10:22 Kabul eýle | |
KABUL EÝLE
Goşgular
![]() Kalbymda kök urup, şinesin ýaran, Aýdaýyn syrlarym diñlesene ýar. Saña bolan yşkym etse diwana, Meniñ bu halymy geñleme sen ýar. Duýañokmy, ýa diýmadyk bolýañmy, Öz janymdan eziz görüp söýýänim. Gözlerime bakyp, bagryña basyp, Aýdaýsañ söýgüñi aýnar diýýämiñ. Ýok aýnaman, seniñ aýtjak sözlerim, Ömürboýy garaşýanym ahyry. Sen aýtmasañ aýtma, barýan ýanyña, Diñle sen, ugruñda ýanan şahyry. Emma, syrym açyp, seniñ ýanyñdan, Gaýda bilmen,yza tarap öwrülip. Ynan sözlerime, şübhelenme ýar, Kabul eýle, öz ýanyñda ömürlik. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |