JUMA KESELI
Biz «Alakalar şäherjiginiň» aňrybaşyna çykyp, sözen-sazakly kiçijik oýa öwrülen ýerimizde ýüzi gyzyl haç bellikli çadyryň üstünden bardyk. Onuň gapdalynda gozagy bürenjekli maşyn durdy.
Biri orta ýaşlaryndaky, beýlekisi oňa görä ýaşy durugyşan äýnekli adam belent sözeniň kölegesinde çaý içip, hat-petege başagaý bolşup otyrdylar.
Olar bizi görüp, salamlaşmak üçin ýerlerinden turdular.
Saglyk-amanlyk soraşylansoň, olaryň gözi äýneklisi:
—Awa çykdyňyzmy? –diýip, Öwezi aramyzda ekabyrrak gördümi – nämemi, şoňa ýüzlendi.
—«Haýwanat bagy» üçin zerur haýwanlary tutmaga –diýip, Öwez oňa näme üçin aýlanyp ýörendigimizi düşündirensoň:
—Şeý diýsene... Geliň, çaý içeliň –diýip, saçak başyna çagyrdy.
Biz düşek üstüne geçip, ornaşykly oturanymyzsoň, ol:
—Biz juma keselini öwrenýäris –diýip, özleriniň näme bilen meşgullanýandyklaryny aýtdy. —Meniň adym Hangeldi. Ýoldaşyma Meret diýýärler. «Juma garşy göreş stansiýasynda» işleýäris.
— «Alakalar şäherjiginiň» edil alkymynda-ha düşläpsiňiz –diýip, Aşyr gepbaşy bolsun üçin dillendi.
— Hawa, şol alakalary tutup barlaýas –diýip, Hangeldi burnunyň ujuna süýşen äýnegini düzetdi.
— Diňe bir alakalary hem däl... –diýip, ýoldaşy onuň sözüniň üstüni ýetirdi. — Gumda ýaşaýan gemrijileriň ähli görnüşlerini diýen ýaly.
— Alla saklawersin ol keselden. Hernä soňky ýyllar ýatdan çykyşyp barýar. – diýip, Gara aga mürähet edilip äberilen çaýdan owurtlady. — Ony näme, düýpgöter ýok edip bolmaýarmy? Indi ylym-a ösen.
— Gynansak-da, enteg-ä doly ýok edip bolanok, ýaşuly. Dünýäniň kä ol, kä bu ýurdunda häli-häzirlerem özüniň bardygyny bildirýär –diýip, Hangeldi düşündirdi. — Gaty köp gemrijileri tutup barladyk. Hiç birinden juma keselini ýaýradyjy mörjewleri tapmadyk.
— Onda bu oňatlygyň alamaty-da?! – diýip, Aşyr seslendi.
— Ýok, juda beýle-de däl, arkaýynlaşyp bolmaz... –diýip, ýaş alym gürrüňe goşuldy. —Biz halypa bilen (Ol Hangeldä şeýle ýüzlenýän bolarly) ýyrtyjy guşlaryň höwürtgeleriniň aşagyna gaçan iýmit galyndylaryny hem barladyk. Ine, guşlaryň tutup iýen gemrijileriniň şol galyndylarynda welin juma keseliniň basillerine duşduk.
— Entek doly subut edilmedik delili beýle batyrgaý aýdybermesene-how!–diýip, ýaşuly alym onuň sözüni böldi.
— Meniň diýmekçi bolýanym, ýyrtyjy guşlary goramaly. Aýratyn-da, laçyny, gyrgyny, hüwini, maslykçy guşlary... Şolar keselli gemrijileri tutup iýýärler. Juma keseliniň ýaýramak howpunyň öňüni alýarlar –diýip, ýaş alym janykdy.
— Beýleki agzan guşlaryň-a gabat gelýär. Ýöne laçyn diýeniň juda azalypdyr. Şu gezekki saparymyzda entek bary-ýogy ýekejesine duşduk – diýip, Gara aga dillendi. —Öňler gumda laçyn köp bolardy.
— Ol nädip köp bolsun! Häzir onuň ýagysy ýetik –diýip, Hangeldi başyny gynançly ýýkady. —Men bu işimiň ýanyndan lukmançylygy okaýan talyplara-da sapak berýärin. Ine, şol talyplaryň birisi uly bir gorag zapowedniginiň başlygynyň ogly. Haýsynyňkydygyny aýdyp durmaýyn. Şol talyp maňa arap ýurtlaryndan gatnaşýan adamlarynyň bardygyny, olar bilen kakasynyň arasynyň gowudygyny gürrüň berdi. Hatda olaryňkyda birnäçe wagt myhmançylykda hem bolupdyr.
Arap ýurtlarynda bürgüt, laçyn söwdasy juda ýörgünlimişin. Gowy aw guşy ol ýerde diýseň gymmat geçýärmişin.
— Beh, näçeden geçýärkän-aý?! –diýip, men gyzyklandym.
— Gowy guş ýarym million dollara çenli geçýärmişin.
— Aý, ýog-a?! –diýşip, biz ynanman ýerli-ýerden seslendik.
— Hawa, hawa... – diýip, alym endigine görä äýnegini düzetdi-de, söhbedini dowam etdirdi. — Jüýjeliginden höwürtgesinden alnyp, ýa-da ýumurtgasyndan çykarylyp ulaldylan guşlaryň bahasy gara şaýymyşyn. Olar beýle guşlary almaýarmyşyn. Diňe ýabany ulalan ýaş laçyn gowy görülýärmişin.
Ine, şeýle laçynlary bolsa beýleki ýurtlara «elguşly aw etmek» bahanasy bilen ýanlarynda on – on bäş töweregi öz elguşlaryny alyp gelip, aw edýän şekilli bolşup gözleýärmişler. Olary käbir pula gyzygan ýerli adamlar bilen arkalaşykly tutup, özleri bilen getiren garry ýa-da keselli laçynlaryny bärde goýup, şolaryň ýerine alyp ötägidýärmişler. Gümrükhana barlagyndan geçende, alyp barýany onuň özi bilen getiren guşumy ýa-da däl, kim ony beýle dykgat bilen barlap dur. Getireni bilen alyp gidýän elguşlarynyň sany deň bolsa bolany.
—Laçyn diýeniňem biri–birine şeýle meňzeş guş. Ýörite iş salyşýan adam bolaýmasa, birini beýlekisinden tapawutlandyrybam bilmese gerek! Ynha, soňky döwürde laçynlaryň azalmagynyň ýene-de bir sebäbi –diýip, Gara aga alymyň söhbedini soňlaryna mähetdel gynançly dillendi.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar