23:13 Jüneýit han barada hakykat: Isfendiýar hanyň öldürilişi | |
ISFENDIÝAR HANYŇ ÖLDÜRILIŞI
Taryhy makalalar
Gurbanmämmet serdar Owganystandan gaýdyp gelenden soň, ur-tut mülküni berkitmek bilen bolýar, uly galanyň gurluşygyna başlaýar. Bu işlere ilat meýletin, aktiw gatnaşýar. Tiz wagtda Gurbanmämmet serdar ýomutlaryň hany diýlip ykrar edilýär. Gurbanmämmet serdar orsugçynyň Jüneýit taýpasyndan bolany bolany üçin, soňra «Jüneýit han» adyny alýar. Indi Hywadan habar alalyň! Isfendiýar hanyň ýowuz derdinden gutulmak üçin her kentden (obadan) bir ýaş gyz (köşk hyzmaty üçin diýen bahana bilen) getirmeli diýen permany ýadyňyzdadyr; her näçe agyr görseler hem oba (kent) kethudalary ýumuşy bitirmeli bolýarlar. Hanyň köşgüne ýaşajyk özbek gyzlary gelip ugraýar, Isfendiýar hem bu gyzlar bilen keýp-sapada boluberýär. Isfendiýaryň bu pynhan syry soňra ile aýan bolýar; ýurt bozulyp, azgynçylyk artýar. Isfendiýaryň duşmanlary-da onuň «gara niýetlerini paş edip halky hanyň garşysyna dyngysyz küşgürýärler; soňra halkyň gahar-gazaby artyp, açykdan-açyk hana garşy çykýarlar, göni Hanyň arz jaýyna gelip: «sen han bolganda hemmäge deň Han, ämmä köşükge kyz kerk bolganda newüçin türkmenden almysan, korkasanmy ýa? Indi bizem bermimiz» diýip, açyk aýdýarlar. Han aljyrap, näme ederini bilmeýär. Ahyry han: «Bolýa, türkmenden hem alamyz» diýip, halky zordan köşeşdirýär. Özbek halky öňden hem türkmene garanda gorkak, namyssyzrak, hyzmata kaýym, hilegär bolany üçin, bu talaby-da olar türkmenleri hanyň garşysyna aýgytly herekete galdyrmak üçin edipdirler. Soňra Isfendiýar han ýanyndaky ýaranjaň emeldarlary bilen geňeşip, ýomudyň bäş möherdaryny (ýerli häkimleri) — Şamyrat bagşy, Sapar wekil, Töre serdar, Seýitmät beg, Araz beg dagyny çagyryp, olara: «Köşkde hyzmat etmek üçin her biriňiz bir ýaş gyz getirip bermeli» diýip buýruk edýär. Ýomudyň möherdarlary içinden razy bolmasalar-da, daşyndan «razy» bolýarlar. Şonda Sapar wekili (Orsugçynyň möherdary) özüniň närazylygyny bildirýär: «Han, bu salgydyňyza halka agyr düşer, göreris-dä» diýen sebäbi Isfendiýar Han, öňem onuň garry atasy — Durdy wekili aldap, nähak öldüren ekeni. Ýomudyň ketdeleri (möherdarlary) Hywadan gaýdyp gelýärkäler, ýolda maslahat edip, «gyz bermeli däl, näme kysmat bolsa görübermeli» diýen karara gelýärler; ýöne bularyň içinde Şamyrat bagşy (Öküzüň möherdary) ýaranjaňrak ekeni, ol Garagulakdan bir garyp pukaranyň Annagül diýen gyzyny tutup, Hanyň ýasawullaryna berip ugradýar. Emma Annagül Beki Seýitäkowyň ýazyşy ýaly, Hanyň köşgüne barmaýar, hossarlary ýyndam atly yzlaryndan kowup ýetip, Hojamguly diýen ýerde Hanyň ýasawullaryny öldürip, Annagüli yzyna alyp gelýärler. Bu gürrüňleri men şol wakany gözi bilen gören şol obadan bolan Täçmyrat agadan eşitdim (Täçmyrat aga belli dilçi alym Tagangeldiniň kakasy bolmaly). Bu wakadan soň özbegiň ýaşululary gizlinlikde ýomudyň ýaşulylary bilen bilelikde ýagdaýdan çykalga gözleýärler. Şol pursatda eýýäm, Isfendiýaryň köşgi yraň atyp ugraýar, özbeklerem Isfendiýar ýigrenip, ondan ýüz öwürýärler. Isfendiýaryň daşynda wepaly adamlar juda azalýar, ony hemme ýigrenýär. Ahyrky netijede ähli özbek, türkmen, garagalpak, gazak kethudalarynyň razy bolmagynda azan Isfendiýar Handan dynmaklyk makul bilinýär, haýal etmänem onuň ugruna çykylýar, onuň üçin kelle döwülýär. Ilki bilen azan Hany öldürmek bolýamy ýa bolanokmy? Bu soragyň jogabyny bilmegi ahunlara tabşyrylýarlar. Şol wagtyň adamlary sowatsyz bolsa-da düşünjeli ekenler, öňden gelýän kadalara, şerigata wepaly bolupdyrlar, dini ýürekden hormatlapdyrlar. Ahunlar köp kitap agtaryp, tabşyrygy bitirýärler; azan Hany öldürmek bolýandygyny, öldüreniň günäsiniň ýokdygyny gelip aýdýarlar. Indiki mesele — Isfendiýar Hany kim öldürmeli, nädip öldürmeli? Bu mesele juda hatarly bolýar, muny hiç kim boýun almaýar, özbekler ýürek edip bilmeýärler. Ahyry bu işi başarjak gaýratly gerçek tapylmandan soň, ýomudyň hany Gurbanmämmet serdara ýüz tutmaly bolýarlar. Serdaram bu işlerden habarly bolsa-da bu çaka çenli bu işlere ymykly gatnaşmaýar, çünki onuň özüniň iş-aladalary ýetik bolýar. Ýurt bähbitli üçin bu işi bitirmäge Jüneýit han boýun bolýar, ýöne ol «Bir meseläni anyklamaly, ýagny uly ýurduň hany ýöne-möne adam däldir, Alla nazar eden adam bolmaly, ony her ýetene öldürmek dogry bolarmyka?, kim öldürse günäsi ýokga: baýmy-garypmy, batyrmy-ýa gorkakmy, öwlatmy-garaçymy Şony anyklap geliň, galanyny soň aýdaryn» diýýär (gör, munuň paýhasynyň çäksizligini). Ahunlar bu meselede köp kelle döwmeli bolýarlar, ahyram çözgüt tapýarlar, ýagny azan Hany öldürmek diňe öwlat adama dogry gelýär ekeni, başga adam öldürse, günäkär bolup, kyýamat magşarda jezasyny çekmeli ekeni. Bu habary Gurbanmämmet serdara gelip aýdýarlar. Onda serdar ýene: «Indi Isfendiýar Hana tyg (ýarag) urar ýaly bir öwlat adam tapyň» diýýär, olam tapylýar, ýagny Ysmamydyň şyhlaryndan Annageldi «işan» diýen bir garadan gaýtmaz bu ýumşa boýun bolýar. Şeýlelikde Gurbanmämmet serdar özüne ýararlykly, çalasyn batyrlary saýlap alyp, möherdarlary bilen Isfendiýar Hana adatdaky ýala salama ugraýarlar. Her kimiň etmeli işini, nädip etmelidigini, nirede etmelidigini, nirede durmalydygyny Gurbanmämmet serdar ýanyndakylara pugta düşündirýär, özü-de gös-göni ýolbaşçylyk edýär. Hywanyň daşky galasynyň ýedi derwezesi bolup, derwezebanlar (derweze sakçylary) emeldarlary, möherdarlary, kethudalary tanaýarlar hem saklaman goýberýär ekenler. Bular Hywanyň daşky galasynyň günbataryndaky Şahymerdan derwezesinden arkaýyn (Şu ýerde 4 sahypa ýyrtylan yzy ýok). Men ýaşlykdan erke saklanyp, erkin ösemsoň (sebäbi men eneden bolmankam Nejimeddin işana ogullyk berilen) käwagt hyjuwyna bäs gelip bilmän dogrusyna aýdardym: «Jüneýit hana sürtülýän ol garalyklar ýalan töhmet, ol juda adalatly bolupdyr, ýöne bozgaklara geçirimsiz bolup, degişli jezasyny beripdir, dogry edipdir; Ämet dädemiň aýtmagyna görä (Ämet molla bizde ýaşap, meni göterip ulaldan adam), Jüneýit han özüniň han bolan 10-12 ýylynda jemi 5-6 adamy ölüme buýrupdyr; bilmän bir zat aýtmaly däl» diýemde meniň agzymy tutardylar. Indi gorkman aýdyp ýörüs, soňky gowluk bolgaý, ýöne häzirki gytçylyk gymmatçylyk köp adamlary girdabyna gysyp ugrady; hernä, ahyry haýyr bolgaý, bolar enşalla! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |