14:21 Kagyz ýürek / satiriki kyssa | |
KAGYZ ÝÜREK
Satiriki hekaýalar
Ýigit päk niýeti göwnünde besläp, kitap satyjy gyz bilen tanyşmakçy boldy. Şol maksat bilenem dükana bardy. Ol ýer, onuñ bagtyna, çolalykdy. Gyzyñ adyny öñ birinden sorap eşidipdi. "Ho-o-op ýagşy, indi onuñ bilen ýürekden gürleşäýmek galýar" diýip, ýigit gözüne urlan ýaly bolup, dükana süsdürilip girdi. "Möjek goýna darajak bolanda bärden agzyny açyp barýamyş. Menem dogumly hereket edeýin" diýip, ol oýlandy. - Güljemal jan... - diýip, gyza ýüzlenmekçi bolandan, satyjy gyz öñürdip: - Ýalñyşýañ, oglan, Güljemal jan däl - diýip, sözüne dyngy berdi. Şol wagt ýigit pursaty elden bermän, aljyraman: - Bagyşlañ, Güljemal - diýip düzetdi. Ýöne welin, gyz ýeser ekeni. - Bilmediñ, Güljemal janam däl, ýöne Güljemalam däl, "Güljemal han" bolmaly. - Bagyşlañ, Güljemal han, men seniñ bilen gürleşmäge geldim - diýip, ýigit gyza dikanlap seretdi. Emma gyz oglana seretmedem. - Awtory belli ýazyjymyz Gylyç Kulyýewdir, bahasy... hol tördäki tekjede durandyr. Alyp bilersiñ - diýip, gyz öz işi bilen boluberdi. Ýigit añk-tañk boldy. Ýene özüni dürsäp şeýle diýdi: - A gyz, sen medeni harytlary satýanam bolsañ sende mylakat, mähir uçgunlary ýok-la?! - Näme üçin ýok. Bar. Honha, "Türkmen edebiýaty" diýen bölümde ýazyjy Hydyr Derýaýewiñ "Mähir uçgunlary" diýen romany hol aşakky tekjede ýatyr - diýip, gyz bir nokada seredip jogap berdi. - Güljemal, düşün, men... jan serek... - diýip, ýigit sägindi. - Gijä galdyñ, oglan. Birküç ýyl mundan öñ gelmeli ekeniñ. Ol diýýäniñ eýýäm satyldy. "Janserek" ýaly kitap bolsa bize-de gerek. Plan gyssaýar, plan - diýip, gyz uludan demini aldy. Ýigit: - Wah, gijigen ökünç, köýen ýyllar! - diýip ah çekdi. - Gylyç Kulyýewiñ "Gijigen ökünjiniñ" rusçasam, türkmençesem bardyr. Gowşut Şamyýewiñ "Köýen ýyllary" öñräk bolupdy. Satyldy. Tussagyñ durmuşyndan. - Beh, bu gyzy. Hemme zady dyrnagynda görýän ýaly. Mähekdaş bol-a - diýip, ýigit pikirini daşyna çykardy. - "Mähek daş" ýeke saña däl, hemme okyja-da gerek kitap. Şobada alyp gutardylar. Özüm üçin öýde ätiýaçdan ýekejesini alyp goýdum. Gaty okasyñ gelse ertir getiräýerin. - Getirmäñ, şu gün men size barýaryn. - Bizde işiñ ýok. "Men size barýaryn" şu ýerde-de bar. Kiosklardan-da tapylýar. Oñat goşguly kitap. Köpräk çykypdyr. - Haý, keç ykbal, täleýi ters - diýip, mañlaýyna elini ýetirdi. - Gam çekme, oglan. Geregiñ "Ykbal" bolsa ony tapaýarys. Hydyr aganyñ tomluklaram bizde bardyr. - Güljemal, gönümden gelsem men seni söýýärin - diýip, ýigit ýüregine daş baglap dillendi. Gyz özüni parahat saklap jogap berdi. - Janyñ sag bolsun. Rusçasy gerekmi, ýa türkmençesi?! Awtory Gurbandurdy Gurbansähedowdyr - diýdi-de, gyz kitapdan ikisini getirdi. Ýigit uludan demini alyp: - A gyz, oñatja gürleşeli-le. Seniñ aýlawly gepleriñe men kän bir düşünibem baramok. Men oba oglany - diýip, boýnuny sallap durdy. Gyz: - Şahyr Sapar Öräýewiñ "Oba oglany" diýen şol kitabyny gelip alyp başladylar. Azarsyz-bizarsyz geçdi gitdi - diýdi. - Ýakdyñ, köýdürdiñ, örtediñ uly gyz - diýip, ýigit gamgyn halda boýnuny burup, bir zat diýjek boldy weli gyz jogaby nesýä goýman nagt etdi. - Wah, ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyñ "Uly gyzyndan" häzir elli müñi bolaýsa! Satyp planymy bir dolsadym. Özüñiz ýaly oglanlar "Uly gyzyñ" aşygy, ýaşlar gaty gyzyklanýarlar. Gyzlar hem ölemen okajaklar. Onda söýgi bar. Ýok, "Uly gyzyñ" ejirini çekeniñden, bar "Gelinlerden" alaýsana. Häzir bize täze geldi. Oñat kitap ol. Awtory Rejep Allanazarow - diýip, gyz müýnsüz jogap berdi. Ýigit hyrçyny dişläp ýumrugyny düwüp, gahar-gazaba mündi. - Hoş gal, gara gözler! - diýip çykyp gitdi. Gyz yzyndan gygyrdy: - Aýu, oglan, öýkeleme, "Gara gözler" mende ýok. Bar bolsa gysganmazdym. Ogultäç Orazberdiýewa ýene kitap ýazar-da. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |