10:16 Jadyly dünýä / erteki | |
JADYLY DÜNÝÄ
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym wagtlarda Çüri atly bir garyp oglanjyk bar eken. Ol çagalygyndan ata-enesinden ýetim galyp, gapyma-gapy aýlanyp, bir garny dok, bir garny aç halda güzeran görer eken. Aradan aý aýlanyp ýyllar geçipdir. Şunlukda, Çüri hem ösüp-ulalyp, on bäş, on alty ýaşlaryndaky ýigdekçe bolup ýetişipdir. Şondan soň Çüri bir döwüm çörek üçin gapyma-gapy aýlanyp ýörmeli bolmandyr. Ýaşy gaýdyşyp ugran Çaryýar atly bir baý adam ony özüne hemişelik talabanlyga işe alypdyr. Baý talabanlaryny iýmek-içmekden hor etmändir. Onuň Çüriniň erjelligine, gaýratlylygyna, sähelçe haka kaýyl bolup, ak ýürekden halal zähmet çekýänligine ilki başdan syny oturypdyr. Şonuň üçinem ol baýyň gözüne beýleki talabanlara garanda has yssy bolup görnüpdir. Bir günem baý Çürini özüne baş nökerlige alypdyr. Soňam onuň agşamlaryna molla gatnap, sowat öwrenmegine ýardam edipdir. Aradan iki ýyl çemesi wagt geçipdir. Günleriň birinde Çaryýar baý Çürini ýanyna çagyryp, oňa ýüregindäkisini aýdypdyr. - Çüri, oglum, sen indi iki ýyl bäri meniň baş nökerimsiň. Buýrulan her bir işi yhlas bilen, ak ýürekden ýerine ýetirýäň, gep getirdeňok. Tüweleme, hat-sowatlam bolduň. Indi sen özbaşdak hojalygam ýöredip biljek. Men onsoň sen barada, seniň geljegiň barada kän oýlandym. Aslynda men seniň ata-eneňi hem gowy tanaýardym. Olaryň ikisem pukarady, öz zähmetine kaýyl bolup ýaşan halalhon adamlardy. Arman olaryň ikisiniňem ömri gysga boldy. Meniňem derdim özüň bilýäň. Näçe gezek öýlensemem menden nesil önmedi. Men seni özüme ogullyk edinäýsem diýýän. Sen muňa nähili garaýaň? Çüri baýdan beýle teklibe garaşmanynamy-nämemi, birneme dymdy. - Hä, näme dymdyň? Sen muňa garaşmanmydyň? Ýogsa, sen oňa garşymy? - Ýok, ýok, baý aga, özüňiz gowy bilýäňiz. Siz meni ynam edip baş nökerlige aldyňyz. Molla gatnadyp, hatly-sowatly adam etdiňiz. Men ölinçäm siziň bu ýagşylygyňyzyň astyndan çykyp bilmerin. Siz näme karara gelen bolsaňyz, men razy. - Ine, munyň başga gep. Gel, men seni bir bagryma basaýyn. - Ol ýerinden agraslyk bilen galdy-da,oňa bakan sandyraklap duran ellerini gerdi. - Oglum! – diýip seslendi. - Ata, ata jan! Ataly-ogluň agzyndan çykan bu mukaddes sözler olaryň birçaklardan bäri buza dönen jigerini ýazda ýagan gar ýaly, bir demde ýylatdy oturyberdi. Baý munuň şanyna il-güni, uly mähelläni çagyryp, uludan toý beripdir. Arman, bir gün Çaryýar baý çykgynsyz bir derde sataşypdyr eken. Gözleri bütinleý görmekden galan baýa hiç bir tebibiň kömegi degmändir. Hyzmatkärler ony goltugyna girip alyp çykaýmasalar, ol indi özbaşdak daşary hem çykyp bilmändir. Çüri bolsa uly alada galypdyr, uzakly günläp atasynyň ýanyndan aýrylmandyr. - Sen meni endişe edip oturma oglum, şeýle bolmak bu meniň kysmatymda bardyr. Sen ruhdan düşme, hojalygy eliňe al-da, indi ony özüň dolandyrmagyň gamyny iý. Menem saňa oňardygymdan dil kömegini ederin. Çüri şondan soň atasynyň aýdyşy ýaly, ähli zada onuň bir özi ýetişmeli bolupdyr. Bir günem Çüri täsin bir düýş görüpdir, düýşünde nirededir bir uzak ülkede dirilik suwy barmyşyn, onda ösüp oturan bir ösümligiň jadyly ýapraklaryny atasynyň gözlerine çalsa, ol ýaňadan görýärmişin. Ol hopugyp oýanypdyr-da, gören düýşüni atasyna beýan edipdir. Atasy: - Ýok, oglum, düýşe ynanyp ýörmezler. Düýşe nämeler girmeýär. Takdyra kaýyl bolmakdan başga alaç ýokdur, gözlegine çyksaňam, gury heläk bolanyň galar –diýipdir. - Ýok, atam, beý diýme, bu ýönekeý düýş bolmaly däl, ata-babalarymyz her bir işiň içinde bir haýyr bardyr diýipdir. Bu düýş maňa gowulygyň yşaraty bolup görünýär. Men oňa ýürekden ynanýan. Çaryýar baý ogluna näçe ýalbar-ýakar etse-de, başarmandyr. Ol ahyry ogluny ak pata berip ýola salypdyr. Baýyň hyzmatynda gezip ýören adamlardan Sytdyh atlysy Çürini baýdan gysganyp, ilkibaşdan ony ýigrenýär eken. Şonuň üçinem ataly-ogluň düýşli gürrüňlerini diňlän Sytdyh hem Çüriniň ýola çykan wagtynda oňa bildirmän, garama-gara onuň yzyna düşüpdir. Çüri şol barşyna birnäçe günläp ýol sökýar. Ol ahyry bir çeşmäniň başynda bir döwüm çörek iýmek üçin atyny bir gara daşa baglamakçy bolýar. Ine, şo mahalam çeşmäň gaýrasyndaky jeňňellikden çykan arryldy sese aty ürkýar. Bu arryldynyň gaplaňyň sesidigini aňan Çüri derhal gylyjyna ýapyşýar. Görse, gözlerini mölerdip naýynjar bakyp ýatan ala gaplaň ýerinden turarly däl eken. Uzak arryldydan soň: “Eý, adamzat, maňa rehmiň insin, meni halas et!” diýip adam dilinde gürläpdir. Ol äpet agajyň astynda janhowluna iki-ýana urnup duran eken. “Wah, janawar, gam çekme, häzir men seni bu beladan halas ederin!” diýipdir-de, agajy gaplaňyň üstünden aýyrmaga synanyşypdyr, emma oňa güýji ýetmändir. Şondan soň ol agajy pürelemäge durupdyr. Ahyry ala gaplaň halas bolupdyr. Ol birbada ýerinden turmakçy bolupdyr, ýöne galyp bilmändir.”Janaweriň bu halda näçe günläp ýatany belli däl, halys surnugan bolmaly” diýip, Çüriniň ala gaplaňa ýüregi awapdyr. Oňa suw içiripdir, ýany bilen getiren azyk-owkatlaryndan naharlapdyr. - Alada galyp oturasy zat ýok, dostum, boýnuňa agram düşüp, kem-käsleýin sypjyrylan ýerleri bar, basym gutularsyň. Häzir ýagdaýyň gowy dälmi? – diýipdir. Özüni birneme dürsän ala gaplaň bolsa: - Sag bol, adamzat. Ýagdaýym gowy. Sen bolmadyk bolsadyň, belki men bu ýerde ölüp galardym. Men sizden minntdar. Dogrusy, seniň öňýanyňam bir adam gelip, şu çeşmeden suw içip gitdi. Men ony hem kömege çagyrdym, ýalbardym. Kömek etmekden-ä geçen, howlukmaç turup gitdi. Çüri Sytdyhyň öz peşindediginden bihabar eken.Şonuň üçinem ol: - Be, kimkä ol? Men bu ýerde hiç bir adama duşmadym-la!—diýýär. - Ýogsa-da, sen bu ýere nädip düşüp ýörsüň? Uzak ýyllar bu ýerlere adam aýagy düşen däldir.Aýt, senem bu ýerlere ýönelige çykan däl bolmaly. - Bildiň, dostum. Atam üçin ýola düşdüm. Düýşümde atamyň gözleriniň açylmagyna ýardam etjek dirilik suwunda bitýän bir ösümligiň barlygy aýan boldy. Şol ösümligi gözläbem ýola çykdym. Ýöne barýan ýolum dogrumy-ýalňyşmy, bilmedim. - Dogrusy, bu hakda men eşitmändim. Ýöne, sen şu ýoly sypdyrma-da gidiber, öňüňden bir çatma çykar. Ana, şol ýerde bir garry baba ýeke özi ýaşaýandyr. Oňa meniň salamymy ýetir. Ol köp bilýändir, belki bu meselede saňa-da kömek eder. Çüri ala gaplaň bilen sagbollaşyp, onuň salgy beren çatmasyna barýar, hemem goja kişi bilen salamlaşyp, oňa gaplaňyň salamyny ýetirýär. - Salam getirenem sag bolsun. salam iberenem. Ala gaplaň iberen bolsa, gözümiň üstünde ornuň bar. Ol meniň üçin bari zatdan gymmatlydyr. Ol men indi näçe ýyllar bäri ähli howp-hatardan goraglap gelýär. Ýöne üç gün bäri menden habar alanok welin, dostumyzyň jany beri sagmyka diýip ýördüm. Şükür, hiç bir zat bolman eken? Çüri ala gaplaň bilen bolan wakany gürrüň berdi. Soňundanam: - Siz ony gaýgy etmäň, boýnuna birneme agram düşüpdir, sypjyrylan ýeri bar diýmeseň, gorkuly zat ýok!—diýýär. - Siz meniň ala gaplaňymy halas edipsiňiz. Aýdyň, men size näme kömek edip bilerin? - Atamyň gözleri görmekden galdy. Düýşümde atamyň gözleriniň açylmagyna ýardam edip biljek dirilik suwunda bitýän bir ösümligiň barlygy aýan boldy. Şol ösümligi gözläbem ýola çykdym. - Onuň ýaly bolsa, oglum, men saňa bir bilbagy bereýin. Kim şol bilbagyny guşak deregine biline daksa, ähli otuň-çöpüň diline düşünýändir. Muny senem synanyşyp gör. Belki ol jadyly ösümligiň nirdeligini ot-çöpleriň bol biten ýerlerine baryp, sorap-idäp taparsyň? - Haýsy bilbagy, ony görüp bilerinmi? - Ony görübem bilersiň, dakynybam. Ala gaplaňyň halasgäri üçin meniň gaýgyryp goýjak zadym bolmaz. Ýöne yzyna gaýtaryp bermelisiň. Ol atamdan galan ýalňyz ýadygärlikdir. - Elbetde, gaýtaryp bererin. Şo mahalam daşarda bir aýak sesi eşidilipdir. Garry: - Göwnüme bolmasa, kimdir biri çatmaň arkasynda gezmeläp ýören ýaly—diýýär. Çüri daş çykyp aýlanyp gelýär. Ýöne hiç kese gözi düşmeýär.Bu, elbetde, onuň yzyny yzarlap ýören Sytdyhdy. Çüri özüne berlen bilbagyny biline dakyp gündogarlygyna, otuň-çöpüň köp bitýän ýerine bakan gidiberipdir.Soňam ol ot-çöplerden dirilik suwunyň ýerleşýän ýeriniň salgysyny alypdyr. Çüri dirilik suwuny, onda ösüp oturan ösümligi tapanyna begenipdir. Onuň bilen gürleşip, oňa özüniň näme üçin gelenini aýdypdyr. - Men ot-çöpüň dilinde gürleýän adama birinji gezek sataşdym. Şonuň üçinem men saňa jadyly ýapragymdan bererin, gysganmaryn. Ýöne bir zady bek belle, ýapragy ataň gözlerine çalan mahalyň, şu sözleri içiňden aýtmalysyň. Muny özüňden başga hiç kes eşitmeli däldir diýip, onuň gulagyna pyşyrdapdyr. Çüri bolsa olary ýat tutupdyr. - Sag bol. Men siziň aýdyşyňyz ýaly ederin. Şunlukda, Çüri alan ýapragyny torbasyna salyp, ilki bilen ýolugruna garry babanyňka sowlup, oňa jadyly bilbagyny gowşurmak isläpdir. Arman ol ýolda gelýärkä, halys surnugypdyr-da, birsellem gözüniň awysyny almak üçin gyşarypdyr. Bu bolýan zatlardan, onuň nirä gitse kölegesi ýaly bolup yzy bilen barýan Sytdyh habarly eken. Çüriniň uklap ýatanyndan peýdalanyp, onuň Meleguşyna atlanyp, ata gamçy çalýar. Çüri birsalymdan oýanyp görse, Meleguşy baglan ýerinde ýokmuşyn. Atynyň başyna bir işiň düşendigini welin aňypdyr. Şol barşyna az ýöräp, köp ýöräp, ahyry ala gaplaňyň ýaşan mekanyna ýetýär. Ala gaplaň dostuny mähirli garşylaýar. Oňa Meleguşynyň nirädir bir ýerlere gürüm-jürüm bolanlygyny habar berýär, jadyly bilbagynyň hem-de atasy üçin alyp barýan dirilik suwunda bitýän ösümligiň jadyly ýapragynyň hem at torbasyndadygyny gynanyp gürrüň berýär. Ala gaplaň: - Birki sagat çemesi Meleguşyň şu ýerlerden örän gyssagly çapyp geçip gidenini gördüm.Onuň ümzügi oba tarapady. Onsoň menem “Näme üçin dostum atyny beýle gyssaýarka?” diýip oýlandym. - Üsti adamlymydy? - Hawa, hawwa, üstünde adam bardy.Men oňa sensiň öýtdüm. - Meleguş mensiz özbaşyna hiç ýana gitmeli däl. Kimdir biri ony alyp gaçan bolmaly.Ýöne men bu ýerde adam görmedim. - Wah, dostum, men saňa şu töwerekde senden başga-da biri aýlanyp ýören adam bar diýdim-ä! Onuň çeşmeden suw içenini gözüm bilen gördüm. Bu meniň gören şol adamym bolmaly. - Sen dogry aýdýaň dostum. Kimdir biri meniň peşime düşen bolmaly. Indi biz näderis? - Haýal etmän ugramagymyz gerek. Meniň arkama münüň, berk ýapyşyň, biz onuň yzyndan kowup ýeteris. - Gaýrat et dostum. Sen meni obama ýetir. Çüri ala gaplaňyň üstüne münüp jaýlaşykly oturýar. Olar ýola düşýärler. Indi habary Sytdyhdan alalyň. Sytdyh oba giren dessine, atdan düýär-de, ony öz ugruna goýberýär, torbany bolsa egnine atýar. Meleguş bolsa Çaryýar baýyň howlusyna girip gidýär. Çüriniň münüp giden aty Meleguşyň üsti boş gaýdyp gelmegi hemmäni iňkise goýupdyr. Bu habary Çaryýar baýa aýtmagyň ebeteýini tapmandyrlar. Has dogrusy, oňa bu habary aýtmazlyk kararyna gelýärler. Meleguşy bolsa başga bir ýataga eltip, bukuda saklaýarlar. Sytdyh baý bilen salamlaşýar. Soňam: - Baý aga, Men Sytdyh. Ogluň Çüriden öňürti seniň gözleriň açylar ýaly dirilik suwunda bitýän jadyly ösümligiň ugruna çykdym, ony gözläp tapmagy-da başardym. Bu jadyly ýapragy gözlerine çalan körleriň gözleri açylýar. - Hany, oglum Çüri jany görmediňmi? Olam dirilik suwunda bitýän jadyly ösümlik diýip öýden çykypdy. Sen ony nireden tapdyň? Sen şeýle ösümligiň barlygyny ozal bilýämidiň? Ýogsa, oglumyň gören düýşünden senem habarlymydyň? - Meniň o zatlardan habarym ýok, baý aga! Çüri dereksiz ýitipdir. Ony menem görmedim, başga-da gördüm-bildim diýýänem ýok. - Näme??? Sen näme diýip duranyňy gulaklaň eşidýärmi? - Onuň münüp giden Meleguşam bireýýämler ýatagyna gaýdyp gelen bolmaly. - Oglumyň özi gelmän, aty gelipmi? Boş dolanypmy? Bu gürrüň nireden çykdy? - Baý aga, siziň mundan habaryňyz ýokmudy? Çaryýar baý atbakaryň adyny tutup, dergazap bolup gygyrypdyr.Atbakar şo dem baýyň huzurynda peýda bolupdyr. - Baý aga, näme hyzmat? - Çüriň Meleguşy ýatagyna boş gaýdyp gelipdir. Ony maňa näme üçin habar bermediňiz? - Ýok, baý aga, bu gürrüň nireden çykdy. Biz-ä ony görmedik.Kim aýdýar ony? - Ine, Sytdyh aýtdy. - Meleguşy oglyňyz münüp gitdi. Olaryň şol gidişi-gidişi. Biz-ä olary görmedik. Hanha, ýatagam boş dur. Sytdyhyň gözüne görnen bolaýmasa? Sytdyh: - Be, bu nähili beýle bolýar, Meleguşyň howla girenini gözlerim bilen gördüm ahyryn --diýýär. Baý batraga garap: - Bar işiň bilen bol, ötägit. Sytdyh başga bir atyň gürrüňini edýändir. Meniň oglum arslandyr, ol öz Meleguşy bilen hä diýmän bile geler. - Hawa, hawa, elbetde, geler.Iňňe däl ahyryn ýitere. Belki bu jadyly ýaprakdan hem tapyp getirer. Ýöne baý aga, kör gözleriňiziň bir gün öň açylanyny isläňizokmy?! - Isleýän, Sytdyh jan, isleýän. Heý-de islemän bolarmy? - Onda meniň bir şertim bar. - Aýt, Sytdyk jan, şertiňi eşideli. Onsuzam gözlerim açylsa, sylag-serpaýdan ýüküňi ýetirin. - Aýtsam, meni hem özüňe ogullyga alsaň. Baý üçin Sytdyhyň bu teklibi bulutsyz gün gök gürlän ýaly bolýar. - Ýok, Sytdyk jan, bu bolmaz, bilýäň-ä meniň oglum bar. Başga näme dileseň dile, berjaý edeýin. - Onda baýlygyň deň ýarysyny maňa bagyşlamaly bolarsyň. - Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun, gözlerim açylsa, bar mülkümiň ýaryny saňa bereýin. - Ýary bolanda näme bolýar, baý aga? - Meniň ýary diýýänim, iki ýüz düýe, iki müň dowar, bir öýlük haly-palas, obanyňam iň gözel gyzyna öýerip, toýuňy uludan tutup bereýin. - Barysy şumy? - Ekin ýerimiň hem ýary seňki bolsun! - Hany, seniň altyn-kümüş hazynaňam bar ahyryn. - Onuňam terezide ýaryny çekip alasyň. Gözlerim açylyp, täzeden ýagty jahany görsem, maňa şondan başga baýlyk gerekmez. - Gürleşdik.—Ol töweregindäki adamlara garap gepledi.—Adamlar, il-halk sizem şaýat boluň, ogly baý agamyz gözleri açylandan soň, sözünden dänäýmesin?! - Sytdyh, sen ondan arkaýyn bol, meniň sözüm sözdür. Men sözi iki çykýan adamlary halaýan däldirin. Şondan soň Sytdyh getiren jadyly ýapragyny baýyň gözlerine çalypdyr. Haýp, bir däl birnäçe gezek çalypdyr. Emma baýyň gözleri öňküsi ýaly, açylmandyr, şol bir batyllygy eken. Sytdyhyň niýetiniň paşmanyna gahary geliýdir. Soňam Çüriniň geler gorkusy bilen bu ýerden ökjäni götermek bilen bolupdyr... Ala gaplaň Çürini getriip, oba giriläýen ýerde düşüripdir. Soňam onuň bilen hoşlaşyp yzyna dolanypdyr. Çüri öýe gelip atasy bilen gujaklaşyp salamlaşýar, hal-ahwal soraşýar. - Oglum, jan guzym, aman-sag geldiňmi? – diýip, Sytdyh bilen bolan wakany gürrüň berýär. - Ata jan geldim. Hemme zat gowulyk. Ýöne biziň düýşli gürrüňimizi eşiden Sytdyh meniň yzyma düşen bolmaly. Bilmändirin, nirä barsam, olam şol ýerde eken. Meniň Meleguşymy alyp gaýdanam şol. Meni bu ýere dostum ala gaplaň getirdi. Indi men Sytdyhy tapmaly. At torbasynda bir amanat bilbagy bilen dirilik suwunda biten ösümligiň jadyly ýapraklaryndan bardy.Men ony hökman tapmaly!? - Sytdyhdan çykaýjak işdir bi, ol ömürbaky kesekiň eklenjine göz gyzdyryp geldi. Ol häzirem ýalan sözledi. Seniň gören düýşüňdenem bihabardygyny aýtdy, ýolda-yzda saňa duşmanlygynam aýtdy. Hatda seniň münüp giden Meleguşyň hem sensiz gaýdyp gelenini aýtdy. Görlüp oturylsa, ol melgun seni çöl-beýewanlarda goýup, atyňy hem alyp gaçypdyr. Ol uzak giden däldir, ony ýakalaň.Ýeriň teýinde bolsa-da, tapyň getiriň. Şondan soň nökerlerdir hyzmatkärler möý pytran ýaly töwerege ýaýrap, Sytdyhyň gözlegine çykypdyrlar. Birsalymdan ony ele salyp, baýyň öňünde dikipdirler. Baý onuň alkymyna dykylyp barýar. - Hawa, Sytdyh, baryndan habarym bar. Seniň bahyllygyň, nebsewürligiň gözleriňi gapypdyr. Sen oglumy çöl-beýewanlarda taşlap, uly hata goýberdiň. Munuň yzasyny çekmeli bolarsyň. - Baý aga, meni bagyşlaň, meniň bilen deň bolmaň. Menem il deňinde ýaşamak isledim. Bilbagydyr dirilik suwunda biten ösümligiň ýapragam hanha, at torbasyndadyr. Dogrusy, ogluňyzdan öňürti siziň gözleriňizi açyp, begendirmek isledim. Nädeýin, ol niýetimem paşmady, näçe çalsamam, gözleri açylmady. Indem meniý günämi geçiň. Maňa haýpyňyz gelsin! - diýip, eden işine ýürekden ökünen Sytdyh at torbany Çürä uzadypdyr. Çüri torbadan çykaran jadyly ýapragy atasynyň gözlerine çalýar, özem ösümligiň öwredişi ýaly, ýat tutan sözlerini içinden gaýtalaýar. Baý bolsa gözlerini yzly-yzyna owkalaşdyryp durşuna birdenem: ”Men görýän, adamlar, men ýagty jahany görýän!” diýip, uly sesi bilen gygyrypdyr. Ataly-ogul gujaklaşýar. Muňa uly halaýyk begenýär. Şol günüň ertesi Çüri garry babanyň jadyly bilbagyny ýanynyň sylag-serpaýy bilen elin tabşyryp gaýdypdyr. Baý bolsa Sytdyhy yzyna it salyp obadan çykaryp kowup goýberýär. Soňam ogly Çürini öýerip, kyrk gije-gündizläp toý tutýar. Bular il-gün bilen şady-horram ýaşaberipdirler. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |