ýörendir». Ol indi näçe gündür özüne gün bermeýän bu pikir-oýlardan halas bolmagyň alajyny tapman gelşine özleri üçin erik baglarynyň aňrysynda dikilen ak öýüň gapysyna gelip aýak çekdi. «Ine, bu ak öý meniň Aýsuluwa öýlenmegim mynasybetli tutulan öý, bu öýüň gapysyny dostum sowgat edipdi. Bu öýüň içinde hem onuň almaly gyzy maňa garaşyp otyr. Meniň bilen bir ýassygy paýlaşýar, gijeler ýatman aýşy-eşret gurýar. Daňa çenli şöwür çekip, söýgi sapasyndan serhoş bolmak ne gowy, emma irden şu gapydan çykjak bolanymda gaty erbet bolýan». • Gowakdaky gutarmaýan düýşler «Bu ýerde näçe köp galsaň şonça köp täsin ahwallara şaýat bolýarsyň-diýip, oýlanan Goçmergen indi näçe günden bäri duz datmasa-da özüni oňat duýýandygyny täsinlik hasaplady.-Ýöne ähli bolup geçýän zatlar düýşde ýaly. Hyýallar çöşlenip, soňsuza çenli uzaýan dek. Ine, şony weli hiç aňlap bilemok, hemem biraz başym aýlanýar». Indi näçe günden bäri hatar-hatar gelip, gowagyň agzynda direnişip durýan adamlar onuň bilen gepleşmäge döwtalap. Gelip-geçip duran adamlaryň arasynda tanyş-nätanyş ählisiniň sözlerini diňläp, söhbetleşip ýatmak birtüýsli ýadadýaram. Soňky günler gözleriniň öňüne sarymgylt perde tutulan ýaly bolsa-da, Goçmergen daýysyny tanady. Ol deşli göwresini aşak egip, gowagyň agzyndan içeri girdi-de bosagadan içeri bir ädimem ätmän: -Ýeri-ow jiýen, bu ýatyşyň näme?-diýip, Goçmergene habar gatdy.-Derrew özüňe gel-de, ýeriňden tur. Sen ýaly ýigitler beýdip ýatmaly däldirler. Goçmergen argyn başyny bir galdyryp: -Daýy, azar bermesene-diýdi-de, ýene kellesini sowuk daşa berdi.-Kelläm ýarylyp gelýär şu wagt. -Haý haý, jiýen han, beýdip ýatmak saňa gelişmez. It ata, är daýa diýipdirler. Goçmergen daýysynyň hemişeki gaýtalaýan nakylyny indi gör näçenji sapar eşidýändigini ýadyna salyp, çalaja ýyrşardy: hakykatdanam bu duran meniň bilen oýun etjek bolýan jyn-arwah däl-de, hakyt daýym ýaly-la?.. -Daýy, seniň aýdýan nakylyň düýbünden başgaça manysy bar eken.-Goçmergen ýerinden dikeljek boldy. Başarmady. Onsaň mejalsyz ýylgyryp, ýatan ýerinden sözüni dowam etdirdi.-Gadymlarda «It ata-är daýa*» diýipdirler. It diýen janawar näme ata** etseň, berilen zada kaýyl bolar eken, är diýeni bolsa hemişe daýa gözlärmiş. Daýa diýlip abraýa aýdylýandyr, daýy. Hemem ar-namys, abraý-mertebe hemmesi bir zat, är kişi kyn pursatda namysyna daýanar eken. Namyssyz adamyň daýanmaga zady bolmaýar. Soňra daýysynyň lapykeç sudury gözden gaýyp boldy. Gowagyň agzyna düşüp duran Günüň ýagtysy saralyp-agaryp başga bir reňke aýlanyp, soňabaka sähranyň keşbine öwrüldi. Tekiz sähranyň üstünde gyzyl-sary, narynç reňkli gülzarlyk tolkun atyp, salgyma öwrülip göründi. Bir müddet ol Aýsuluwy, Aýbarçyny, ýene bir topar garadagly gyzlary gördi. Olar şadyýandylar, özara bälçireşýärdiler. Arasynda läle kakyp, aýdyma hiňlenýänleri, gopuz çalýanlary hem bardy. Iň soňundan hem başyny aşak salyp gelýän daraýy donly Züleýha gözi düşdi. Züleýha ol gyzlara garanda Goçmergeniň gözüne asylzada göründi. Ol hemişekileri ýaly däldi, birhili Goçmergene ýakyn duýulýardy. Şol uzakdan duran ýerinde boýnuny burup: «Beýdip iki dünýäniň ortasynda ýatmasana, awçy beg-diýip, okara gözleriniň owasyny ýaşdan dolduryp özelenýärdi.-Öňler seniň iliň bilen meniň ilim aýry-aýry ülkedir diýýärdik. Indi seniň iliňem biziň ilimizem bir boldy, awçy beg, indi ikimizem birleşäýeli. Sensiz maňa bu jahan tükeniksiz dar görünýär». Goçmergen salgymda görünýän sary bägüllere, özüne bakýan gül meňizli tukat gyzyň nerkez gözlerine seredip, bu ahwallaryň hyýalynda bolup geçýändigini aňlady. Şonda-da ol zagpyran deýin sargaran Züleýhanyň öz hyýalynda janlanan keşbine seredip ýatyşyna «Bolýa, beýle ynjama, barybir men seni bi ýalançyda ýeke goýmaryn, meniňem indi hiç ýakynym, ýaranym galmady öýdýän. Barysy salgyma öwrülip, epgekde eräp gitdiler» diýesi geldi. Züleýha bolsa sary bägülleriň arasyndan sallanjyrap, salykatly ädim urup gelişine: -Daglarda salgym nämişlesin awçy beg-diýip, ýaşa dolan okara gözlerini süzüp ýylgyrýardy.-Sen diňe düýş görüp ýatyrsyň, özem oýa wagtyňda hyýalat görýärsiň. Aslynda siziň bu Garadag ülkäňiz her tüýsli düýşleriň ýurdy ýaly bir zat. Şo-ol erkinlik hakdaky boş hyýallara aldanyp, düýşürgäp ýörsüňiz. Emma ine biziň Kuwwamyz hakykatyň memleketi. Ol ýerde adamlar düýş görmeýärler. Düýş görseler-de ol düýş oraşan bolup çykýar. Nirdendir bir ýerden mawy kölüň kenary Goçmergeniň gözüniň öňünde peýda boldy. Aždarharsaňlary diýlip aýdylýan ýumry daşlaryň arasyndan howlukman gelýän kuwwaly serbazlar göründi, olaryň ellerinde otly kesindi uçgun syçradyp, çabrap-çabrap ýanýardy. Bir ýerden eşidilýän dabaraly saz kakuwyna aýak goşup gelýän serbazlar gollaryndaky kesindilerden adarharsaňlarynyň astyna o’t düşüp, kenarda çar-ýany ýagtyldan uly ýangyn döredi. Goçmergen bu görnüşleri ses-üýnüni çykarman synlap ýatyrdy. Birhaýukdan ýeriň astyndan çykan ýaly Baýhan töre bir topar atla baş bolup bir ýerden peýda boldy. Olaryň gelmegi bilen aşagyndan o’t berilen ýumry daşlar çat açyp, jaýrylyp, goýunkelleli aždarhajyklar çykyp ugrady. Aždar çagajyklary ýumurtgasyny ýaryp çykan dessine agzyndan kijijigem bolsa ýalyn syçradyp, çar tarapa haýbat atýardylar. Baýhan töre gelen dessine ýaňy ýumurtgadan çykan aždarjyklara sadyklyk bilen sejde etmäge başlady. • Kuwwa hanlygynyň täze mülki Şerif şatyr uly ýol bilen gelýärkä, öleňleriň arasyndan görünýän suwharazlary synlap çalaja ýylgyrdy. Kuwwada ürç edilip aýdylýan sanawaç ýadyna düşdi. Ýorga ýabysyny öz ugruna goýberip, ýumşak eýeriň üstünde pinekläp barşyna burnuna salyp, hiňlenjiräp gördi: -Aýlap dursa suwharaz, Haýdap dursa ýelharaz, Halkyň köňli hoş bolar, Ýagşy bolar el-garaz. Ol atyny öz maýdalna sürüp agaç köprüden geçip barýarka çagalyk döwrüni ýada saldy. Entek agzyndan süýt ysy gitmedik diýilýän çagajyk wagtlary onuň sazanda ýa-da bagşy bolmak arzuwy bardy. Ejesiniň yzyna düşüp galadaky garyndaşlarynka toýa baranlarynda ol ýerdäki kernaýçylaryň we surnaýçylaryň saz çalyşyny synlap agzyny açyp galardy. Ýakymly ýatlamalara berlip, derekli ýaýla nädip ýetenini bilmän durka yzyndan biri «Şerif şatyr» diýip gygyran ýaly boldy. Edil bir Şerif şatyr hem däl-de Şerif gatyr diýlip gulagyna eşidildi. Yzyna gaňrylyp, hiç kimi görmedi. Öz göwnüne şeýle bolandygyny duýdy. «Bu howa ýaýradylan dermanyň soňky täsiri bolmaly-diýip oýlandy.-Ýogsam-a näme bolsa Garadag halkyna bolsun, bize bir täsir-eseri etmesin diýip garşysyna derman hem içipdik, elbetde birazajyk hem bolsa bildirmelidir-dä». Ol agaç köprüden geçip, atynyň jylawyny çekdi, eliniň aýasy bilen gözüni kölegeledip, ýaýlanyň ortasynda Kuwwa hanlygynyň wekili üçin gurlup başlanan ak saraýyň gurluşgyna seretdi. Bu welaýatda işleri edara edip oturjak hökümet jaýymyz elbetde kaşaň, haýbatly bolmalydyr diýip oýlanýan Şerif şatyr başyny belent tutup, badyhowa arzuwmentlik etdi. • Toýdan soňky oý-pikirler «Bu mahal dünýäni sil alsa, topugyňa çykmaýan döwür bolmaly ahyry-diýip, Şiraly mürze içini gepledip ýatyrdy.-Hemme zat pikir edişiňdenem gowy boldy. Dokuzy düzüw öýüň-öwzaryň, badöwlet* güzeranyň bar. Arzuw eden arzymanyň, on sekiz müň älemde taýy tapylmajak sahypjemal gelniň bar. Şular bagt dälmidir eýsem?! Onda näme men beýle hamyş hem-de çüňkerkeýp* bolup ýörün»? Gapy ýuwaşja açyldy, gelni nahar-çaý äkeldi. Şiraly mürze gelniniň öňünde gyşaryp ýatmagy birhili görüp, ýerinden dikeldi. Göýä gelni «Beýdip eplenip ýatma-da, mert kişiler ýaly dikelip otursana, haçan görseň bili mertigen hammal ýaly sen» diýip, deşnam* beräýjek ýaly boldy. Öňüne goýlan etli şüleden çem-çüm iýip oturan Şiraly mürze: -Nahar süýji bolupdyr, tüweleme, eliň dert görmesin, gülüm-diýip, gelnini taryplap, soňam elini-agzyny süpürip gaýra çekildi.-Sen arkaýyn naharyňy ediniber, men namazymy okap geleýin. Onuň arzan öwgi bilen özüni aldap, soňam namazyny bahana edip nahardan çekilenine birhili bolan Aýsuluwyň hem bokurdagyndan lukma geçmedi. Gahary geldi. Ýaşmagyň aňrysynda dişiňi gysyp, sabyr etmeli diýlip özüne berlen öwüt-ündewleri ýatlady, köşeşmäge synanyşdy. Birsalymdan namazyny okap gelen ýoldaşyna bir käse çaý uzadyp: -Sen nämedir bir zatdan ynjalyksyz-diýip, ondan sorady.-Saňa näme bolýar? Arkasyny tärime berip, dyzynyň aşagyna bir tokga ýassyk goýan Şiraly mürze gelniniň ýüzüne garaman tesbi sanap oturşyna: -Bilýäňmi, Aýsuluw-diýip, gyssanman söze başlady.-Biziň toýumyzdan bäri näçe gün geçen bolsa, şonça gün bäri Goçmergen gaýyp bolup gitdi. Nirde ol, nämedip ýör, ölümi-dirimi habar-hatyr ýok. Aýsuluw onuň şeýleräk bir zat aýtjagyny öňden bilýän ýaly arkaýyn söze başlady: -Onuň üçin beýdip keýpiňi gaçyryp ýörmek saňa nämä gerek? -Goçmergen ikimiz dosty-ýardyk-diýip, ol janygyp aýtdy.-Öň biziň aramyzdan gyl geçmeýän jana-jan jorabeg diýilýänlerdendik. Ol bolsa indi ýok, nirdedigem belli däl. Men özümi bu işde ýazykly saýýan. -Sen näme üçin özüňi ýazykly saýmalymyşyň-diýip, Aýsuluw oňa heşşerilip bakdy.-Onda meniň bilen ýaşap ýöreniňi hem hata hasaplaýansyň, şeýlemi? -Sen nämeler diýip otyrsyň, Aýym! Aýsuluw gazapdan ýarylaýjak bolup tasanjyrap ýerinden turdy: -Ol adam, Goçmergen, meniň gandüşer garyndaşym. Men onuň bilen kiçjikligimden adagly. Bu zatlary sen bilmän duraňok. Özümem bular hakda saňa aýal bolmaga razylyk bermänkäm ýekän-ýekän aýdyp berdim. Ertirki gün meniň maňlaýyma basjak bolma diýip zynharlapdym. Elindäki tesbisini sanamasyny bes eden Şiraly mürze: -Aýsuluw jan, men seň maňlaýyňa hiç zat basamog-a-diýip, gözlerini tegeläp özelendi. Aýsuluw: -Eýse näme maňlaýyma basaýjagammydyň?-diýip, onuň al-petinden aldy. Şiraly mürze tesbisini bir gyra goýup, ýalbaryjy äheňde gepledi: -Men diňe Goçmergen ýitip gitdi, onuň üçin alada galýandygymy aýtdym. Aýuluw biraz badyny peseldip: Men ol hakynda gaýgy-alada galamok. Sen näme üçin balagyňa buşugan ýaly bolup ýörsüň.-diýip, Şiraly mürzäni gep bilen çüýledi.-Beýle nälajedeýin bolmasana! Şamçyranyň ýagtysyna sesini-üýnüni çykarman oturan Şiraly mürze birden bir zat ýadyna düşen ýaly gyssanmaç başyny galdyryp: -Nätsemem men ony gözläp tapmaly-diýip, öz-özi bilen gepleşýän ýaly samyrdady.-Bilýän, ol meniň ýekeje sözüm üçin gyşlagy terk edip gitdi. Aýsuluw gelin bolaly ilkinji gezek ýoldaşynyň ýüzüne gaharlanýandygy barada pikir etdi. Soňam tirpildäp duran al ýaňaklaryny görkezmejek bolýan ýaly ýaşmagyny berk ýaşynyp: -Öz bileniňi et-diýip, Şiraly mürzä däl-de gapa tarap seredip gepledi.-Meni ertir irden Äşe bibim atam öýüne eltip gaýtsyn, şol ýerde biraz galjak. Şiraly mürze ak öýüň içinde oturyp bilmän daşary çykdy. Garadag tarap bulutlara bürenip, garalyp ýatyr. Güýzüň çigrekli şemaly şol tarapdan ö’l ýapraklaryň ysyny getirýär. Ol tämiz howadan öýkenini dolduryp, melul halda tümlüge uzak seretdi. • Meret aýakçynyň mertebesi Meret aýakçynyň hemişe haýsam bolsa bir tarapa ýortup barýanyny gören adamlar «Şu adamyň aslynda dynç oturýan wagty ýa aýagyny uzadyp ýatýan wagty bolýarmyka?» diýip, iňkise gidýärdiler. Käbir gagal garadaglylar bolsa «Enesi ýolda dogran ýaly bu gurrumsagy» diýip, oňa biderek ýere käýinýar. Baýhan töre bolsa kimiň kimdigini gowy bilýän adam. Meret aýakçyny her ýagdaýda hem öz ýanyndan aýyrmaýandyr. Bir ülkäni dolandyryp oturan adama şol ýurduň içinde bolup geçýän her bir bolup geçen waka dogrusynda jikme-jik, anyk habar ýetirip durjak adam tapmak aňsat hem däl. Beýleki adamlardan tapawutly Baýhan töre Meret aýakçynyň hemişe haýsam bolsa bir tarapa ýöne ýerden ýortup ýörmeýändigini gowy bilýärdi. Çawuşlykda, yzçylykda, desmalçylykda deňi-taýy tapylmaýan Meret aýakçynyň beýlekilerden artykmaç tarapy, eşiden gürrüňini kimden eşitdi, şol gepi aýdan adam kim, oňa doly ynanyp bolýamy, asyl ol gepde mantyk barmy, baryny anyklaýardy, seljerýärdi. Ikinjiden hem eşiden gürrüňini özüçe teswirläp, bolan wakadan gelip çykaýjak netijeleri hasaplap görýärdi. Öz aýdyşyna görä, kellesinde terezisi bardy, oňa hem degişmä salyp «Merediň mizany» diýýärdi. Soňra mizanynda hasaplap, ölçerip-döken, seljeren meýillerini gyssanman aýdyp berýärdi. Ýöremekdenmi ýa-da garrylykdan ýaňa yzygiderli agyrýan aýaklaryny owkalap oturşyna ol: -Han aga, Kuwwa hanlygynyň howandarlygyna geçelimiz bäri, adamlar mömin-pukara halda gün-güzeran görüp ýörendir-diýip, gürrüňini uzakdan aýlap başlady.-Indi öz gyşlagymyzdan habar bersem Kürenbaý gojugyň kerweni sag-aman gelip, Garadaga aýak basypdyr. Köçekbaý gypjak bolsa ýegençisi Aýbarçyny körpe ogluna alyp bermekçimiş, ýöne ine şu baýaky Goçmergen gaýyp bolaly bäri hiç ondan gördüm-bildim ýok. Ýogam-a ol toýuň sähedini bellemek üçin Mahmyt damyllanyň ýanyna hem baryp gaýdypdyr. Baýhan töre eýlenen guzy hamyndan bejerilen düşekde gyşaryp ýatyşyna saçaga el uzadyp bir däne kişmiş-nohut alyp, agzyna atdy-da, gyssanman çeýnap söze başlady: -Dogrudanam şol pälwanymyz ýitip gidiberdi walla-diýip, geň gören boldy. Meret aýakçy kellesindäki kermenini eýläk-beýläk süýşürip, sakar alnyny gaşady-da: -Goçmergeniň söýgülisi hem Köçekbaý gypjagyň körpesi, ýekejik gyzy-da-diýdi.-Onam özüňiz bilşiňiz ýaly Şiraly mürze gelin edip aldy. Bu wakalaryň bary Kuwwa hanlygynyň biziň ülkä gelen döwründäki garma-gürmelikde bolup geçdi. Onsaň şol günler biz nämäniň-nämedigini aňşyrybam bilmedik. Baýhan töre daşyna tylla suwy çaýylan Çyn käseden çaý owurtlap oturşyna: -Dogry aýdýaň aýakçy, hemmesi dogry-diýip, söhbetdeşiniň aýdýanlaryny makullady.-Kuwwa biziň üstümize geläýjek döwürleri Goçmergen tekepbirlik etmän meniň aýdanymy eden bolanda, belki beýle zatlar bolmasa bolmazdam. Belki meniň batyr ýigitlerimiň baştutany bolup, abraý-mertebä ýeterdi. Köçekbaý gypjagyň aý ýüzli gyzyna öýlenip, goç-goç ogullary bolardy. Takdyry Alla diýýäris, emma ýazgydy maňlaýymyza özümiz ýazýarys. Han agasyna baş atyp, onuň ähli aýdanlaryny sözsüz makullap oturan Meret aýakçy söz arasynda: -Ýöne Köçekbaý gypjagyň gyzy mürzeleriň ysnat ogly bilen kän oňuşyp bilenokmyş-diýip, agzyndan sypdyrdy. Bu gepi eşiden Baýhan töre syçan aljak pişik ýaly derrew ýerinden dikeldi: -Aý hawa-la, ol mürzeleriň goşguçy gurrumsagynyň onuň ýaly gyza ärlik edip bilmejegi belli zat ahyr-diýip, janygyp gepledi.-Oňa kasyda ýaz diýseň, ýa-da metjitden çykarman tagat etdirip oturdaýsaň. Meret aýakçy: -Şu wagtam-a ol gyz, atasy öýünde otyrmyş-diýip, göz astyndan hana nazar taşlady.-Şiraly mürze hem dostum Goçmergeni agtaryp tapjak diýip, Garadaga gidipmiş diýýäler. Meret aýakçynyň soňky aýdan habaryny diňläp oturan Baýhan töre ýegeni Karahany ýadyna saldy. Goçmergeniň gyşlaga gelmesi bize gerek däl diýip içini gepletdi. Ol gelse ýagdaýlaryň çatak bolmagam ahmal, kim bilýär. Ýöne ol şahyrsumak dostuny agtaryp daga giden bolsa, ol dostunyň bolýan mesgenini bilýändir. Ol Goçmergeni taparam, hökman alybam geler. Meret aýakçy oýa batan Baýhan töräniň pikir-oýuny pozup, gaharyny getiräýmäýin diýen ýaly sesini pessaýladyp: -Şü Köçekbaý gypjagyň gyzynyň entegem Goçmergeni söýýändigi sebäpli Şiraly mürze bilen oňşup bilmeýändir-diýdi.-Siz nähili görýäňiz hezreti han!? Baýhan töre nakys ýylgyryp: -Ony nesip bolsa gyzyň özünden sorap biläýmesek-diýdi. Soňam Köçekbaý gypjagyň gyzyny göz öňüne getirip kän oturdy. Bir wagt o gyz müji aşyk ýaly enaýyja çagady. Döwür aýlanýar-dolanýar, bir ýerde durmaýar-ow-diýip oýa çümdi. Dowamy bar >> Beli*- hawa, parsça. waweýla*- (ümlük) haýp, arman, wah. Gurhandan.*- Ýusuf suresiniň 111-nji aýaty. Lahza*- Bir pursat, az wagtda, göz açyp, ýumasy salymda. Teslim**- tabyn etmek It ata, är daýa*- nakyldaky daýa sözi abraý sözüni aňladýar. At-a etmek**- bagyş etmek. Badöwlet*- döwletli Çüňkerkeýp*- Keýpi bozuklyk. Deşnam*- Käýemek gatyrganmak. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -5: romanyň dowamy - 30.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |