08:40 Jadylanan daglar -8/ romanyñ soñy | |
• Dirimi sen, Goçmergen?
Romanlar
«Daglara çykmagy özüň öwredipdiň ahyr - diýip, Şiraly mürze hyýalynda Goçmergen ýüzlendi. - Daglaryň içinde nirde ýaşyrynyp ýatanyňam çaklap bilýärin. Biraz ýorularyn, ýadaryn, ýöne seni idärin-taparyn». Ol hiç ýana sowulman Ýehudyga bardy, gowagyň agzynda säginip, nämeden başlap, näme aýtjagyny kellesinde aýlajak boldy. Başarmady. Soň özüni rastlap, uludan bir dem alyp, gowagyň içine bir ädim ätdi. Goçmergen öňki ýatýan ýerinde gök daşa kellesini goýup, ses-üýnsüz ýatyr. Şiraly mürze onuň ýatyşyndan elheder alyp: - Goçmergen! - diýip, biraz howatyrly dillendi.-Dirimi sen, Goçmergen! Bir salym geçenden soň kynlyk bilen başyny galdyran Goçmergeniň saç-sakal basan ýüzüni görüp, Şiraly mürze ylgap baryp ony gujaklady: -Dostum, gardaşym, men seni nä günlere saldym. Indi bu eden etmişim üçin iki dünýäde hem ýülünmek ýok, indi diňe özümi dowzah odunda ýakyp, öz etimi özüm çekeläp ýörerin. Ýüz-gözünde ynsan ruhy galmadyk Goçmergen ýylgyrjak boldy: -Sen azap edip gelmelem däl ekeniň-diýdi.-Men indi barybir bu ýerde ömürlik galmaly boldum. Şiraly mürze onuň öňki ýogyndan ýakymly sesiniň deregine başga bir inçeden ýakymsyz owaz eşidip, ýene dostunyň ýüzüne bakdy. Nämeden beýle bolup bilýärkä. Adamyň sesi nähili ýagdaýda birden beýdip üýtgäp bilýärkä?.. Şiraly mürze wagt ýitirmän Goçmergeni göterip diýen ýaly gowakdan ýagty dünýä çykardy. Soňra olar ýuwaşjadan iýdip, dagdan aşak düşdüler. Çeşmäniň boýunda oturyp demlerini dürsediler. Şiraly mürze halys tapdan düşen Goçmergene aşyk ýaly halwa, bir döwüm etli külçe hödür etdi. Işdäsi ýok hem bolsa özüne agram salyp gäwşäp oturan Goçmergen «Dogrudanam meniň duz datman ýatanyma näçe gün bolduka?» diýip oýlandy. Şiraly mürze: -Indi ýuwaş-ýuwaş ýöräbersegem bolar-diýip, gözlerini bir nokada dikip çuň oýa batan ýoldaşyna seretdi. Ukudan oýanan ýaly özüne gelip başyny galdyran Goçmergen: -Sen meni nirä äkidip barýaň-diýip sorady.-Meň gyşlaga gitmek niýetim ýok. Şiraly mürze onuň gepine ünsem bermeýän kişiden bolup: -Ýok, maňa hiç zat aýtma-diýdi.-Häzir göni öýe gideris. Goçmergen başyny ýaýkap ajy ýylgyrdy: -Seniň öýüňe-hä asla gitmek sapam ýok-diýdi-Sebäbini aýtmak hem islämok. Şiraly mürze gapdalda şaglap akyp ýatan çeşmäniň tolkunlaryna seredip: -Sen alada etme, dostum-diýdi.-Men seniň göresiň gelmeýän adamlary saňa ýakynlaşdyrmaryn. Goçmergen: -Meniň görmek islemeýän adamlarym hakda sen näme bilýäň-diýip, garaşylmadyk sowal berdi.-Sen olary tanap ýetişdiňmi. Ýa-da gowy tanamak üçin olary ýakynyňa getiripmidiň?.. Şiraly şahyrana söz bilen jogap berip, dostunyň göwnüni göterjek bolýan ýaly başyny belent tutup: -Saňa wepa bermedikler maňa wepa berer diýýäňmi, gardaşym-diýdi.-Bilseň ol biwepa bumat menem bir halap baranok. Senem şony görmeseň gerek. Gel, bu zatlar hakda kellämizi agyrtmaly-la, Goçmergen mejalsyz halda: -Biz hemmämiz uludan başlanan oýnuň gurbany bolan ýaly göwnüme bolmasa-diýdi. • Hyzmata gaýym ýaş gelin Baýhan töräniň howlusynda ýeke öýliniň horazy ýaly iki-baka aýlanyp ýören Meret aýakçy, soňky günler hasam arkaýynlaşdy. Ýatsa-tursa «Hezreti han hiç bir babatda gaňryşyma gaýdanok, edenime däl diýenok. Diýmek meniň iş alyp barşymdan hezreti hanyň göwni suw içýär- diýip, öz göwnüni hoşlap, hezil edip ýyljyraklaýardy.-Ýogsam-a öňki wagt dört aýak-kellebaşaýak bolup ylganymyzda hem han agalarynyň göwnüne ýetip bilmezdik. Ine, indi biraz kelläni işledip başladyk, han aga-da, beýlekilerem hormat-sarpamyzy tutup başlady, Hudaýa şükür». Hyzmatçy oglanlar daş düşelen howlyny ir-säherden syryp-süpürip, tämizläp, suw sepip goýupdylar. Gün guşlukdan agansoň howa gyzyp başlady. Baýhan töre epgek-yssydan gaçyp, serhowuzly bagyň aňry çetindäki daragtlaryň arasynda gurlan teläriň astyna geçip dynç alýardy. Günorta çagynyň jokrama yssysynyň sessiz-üýnsüz durşunda hem many bar ýaly. Ol göýä göwne gelen sözleri aýdasy gelse-de, ýaşmagyň aňyrsyndan dilini dişläp duran aýgyr gelne çalym edýärdi. Baýhan töre yssydan gaçyp özüni atan jaýynda gözlerini süzüp, böwrüni diňläp, gyşaryp ýatyr. Meret aýakçy oňa golaý barsa-da, oýarmaga milt etmän, sömelip, aýak üstünde durdy. Birsalymdan soň Baýhan töre: -Aýakçy, sen näm işläp ýörsüň-aý-diýip, oňa habar gatdy.-Näme Günüň astynda galan harjyk ýaly irkilip dursuň, gel munda! Meret aýakçy ýorgalap gelip, Baýhan töräniň garşysynda iki bükülip tagzym etdi: -Hezreti han, näzik myhmanyňyz gelip, siziň kabulyňyza garaşmakda. -Daşda-içde kän bir göze düşmän gelen bolsa bolýa-diýip, Baýhan töre ýerinden dikeldi.-Bar onda eglenme, alyp gel, urşuň geňeşi bolmaz. Ýüzi bürenjekli bolannamy ýa özi şeýle salykat a:rap seýkin ýöreýärmi baglaryň arasyndan gelýän Aýsuluw ganymat eglendi. Onuň dähedem-dessem gadam urup gelşi öý eýesini irizdi. Ahyr Aýsuluw gelip tagzym edip, salam berdi. Baýhan töre onuň sessiz salamyny hormat bilen kabul edip: -Amanlykmy keýgim-diýip, özüne golaý ýere süýş diýip yşarat etdi.-Ýakynyrak oturaýyň! Aýsuluw ýaş gelne muwapyk utanjaňlyk bilen gapdalyrak garap oturdy. Baýhan töre töweregine garanjaklap: -Keýgim, perenjäňi ýokary galdyryp otursaňam bolar-diýdi.-Ynsanyň gözüne garap sözleşmegi halaýan. Aýsuluw onuň aýdanyny etdi. Bürenjegini az-kem ýokary galdyrandan soň onuň çigildem dodaklary, hem gyýyk gözleri, wesme çekilen gaşlary enaýy bolup görünýärdi. Baýhan töre ýaş gelniň ýüzüni öz isleýşi ýaly ine-gana görüp-synlap bilmese-de, göwni kanagatlanyp: -Bolubilýä, bolubilýä-diýip, teşnelän ýaly dodaklaryny ýalady.-Han agaňyzyň teklibini ret etmän geldiňiz, döwletiň zyýada bolsun keýgim, ogul-gyzyň nesebiň-neberäň köp bolsun! Aýsuluw mylaýym pyşyrdap minnetdarlygyny bildirdi: -Döwletli agzyňyzdan Eýäm eşitsin hezreti han! Onuň sesinden Baýhan töräniň gözleri ýyldyrap gitdi. Ol biraz wagt geplemän oturyp söze başlady: -Keýgim, men seni mürzeleriň gelni bolanyň üçin däl-de, Köçekbaý gypjagyň gyzy bolanyň üçin huzuryma çagyrtdym. Sen şol bahadyr* kişiniň perzendi bolanyň üçin men saňa arkaýyn ýüzlenip bilýän. Ýaş gelin bürenjegini ýokary galdyryp, Baýhan töräniň ýüzüne dogry garady. Baýhan töre sözüni dowam etdi: -Saňa bir towakgam bar, keýgim. Ony bitirip bilseň, özüň hem özüňden minnetdar bolarsyň, menem seniň serpaýyňy ýetirerin. Aýsuluw razylyk alamaty hökmünde hoşgylaw ýylgyryp, baş atdy. • Kyýamat gopan gije Gün öýleden agansoň Şiraly mürze Goçmergeni alyp ak öýüne geldi. Toýdan soň Aýsuluw ikisine gurlup berilen alty ganat ak öý olaryň köne öýlerinden sesýetim uzakda, erik bagyň gaýrasynda bolandan soň Goçmergen bilen Şiraly mürzäniň gelip girenini gören bolmady. Öýde hem hiç kim ýokdy. Diňe öýdeçi hyzmatkär el-aýak bolup çaý-nahar taýýarlap, olaryň daşynda hozanak bolýardy. Goçmergeniň islemedik zady-Aýsuluw dogrudanam ýokdy. Ol indi biraz özüne gelipdi. Süňňündäki gowşaklygam el bilen aýrylan ýaly bolupdy. Şiraly mürze hem dostunyň bäri bakanyny görüp guwandy. «Ýaňy gowakdan çykanymyzdan soň biraz garbananymyz hem peýda etdi. Azajyk derdi aş basar diýleni çyn-ow, garaz» diýip, öz ýanyndan pikir etdi. Şiraly mürze Goçmergeni ak öýüň ortasynda ýanyp duran oduň garşysyna geçirip, arkasyna içmek alyp berdi, gapdalyna ýassyk oklap, ornaşykly oturar ýaly edendirin öýtdi. Hyzmatçy saçagyň üstüne almaly-üzümli mejmeleri äberip, halwa, süýji köke ýaly naz-nygmatlardan getirip goýuşdyryp, hyzmat edip ýördi. Dostunyň biraz oňaýsyz oturşyndan çen tutup Şiraly mürze: -Bizden başga bärik geljek ýok-diýdi.-Arkaýyn otur, dostum! Daşarda gyzar ikindin wagtydy. Agşam şapagy asmana ýaýlyp, giçki güýzüň howasyna meňzäp töwerege aýratyn gussa çaýýan ýalydy. Bu gussa Şiraly mürzäniň Aýsuluw bilen tutan toýy mynasybetli dikilen ak öýüň golaýynda ösüp oturan erik baglarynyň arasynda has-da ýiti duýulýardy. Iki köne dost ak öýüň içinde ýaňy tutaşan oda seredip geçen günleriň ýatlamalaryndan doly söhbete gyzyşan wagty Aýsuluw erik baglarynyň arasynda, çola bir künçde çugudyp otyrdy. Aram-aram gyzyl çabyda bürenen başyny göterip töwerege esewan edýärdi. Gözlerinden bolsa dynman gözýaş akýardy. Ýaş gelniniň daşarda-baglaryň arasynda agşam çigregine üşap, ýa-da başga bir zatlaryň sebäbine aglap oturandygyndan Şiraly mürzäniň habary ýokdy. Ýene bir sagatdan başyndan şeýle bir kesapatyň injegi Goçmergeniň ýüz gezek ýatyp-turanda hem ýadyna-oýuna düşjek zat däldi. Olar ak öýüň içinde giňden ýazlan saçak başynda geçen günlerde başlaryndan öten gyzykly bir wakany ýatlap gülüşip otyrdylar. Bir kersen ýumurtga böregi öňlerine alyp, ýaňy bismilla eden wagtlary hyzmatçy gapydan boýnuny uzatdy: -Şiraly aga, Meret aýakçy bir daşary çyksaňyz gyssagly habarym bar diýýär! Şiraly mürze Goçmergene garap: -Dostum, sen alyber-diýip, nahara ümledi.-Tagamy garaşdyrma. Men bir geleniň habaryny alaýyn. Bir ýakymsyz wakanyň boljagyny duýan ýaly, Şiraly mürzäniň yzyndan garap galan Goçmergeniň bokurdagyndan lukma geçmesi güzap boldy. Ýumurtga böregi görende ýene bir zatlar ýadyna düşüp, ýüregi suw dek tolkundy... Ýöne Şiraly mürze kän wagt geçmänkä yzyna dolandy: -Goçmergen, meni Baýhan töre çagyrýarmyş-diýip, iki egnini gysdy.-Bilemok bu wagt nämäniň gyssagy. Hany, sen oturyber bakaly, meňem bardygym-geldigim bolar. Näme diýseňem han adamdyr, sözüni ýykmaýyn. Şiraly mürze donuny-telpegini geýip, çykyp gidenden soň ak öýüň içinde ýalňyz özi galan Goçmergeniň ýüregi erbet gysdy. Edil şu pursat ylgap daşary çykyp, ümdüzine tutduryberesi geldi. Ak öýüň dagdan agajyndan edilen ýarma gapysyna seretdi. Gapydan gözüni aýryp bilmän durka, ol ýuwaşlyk bilen açyldy. Gapynyň agzynda Aýsuluw içeri girip bilmän birdem sägindi, daraklygyna galyp, gapynyň aňrysyndan öýüň içine äňetdi. Baýhan töräniň aýdan sözlerini küýünde aýlady: «Keýgim, başarsaň ony al-da bir ýerlere çykyp git, ýabar-ýakar, garaz bir zat et, bolmasa-da...» Aýsuluw onuň soňky aýdan teklibini ýadyna düşürmäge hem eýmendi. Soňam arkasyndan itilen deý bosagadan böküp içeri girdi-de, ýene sakga daýandy. Ak öýüň töründe tutulan guş ýaly bolup oturan Goçmergene seredip doňup galan Aýsuluw bütin bedeni bilen ýeňiljek sandyraýardy. Ol ak öýüň içinde ganat baglap, uçaýjak bolup, Goçmergene tarap ylgady, baryp hem onuň öňünde dyzyna çökdi. Ellerini togap edip ogşady: -Ezizim, bagyşla meni, öt günämi begim! Goçmergen garaşylmadyk bu ýagdaýa aklyny ýitiren ýaly, ýa-da hiç zada düşünmeýän çaga ýaly gözlerin mölerdip Aýsuluwa seredýärdi. Aýsuluw: -Goçmergen, men ýalňyşdym, sen meni bagyşla-diýip özelenýärdi.-Gel ikimiz bu ýerlerden gideli. Alys bir ülkelere, ikijigimiz. Diňe ikimiz?! Goçmergen elini çekip alyp, ýüzüni bir ýana sowdy: -Baglaryň güli bir gezek açylyp solýar, soňra solan güller dirilmeýär, gunça açmaýar, anbar hem saçmaýar-diýdi.-Biziň söýgümiz şol gül-gunça mysaly bir zat. Men ol güli ezizledim, erkeledim, söýgüledim, sarpaladym. Ahyrynda ol meniň bagrymda gunça açmaly wagtynda meniň däl-de dostumyň bagynda açyldy. Aýsuluw barha özünden gaýra çekilip, tärime ýaplanyp goýlan çuwallara dykylyp oturan Goçmergeni gujaklady-da: -Beý diýme, beý diýme janym! Sen meni ýazgarma, günäleme-diýdi.-Bir ýazykdan är ölmez diýýäler, men-ä bir naçar. Men seniň öz naçaryň. Ýazygymy bagyşla-da meni göter bu ýerlerden. Meni bu ýerlerde ýaşap bilemok. Bu adamlaryň arasynda goýmasana meni! Goçmergen başyny ýaýkady: -Men aslynda bäri gelmeli däldim-diýip, gözlerini bir nokada dikip, bir salym dymdy.-Ýöne gyşlagy bir sapar göreýin hem-de ýegençim Aýbarçyn jan bilen hoşlaşaýyn diýip gaýdyberdim. Häzir Şiraly mürze gelse, men töwir galdyryp öýe gaýtmakçy. Ertir säher bilenem il-ülke örmänkä ugramakçy. Aýsuluw müýnsüz garaýan gözlerini Goçmergenden aýyrman: -Şiraly mürze entek gelmez-diýdi.-Men anyk bilýän. Goçmergen ýerinden turmaga synanyşdy, Aýsuluw ony goýbermedi: -Goçmergen, ýalbarýan meni diňle-diýdi.-Men sensiz ýaşap bilmeýän. Muňa men şu geçen altmyş günde mazaly göz ýetirdim. Goçmergen boýnuna Aýsuluwyň halka bolup aýlanan ak gollaryny kynlyk bilen sypyryp, bu agşam ilki gezek onuň ýüzüne dikanlap garady: -Dostum Şiraly mürze bilen araňyzda bir nika bar, bir ýassyga baş goýuldy. Indi ömür-baky bagtly ýaşap, bagtly garrajak boluň-diýip, uludan dem alyp, agyr ýuwudyndy.-Men indi bu ýerlerden giderin. Şeýtsem size-de gowy bolar, maňa hem erbet bolmaz. Aýsuluw öz gollaryndan sypyp ör turan Goçmergeni sypdyrman ýerinden dikeldi. Onuň bilen boýdaş bolup, alkymyna dykylyp durşuna ýene: -Goçmergen, başyňa-gözüňe döneýin-diýip zarlady.-Men bu ýerlerde ýaşap, dem alyp bilemok. Gitmekçi bolýan ýerleriňe menem äkit! Goçmergen gapa tarap seredip: -Men gideýin-diýdi.-Bu zatlar meni ýadatdy. Aýsuluw ýene ony gujaklamaga synanyşyp: -Gitmersiň-diýdi.-Goýbermeýän seni. Bol meni gujakla, öňküň ýaly inçe billerimden guç meni, ogşa meni. Goçmergen ahmyr bilen başyny aşak saldy: -Sen meni bagyşla, Aýsuluw-diýip, hamsykdy-Men indi öňki seniň Göçmergeniň däl. Çynymy aýdýan men indi başga bir zat. Bilýäňmi munuň şeýle bolmagyna seniň özüň günäkär. Sen näme üçin meni çykgynsyz günde ýeke galdyrdyň. Ine, indi seni söýen erkek adam ýok. Aýsuluw onuň ejizläninden peýdalanyp ýene bilinden gujaklap, bagryna basdy: -Meni myradyma ýetir, Goçmergen, ezizim-diýdi.-Al meni, bagryňa bas meni begim. Goçmergen dogrudanam oňa düşünmeýän ýaly şol doňup durşy Aýsuluwy guduz açdyrdy. Goçmergen ahyr ak öýüň içine dolup ugran alagaraňkyda gark bolup barýan ýaly dostunyň gelnini bagryna basdy: -Seniň myradyň nedir? Ýüregi agzyndan çykyp barýan Aýsuluw: -Islän zadyňy et-diýip pyşyrdap durşuna onuň balagynyň çermeginden elini sokdy. Dem salym dymyp duran Aýsuluw alagaraňkyda erbet gorkdy. Goçmergeniň ýüzüne siňe-siňe seredip bir zat diýmäge synanyşdy. Goçmergen bolsa ses-üýnüni çykarman durşuna onuň täzeje ketenisini ýakasyndan etegine çenli jarra ýyrtdy, soňam ony ak öýüň tärimine tarap itiberip goýberdi. Onuň ýakasyndan aşaklygyna ýyrtylan köýneginden göbegine çenli görünýän ak bedenine, ter göwüslerine gözi düşen Goçmergeniň bir zat ýadyna düşüp, içinde bir damary üzülen ýaly lampa aşak oturdy. -Şiraly mürze, gel ahyr nirde sen, gel, gel namysyňy depeleýärler göresiň gelenokmy, Şiraly mürze! • Epilog Etdiň meni ýüzügara söwdügim, Gara bagrym gan eýleme. (dessandan) Şol gije sütüni süýnýänçä urlan Goçmergeni iki gün geçenden soň jeza meýdanyna getirip, dar agajynyň astynda oturtdylar. Kuwwa hanlygynyň serbazlaryna ýolbaşçylyk edýän Karahan töre bir gyrada Goçmergeniň ýagdaýyna içini güldürip, hoz çakyp durdy. Onki synasy soka salnan ýaly agyrýan Goçmergen dar agajynyň aşagynda kän oýlandy, bolup geçen wakalaryň aňynda galany göz öňünde külterlendi. Kämahal gaňrylyp arkasyna-daglara, ümre bürenip oturan ak garly gaýalara nazar saljak bolýardy. Endam-jany awy-zerzawdy. Dag arçalarynyň boz ysyny getirip öwüsýän çygly şemal oňa azajygam bolsa teselli berýär. Gögi büräp duran gara bulutlar bolsa bütün dünýäni garaldyp, bu ýere gelen märekäniň kejebesini daraldýardy. Onuň doňup oturşy ýaly adamlar hem ses-selemsiz Goçmergene seredip durdular. Wagtyň ötmän durşy kemençe mysaly sygalyp-sygalyp, sozulyp tukat bir mukama meňzäp mähellä azap berýän ýalydy. Mähelle oý-pikire batypdy. Dar agajyndan asylyp, katyl edilmezinden ozal iň soňky dilegini aýdan Goçmergen Şiraly mürzäniň howlukmaç atyna atlanyp, Garadaga tarap gitmegine sebäp boldy. Hiç kim hiç zada düşünmän äm-sem bolup durdy. Körpe dogmasynyň Garadaga tarap at çapdyryp gitmesine Äraly mürze hem aňk-taňk bolup galdy. Oglunyň yzyndan garap durşuna her näme-de bolsa duz iýşen dostunyň ölümini görmejek bolup gidendir diýip pikir etdi. Bu ýagdaýa hemmelerden beter Baýhan töre ynjalyksyzlanýar. Ol häzirki bolup duran wakany kuwwaly wekillere Goçmergeniň wagt utmak üçin tapan hokgasy diýip düşündirjek bolýardy. Ýöne nämüçindir kuwwaly wekiller hem, Mahmyt damylla hem katyl dessuryny derhal berjaý edip, Goçmergeni jezalandyranoklar. Duran mähelläniň içinde hyşy-wuşy köpeldi. Her kim özara gürrüňleşip durdy. -Şu özi Goçmergen Şiraly mürzäniň hatynyny zorlajak bolany bir aslynda çynmyka? -Aý olam belli däl, ýöne ol gyz Şiraly mürzä äre barmanka Goçmergen bilen halaşýarmyş diýip gürrüň edýärdiler. -Onda näme üçin o gyrnak halaşanyna barman, özge birine äre çykypdyr? -Aý ony bar-da gyzyň özünden soraýsana, şepe. Mähelläniň arasynda agar çäkmenli mollaçar biri: -Goçmergen beýle bozuk işe milt edip bilmez-diýip, çürt-kesik aýtdy.-Ol süýegi arassa adamlaryň dölünden önendir, hergiz beýle işe bogny ysmaz, ýöne bu ýerde başga bir gümürtük gep bar. Asmany dolduryp, depäňe degäýjek bolup duran bulutlar hem ýene müň ýyl dursalar-da ýagmajak ýalydy. Duranlaryň biri: -Ine, häzir Goçmergeni dardan asyp öldürerler welin, ýagmyr ýagyp başlar-diýdi.-Adamlaram asman aglaýar diýerler. Geplän adama hä-howwa beren bolmady. Ýoňsuz wagt geçenden soň, mähelle ýene bir wakanyň şaýady boldy. Daga tarap at çapdyryp giden Şiraly mürze indi ýaş gelniniň saçyndan tutup, jeza meýdanyna süýräp gelýärdi. Bu wagt Şiraly mürzäniň ýüzünden bir zat aňmak kyn, doňan nazarynda kä ýylgyryş peýda bolsa, sähel pursatda ol ýylgyryş gazaba öwrülýär. Körüge ýel berlende ojagyň çym-gyzyl bolşy ýaly. Gözleri hem hanasyndan çykaýjak bolup alarýar. Ol gelnini süýräp dar agajynyň astyna golaýlapdy. Uzyn gara saçlarynyň düýbi awy-azar bolan Aýsuluw: -Beýtme, Şiraly, beýtme, goýber öldürýäň meni-diýip, aglamjyrap ýalbarýardy, şerraýlyk etjek bolýardy.-Goýber diýýän saňa, ile masgara-metgi etdiň meni. Dar agajyna golaýlan Şiraly mürze: -Metgi-masgara bolasyň gelmese, Goçmergene nämüçin töhmet ýapdyň? Sen oňa beýle zulum eder ýaly ol saňa näme ýamanlyk etdi?!-diýip, hiç ýana gitmejek bolup ýerden süýrenýän Aýsuluwyň böwrüne ädiginiň ujy bilen hütledýärdi.-Ol biçäre seni zorlamaz ýaly bolan eken-ä... Aýsuluw gözlerine gan öýlen Şiraly mürzäniň elinden sypjak bolup urnup barşyna: -Seň nämeden habaryň bar, haýwan-diýip, ýanýoldaşyna hemle atýardy.-Heleýiň çermegine sahyp çykyp bileňok. Ine, indem masgara edip barýaň meni, goýber henizem bir pille, tentek. Gaharyna bäs gelip, biraz demini dürsän Şiraly mürze gelniniň saçlaryny elinden sypdyrman durşuna biraz säginip: -Ol nädip aýt! Aýt, seni nädip zorlasyn ahyr, kemçin-diýip, dişinden syzdyryp sögündi-de, çep elini donunyň kisesine sokdy.-Goçmergen seni nädip zorlasyn, onuň erkekligi ýok bolsa. Aýsuluw Şiraly mürzäniň kisesinden çykaran zadyna gözi düşüp, aň-huşuny ýitiren ýaly doňup galdy. -Seret, Goçmergeniň erkekligini görjekmi? Obadan ýitip gidenden soň daga gidip eden işine seret! Aýsuluw doly aklyny ýitiren ýaly aglamjyrap, birdenem elini çarpyp, hahahaýlap gülüp başlady. Emma Şiraly mürze ony göni dar agajynyň astyna süýräp eltdi: -Goçmergen, bagyşla gardaşym-diýip, gaty ses bilen aglamjyrap gygyrdy.-Seniň hemme aýdanlaryň dogry eken. Men gaty ýalňyşypdyryn. Goçmergen bu bolýan waka biparh garaýan ýaly bolsa-da, başyny galdyryp, Şiraly mürzä seredende içine çöküp giden gözlerinde howsala doludy. Saçlarynyň örüminden berk gysymlap tutulan Aýsuluw aglap, çabalanyp, Şiraly mürzäniň gollaryndan sypjak bolýardy. Mähelle garaşylmadyk waka düşünip bilmän som-saýak durdy. Şol aralykda Aýsuluwyň gözleri serbazlara bir zat tabşyryp duran Baýhan törä düşdi-de: -Haram ölmüş Baýhan töre-e...-diýip, uzyniline gygyrdy.-Men seniň aýdanyňy etdim. Meni nä güne saldyň, lagnaty şeýtan. Meniň bagtymy küle çökerdiň, öýüň ýykylsyn Baýhan töre! Gazanyňda gan gaýnasyn, Baýhan töre! Şiraly mürze mähelläniň içinde Aýsuluwyň agalaryna gözi düşdi. Olaryň adamlary itiberip, özüne tarap howlugyp gelýändigini görüp, donunyň goltugyna elini sokup, pyçak çykardy. Pyçak biýz ýaly ýiti diýmeseň, keseri giden bolgusyz aşpyçagydy. Ol näçe emelsiz hereket etse-de, gardaşlary gelip ýetýänçä gelniniň näzik tenine bir-iki ýola pyçagyny sokup çykardy. Köçekbaý gypjagyň ogullary mähelläniň arasy bilen ýetişip gelip, aklyndan azaşan giýewlerini çapyp taşladylar. Dar agaynyň töwereginde goh-galmagal başlandy. Şiraly mürzäniň gara gana bulaşyp, çaşyp ýatyşyny ýigrenç bilen synlap duran Köçekbaý gypjagyň ogullary onuň donunyň uzyn ýeňlerinden çala görünýän penjesindäki gatap galan ynsan ujydyny görenokdylar. Dar agajynyň aşagynda oturan Goçmergen zynjyryny şakyrdadyp, her näçe urunsa-da, sypyp bilmedi. Ol sessiz-üýnsüz ýatan Aýsuluwa bakyp, aglamjyrap bir zatlar diýip gygyrýardy, emma adamlaryň gowrundan ýaňa onuň näme diýýäni eşidilenokdy. Kuwally wekiller mähelläniň arasynda başlanan başagaýlykdan elheder alyp, nätjeklerini bilmän «Towba-estagfirullah. Dehşet! Dehşet*» diýşip, gykylyklaşyp gaýra tesdiler. Şol wagtam ýer sarsdyryp gök gümmürdedi. Ýyldyrym çakdy. Yzýany hem güýçli ýagyş guýdy. Adamlar dagaşyp başlady. Dar agajynyň astynda çöküne düşüp oturan Goçmergeniň ýanyna ylgap gelen Aýbarçyn ony gujaklap zar-zelil aglaýardy. Onuň gözlerinden dyngysyz syrygýan gözýaşlary ýüzüne düşýän ýagyş damjalaryna garyşyp, ýitip gidýärdi. Şeýle ýagyşda müň ýyl aglasaňam gözýaşyň ýagmyr bilen garyşyp, aglaýanyň duýulmajak ýaly. Emma gözýaşlarynyň ýagyş damjalaryna garylyp ýitip gidişi ýaly içki hasraty hem gowzaýana meňzeýär. Goçmergen süllümbaý ezlen ýegençisini köşeşdirjek bolup biderek azara galýardy. Ol köşeşip bilenokdy. Hem aglaýardy, hemem sowuk ýagyşdan titir-titir ediýän elleri bilen agasynyň arkasyna baglanan gollaryny çözjek bolup dyrjaşýardy. Ahyr agasynyň gollaryny çözen Aýbarçyn ony täzeden gujaklap beter aglamaga başlady. Goçmergen içi-içine sygman hünübirýan aglaýan Aýbarçynyň ellerinden tutup, ony ýerinden dikeltdi-de, bulutlara bürenen asmana gözlerini dikip: -Ýagmyr ýagsa dünýä tämizlenen ýaly bolaýýar-diýip, gözlerini ýumup agyr ýuwudyndy-Ýalançy bir ýagyş bilen ýuwulardan-a hapadyr weli, aý bolýa-da... P. S. - Epilog Pyragy, dünýe düýşdür, Düýş görseň soňy puçdur. Magtymguly Pyragy Ýagmyr kän ýagmady. Duýdansyz gelmese-de, duýdansyz dyndy. Bulutlar birýana syrylyp, asmanyň çyraýy açyldy. Garadagdan Kuwwa hanlygyna tarap ugur alan kerwen biraz eglenip hem bolsa ýene ýoluny dowam etdirdi. Kerwene tirkelen düýeleriň orta gürpünde üsti kejebeli maýalar barýardy. Kerwende Garadag ülkesini Kuwwa hanlygyna birikdirmekde aýratyn hyzmat görkezen raýatlary hem hormat-sylag bilen alyp barýarlar. Ýagyş diňenden soň çygly howada biraz göwni göterlen Züleýha oturan kejebesinden daşaryny synlady. Asmanyň uzak bir çetinden beýleki çetine çenli älemgoşar kemany gerlipdi. Ol ýene awçy begi-Goçmergeni ýatlap ah çekdi. Kerweniň gapdalyndan barýan keýpi kök Şerif şatyr bir menzile çenli atyny çapdyryp öňe gidýärdi-de soňam kerwendäkiler ýetip gelýänçä garaşýar. Gözlerini süzüp hyýal deňzinde ýüzüp, arzuw kölüni gulaçlaýar «Bildir aşygymyz alçy gopdy, işimiz oňdy durdy, Allaha şükür. Şu ýylam geçen ýylky ýaly işlerimiz şowlady. Ine, Garadag ülkesini öz welaýatymyza öwrüp, bu halkyň üstünden agalygymyzy berkitdik. Ýene bir möhüm zat, Ýehudy gudukdaky keramatly kitaplarymyzy yzyna gaýtardyk. Ol kitap-diwanlardaky gudratly tilsimleri biziň alym-ulamalar okap-düşünerler. Ahyr akybetde ol kitaplar mundan beýlägem Kuwwa döwletiniň güýç-kuwwatyny artdyrar. Elbetde, biziň hem gadyrymyza ýeterler, bizem boş goýmazlar enşalla». Züleýha asmany ikä bölüp duran älemgoşaryň aňrysyndan başlanýan bir başga dünýä gidip barýan ýaly duýga düşdi. Kejebäniň üstünden seretseň hemme zat oňatlyk, ýöne Goçmergeni göresi gelip, durup-durup erbet ýüregi para-para. «Ondan maňa bir ýadygärlik galan bolanda hem gowy bolardy-diýip, biygtyýar pikir-oýlara berildi.-Ýogsam biz ikimiz hiç bir şerigata, hiç bir kada-kowahata garaman jübüt hem bolupdyk ahyry. Arman meniň ýüregimden islän arzuwym Goçmergeniň Garadag hakdaky arzuwlary ýaly namyrat bolup galdy öýdýän». Beýleki düýäniň üstündä gurlan biraz garybyrak görünýän kejebede oturan Zeýtuna kempir hem agtygy barada oýa batyp irkiljiräp barýar. «Şol garadagly gurrumsaga gyz baýlygyny taladyp, gyzyl gülüni solduraly bäri kyrk-elli gün ötdi. Gorkýan, şol gezek içine bir syçan salan bolsa, ertir ol arslan bolajakdyr, Alla görkezmesin. Eger şeýle bolsa, ýene bir alada artjak-da. Ýöne eger şeýle bolaýsa, bu hem pelegiň işi, ondan näme perzent dörese hem, edil şol mergen ýaly garadangaýtmaz bir zürýat bolup ýetişerdi. Onsaň ony Garadaga garşy goýmak üçin ýetişdirip bolardy». Kuwwa hanlygyna ugur alan kerwen assa-ýuwaş Garadagdan daşlaşyp barýar. Diňe Şerif şatyr gapdalyndan geçip barýan iner-maýalara üns berman, uzakdan serhoş adamyň seri mysaly dumanlap duran daglara garap durdy. Soňy. 01.11.2020 ý. Daşoguz, Garagaç obasy. _________________ Bahadyr*- batyr. Dehşet*- gorkunç | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||