16:14 Jenaýatkär, ýaragly! / detektiw powest | |
JENAÝATKÄR, ÝARAGLY!
Detektiw proza
Şol günüň howasy-da üýtgeşik boldy. Ilk-ä o diýen bir uzaga çekmedigem bolsa, ýere selçeňräkden telpek-telpek garjagazlar düşdi. Yzýany bilenem lowurdap duran gün çykyp, “gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz” diýlenine bardy, asyl gar ýagana meňzemedi, suw bolup eredi-de ötägitdi. Bu gün Güljemal ejäniňem keýpi kökdi, hemişeki gussaly gözleri şatlykdan ýaňa gülüp durdy. Ol tussaglaryň kän sanlysynyň döwletiň ýörite buýrugy bilen bendilikden boşadylandygyny eşidip, depesi göge diräpdi. Çykaran Permany üçin ýurduň Prezidentine otursa-tursa alkyş baryny ederdi, oňa biribardan uzak ömür, maşgalasynda abadanlyk, işinde rowaçlyk dilärdi. Eýsem-de bolsa, bu Permanyň çykmagy diňe bir Güljemal ejäni däl, onlarça enäni, diri aýralygyň derdini çekip gelýän ýüzlerçe garrydyr ýaşlary hem köne dertden saplanan ýaly edäýdi. “Her bendäň çagasy maşgalasyna aman-sag gowşubersin” diýip, Güljemal eje-hä içini gepletdi ýördi. Indi üç ýylyň özüdir ýeke dikrarynyň “Eje jan, men gaýdyp geldim!” diýip işikden ätlejek gününe garaşyp gezipdi. Häzirem gaýraky obadan boşap gelenlere gözüň aýdyňa barypdy. Öz oglundan habar-hatyr sorady, hiç kesden “gördüm”, “bildim” bolmansoň lapy keç halda yzyna gaýtdy. Gaýtsa-da gaýtdy welin, ylla ogly öz öýünde gelerine garaşyp oturan ýaly, ädimini barha çaltlandyrdy. Haýp, ony bu ýerde garşy alan bolmady, oturyp kemiş-kemiş aglady. Ýuregini mazaly gowzatdy: “Aýrybaşga, meň oguljygym galaýmalymy? Ol ilden üýtgeşik näme edipdir? Ýeri, birneme irräjik boşadyp goýberäýseniz, bir ýeriňiz kemärmidi? Onsuzam üç tomus, üç gyşy zyndanda geçirmek diýmek, dilde aňsat. Beýle-de bir namartlyk bormuşyn-da?!” Garry ene içini hümledip içerik girdi, içersi-de hemişekisi ýaly boş, gugaryp ýatyrdy. Wah, düýnden bäri howlynam, öýüň içinem dili bilen ýalan ýaly edip, syryp-süpüripdi. Munuň üçin uzakly gün hysyrdanypdy. Öten agşam-a ogluny düýşünde-de görüpdi. “Wah, balajygym, göz guwanjym geldiňmi? Eý, ilim-günüm, gözüňiz aýdyň, meň oglumam, meň oguljygymam gelipdir! Balajygymy soňky gezek görmänime ýedi aýdanam geçipdir. Her gezek ýanyna görme-görşe baranymda-da “ Käbäm, jan ejem, meni bigünä basdylar. Indi meň ýaşlygymy şu ýerde köýdürip, gujur-gaýratymy syndyrjaklar, umydymy elimden aljaklar bular” diýip, şol bir sözüni gaýtalardy. - Eziz balam, söwer guzym, sag-salamat gaýdyp geldin, şol maňa bolýar. Başga zadyň alajy bor. Indi bir şol tetelli adamlar bilen tirkeşmegin. Ýüzlerini babaly görsün şolaň…” Süýji ukuda ýatyrka ýer goduklanandakysy ýaly hopugyp oýanan Güljemal eje başyny ýassykdan galdyryp, birsellem diňşirgenip oturdy. Öýüň içine birlaý göz gezdirdi. Ýap-ýaňyja-da begenje-buýsanja çoýunyp, göz guwanjy, ýalňyz perzendi bilen ikiçäk oturyp gürrüňleşip oturan pursatynyň düýşdügini bilip, içini çekdi. Ýassygyny tertipleşdirip, ýaňadan baş goýsa-da, uzak wagtlap ukusy tutmady. Garry ene oglunyň suduna-da gatnaşypdy. Ýöne her gezek günäkäriň oturgyjynda kellesini ýalanaçlap, sary ýüplüge dönen, başyny galdyryp, gaýgy-gama batyp oturan ogluny görende, ol özüni ýitirerdi. Gözleriniň ýäşyny pürepürläp, özüne ýöňkelýän günä bilenem, onuň garşysyna gozgalýan jenaýat bilenem, birgiden töhmet bilenem işi bolman, ýuregine agram salyp, perişan halda otyrdy. ˝Eje, aglamasana. Bulan bary dilleşipdir, barysyňky töhmet. Menden jinnek ýalyjagam günä tapmazlar. Sende ak süýdüňe hyýanat etjek ogul ýokdur…” Berdimyradyň suduň zalyndan ejesine garap aýdan zatlary şu boldy. Wah, gürleşmegi gadagan etmedik bolsalardy, belki onuň başga-da aytjak-goýjak zatlary bolandyr. Üç günden soň sudam gutardy. Ogluny welin görkezmediler. Tussag çekýän daş-töweregi ýapyk dört burç maşyna maňlaýyny diräbem kän aglady… Barybir Berdimyrat boluş-ýagdaýy ejesine gürrüň bermedi. Ýogsam şu döwrüň içinde onda gürrüň berere mümkinlik hem bolupdy. Ýöne nämüçindir saklanypdy, bu hakykaty hiç kese ýaýman, öz gursagynda garratmak isleýän ýalydy. Özi dil ýarmansoň Güljemal eje-de bu hakda gürrüň bermäge ogluny mejbur edip oturmady. “Ynha, bir gün geler. Boşadarlar. Gaýdyp şu ýerlere düşmedik ýaly bolarsyn. Howlukma. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” diýlendir guzym. Enşalla, biziňem öýümizde toý bolar” diyip, her gezek onuň bilen duşuşanda göwünlik bererdi. Ýöne näme, ene ene bolýar, perzendem onuň bagryndan öndüreni. Laýyjak iki ýyl diýlende, ogly bilen egri oturyp, dogry gürleşdi. Berdimyrat ejesine dözmedi, ahyry onuň ýanynda ýüregini açdy. Güljemal eje şo gezek oglunyň gürrüňlerini diňläp oturyşyna gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, elleri bilen iki dyzyny ýumruklaberdi. “Wah, meň gara bagtym. Seniň günäň-de ýok ekeni. Biderekje ýandym diýsene, balam. Saňa şek ýetiren tanrysyndan tapsyn hudaýym, yzy ýitsin, öýi üstüne çöksünde hernä”. “Eje, hapa bolma, özüňi gynama. Gazamatda ýatmak meň maňlaýymda bardyr. Şunça wagtlap oturyp-turyp oýlandym, onsoň bolan işi senden gizlemäýin diýdim”. “Wagtynda aýtmaly ekeniň-dä, balam. Munça wagtlap ýätmalam bolmazdyň. Ugruna çykardym”. “Ýekäniň çaňy çykmaz” diýilýär-ä, şol çyn, eje. Barybir, seni diňlän tapylmazdy. Men hökman basylaýmaly ekenim”. Berdimyradyň jenaýat edip, tussaga düşer öýdüp diňe bir ata-enesiniň däl, uly iliň ýätanda düýşüne girjek zady däldi. Ol obadaşlarynyň alnyndan diräýen perişdedi. Bir gezekki edermenliginden soň-a onuň ady öýme-öý gezdi, iliň-günüň agzyndan düşmedi. Bu öýlän namazyndan soň bolupdy. Şol gün Artykjemal eje dünýäden gaýdypdy, ony jaýlap, towir galdyran adamlar ýaňy bir öýli-öýüne dagapdy. Ine, şo pille-de demirgazykdan güýçli ýel turup, gözüňi açmaga maý bermedi. Soňam dünýäni şuwwuldyly ses gaplap aldy. Birdenem… birdenem ýer yrandy. Obaň tot-tozany al-asmana goterildi. Yzýanyndanam aýal-ebtatyn, çaga-çuganyň sesi, turdy bir goh, turdy bir galmagal. “Kömek edin, adamlar!”, “Il-gün ýetişiň!”, “Öldüm-eý…’ diyip gyryk-endirewük, agy gatyşykly sesler, itleriň uwwuldysy, sygyrlaryň molamasy eşidildi. Ine, şeýle betbagtly ýagdaýda kimiň kimdigi belli boldy oturyberdi. Ýer yrananda odunly eşegini öňüne salyp, haýsydyr bir aýdyma hiňlenip gelýän Berdimyrat ýaňy bir obaň çetinden giripdi. Ol birbada nämäň-nämedigine düşünmedi. Asyl bu zatlar onuň gözüniň öňünde, özem sähelçe salymda bolup geçdi. Jaýlar duran-duran ýerinde çöküpdi. Näçe ýadawam bolsa işe girişdi. Telim –telim adamy, garr-u-ýaşy diýmän gabat geleni kesegiň astyndan alyp çykdy, birentegini gazyp aldy. Ol obadaşlaryny bu betbagtçylykdan halas edip ýörşüne eýýäm ýarym sagat dagy geçipdi. Häzirem Meňli agsaklaryň öýünde onuň kesegiň aşagynda galan çagalaryny çykaryp durdy. Soňky çykaran körpejesiniň welin haly teňdi, nepesi zordan gelip-gidýärdi. - Oglum, sen kimsiň, tanamadym-la? Perişde bolup çykdyň, sen bolmasaň… -- diyip, maşgalabaşy bozuldy. -- Men Semediň ogly. - Semediň ogly? – Ol ellerini gözlerine kölge edip gepledi. – Berdimyradyñ ady dakylanmy? -- Hawa. -- Berekella, sen-ä är işini bitirdiň, oglum. Neneň özüňiziňkilerem aman galypmy? - Bilmedim, Meňli aga! Men odundan gelýärdim. -- Onda, bar köşek, eglenme, özüňiziňkilere-de bir baş aýla. Berdimyrat öýlerine bakan ylgap diyen ýaly gaýtdy. Öl gelse Güljemal eje pürsüň aşagynda gana bulaşyp, çabalanyp ýatan adamsynyň başujunda gözýaş edip otyr eken. - Eje! - Balam! Ýetişeweri, kakaň… Berdimyrat haý diýmän, kakasyny agyr ýüküň aşagyndan çekip çykardy. Onyň bir aýagynyň mäjum bolandygyny görüp, başyny ýaýkady. Şoňam köçede duran üsti ýükli eşeginiň ýanyna ylgady. - Her kimiň derdi özüne ýetik boldy öýdýän. Kömek sorap näçe gygyrsam-da, gelen bolmady. Näalaç etjegimi bilmedim, oglum… Şol ýylky ýer yranmasy-da, adamlaryň gözüniň öňünden tüweleý ýaly geçdi-de gitdi. Ilki-ilkiler-hä adamlaryň arasyna dowul barysy düşdi. “Ihdiki gezek yrananda, ýer ýedi ýüz metr aşaklygyna çökjekmişin” diyip, myş-myş ýaýrady. Öňden iki göwünli bolup duran ýaş-ýeleňleriň-hä obadan bütinleý göçüp gitmegine bu-da bir bahana boldy. Ýöne ýurt taşlanylmady. Horluk barysy gorüldi. Döwlet hemmetaraplaýyn goldaw etdi. Öz hasabyna ak daşdan jaý salyp berdi. Tüweleme, indi bu ýere gelip görýänler “Obaňyz-a ýer yranmadyk ýaly bolupdyr” diýýärdiler. Dogry, Semet aga ýaly synasyna şikes ýeten adamlar üçin-ä bu hasrat ömür ýadyndan çykmaz. Berdimyradyň instituty tamamlap, obadaky kerpiç zawodynda buhgalter bolup işläp ýörenine dört ýyl bolýardy. Işi ýeterlikdi, hem buhgalterdi, hem kassirdi. Ine, şol günleriň birinde-de welaýatyn iň uzakda ýerleşýän etrapynda derýa joşup, kenarýaka obany suw basdy. Işçileriň altmyşysy şo ýerik gyssagly ugradyldy. Aýdyşlaryna görä, olar ýene birküç aýdan yzlaryna dolanmalydylar. Şol günüň ertesem Berdimyrat işçilere aýlyk pullaryny getirip paýlady. Kömege gidenleriň pullaryny bolsa seýfe salyp gulplady-da, açaryny jübüsine saldy. Bu ýagdaý ilkinji gezek däldi. Munça-munça puly-ha her gezekki aýlykda-da ýygşyryp goýardy. Ýöne näme, her bir işde-de öžüňe sak bolsaň ýägşy. Şeýle waka bolar öýdüp kim oýlapdy. Ir bilenem seýfiň güýç görlüp açylanyna, içiniň boşlugyna gözüm düşer öýdüp Berdimyradyň-a ýatanda düýşüne girjek zady däldi. Haýp, boljak iş bolupdy. Häzir çagyrylyp getirilen organ işgärleri töwerekde ser-sepildi. “Belki tapylaýady, ýoluňa bir tokly” diýip, Güljemal eje-de biribara ýalbaryp, ýagşy dilegler edýärdi. Berdimyrat derňewçileriň ýanyndan aýrylmady. Olara gol çekilip alnan wedomstwany görkezýärdi. Galan pullaryň soňky teňňesine deňiç hasabyny berýärdi, uzakly güni aýak üstünde geçirdi. Düzüwli çaý-suwam bolmady. Her kim ogrynyň kimligi ýüze çykarylyp, tizräk ele salynmagyna howlugýardy. Birentekler-ä “Hany, şular nädýärkä?” diýip, yllabir gyzykly oýna tomaşa edýän ýaly, bu wakany uzakdan synlaýardy. Ikinji gün diýlende, Berdimyradyň özüni soraga çagyrdylar. - Berdimyrat, oglum. - Gözi äýnekli, graždan eşikli adam pessaýja gürledi. – Seň pulhanaňy urdular, ogurlanylan pulam az-küç däl. Bu pullar döwletiňki, işdeş ýoldaşlaryň, il-güne kömege giden adamlaryň bir aýlyk daban azaby. Indi biz ikimiz, dine bir ikimizem däl, belki hemmämiz aýaga galmalydyrys. Her edip, hesip edip ogurlanylan puly ýerinde goýmaly. - Ýoldaş sülçi, men… - Men entek aýtjak zadymy bir aýdaýyn. Ine, biz düýnden bäri seniň seýfiňi gözden geçirdik. Dogrusy, onuň agzy haýsydyr bir metal bilen gaňrylypdyram. Ýöne, onda del adamyn eliniň yzyny görmedik. Ogrynyň elleri ellikli bolmagam ahmal. Onam biz göz öňünde tutýarys. -- Belki puly men ogurlandyryn. Siziň göwnüňiz maňa gidýär gerek? - Ýok, biz saňa özüň ogurlansyň diýemzok. Oňa bizde esasam ýok. Ýöne galan puly öýüňe äkiden bolaýma diýjek bolýarys. - Ýok, men puly şu seýfden başga hiç ýerik äkidemok. - Oňätja ýadyňa sal. Bäride göwnüňe bir zatlar giden bolmagy mümkin, belki öýde pul saklamak amatlydyr sen üçin. Onsonam näme, öý öý bolýar, dostuňam geler, senden içi kitüwlem. Iki ýüzli dostam köpelipdir, şeýle dostdan duşman ýagşydyr bilseň. - Ýoldaş sülçi! Puly-ha öýünde saklaýandyr öýdüp birjigem göwnüňize getirmäň. Ogryny daşyndan gözlemegiň deregine, meniň üçin gymmatly wagtyňyzy ýitirýärsiňiz. Belki ogurlygy menden görýärsiňiz? - Gel şeýlemişinem diýeli. - Onda siz ýalňyşýärsyňyz. – Berdimyrat kynlyk bilen ýüwdunyp gürledi.—Onda seýfi bu güne salan kim? -- Heniz belli bir zat aýdardan kyn. Belki, ogry gündizine işdäki seýfiňizi barlap gidendir, gije ýatyrkaňyzam… - Ýok, sülçi. Düýnki eden işimi bilip-bilmän, men heniz akylymdan aşamok. Men puly seýfe saldym-da, işden çykdym. - Howlukmaň, gadyrdan, hany oňatja ýatlaň, işden çykdyňyz. Sagat näçede? Şo mahal edarada senden başga adam barmydy? - Işden çykdym. Hemişekilerim ýaly şo mahalam sagat alty bolupdy, belki bäş-üç minut geçendirem. Gullukdaş oglanym Sary bilen tirkeşip öýe bardyk. Çaý içdik. - Eger gizlin bolmasa, sen aýt, gullukdaşyň seň ýanyňa nämüçin geldi? Nämüçin öýe däl-de, işiňe barypdyr? - Ejemiň pygamber ýäşyny belledik. Sadaka berdik. Sary onuň ady, ol meniň ýakyn dostum, gullukdaş oglanym. Olam ejemiň ýaş toýuny gutlamaga gelipdir. -- Hany, anygrak gürrüň bersene? Ol sowgat-serpaýly gelipmi? Nirede, näme kärde işleýän adam? - Düýn-ä ol eli boş geldi. Ýöne, ine, şu gün ir bilen, işe gaýdamsoň ejeme uly bir gyňaç getiripdir. Ejemem ony öz oglundan kem görenok. - Şu gün ir bilen diýdiňmi? – Sülçi aşygy alçy gopan oglanyňky ýaly dikelibräk oturdy. – Gyňaç getiripdir-dä, ol-a gymmatdyr-aý, daşary ýurduňkydyr. Bildim gerek? Berdimyrat sesinem çykarmady. Özüniň her sözüni kesä çekip oturan bu adamyň pyglyny halamady. - Onuň işlän ýerini aýtmadyň-la. Berdimyrat gaharly başyny galdyryp gepledi. - Gaýraky awtoparka işe giripdir. Özem ýaňyrak boşap geldi. - Türmede oturanmy? - Hawa. - Hm... ol nämüçin oturdy, bileňokmy? Belki tüýkesme ogrulardandyr. Ogurlyk bilen düşen dälmi? - Ogurlyg-a däl. Aý, ýone biri bilen sene-mene edipdir. - Sene-mene edeniň üçin-ä basmazlar. Sen maňa dostuň adyny, atasynyň adyny, ýaşaýan ýerini salgy berip bilermiň? - Ol size näme gerek? Oňa azar bermäň! Ogryny başga ýerden gözläň. Gury göwnüne degeniňiz galar. Onsuzam meň dostum az. - Sen ondan arkaýyn bol, gürleşerisem, goýbererisem. – Sülçi kagyzyň üstünde galamyny oýnatdy-da, häzirlendi. – Men garaşýan. - Tyllayew Sary. Sowet köçesiniň 45-nji jaýynda oturýar. Sallah, bir özi ýaşaýar. - Bolýa, häzirlikçe ötägit. – Gözündäki äýnegini eline alyp, gözlerini owkalap durşuna Berdimyradyň otagdan çykyp gidenine-de üns bermedi. Ogurlykdan soň aradan üç gün geçipdi. Sülçiň henizem Berdimyrady gysaja salyp oturyşydy. Berdimyrat halys bolupdy, ýadawdy. - Berdimyrat, han ogul. – Sülçi gaharlanjak ýaly etdi-de, sesini gataldybyrak gepledi. – Seniň aýdýan zatlaryň bizdäki maglumatlara ters gelýär. Sen aýdýaň, işden çykamda dostum daşarda garaşyp dur eken diýdiň. Şeýle gerek? - Şeýle. - Şeýle bolsa, yzyny diňle. Garawul Arslan gara barmydy, sen işden çykanda? - Bolsa bardyr, men ony görmedim. - O welin sizi görüpdir. Şol gün işiň ahyrynda kimdir bir adam bilen bilen otagyňy içinden gulplap oturypsyňyz. Kim ol? - Diýdim-ä, dostum Sary geldi diýip. - Sen, inijik, syrtyňy iki-baka bulap oturma-da, dogryňy aýt, dostuň seniň ýänyňa näme iş bilen geldi? - Ol maňa jinsi balak getiripdi. Men işigi gurdum-da, ony geýip gördüm. Birhiliräk, halamadym. Üstesine-de gymmat eken. - Onsoň? - Onsoňmy, biz tirkeşip işden çykyp gitdik. - Jinsi balaklymy? - Ýok, ýok, men ony geýip gördüm diýdim-ä. Ony edil öňküsi ýäly edibem gazete doladym-da, eline tutdurdym. Biz öýe bardyk, birneme oturdyk, çaý içdik. Sary ejemi hem ýaş toýy bilen gutlady, sadakasynyň kabul bolaryny dileg etdi. Ertir ýorite sowgatly geljeginem şol ýerde aýtdy. Sülçi: - Sen şu yerde birsellem otur – diýdi-de, kömekçisini ýanyna çagyryp, oňa nämedir bir zatlary tabşyryk berdi. Berdimyrat çilim otlandy. Kömekçiniň bir sagat çemesi eglenip, täzeden sülçiň ýanyna girensonam esli garaşyp oturdy. Birhaýukdan soň öz adyny tutup çagyrýan sesini eşidip, ýerinden turdy. - Berdimyrat, indi gel ikimiz ýaňky söhbetimizi dowam edeli. Sen ýäňy aýtdyň, puly öýe äkidemok, seýfde goýdum diýip. Şeýlemi? - Şeýle. - Onda ejeňiziň şu gün ir bilen dostuňyz Sara gazede dolangy zady berip goýbermegine näme diýjek? Ana, pul nirede eken? - Ýok, ýoldaş sülçi, siz ýalňyşýärsyňyz. Ejemi gören bolsanyz, dogry edipsiňiz. Ýöne gazete dolangy zatdan ol habarsyzdyr. - Hawa, hawa, olam dolangy zadyň nämedigini bilemok diýýämişin, ýöne… - Men ýaňy aýtdym-a. Biz iki bolup öýe bardyk. Soňam Anna çeplere toýa gitdik. Gullukdaş oglanymyz öýlendi. Şonda Men muny ýanym bilen göterip ýörmäýin, şu sizde dursun. Men irdenjik gelip alaýaryn” diýdi-de, ony bizde goýup gitdi. Ejemem aýdylyşy ýäly edipdir. Sary gelipdirem, äkidipdirem. Şonda uly gýňaç getiripdir, ejeme sowgat getirdi diýen gezegimdi-dä! Dogrusy, gazete dolangy zadyň jinsi balakdygyny aýtmagam unudypdyryn, ony ejemuň özem soramady. - Hm. Bolýa, häzirlikçe sen boş. – Sülçi kagyzlary bir gapdala süýşürip, Berdimyrat otagdan çykyp gidýänçä garaşdy. Soňam stoluň bir burçundaky düwmejige elini ýetirdi. Içerik kiçi leýtenant Sadykow girdi. - Häzir sen prokurordan sanksiýa aldany, şol ýere eň. Öýünden tapmasaň, gaýraky awtoparka bar, Tyllaýew Saryny ýygnamaly!.. Berdimyrat polisiýanyň jaýyndan çykybam Suraýyň iş ýerine geldi. Onuň hemişeki şähtaçyk, nurana ýüzi garaört bolupdy. Olar ogurlyk edýän ýäly sessiz-selemsiz salamlaşdylar. -- Berdimyrat, başyňa nämeler düşüp ýör seniň. Il arasynda her hili gürrüň köp-le. -- Ýeri bakaly, sen men barada nämeleri eşitdiň? -- Aý, hamala, döwletiň puluny öýüňde saklap, onam ogurladypdyr diýýänem bar. Işçileriň aýlyk hakyny hojalygy üçin harçlapdyr diýýänlerem bar. -- Onsoň sen şolaryň haýsy birine ynandyň? -- Hiç birine. Seň öz agzyňdan eşidýänçäm hiç kesiň sözüne ynanamok. -- Sag bol, Suraý. Taňryýalkasyn. Hak sözüň üçin. Asyl maňa senden başga düşünýän ýok-how. Ýeri, seýf döwlüp pul ogurlanypdyr. Hakyky ogryny gözlemegiň ýerine näçe gündür güýmeň-süýmeň eden bolup, gaýta meň başymy agyrdyp ýörler. Göz-görtele töhmet atýarlar. Munuň üçin birjik-de utananoklaram. Üstesine Sary dostuma-da ikirjiňlenýarler. Wah, bary meň özümden boldy, men onuň adynam agzaýypdyryn-da. O görüli şo ýerden ýaňy boşap gelipdi-dä! -- Oňarmansyň. Meniň garry atamy diňläp bir gör. “Ýakynlaşmak üçin bir gün besdir, dostlaşmak üçin müň günem azdyr. Hakyky dost dogandanam ileri durýandyr. ˝Aýypsyz dost agtaran täk galar” diýýä. -- Men ondan aýyp gözlejek bolmadym-a. Onam çagyrarlar, goýbärler. Ýöne… menden gaty görmese diýsene. – Berdimyrat aýagynyň ujy bilen bir tokga daşy urup goýberdi-de: -- Başa gelenini çekibermeli bor-da – diýdi. -- A bizin toýumyz?! -- “Toýa garrama ýok”, ezizim. Töhmet belasyndan allaň özi gorasyn. Olar sessiz üm bilen salamlaşyşlary ýaly, sessizem sagbollaşdylar… Suraý öýde-de syr bermedi, içini welin gepledip gezdi. Set-müň pikiri kellä getirdi. Ejesiniň ýanynda-da dil ýarmady. Ony Aksoltan ejäniň özi bir ýerlerden eşidip geldi. Eşiden dessine-de gudasynyňka bardy. -- Guda jan, ynha men-ä batnyksyz bir gürrüň eşidip geldim – diýip, dyzyny epip-epmänkä gürledi. Güljemal eje bu mahal ot içindedi. Ýüregi howur alyp barýan ýäly hamsygyp gepledi. -- Guda jan, geleweri, toýa taýynlyk görüp ýören halymyza “Ýetimi düýäň üstünde ýylan çakar” diýýäni bolaýdy. Asyl düýnden bäri otursam-tursam, bar küýüm-pikirim Berdimyrat jan bolaýdy-da! Gijelerine-de oňly ýatyp bilemok. -- Näme bolupdyr? Oň etmişi näme? -- Oglumyň pulhanada goýan puly ogurlanypdyr. Az-küjem däl diýýä. Indem ogram tapylanok, pulam. Şoň üçribem Berdimyrat jany ondan-oňa çekeläp, emen süýdüni burnundan getirdiler çagajygymyň. Şu günem ertirki gidişi, gara berenok. -- Şübhe astyna alynýan bir barmyka, gyz? -- Bir gowy görüşýän dosty bardy. Wah, o gün pygamber ýaşymy gutlap, uly bir gyňajam getiripdi. Ana, şony-ha ýygnapdyrlar. Ýöne, hudaý bardyr, o görgülide günä ýokdur. O neressäň öňki gören görgülerem ýeterlik. Aý, näme, görgülä oturyp çykan diýýändirler. -- Oturyp çykanlaryň hemmesi toba gelýändirem öýtme, guda. Olaryň içinde her haýsysy bardyr. -- Näbileýin-dä! Polisiýaň eline düşen özüň bolma, anygyna ýetmän-ä goýbermezler. -- Indi biziň toýly meselämiz neneň borka, guda? -- Hiç hilem bolmaz. Aýyl-saýyl edilýänça, oguljyymyn işi bir ýüzli bolýança, toý tutup bolmaz. Manlaýda näme bar, bir alla bilýar. -- Hawa, guda. Artykmyrat gudaňam şeý diýýa. Eger ogry tapylmasa, onda Berdimyradyň özüni ýygnaýmaklary gaty ahmal diýýä. Güljemal eje ýakasyna tüýkürindi. – Daş etsin. Şeý diýmäge ňädip Artykmyradyň dili barýa. Höküwmet zor bolýan bolsa, barsyn-da hakyky, çyn ogryny tapsyn. Berdimyrat jana-ha barmagynam degrip bilmezler. Onsuzam balam düýnden bäri ne iýýär, ne içýär. Men oňa “Demri nem çüýreder, ynsany gam” diýýän. Birjigem alada etmegin diýýän, edenok… -- Ol özbaşyna gepläp durşuna gudasynyň ýanyndan turup gideninem bilmedi. Birhaýukdan soň ylgap diýen ýaly derwezäň ýanyna bardy. Aksoltan eje eýýäm bu ýerden esli arany açypdy. x x x “Jenaýatkär, ýaragly!”. Her edip, hesip edip ony ýaragsyzlandyrmaly, diri ele salmaly!” Şeýle möhüm, gyssagly buýrugy alan harby eşikli adamlar topar-topar bolşup oba arasyna siňdiler. Oba ýäşulularyny ýygnap gürrüň geçirdiler. Ýöne olaryň hiç haýsy, jenaýat agtaryş işiniň inspektory, polisiýanyň maýory Şamuhammedow ýaly bu gün-erte oglum geler öýdüp gözleri ýolda galan Güljemal ejäniň ýanyna barmaga hem-de ony habarly etmäge ýurek edip bilmedi. Daş-töweregini garawullap oturan graždan eşikli adamlaram garra görünmejek bolup jan edýärdi. Ol salam berip içerik girende, Güljemal eje ony tanaman, siňe-siňe seretdi: -- Kim borsuňyz, oglum? Men seni tanamadym-la? -- Men Şamuhammedow Merdan, etrabyň jenaýat agtaryş bölüminden – diýip, yzyn boýly, hortaň ýigit goltuk jübüsinden çykaran knižkasynyň gatyny açyp, Güljemal ejä görkezdi. Gözleri knižkadan polisiýa eşikli adamy zordan saýgaran Güljemal eje sen-men ýok, lampa aşak çökdi. -- Men işli geldim, Güljemal eje! Birsellem agaç ýuwdan ýaly söm-söýek bolup oturan Güljemal ejeden ses-üýn çykmady. Inspektor işige golaý ýerdäki oturgyja geçip oturansoňam ýägşydan-ýamandan dil ýarmady. Ol papkasyndan çykaran kagyzlaryna göz gezdirip çykýança, birneme özüni dürsedi. -- Näme balam, bizlik işiňiz çykdy? Men-ä jenaýat eden däldirin. -- Ýok-la, Güljemal eje, biz-ä bir ýumuş oglany. Ogluňyz hakda näme bilýäňiz? Ol size nämeler ýazýar? Sargan zady boldumy? Onsoňam… -- Ol bir zat diýjek boldy-da, dilini dişledi. – Onsoňam türmä düşenleriň maşgalalaryndan habar alyp durmak biziň borjumyz ahyryn. Güljemal eje bir minut çemesi oýurgandy: “Be, üç ýylda bir gezek habar alsaňam boljak eken-ow”. -- Habar alyp, tussagyň maşgalasy hakda aladalanmagyňyz ýagşy-la. Asyl siziň aýagyňyz düşdi. Şu gün oglum Berdimyrat jan gelýär, ol eýýäm ýoldamyşyn, aňry-bäri goş-golamlaryny-ha iberipdirem. -- Kimden? Ol nämäniň goşy? -- Nury keliň ogly Durdydan. Olam boşap gelenleň biri. “Türmeden şu gün bileje çykdyk, gündiz sagat on ikide” diýýä. Buşlugyňa bir tokly berjek diýdim. Hä, ol ýalan sözlemez. “Elinde sowalga puly bar eken, şoňa ejeme, gelinligme sowgat aljak diýip menden üzülip galdy” diýýä. “Ejem maňa agşam garaşybersin” diýipdirem. -- Şeýle, şeýle. -- Daýza jan, siz maňa dogry düşüniň. Menem siziň keýpiňizi gaçyrjak bolup gelemok. Ýöne, ine, iliň gürrüňi-dä, hamala, siziň ogluňyz Berdimyrat tussaglykdan boşap däl-de, gaçyp gaýdanmyşyn. Özem ýaragly! -- Gaçyp? Ýaragly? – Gülmusa ejäniň ýüzi duw-ak bolup, ýakasyny ebşitläp tutsa-da, nämüçindir bu söz oňa o diýen bir täsir etmedi. – Onyňa-ha hä diýmen. Sebäbini aýdaýyn. Berdimyrat janyň elinde onuň boşadylandygy hakynda haty barmyşyn. Durdy şeý diýdi, baryň ondan soraýyň. -- Ony biz basym anyklarys. Belki ol siziň ogluňyz däl-de, Berdimyrat atly başga biriniň ogly gaçandyr. – Ol başky sesini birneme ýuwaşatdy. – Güljemal eje, ýaňy siz bir gepiňizde Berdimyrat aňry-bäri goş-golamynam iberipdir diýdiňiz. Olar nämeler? -- Men häzir… -- Güljemal eje ýerinden turup, içerik alas-gapas ýöräp gitdi.Ýelýyrtan ýaglyga daňylan goşlaryny getirip inspektoryň öňünde goýdy. – Ine, neçelnik, heniz şuň men daňysynam çözemok. Ýaglygyň içinde ejesinden, dosty Sarydan gelen bukjalar, Suraý bilen alşan söýgi hatlary, gyzyň ýekelikde aldyran suraty bardy, goş bolup başga bir ullakan zadam ýokdy. Hatlaryň ählisiniň manysy birmeňzeşräkdi. “Sen bizi gaýgy etme, balam!”, “Biz saňa garaşýas!”. “Meniň senden özge kimim bar, oglum?”. Sen şuny beri unutmaly dälsiň. Men diňe sen üçin ýaşaýan. Hudaýa şükür, wagtyň azalýar. Men şunça wagtlap garaşarynam öýtmändim. Hudaý jan, özi garaşyk etdi. Men seniň geljek günüňi barmak basyp sanap ýörendirin balam…” Seýle jümleler onuň hatlarynyň tas hemmesinde diýen ýaly bardy. Ýöne şol hatlaryň biri welin, maýoryň elinde uzak eglendi. “Balam, sen nämüçin meň hatyma jogap ýäzaňok? – diýip, Guljemal eje hatynda ýazýardy. – Şo-ol bir iberen hatyň. Onsoň men her gün şol hatyňy okaýan. Sen nämüçin “görüşmesek razy bol!” diýipsiň. Nämüçin beýle diýýäň? Bagrymyň ozalky paralananyny az görýärmiň? Ýa-da seň bir ýeriň agyryp, gutulmaz derde uçrap ýörmüň? “Şuň içinden diri çykmarsyň” diýip, seni gorkuzýan-a ýokdur-da! Aýtsana oglum, belki meniň kömegim deger saňa. Ketdeleriniň ýanyna bararyn, ilçilikdir herhal gowy adamlaram bardyr, kömek eden tapylar. “Meni nädogry sud etdiler” diýip, aýdýaň. Ýeri, ýeke özüň näme ederin öýdýäň? Garşyňa duran Arslan gara-da obadan göçdi. Özüniňem gol doly maşgalasy bar. Ol heniz taňrysyndan tapar. Menden bidin bir zat ediji bolaýma. Men beren süýdümden razy däldirin…” Bu hat maýor Samyhammedowa aýratyn täsir etdi, dessine daş çykdy-da, çilim otlandy. Şol ýerde-de ýörite tabşyryk bilen aýlanyşyp ýören ýoldaşlaryny elini bulap ýanyna çagyrdy. -- Myradow, Ýegenow! Hany, ikiňizem meň ýanyma geliň! – Soňam birentek tabşyryklar bilen olaryň hersini bir ýerik ugratdy. – Eger çaltlaşmasaňyz, uly bir jenaýatyň bolmagam ahmal. – Maýor bu iki ýigidiň yzyndan garap durşuna çuň pikire gitdi: “Oňa ar almagyň kül-külüne düşen ýigit diýerler. Özüni bigünä saýan kişi bolan bolup, türmä basdyran adamynyň kastyna çykan bolmaly… Ýogsa-da, onuň ejesini gürledip bilmezmikäm?” Maýor Şamuhammedow çekip gutaraňkyrlan çilimini eliniň tersi bilen oklap goýberdi-de, ýene-de Güljemal ejäniň ýänyna gaýdyp geldi. -- Güljemal ejäňiz-ä goşa toýa taýýarlanyp ýörendir, oglum. -- O nämäniň goşa toýy, Güljemal eje? -- Wiý, huşum gursun, entek size aýdamogammy? Oglum tussaglykdan boşap gelýär. Bu-da bir toý, allam ýol berse, gelin aljak bolýan. Bu-da iki toý. Oglumyň öňden halaşýany bardy. Onsoň şol goşa toý bor-da! Besdir indi iň bir juwanlyk ýyllarynyn gazamatda geçeni. Bir näkesiň ýalan gepi bilen. -- Güljemal eje, “Dile geldi, bile geldi”. Men bu barada ynanyň, hiç zat bilemok. Kim ol näkes? Aslynda ogluňyz nämüçin türmä düşdi? Etmişi näme? Arslan gara diýilýäni kim bolmaly? -- Wah, balam, derdimi gozgama. – Ol “Eger hiç zatdan habarsyz bolýan bolsaň, onda Arslan garaň adyny tutmazdyň?” diyen röwüşde garady. Soňam içki pikirini daşyna çykardy. – Eýsem-de bolsa, Arslan garany-ha tanaýan ekeniň?! -- Tanama nämişlesin, ýaňy oň adyna şol hatlaryň birinde duşdum. – Ol Güljemal ejäniň geplärine garaşdy, ol welin nämüçindir gepläbermedi. Nämeden başlap, nämede gutarjagyny bilmän, elewredi. Ine, şol pille-de daşardan: -- Eje-e, men geldim. Salowmaleýkim, eje jan! – diýip, Berdimyradyň sesi eşidildi. Güljemal eje ýerinden turanda, çäga ýaly, ýeňil gopdy. Maýor Şamuhammedowyň bir özüni öýde galdyryp, daşaryk ýelk ýasady. Eneli-ogul garsa gujaklaşdy. Güljemal eje horkuldap aglady. Muňa Berdimyrat hem bozuldy, onda-da mertlik edip ejesini köşeşdirmäge durdy. -- Eje, goý aglama. Ine, indi men öýümizde ahyryn. Hemmeler maňa gören görgüleň, çeken jebir-sütemleň kyýamat azabyndan bolsun diýýärler. Belki şeýle bolsun-da. Hany beýdişip durmaly-la. Gaýtyp satlanmal-a biz. Ýa meni içerik salaňokmy? Guljemal eje gynajynyň ujy bilen gözlerini süpürişdirdi-de: -- Wiý, neme, öýde… -- diýdi-de, başga hiç zadam aýdyp bilmedi. Içerik Berdimyradyň özi girdi. Bu mahal içerde bir eli sapançaly, bir eli-de knižkaly maýor ätiýajy elden bererli däldi. -- Men polisiyadan! Ony görüp Berdimyradyň ýüregi atygsap gitdi. -- Salowmaleý… -- Öňinçä sen ýaragyňy tabşyr, soň salamlaşarys! -- O nämäň ýaragy? -- Oýun etme, meniň çynym. -- Men size düşünemok. -- Elleriňi galdyr! Berdimyrat hiç zada düşünmedi, biygtyýar ellerini ýokaryk galdyrdy. Şo pille-de Güljemal eje içerik girdi. Bir-ä oglunyň, birem eli sapançaly polisiýanyň ýüzüne aňkarylyp seretdi-de, soňam ellerini galdyryp duran ogluna golaý geldi. -- Oglum, sen dogrudanam boşap däl-de, gaçyp geldiňmi? -- Eje, men… -- Berdimyrat ejesine jogap bermänkä, maýor öňürtdi. -- Güljemal eje, azajyk tagapyl ediň, biz basym düşüneris. – Ol Berdimyradyň jübülerini sermäp çykdy, ýäny bilen getiren zatlaryny dörüşdirdi, ýarag welin tapmady. – Eliňizi goýberäýiň. Sen sapançany haýsydyr bir ýerde bukup gelenem bolsaň aýt, barybir biz ony taparys. -- O nähili sapança, o nämäň bukmasy? Ýa-da siz meni ikilenç aldawa salyp, basdyryn öýdýäňizmi? Ýo-ok, ol size başartmaz. “Kör hasasyn bir gezek aldyrýandyr…” Bolsa-da, maýor Şamuhammedowyň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Berdimyrady hiç bir garşylyksyz “ele saldy”. Ony ýanynda oturdyp hoşamaýlap gördi. -- Berdimyrat, biz hemmesini bilýäris. Sen menden zat gizleme, dogryňy aýt. Ýogsam türmeden gaçanyň, onda-da ýaragly gaçanyň nähili agyr jenaýatdygyny bilýansiň. Ýöne ynan, men saňa komek edeýin. Sen o sapançany garawuly öldürip almansyň-a. Belki uklan mahaly alansyň. Munuň üçin garawula degerler. Saňa zat diýdirmen. Sen maňa ýaragy meýletin gowşur. -- Yaşuly, siz bir zada düşüniň, men gaçamok, eger-de gaçmak niýetimde bar bolsady, men onda baran dessime-de gaçyp bilerdim. Gaçmagyma sebäbem bardy, haklaşmaly adamlarymam. -- Toba diý, oglum. – Güljemal eje elini agzyna ýetirip gepledi. -- Ýok, Berdimyrat, munyňa hä diýmerin. Birine ok atsaň, ömrüň tussaglykda kül bolar. --Oglum, jan oglum, ganygyzgynlyk etme. Ozalky sülçiňem işinden garalanyp aýryldy. Onuň pidasy bolanlar bir sen däl ekeniň. Hudaýym göz görkezäýedi-dä! Indikiň artyk degýä, balam. -- Dogrusy, biz seniň tussaglykdan gaçanyňy şol adama-da duýdurdyk. -- Goranmak üçinmi? –Berdimyrat maýoryň ýüzüne çiňerildi. – Eger ol özünde günä görmeýän bolsa, goranmak nämesine gerek?! Ine, ýoldaş naçalnik, şu haty okap bir görüň! Maýor Şamuhammedow Berdimyradyň özüne uzadan hatyny alyp, onda ýazylan sözleri bir demde diýen ýaly okap çykdy. -- Bu ýerde bir düşnüksizlig-ä bolupdyr? -- Eliňde buýruk bilen boşadylan hatyň bolar-da, onda-da günäsiz bilnip, ähli zadyňy gaýtaryp berilmeli ediler-de, düşünip-düşünmezlik ýäly näme bar. -- Ana, neçennik, men aýtdym-a oglum gaçyp däl-de, boşap gelýä, Ozem bütinleý aklanylyp gelýä diýip. -- Men saňa ynanýan, Berdimyrat. Onda-da sen häzir meň bilen uçastoga barmaly borsuň. Gerek bolsa türmäň nacalnigi bilenem gepleşeris. Bolmanda-da boşap gelenleri hasaba almal-a biz. -- Barmaly bolsa, baraýarys. -- Weý, weý, men indi oguljygymy hiç ýaňa goýbermen. – Güljemal eje maýoryň eline ýapyşdy. – Meniň balamy nirä alyp barýaň? -- Siz gaýga galmaň, Cüljemal eje. Bu bir ýalňyşlyk. Men ony özümjik alyp gelerin. -- Eje, men häzirjik gelýän. Häzir oglanlaram geler. -- Bolýa balam, men onýança goňşy-golamlara bir buşlaýyn… Olar gidişleri ýalam gaýdyp geldiler. Içerik öňi bilen maýor Şamuhammedow ýylgyrjaklap girdi. -- Güljemal eje, gözüňiz aýdyň!—Ol göýä bu ýere ilkinji gezek gelen ýaly, gepledi. -- Ine, munyň boldy. Taňryýalkasyn. Ýogsam bolar-bolmazyň gepine gidip meň keýpimi bozjak bolduň durduň. Aslynda bir zadyň anygyna-şanigine ýetmänem bir iş ederlermi? Geliň, geçiň, jaýlaşykly oturyň! -- Sag boluň, men gideýin. Ýöne bir ýalňyşlyk boldy-da, bagyşlaweriň Güljemal eje! Bizem, hälki… buýruk… -- Men size düşünýärin. Bagyşlaman näme, elbertde bagyşlaryn. Siziň işiňiz seýle ahyryn. Men welin başda-da siziň o gürrüňiňize ynanmadym. Geljek hoş güni toýumyzdyr. Berdimyrat jany gözli-başly etjek. Toýümyzyň myhmany boluň! -- Nesip etse, geleris. – Ol Berdimyradyň arkasyna adaja kakdy. – Bagtly bol inim, bu bolan iş üçin menden kine saklap ýörme, bolýamy? -- Ýok-la, men oglan-oglanjyk däl ahyryn. -- Taňryýalkasyn. – Maýor Şamuhammedow Güljemal ejäniň eline tutduran süýji-kökesinden bir gysym aldy-da, hoşlaşyp çykyp gitdi. Berdimyrat öýüň içine göz aýlap, uludan bir dem aldy. Kondisioneriň oturdylan ýeri boş durdy. Hemişeki diwardan asylgy dürli ölçegdäki el halylary ýokdy. Ýatakda hor eşek daňylgy diýäýmeseň, mal-garaň sesi eşidilmeýärdi. Ol başga biriniň garyp çatmasyna geläýen ýaly birbada hopukdy, sowujak der basdy. -- Oglum, başyňy dik tut. Hiýç gamlanma. Öý goşy tapdyrar. Bi zatlary saňa ýöňkelen puluň ornuna alyp, döwletiň haýryna geçirdiler. Mal-garanam deger-degmez bahalaryna satyp, sen tölemeli pullaňňy töländirin. Onsonam, hiç zat ýok ýerde, toýüň sähedini bellänime genirgenme. Pensiýa pullammy ýygnap sygyr edindim. Ony baryp getirmeli. Sag-aman gelen bolsaň bolýar. Toýüňy hiç kesiňkiden pes etmen. Gapy-gapy gezmelem bolsam gezerin. Onsoňam, uly iliň ýänynda seň hatyraň uly. Olar seniň ýagşylygyňy unutmandyrlar. Hemmesem kömek etjekler. -- Eje jan, käbäm! Sen gapy-gapy gezmeli bolmarsyň. Meň işime täzeden seretdiler, özem adalatly seretdiler. Ynha, şu hatda – Ol goltuk jübüsinden çykaran möhürli hatyny görkezdi. – hemmesi ýazylan. Meni günäsiz bildiler. Bizden alan pullarynam, öý-goşlarynam yzyna gaýtaryp bermek ýazylan. Üç ýylyň aýlyk hakynam berjekler, öňki işimem. -- Ýok, ýok, balam, öňki işiňi bir agzama. Başga-da sen hünäriň bar ahyryn. Eneli-ogul üç ýyldan soň ýene-de bir supraň daşyna geçdiler. x x x Berdimyradyň boşap geleninden bary-ýogy üç-dört gün geçipdi. Hemmeler, uly-kiçi olara gözüň aýdyňa gelýärdi. Häzir olarda dosty Sary otyrdy. -- Berdimyrat, dost jan, o gün gelemde bir zat hakynda aýtmaga bognum ysmady. Indi birneme köşeşensiň öýdüp aýdýan. Seniň aklanyp, boşap gelýäniňi eşitdim. Şol günem “Berdimyrat türmeden gaçypdyr, özem ýaragly!” diýip gürrüň ýaýratdym. Ony organ işgärleriniň gulagyna ýetirenem men. Duşmanlaňňy gorkuzyp bir galaýyn diýdim-dä! Öt günämi. Halys içim tütäp duransoň şeýtdim. Oňarypdyrynmy, oňarmandyrynmy, onçasyny-ha bilmedim. -- Ah, şey diýsene.–Berdimyrat gaharlanjagyny-gaharlanmajagyny bilmedi. – Ýagşam bir iş etdiň. Köp kişiň zähresini-hä ýardyň. Sary etrap gazetinin şu günki sanyny jübüsinden çykardy. -- Al, ine, okap gör, täzelik diýibem şuňa aýdarlar. -- Näme ýazylypdyr, hany göreli! -- Berdimyradyň gözleri iri harplar bilen ýazylan “Ýakma bişersiň…” diýen uly bir makala kaklyşdy. Ol makalany bir demde okap çykdy. Soňam haýsydyr bir işe hysyrdanyp ýören ejesiniň ýanyna ylgap bardy. -- Eje, bu bolýan zatlara seretsene. Meň dynç alyp gaýdan ‘kurortymy-ha” görüp gaýtdyň. Şeýle gerek!? -- Hawa, balam, o ýerik kapyram düşmesin. Sen nämüçin o ýerini kurort diýip atlandyrýaň? -- Ana, şo ýerde häzir Arslan gara dostuna garaşyp, dynç alyp ýatyrmyşyn. -- Arslan gara? O işigaýdan nämişleýämişin o taýda? -- O näkesiñ özi serhoş mahaly ülpetleriniň ýanynda üç ýyl mundan ozal kerpiç zawodynyň seyfinden ummasyz pul ogurlandygyny, ony hem iki bolup paýlaşandygyny haýsydyr bir organ işgäriniñ ýanynda agzyndan sypdyrypdyr. Basym sudam boljak diýýä. -- Şüý-ä tüýs bolaýypdyr, oglum. Ogry kezzap, belki, şol ýerde kyýamat azabyna duçar bolaýady-da hernä. Ýöne ol pul paýlaşanynyň ady gazede ýazylmanmy? -- Ýok eje, gazete-hä ýazylmandyr. Ýöne seýfdäki puly alan Arslan garaň özi bolsa, onda onuň paýlaşdyk diýýäni, megerem, sülçiniň özüdir. Hawa, hawa, bu hökman şeýledir. Onsoňam meň işime täzeden seredenilmezinden öň sud anyk maglumatlara salgylanan bolmaly. Berdimyrat dostunyň ýüzüne söýünçli seretdi. 1994-nji ýyl. Goçy ANNASÄHEDOW. # esger_97 | |
|
Teswirleriň ählisi: 10 | ||||||||||
| ||||||||||