12:38 Jyndan gorkan batyr hakda ballada | |
JYNDAN GORKAN BATYR HAKDA BALLADA
Goşgular
Üç dost otyr: biri Goçy, Biri Hajy, biri Goçak. Üçüsi-de batyr olañ, Oýnaglary gylyç, pyçak. Üç batyra diýýär Sopy: "Kimiñ batyrlygny biljek: Gije baryp öwülýäde Haýsyñ gazyk kakyp geljek?" Olañ üçüsi üç ýerden: Diýdi: "Men... Men... Men gideýin! Batyrlygmy subut edip, Bu şerti berjaý edeýin!" Gazyk, çekiç aldy Goçak, (Çykypdy onuñ bijesi), Batyr gorkman ýola düşdi, Bijeli gara gijesi. Merhumlaryñ uklap ýatan Howlusyna bardy Goçak. Ses-selem ýok ümsümlikde Oýurganyp durdy Goçak. Soñ oturyp, çekiç bilen Gazygy ýere urdy ol. Biraz üýşendi tümlükden, Çalarajyk der berdi ol. Bolsa-da işin bitirip, Gazygy çüýläp turanda, Howlukmaç hem howsalaly Yzyna gadam uranda: Bir zat aslyşdy donundan, "Merhumlarmy syndan çeken? Eýemi ýa jyn-arwahmy? Sopyñ diýeni çyn eken..." Diýen pikir beýnä tarap Eñende, ýürek ýaryldy. Goçagyñ goçak göwresi Ýykylyp, guma garyldy. Ertesi baryp görseler, Demsiz ýatan eken batyr. Gazygy donuñ syýyndan Bilmän kakan eken batyr. Jyn-arwah däl, ýa eýe däl, Howsala oña janyn alan. Görüñ, dostlar, bizi käte Niçik hala eltýär ýalan!.. * * * Mertligi derekli ýerde, Il üçin gerekli ýerde, Ulanmaly zerur bolsa. Aýypdyr boş jedellerde Batyrlarmyz şeýdip ölse. Atamyrat ATABAÝEW. "Tokmak" žurnaly, 1990. | |
|
√ Gaýtawul / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ýaraşmaz / Goşgular - 01.12.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |