20:54 Jansyz žurnalistler | |
JANSYZ ŽURNALISTLER
Taryhy makalalar
Soñky döwür käbir gazetleriñ redaksiýasy käbir žurnalistleri "syýasy jansyzlyk" etmekde aýyplap, derñew işini gozgatdy. Aglabasy harby gullukçy bolan kişileriñ Stambulda 56-sy, Izmirde 357-si galp deliller bilen "jansyzlykda" aýyplanýar, hiç kimiñ demi çykanok! Žurnalistlerden "jansyz" çykmaýarmy? Görülmedik zatmy näme? Ezra Paund, Artur Kýostler, Ernest Hemungueý, Tomas Eliot, Aleksandr Fleming, Inýasio Silone, Trewanýan dagylar jansyz dälmidi? Haýsy birini ýazaýyn bularyñ? Iñ gowusy özümizden mysal alaýyn. Ýurdumyzda taryhçylarymyz babatda önelgesiz döwri başdan geçirýäris, gynansak-da taryhçylarymyzyñ ykdysady bilim derejesi pes we ykdysadyýeti gowy bilýänleriñem taryhdan sowady ýabygorly! Munuñ "habar beriş serişdelerindäki jansyzlar" bilen näme baglanşygy bar? Gaty uly baglanyşygy bar. Öz taryhymyzdan bir gazetiñ "döreýiş kyssasy" bilen bu temany aýdyñlatmaga synanşaýyn. Çünki "resmi taryh" hakykatlary ýazanok. Gazetiñ maña beren ýeri az, şonuñ üçin "resmi taryhyñ" muña dahylly kişiler we gazet baradaky ýazanlaryny bu makalamyñ çägine sygdyryp bilemok. Gyzyklanýanlar habar beriş serişdeleriniñ taryhy hakynda ýazylan islendik kitaba ser salyp bilerler. Gülkünçdir. Hawa, indi söhbetimize başlasagam bolar... Taryhymyzda hususy synanşyk bilen çap edilen ilkinji gazet “Ceride-i Havadis” meselesiniñ üstünde durup geçeliñ... Geliñ, hemmämiz bile habar beriş serişdelerinde neneñ-niçik "jansyzlyklaryñ" bolýandygyny göreliñ… • Kim bu Dewid Urkward? "Ceride-i Havadis" gazetiniñ taryhybda Dewid Urkward diýen adamyñ adyna duş gelmersiñiz. Gynansak-da, biziñ taryhymyzda bu tanymal şahs hakynda maglumat ýok diýen ýaly. Nirede bar bilýäñizmi, Karl Marksda bar! Karl Marks 1853-nji ýyldan soñ Osmanly bilen çynlakaý gyzyklanmaga başlady (şeýle-de, osmanly dilini öwrenip ýördi, ölüm ara düşdi-de, bu gowy maksat ýarpy galdy.) Marks Nýu-Ýorkuñ "Daily Tribune gazerinde tutuş on ýyllap Gündogar meselesi boýunça makalalar bilen çykyş etdi. Osmanly ulamalary "halas boluş reseptini" gözläp ýörkä, Marks kapitalizmiñ Ýewropany agdar-düñder etjegini we köne imperiýany saklap oturan türkleriñ rewolýusion pozisiýa geçmese, uluslaşma prosesini tamamlamasa, ýeñilip-parçalanyp Anadola çenli çekiljekdigini öñdengörüjilik bilen aýdypdy. Sözi dogry çykan Marksyñ osmanlyny seljerip ýazan makalalarybda we meşhur "Kapitalynda" Dewid Urkwardyñ adyna duş gelýäris. Marks Osmanly barada neneñ-niçik pikir ýöreden bolsa, Dewid Urkwardam şeýtdi! Emma hersi bir dünýäniñ adamsydy. Urkward kapitalizmiñ wekilidi. Ýogsa-da, kim bu Dewid Urkward? Şotlandiýaly. 1805-nji ýylda dünýä indi. (1877-nji ýylda aradan çykdy). Kakasynyñ bimahal ölümi zerarly ejesi ony Şweýsariýa äkitdi. Ženewada fransuz harby mekdebinde we Angliýanyñ "Wolwich" korollyk artilleriý garnizonynda okady. Oksfordda okap ýörkä, Ýewropada ýeli öwsen romantiki grek gozgalañyndan täsirlendi. Özi ýaly asly şotland meşhur şahyr Jorj Gordon Baýron ýaly Osmanla garşy uruşmak üçin Gresiýa gitdi. Lord Baýron urşa girmänkä öldi. Urkward uruşda agyr ýaralandy. Onuñ endamyna giren gülle Osmanla garşy duýgularynyñ we düşünjeleriniñ üýtgemegine sebäp boldy! Henegem henekdir welin, onuñ pikirini üýtgeden Stretford Kanning (1786-1880) boldy. S.Kanning 1820-1824-nji we 1825-1828-nji ýyllarda Angliýanyñ Stambuldaky ilçihanasynda işledi. Onda soñ parlamentde işledi. (1841-nji ýylda gaýtadan Stambul ilçiligine bellendi we 17 ýyllap bu wezipede işledi.) Kanning we Urkward grek garaşsyzlygynyñ Prawoslaw Russiýanyñ bähbidine boljakdygyny we munuñ iñlis ykdysadyýetiniñ bähbitlerine howp saljakdygyny gördüler. Russiýanyñ patyşasy Nikolaý I “hassa adam” diýilýän Osmanlynyñ ýerlerini basyp alsa, munuñ iñlis bähbitleriniñ doly ýok boljakdygyny añladýardy. Osmanly ideal bazar bolup durýardy we muny elden gidermek bolmaýardy. Näme etmelidi? Dewid Urkward Stambula geldi… • Kanuny jansyz Iñlis ilçisi Jon Ponsonbi (1770-1855) Stambulda ýañy işläp başlapdy. Ol wezipä bellenen badyna yzyndan ugradylan täze "söwda ataşşesi" Urkwarddan ynjalyksyzlandy. Urkwardyñ Stretford Kanningden getiren salamyny sowuk garşylady. Çünki onuñ agasy iñlisleriñ legendar diplomaty we premýer-ministri Jorj Kanning (1770-1827) bilen onçakly arasy ýokdy, biri-birlerini halamazlardy. (Bu oñşuksyzlyk soñam dowam etdi we Urkwardyñ ilçi Ponsonbiniñ Osmanlydaky edýän işlerini tankyt etmegi käbirleriniñ gözüne "türk dostlugy" bolup ildi!) Ýöne şol wagt öñde tutulmaly zat iñlis söwda bähbitleridi. Osmanlynyñ ýapyk bazary iñlis harytlaryna doly açylmalydy. Ilçi Ponsonbi "kanuny jansyzyñ" ýöretjek her dürli işine ykdysady taýdan goşant goşjakdygyny aýtdy. (Ataşşeleriñ wezipe borçlaryna girýän zatlaryñ birine - işleýän daşary ýurdunyñ ýagdaýyny seljerip berýän habarnamasyna we bu boýunça alyp barýan işine “kanuny jansyzlyk” diýilýär.) Ol Urkwardy ilkinji nobatda Soltan Mahmyt II-ni täsiri astyna alan şahslar bilen tanyşdyrdy. Bularyñ biri-de žurnalistdi… • “Blak beý” Aleksandr Blak (1792-1836) Osmanla gelende ýörgünli ady Blak beýe öwrüldi. Ol Parižde hukuk ugrundan okapdy. 1820-nji ýylda Izmire ýerleşdi, hem aklawjy bolup işledi, hem söwda bilen meşgullandy. Ýöne Urkward ýaly onuñam ykbalyny grek gozgalañy özgertdi, onuñ Gresiýa gönükdiren söwda işleri paltalanansoñ, žurnalistlige ýöneldi. “Le Spectateur Oriental”[b] we [b]“Le Courrier de Smyrne” gazetleriniñ redaksiýasynda ýewropaly söwdagärleriñ wekili bolup işledi. Fransuz koloniýasynyñ wekili wezipesine bellendi. Şol ikiarada… 1831-nji ýylda Stambulda Osmanly döwletiniñ ilkinji resmi gazeti "Takvim-i Vekayi" çap işlerine taýýarlanyp başlady. Blak beýe sala salyndy. Soltan Mahmyt II täze tanşy Blak beýden täsirlendi, onuñ ýewropalylar bilen gatnaşygyndan peýdalanmak üçin "Takvim-i Vekayi" gazetiniñ fransuz dilinde-de çap edilmegini buýurdy. “Moniteur Ottoman” gazeti şeýdip orta çykdy, baş redaktory edibem Blak beýi bellediler. (Onuñ ogly Edouard Blak 1867-nji ýylda ABŞ-nyñ Osmanlyda lkinji ilçihanasy açylanda, ilçi bolup gelipdi.) Dewid Urkward Blak beý bilen tanyşdy. Dostlaşdylar. Olaryñ maksady birdi. Urkward “Moniteur Ottoman”-da ykdysatçy bolmasa-da, ykdysadyýetden söz açýan makalalary ýazmaga başlady. Bugün bu makalalara göz aýlanyñyzda, olaryñ näderejede başlangyç we ýönekeý makalalardygyny görersiñiz, emma şol wagtyñ osmanly köşgi bu ykdysatçy awtory diýseñ halady! Bulam az bolýan ýaly Mahmyt II ilki ýazgylaryny okap, soñ tanşan bu "ykdysatçy beginden" täsirlendi. Osmanly köşgi çeññege agzyny uzadýardy. Urkward diýilýän adam makala bilen çäklenip oñjakmy, ol 1833-nji ýylda Osmanly döwletiniñ ykdysady gurluşyny öwrenýän "Türkiýe we rezerwleri" kitabyny neşir etdirdi. Kitabyñ käbir baplary türk diline geçirilip, Mahmyt II-niñ dykgatyna ýetirildi. Osmanlynyñ intellektual düşünje durmuşy şeýdip kemala gelmäge başlady. Ýurt şu ykdysady model bilen halas edilmelidi! Eýse onuñ öwüp arşa çykarylan täze ykdysady sistemasy nämelerden ybaratdy?.. • “Yslam röwüşi” bolmasa bolmaz Urkwardyñ "Moniteur Ottoman"-daky ýazgylarynyñ gysgaça mazmuny şulardan ybaratdy: Osmanly döwleti köne ykdysady we maliýe ýörelgelerini taryhyñ zibil sebedine atmalydy, aýratynam söwda monopoliýalaryny we içerki gümrügi aýyrmalydy, munuñ deregne daşarky söwdany şobada erkin ýagdaýda goýmaly we elbetde, gümrük paçlaryny iñ pes bahada tutmalydy. Ýagny, osmanly bazaryny gepsiz-gürrüñsiz daşaryk açmalydy. Osmanly gaznasy diñe şular ýaly şertlerde daşyndan kredit alyp bilýärdi! Aýratynam, eger täze ykdysady sistema kabul edilse, güýçlenen söwda gatnaşyklary arkaly Angliýanyñ, Russiýanyñ we Kawalaly Mämmedaly paşanyñ garşysynda güýçsüz ýagdaýa düşen Osmanla kömek edip biljekdi! Dewid Urkward sap ykdysadyýet baradaky makalalar bilen doly ýol almajagyny bilýärdi. Ol yslamyýeti mazamlaýan makalalary-da ýazmaga başlady. Mysal üçin, 1833-nji ýylda “İslam As a Political System” atly makalasynda "hristianlygyñ diñe ruhanyýet bilen çäklenýändigini, onuñ dünýä işleri bilen gyzyklanmaýandygyny, emma hem ruhany we hem jismanydygyny, ahyret durmuşy bilen birlikde adamlaryñ dünýewi durmuşyny-da her meselede kadalaşdyrýan syýasy sistema eýedigini" ýazdy. Bular ýaly öwgüli ýazgylar musulmanlaryñ depesini göge ýetirmäge ýeterlikdi. Galyberse-de, Urkward Russiýa garşy duşmançylygy bilen stambullularyñ köñlünde tagt gurmagy başardy. (Iñlisleriñ şol wagtky "Gök guşak" maksatnamasy bolan çerkezleri Russiýa garşy ulanma strategiýasyny durmuşa geçirenleriñ biri-de Urkwarddy. Hatda çrkez baýdagyny-da Urkward taýýarlapdy. Türk baýdagynyñ reñki bilen aý-ýyldyzyñ Wizantiýanyñ nyşanlarydygyny ýazanam Urkwarddy! Biz ony 1844-nji ýylda "ogurlan" ekenik! Karl Marks Osmanlyny sekulýar reformanyñ halas edip biljegini ýazýarka, Urkward "zaluwat, dünýewilikden daşda duraweriñ" diýip ýazýardy! Engels Marksa ýazan hatynda "türk dosty" bolansyraýan Urkwardy akmaklykda, lakgylykda aýyplaýardy. Iki beýik akyldar Osmanlynyñ Angliýanyñ çig mal bazasyna öwrülip, ganynyñ içiljegini öñünden bilýärdiler. Aýdyşlary ýalam boldy. Osmanly Angliýa bilen 1838-nji ýylda özara söwda geleşigini baglaşdy. 45 ýyl geçensoñ bu geleşigiñ netijelerini hronikaçy (vakanüvisl Ahmet Lütfi Ependi şeýle ýazdy: “Şol ylalaşyk (1838-nji ýylyñ söwda geleşigi) bilen ýedi wahid (monopoliýa) usuly aýrylanam bolsa, ýerine ejnebi intihisary (daşary ýurt monopoliýasy) geldi. Memaliki Mahrusada (Osmanly döwletinde) hurdefuruşlyga (iñ ownuk söwda gatnaşygyna) çenli ejnebiler eýeçilik etdi. Senagat bilen birlikde barça ugurlar doly çökdi we daşary ýurt harytlary rowaçlyk gazanyp, elimizdäki pulumyz Ýewropa tarap akmaga başlady.” (Tarih-i Devlet-i Aliye-i Osmaniye, c:5 s: 112) 1838-nji ýyldaky söwda geleşigine alyp baran döwürde habar beriş serişdeleri möhüm "rol" oýnady. Gollar çekilensoñam žurnalistleriñ "wezipe borçlary" gutarmady. Olar iñlisler bilen bileleşip köşge we jemgyýetçilige täsirlerini ýetirmäge dowam etdiler. Ýöne fransuzlar bilen bähbit çekişmeleri gazetiñ işine-de az täsirini ýetirmedi. Iñlislee täze gazete zerurlyk duýdular. "Ceride-i Havadis" gazeti hut şu maksat bilen döredildi. • Döwrüniñ “Taraf” gazeti Ady: William N.Çerçill (1796-1846). Londonda dünýä indi. Ýoly Izmirden soñ Stambula düşenlerden. Fransuz Lewanten maşgalasynyñ gyzy Beatris Belhomme bilen nikalaşdy. 1780-nji ýylda çap işine başlan iñlis “Morning Herald” gazetiniñ Türkiýedäki wekili bolup işledi. 1836-njy ýylyñ adaty günleriniñ bir güni... Kadyköýde awa çykanda ýalñyşlyk bilen Depderdaryñ kätiplerinden Nejati ependiniñ ogluny ýaralady. Derhal ele salnyp, Üsküdar gorag gullugyna tabşyryldy. Tussag edildi. Iñlis ilçisi Jon Ponsonbi şobada ara goşuldy we garşylyk görkezdi: "Heý, iñlis žurnalistem bir tussag edilermi?" Şol wagtlar fransuz ilçileriniñ osmanly döwlet apparatynda agramyny görkezýän döwrüdi. Çerçill jogapkärçilikden boşadylmak bilenem çäklenmedi, üsti sowgat-peşgeşler bilen gark edildi. Asyl partlamaly bomba partlady: 1836-njy ýylyñ 11-nji martynda gurulan Umury Harijiýe nezaretine (Daşary işler ministrligi) ýolbaşçy bellenen Akif paşa bu waka sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Munuñ Akif paşa bilen näme dahyly bolup bilerdi? Eger munuñ üçin biri kürsüsinden