18:23 Jan Allañky, mülk patyşañky | |
JAN ALLAÑKY, MÜLK PATYŞAÑKY
Publisistika
Mihrişah soltan… 1745-nji ýylda dünýä inen asly gürji melikäniñ hakyky ady belli däl. Iññän görmegeý, iññän hoşzyban gyzdy, osmanly köşgüne getirlende "Kuýaş kimin nur saçýan şa, kuýaşlaryñ şasy" manysyny berýän Mihrişah ady berildi. Ony Mustapa III nikalap aldy. Soñ ol Selim III-i dünýä inderdi. Ogly tagta çykansoñ, "Walyda soltan" boldy. Möwlewidi, döwlet işlerine goşulmady, haýyr-sahawat işleri bilen meşgullandy, metjitler, çeşmeler, mekdepler gurdurdy. Fond gurdy. Ogly ony diýseñ eý görýärdi. Şonuñ üçin ol ejesiniñ fonduna millionlarça at gaýtarym ýer bagyşlady, Mihrişah soltan bu ýerleriñ bir bölegini kärendä berip, gazanç etdi. Şeýtmek bilen ol döwletiñ puluny saga-sola sowurmagyñ deregne, Mihrişah Walyda soltan fondy arkaly girdeji pul toplap, haýyr-sahawat işlerine maliýe çeşmesini döretdi. 1805-nji ýylda eden abyrsyz ýagşy işleri üçin uzak ýyllaryñ dowamynda hormat bilen ýat ediljek melike oglunyñ hökümdarlygy döwründe Topgapy köşgünde aradan çykdy we Eýýupsoltanda jaýlandy. Aradan ýüz elli ýyl geçdi. Osmanly taryhyñ çañly sahypalarynyñ gatynda galdy. Respublika guruldy. 1948-nji ýylda… Mihrişah Walyda soltan fondundan baryp-ha ýüz elli ýyl öñ ýer kärendä alanlaryñ mirasdüşerleri orta çykdy, şol kärendä alan ýerleriniñ özlerine degişlidigini öñe sürüp, suda ýüz tutdular. Nireleri almak isleýärlerdi? Bekje oturyñ onda… Marmaris Hisarönü ýarymadasyny we Gökowany almak isleýärlerdi! Şol ýerlerde ýerleşen tokaýlary, daglary, ekin meýdanlaryny, baglary, gumsow ýerleri, turistik binalary, tomusky dynç alyş komplekslerini, Karajasögüt, Hisarönü, Çamly, Çetibeli we Ýeşilbelde obalary isleýärlerdi. Arasynda Prezidentiñ tomusky köşgüniñem bolan Okluk obasy bilen birlikde 475 million kw metrlik mülki isleýärlerdi. Ady agzalan ýerlerde ýaşaýan we ellerinde respublikan mülki bolan adamlaryñ derhal çykarylmagyny, respublikan mülkleriñ güýçsüz hasaplanmagyny isleýärlerdi. Osmanly fondy arkaly respublikan mülk dawasy seýdip, ýetmiş iki ýyl öñ başlady. Talap edilýän ýerleriñ bahasy ýüzleý alanda kyrk milliard dollara barabar! Respublikan mülki güýçsüz hasap etmek islenen 3 müñ 700 jaý eýesi maşgalalar bar, 10 müñden gowrak obaly daýhanlar bar. Ýetmiş iki ýyllap ýüzlerçe sud mejlisi bolup geçdi. Gozgalmaýan emläkleriniñ ýuridiki güýji güýjsüz hasap edilmek islenen ildeşlerimiz sudlara gatnamakdan, sudýalara problemalaryny aýtmakdan, aklawjylara pul tölemekden, ýustisiýa edaralaryna we ekspertlere çykdajy etmekden ýadady, bizar-peteñi çykdy. Arap saçyna dönen dawada ahyryn 2001-nji ýylda belli karara gelindi. Kanun respublikan mülki bolanlaryñkyny dogry hasaplady. Osmanly fondundan medet hantamaçylyk edenleriñ talaplary ret edildi. Emma obaly garamaýaklaryñ problemasy heniz gutarmandy. Çünki Mihrişah Walyda soltan fondunyñ mirasdüşeridigini öñe sürýänler täze hemle bilen geldiler, olar Türkiýäniñ at-owazaly mülk maýa goýumçylarynyñ biri bilen şärikdeşlik gurdular. At-owazaly mülk maýa goýumçysynyñ gozgalmaýan emläkler boýunça şereketi bardy, onlarça kişilik aklawjylar ordasy bardy, täzeden arza berdiler, birinde üstünlik gazandylar. Ýeri bakaly, işler mazaly bulaşmaga başlady. Üstesine… Mihrişah Walyda soltan fondunyñ mirasdüşeridigini aýdýanlar Ýewropanyñ adam hukuklary suduna ýüz tutdular, "sud prosesiniñ adalatly ýöretmezlikde we bellenen möhletde tamamlamazlykda" aýyplap, Türkiýäni diligysga ýagdaýa saldylar. Ýetmiş iki ýyllyk dawa edil şu pillä gelende-de... Aýasofýa muzeýi metjide öwrüldi. Ayasofya müzesi, cami yapıldı. Respublikan hökümetiñ muzeý karary güýçsüz hasaplandy. Osmanlynyñ fondlar karary herekete girizildi. Taryhymyzda ilkinji gezek... respublikan hukugyñ ýerine osmanly hukugy kabul edildi. Döwlet soweti (Danıştay) osmanly hukugyny öñe tutdy. Ine, şeýdibem… Mihrişah Walyda soltan fondy edil Aýasofýa kararyna tutaryk döreden Fatih Soltan Mämmet fondy ýaly boldy. Biri patyşanyñ fondy. Beýlekisi patyşanyñ ejesiniñ fondy. Ýeri, şindi näme bolarka? Mihrişah Walyda soltan fondunyñ mirasdüşeridigini öñe sürýänler Döwlet sowetiniñ Aýasofýa kararyny suda bermezler öýdýäñizmi? Özlerini hakly çykarmak üçin delil görkezmezler öýdýäñizmi? Şindi hasam bekje duruñ... Osmanly fondlary bilen respublikan mülkleri garşyma-garşy getiren dawalar diñe Marmaris bilenem çäklenenok. Izmirde edil şular ýaly dawa bar, Karaburunda. Edirnede bar. Aýdynda bar. Muglada bar. Stambuluñ Beşiktaş raýonunda bar, Şişlide bar, Ortaköýde bar, Bakyrköýde bar, Kagythanada bar, Beýkozda bar. Meselem, Abdylhamydyñ mirasdüşerleri birnäçe gezek suda arz edipdiler... Olar talap edýän ýerleri üçin iki müñden gowrak osmanly mülküni suda berdiler. Ellerindäki osmanly mülki bilen Üsküdarda hak-hukuklarynyñ gaýdyp berilmegini talap edýän şazada nesilleri bar. Osmanly mülküni subutnama hökmünde görkezip, Stambul bogazynda 113 at gaýtarym ýer mülk talap edýän osmanly paşalarynyñ nesilleri bar. Osmanly hukugyna esaslanyp, Antalýada 300 müñ at gaýtarym ýer mülki almakçy bolýanlar, Seriki, Aksuwy isleýänler bar. Aýasofýa metjit boldy diýip begenýänler bularyñ hemmesini bermäge "hukuk" taýdan alanda razylyk berdi. Döwlet sowetiniñ Aýasofýa karary Türkiýede on müñlerçe ildeşimiziñ respublikan mülküni howp astyna saldy. Türkiýe respublikasy milliardlarça dollar öweztölegi tölemek howpy bilen ýüzbe-ýüz goýuldy. Munuñ üçin jan edenleriñ hemmesini gutlaýaryn, olara Aýasofýada haýyrly namazlar dileýärin. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 16.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetinin talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |