15:38 Joraýewe | |
JORAÝEWE
Goşgular
«Ady, milleti, harby çini näbelli, familiýasy Joraýew...» (Belgoroddaky doganlyk mazarynyň ýüzündäki ýazgydan) Gije nobatynyň geçirdi-ýaryn. Men bolsam bu mermer daşyň-mazaryň Ýanynda henizem oýlanyp durun. Durun ömürbaky öçmejek oduň Meniň bilen hemrа boluşyn geňläp. Durun, ýüzi gasyn-gasyn taryhyň Hem-de heniz aýdylmadyk aýdymyň Sen barada berýän gürrüňin diňläp. Durun... Mazaryň ýüzüne seçeläp nurun, Ömürbaky öçmejek ot şeý diýýär: «Ýagmyrda, tupanda sönmeýändigmi Bilýärmiň, seniňem ýüregiň duýýar. Ýöne men ýene-de bir zat aýdaýyn. Men ýönekeý ot däl, Men başga bir zat. Gülleler dökülip damjalar deýin, Belgorody gujaklanda harasat, Şu ýatan gerçekler undup şöhrady, Lowlaýan ataşy söndürjek bolup, Özleniň ýüregne berdiler ody. Şolaň ýüreginden çykýan ýalyn men. Ýalyn men, ýagtyldyp bulaň guburyn, Şo-ol ýanyp durun...» Durun... Ýüzi gasyn-gasyn taryham Agtaryp özüniň sahabyn-gatyn, alýar nobatyn. «Bular söweş güni algyrdy-şirdi. Janyndan namysyn eý görýärdiler. Ýigit diýseň ýigit, är diýseň ärdi. Hiç bir zada bölmezdiler ünsüni, Öz işleri bilen gümrady diňe. Unudamok, batyrlygna guwanyp, Seň häzirki synlap duran ýigdiňe «Adyň näme?» diýdim. Ol ses bermedi. Gygyrdym: «Milletiň?!»» Ol ses bermedi. «Ataň ady?» – «Jora». Wah, onýança-da Gülle geldi, ýigit gumy sermedi. Asmanda bulutlar göçýär, oýnaýar Seçeläp zemine, seçeläp garyn. Men bolsam, bu mermer daşyň-mazaryň Ýanynda henizem oýlanyp durun. «Jora... Jora... Belki, ildeşimdir ol, Lebabyň suwuny içip gezendir, Belkem, Murgap gomlaryny kowalap, Käte bolsa ondan gaçyp gezendir...» Şeýle pikirlerden doludy başym, Arman, pikirlerim kesildi birden. Çünki heniz aýdylmadyk aýdymyň Mylaýym owazam geldi bir ýerden. «Ylhamyň, senetiň, gaýratyň bolsa, Wasp et meni, ýaýrat sen dumly-duşa. Bilýärmiň aýdymdan dosty bolanyň Mydam ady bezelýändir alkyşa. Beý diýdigim, saňa ýalbardygym däl, Islesem, başganam tapjagym hakdyr. Henize çen dünýä inen aýdymyň Aýdylman, ýaňlanman galany ýokdur. Men bolsam döräpdim, inipdim dünýä Duşmanyň oslagsyz gelen güllesi Şu merdiň döşüni ýaran pillesi...» Halha daň şapagam gyzaryp barýar. Begenýär, paýlaýar dünýäme nurun. Men bolsam, bu mermer daşyň-mazaryň Ýanynda henizem oýlanyp durun. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||