pyzylmaly bolsa, Umury Mülkiýe nezaretiniñ (Içeri işler ministri) başynda oturan Pertew paşa wezipesinden boşadylmalydy. Ýok, iñlisler Akif paşanyñ kellesini talap edipdiler. A näme üçin? Akif paşa wakanyñ añyrsynda bolan bolan zatlary ýedi ýyl soñ neşir ediljek "Tabsyra" atly kitabynda beýan etdi. Döwründe bäş gezek neşir edilen kitapda ol Pertew paşany iñlis syýasatynyñ tarapdary hökmünde görkezip, özüni daşara garaşly syýasatyñ garşydaşy hökmünde görkezipdi. Osmanly döwletiniñ daşarky bergilerine gözegçilik etmek üçin özüni belländigini aýdýan Dewid Urkwardam Akif paşanyñ aýdanlaryny tassyklaýar: “Osmanly döwletiniñ (Orsyýete) ummasyz kontribusiýa tölemäge mejbur bolandygyny we olara kredit bermek isleýändigimizi aýtdym. Akif paşa "Men bular ýaly taryhy we milli heläkçiligiñ garşysynda siziñ uzadýan maliýe kömegiñizi alyp biljek däl. Men öz halkyma ýüz tutmakçy, öz mähriban halkymdan pidakärlik isleýärin, ýöne size bergi edip biljek däl. Men halkymyñ diş-dyrnak bolup gazanan pullaryny size göterimine tölemerin" diýdi we aýgytly dil bilen garşy çykdy". Görnüşi ýaly, Akif paşa bir bahana bilen eýeleýän wezipesinden boşadylypdy. Soñ bir ýerde Dahiliýe nazirligine bellense-de, iñlis lobisiniñ gysyşy bilen ýene wezipesinden pyzyldy, ilki Kojaelä, soñ Edirnä sürgûn edildi. Babyalyda (Premýer-ministrlik) mundan beýläk "milli döwlet adamy' döwrüniñ soñy gelipdi. Meýdan William N.Çerçill ýaly çemeçillere galdy... Çerçill gazetiñ başlygy boljak bolup, ýeñini çermedi. Mälim bolşy ýaly, muña "zerurlyk" bardy! Osmanlynyñ düşünje durmuşynda iki garaýyş göze ilýärdi: "howandarlyk usulmy" ýa-da "erkin usulmy"? Erkin bazaryñ tarapyny çalýan "Ceride-i Havadis" gazeti 1840-njy ýylyñ 3-nji iýulynda öz işine başlady. Gazetiñ yzygiderli ýazýan ykdysadyýetdäki täze taglymlar we pikirler diñe eksplutatirlenjek bazary döretmäge niýetlenendi. Bu eksplutasion bazar özlerine žurnalist diýýän jansyzlar arkaly döredildi we weýrançylyk şondan soñ geldi: Soñky sözümi aýdaýyn: Biziñ taryhymyzda käbir jansyzlardan hemişe "türk dosty" diýip söz açylýar. Bular ýaly ýazanlaryñ birem AKP-li Hüseýin Çelik. Onuñ "Iñlis daşary işler komitetleri" (“İngiliz Dış İşler Komiteleri”) kitabynda Dewid Urkwardyñ we onuñ guran "Foreign Affairs Committe-sine mahabatly sözler bar. Awtor Urkwardyñ osmanly tarapdary bolandygyny ýazýar. Bulara-da şu gelişýär. Ýogsam şol döwürde nagyşbendileriñ Gümüşhanadaky dergähiniñ düýbüni tutujy Ahmet Ziýaeddin ependi osmanly bazarynyñ daşary ýurt kapitalynyñ eline geçmeginiñ öñüni almak we ownuk musulman önümçilik kärhanalaryny goramak üçin haýyr-sahawat sandyklaryny döredipdi. AKP jansyz Urkwardyñ açan ýolundan ýöremäge dowam edýär. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 15.12.2013 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |