KALBYMY EÝELÄN GERÇEK
Şu setirleri ýazmaly bolaryn öýdüp, ýatsam-tursam oýuma-da gelenokdy. Ýöne durmuş adamy öz erkine boýun edýän ekeni. Ynha, bu gün mährem ýanýoldaşym, şahyr, edebiýatçy alym Begmyrat Ussaýew hakynda ýatlamalaryň ummanyna berlip otyryn.
Begmyrat Ussaýew zähmet ýoluny türkmen telewideniýesinde redaktorlykdan başlapdy. Ol telewideniýede az mahal işlänem bolsa, döwrebap gepleşikleri gurmakda özüni tanatmagy ýetişipdi. Şonuň üçinem, gaty kän mahal geçmänkä ol ýüreginiň küýsegi – ylym dünýäsine tiz geldi. Gysga ömrüniň ahyryna çenli-de türkmen edebiýatynyň ösüşi, onuň meseleleri bilen içgin gyzyklandy. Şol ugurdan başarnygyny, zehinini aýaman işledi.
Begmyrat Ussaýew edebiýat bilen tüýs bagry badaşan adam diýilýänlerdendi. Ol islendik bir ýazyjynyň, şahyryň iň kiçijik kitapçasyna çenli satyn alardy. Olary üns bilen, eline galam alyp okap çykardy. Kitap gyzykly bolsa, çeper bolsa, derrew maňa okamagy ündärdi. Eger çig-çarsy, gowşak bolsa, “Haýp, saňa sarp edilen wagt” diýerdi-de, kitaby tekjede has aňyrrakda ýerleşdirerdi.
Kitaplar şeýle bir köpdi weli, haýsy kitabyň nirede duranlygy hiç wagt adamynyň kellesine gelmejek ýalydy. Ýöne oňa garamazdan, käte bir ýazyjynyň, şahyryň bir goşgusy ýa-da başga bir eseri gerek bolsa säginmän, derrew kitaplaryň arasyndan sogrup bererdi. Men onuň ýatkeşligine haýranlar galardym.
Arada kitaplaryň tozanyny süpürip, olary rejeläp ýörkäm, bir ýaş şähyryň altmyşynjy ýyllarda çap etdiren çaklaňja ýygyndysynyň arka ýüzünde şeýle bellige gözüm düşdi:
Syýa zaýasy, kagyz zaýasy,
Ýele sowrulypdyr döwlet maýasy.
Elbetde, munuň otuz ýyldan gowrak wagt öñ ýazylan ýazgy Begmyrat neressäniň öz şahsy pikiridi. Ýöne her döwürde bolşy ýaly, edebiýat meýdanynda şol mahallaram harsallyk-da, çig-çarsylyk-da bardy. Ana, Begmyrat edebiýatyň şol meseleleri has-da tolgundyrýardy.
Türkmen edebiýatynyň pälwanlaryna welin, Begmyrat Ussaýew aýratyn sarpa goýýardy. Onuň käri mugallym bolany üçinmi ýa-da türkmen edebiýatyna aýratyn bir söýgüsi üçinmi, garaz, Begmyrat ussat ýazyjy-şahyrlar hakynda köp bilmäge, olaryň döredijiligini her taraplaýyn öwrenmäge, durmuş-ýaşaýyşlaryny has içgin öwrenmäge ymtylýardy. Ussatlar hakynda çykan, ýagny, gazet-žurnallarda çap edilen edebi makalalary, ýatlamalary, suratlary aýratyn-aýratyn papkalarda ýygnap goýardy. Olaryň her birini edil gözüniň göreji deý aýawly saklardy. Türkmen edebiýatynyň ägirtleri Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Ata Atajanow, Ata Gowşudow, Aman Kekilow, Şaly Kekilow, Rehmet Seýidow, Arapdyr Täçli Gurbanowlar, Naryman Jumaýew, Durdy Haldurdy, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow baradaky makalalar, olaryň suratlary, olar barada ýatlamalar ýörite papkalarda saklanýardy. Dogrusy, men käte-käre olaryň tot-tozanyny süpürişdirenimde öýümiziň kitaphana öwrülip barýandygyndan zeýrenerdim. Şonda ol maňa:
—Sen birhili, düşnüksiz gürrüň edýäň wagt-wagt. Edebiýatdan, onuň meselelerinden aýrylyp nirä gideli? Biziň çöregimiz, ykbalymyz şu kitaplar – edebiýat ahyry. Onsoň olardan aýra durmuşy göz öňüne getirip bolarmy? – diýerdi.
Häzir, seredip otyryn welin, edebiýatymyzyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýew hakyndaky ýatlamalar, makalalar, suratlar çap edilen gazet-žurnallaryň bir özi ençeme papkany tutup dur. Dürli ýyllarda edebiýatçy alymlaryň ussat barada ýazan ýatlama-makalalary, ýazyjynyň dürli döwürlerdäki suratlary, doglan günlerine bagyşlanyp çykarylan ýörite gazetleriň ähli sanlary rejelenip goýlupdyr.
Begmyrat Ussaýew bu maglumatlary işleýän ýerinde – türkmen döwlet uniwersitetinde talyp ýaşlara sapak berende türkmen edebiýatyndan, onuň pälwan-pälwan ýazyjy-şahyrlarynyň durmuşyndan, ýaşaýşyndan köpräk düşünje bermek, ýaşlaryň aňyna Watana, il-güne söýgini guýmak üçin şeýle edýärdi. Şonuň üçinem, ol gazet-žurnallardaky çap edilen makalalary, suratlary, ýatlamalary ýöriteläp ýygnap goýmaga hiç mahal irinmezdi.
Merhum edebiýatçy Bäşim Şamyradowyň, Tejen Nepesowyň, Durdymuhammet Nuralyýewiň we ýene-de ençeme alymlaryň türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjy Berdi Kerbabaýewe bagyşlap ýazan makalalary, “Aýgytly ädim” epopeýasynyň täze – henize çenli çap edilmedik bölümleri bu papkalaryň özenini tutýar.
Begmyrat Ussaýew türkmen edebiýatyndan talyplara sapak bereninde ýazyjylaryň-şahyrlaryň diňe bir döredijiligine degişli maglumatlary peýdalanmak bilen çäklenmän, ýatlamalary-da, edebi makalalary-da, suratlary-da talyplara görkezýärdi. Bu zatlaryň ýaşlaryň aňynda watansöýüjiligi, il-güne wepalylygy oýarýandygyny öwran-öwran gaýtalaýardy. Şeýle hem ol ýaşlaryň edebiýata çuňňur düşünmegi, ony ýürekleri bilen söýmekleri üçin dürli çäreleri ulanardy. Munuň üçin ol ýörite magnitofon kassetalarynda ýazyjy—şahyrlaryň sesleriniň ýazgysyny saklaýardy. Sapak mahaly hem kiçijik diktofon bilen kassetany talyplara diňledýärdi. Ýazyjylaryň-şahyrlaryň suratlaryny sapakda görkezýärdi. Olar barada öz bilýän maglumatlaryny aýdyp berýärdi.
Dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Begmyrat Ussaýewiň sapagynda oturan talyplar B.Kerbabaýewiň H. Derýaýewiň, R. Seýidowyň, M.Seýidowyň, K.Gurbannepesowyň, G.Seýitliýewiň goşgularyny hut özleriniň okamaklarynda az diňlän däl bolsalar gerek.
Ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň sesini Begmyrat bir gezek telegepleşikden ýazyp alypdy. Kerbabaýew şonda özüniň “Waharman”, “Halkym” ýaly goşgularyny aýratyn bir joşgun bilen okaýardy.
Ýazyjy Hydyr Derýaýewiň sesini ýazga geçirjek bolanymyzda Hydyr aga birneme gatyrgandy. Gyzyl imperiýanyň stalinçilik süteminden soň, magnitofon öňünde çykyş edip bilmeýändigini, onuň sebäplerini birin-birin aýdyp berdi.şonda Begmyrat Hydyr aganyň gürrüňlerini diňläp, magnitofon ýazgysyna geçirmese-de, aňynda ömürlik ýazga geçiren eken. Aradan köp mahal geçmänkä Begmyrat Ussaýewiň Hydyr Derýaýew badara düýpli makalasy “Edebiýat we sungat” gazetinde çap boldy.
Soň bir gezek Hydyr aga gezmäge, gürrüňleşmäge gelende weli, Begmyrat ony sesini ýazga geçirmäge yrdy. Hydyr aga şonda özüniň ilkinji goşgusyny aýdyp berdi. Yzyndanam Kolymada oturka öwrenen aýdymlaryndan ençemesini ýatlady. Tatarçamy, türkçemi, – garaz, başga bir dilde ýaňlanýan goşgy setirlerini diňläp otyrkaň, Hydyr aganyň kiçijik, gujurly göwresi göz öňünden gitmeýär. Onuň:
Ih, bas gyzym, Apyba,
Sin basmasaт, min basam.
Siniт basgan эerleriтne
Basmaэ diэsem, ming basam
–diýen setirlerini gaýta-gaýta diňläp, Begmyrat Hydyr aganyň mertligine, adamkärçiliginiň ýokarylygyna, ruhunyň iňňän belentligine haýranlar galyp: “Türkmeniň hakyky ýaşulusy Hydyr aga ýaly bolmalydyr” diýerdi. Ýazyjynyň, söz ussadynyň döredijiligine belent sarpa goýşy ýaly, onuň adamkärçiliginiň öňünde-de baş egerdi.
* * *
Begmyrat Ussaýewiň hormat bilen sylap, hormat bilen gatnaşýan ýazyjy-şahyrlary kändi. Ýöne olaryň belli-bellileriniň döredijiligine-de, özlerine-de Begmyrat aýratyn söýgi bilen garaýardy. Edebiýatçy alym Begmyrat Ussaýewiň şeýle sylaýan adamlarynyň – şahyrlarynyň biri-de frontçy şahyr Durdy Haldurdy. Dogrusy, Däde Hal (döredijilik intelligensiýasy Durdy Haldurda şeýle ýüzlenýärdi) bilen Begmyrat Ussaýewiň arasyndaky bu ýygy aragatnaşygyň haçan döränliginden habarym ýokdy. Ýöne bu dostlugyň örän uzak ýyllar dowam edendigini welin, aýdyp biljek.
Begmyrat şahyr hem Däde Hala uly sarpa goýýanyndanmy ýa-da onuň döredijilik aýratynlygyny söýýänligindenmi, garaz, Begmyrat bilen DurdyHaldurdynyň biri-birini eý görşi üýtgeşikdi.
Begmyrat Ussaýew Durdy Haldurdynyň göwne ýakyn poeziýasy hakynda ençeme ylmy makalalary ýazypdy. Olar döwürleýin metbugatda çap edilipdi. Begmyrat Ussaýewiň dürli ýyllarda çap etdiren “Edebi durmuşymyz”, “Söweşjeň poeziýa” atly kitaplarynda-da Durdy Haldurdy baradaky makalalar uly orun eýeleýärdi.
Dostluk aragatnaşygy barada gürrüň açylanda bolsa, Begmyrat köplenç Däde Halyň:
Dostum diýip gatnaşsam-da köp bilen,
Sцwe dдki°эaly dosty görmedim. —
- diýen setirlerini mysal getirerdi.
Dogrusy, Däde Halyň özi-de Begmyrady gowy görýärdi. Ol käte-käte ýörite gürrüňçilige gelerdi. Eger gelip bilmese, muňa saglygy rugsat bermese-de Sadap gelnejä til etdirip, Begmyrady öz ýanyna çagyrdardy. Bu ikisiniň arasyndaky dostluk göýä ataly-ogluň gatnaşygy ýaly bir zatdy. Däde Hal sähel ýaramadyk mahaly (bir aýagyny söweş meýdanynda galdyryp gelen şahyryň ýagdaýy özüňize belli) Begmyrat onuň ýanynda uzakly gün oturýardy.
Beýik Ýeňşiň baýramçylyklarynda bolsa, Begmyrat hökmany ýagdaýda Däde Haly ýörite baryp, gutlardy. Onuň bilen bolýan köplenç gyzykly gürrüňler barada, olaryň täsiri hakynda öýde-de dilinden düşürmezdi.
1989-njy ýylda şahyr Durdy Haldurdynyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Begmyrat Ussaýew onuň bilen ýörite söhbetdeşlik taýýarlap, “Edebiýat we sungat” gazetinde çap etdiripdi. Şonda Begmyrat Däde Hala ýüzlenip:
—Däde Hal ilki bilen-ä, 80 ýaşyňyz mübärek bolsun! Onsoňam şu ýagdaýyňyzy, ýatkeşligiňizi saklap, uzak ýaşamagyňyzy arzuw edýärin! Däde Hal, bu geçilen uzak ýoluň gürrüňem uzakdyr. Şükür, onuň gyzykly bölegini eşde-eşde gelýäris. Häzir welin, “çyn söze ten beilýän” döwür geldi. Häzir şol gürrüňleri täzeden diňlemek diýseň ýakymly. Olaryň käbirini okyjylara eşitdirseňem kem bolmazdy— diýýär. Onsoň iki şahyryň, iki dostuň, iki nesliň wekiliniň ýürekdeş gürrüňçiligi tutuş türkmen edebiýatynyň meselelerine syrygyp gidýär.
Şähyr Durdy Haldurdy öz deň-duşlarynyň döredijiligi hakynda iňňän gyzykly gürrüňleri berýär. Ylaýta-da, ol ýazyjy Ata Gowşudowyň döredijiligi, onuň gyzyl imperiýa zerarly ile-halka ýetmän galan “Perman” romany barada jikme-jik gürrüň berýärdi.
Şonda Däde Hal sowet döwründe gadagan edilen käbir beýleki eserler barada hem çekinmän durup geçýär. Gürrüň ýazyjy Hoja Şükürowyň “Horezm” dramasy hakynda barýar. Begmyrat Däde Haldan :
—özüňiz ýatladaýdyňyz, men sizden soraýyn diýip durdum. Şol eseriň ykbaly nahili boldy? Ony siz žurnalda çap edipsiňiz. Teatrda goýlandan soňam gadagan edilipdir. Zyýanly eserler hökmünde partiýanyň kararlarynda ýazgarylypdyr. Sizden hiç zat soralmadymy?
(Iki şahyryň arasyndaky gürrüň gyzyl imperiýanyň stalinçilik döwri hakynda, Durdy Haldurdynyň “Sowet edebiýaty” (häzirki Garagum) žurnalyna redaktorlyk edýän döwri hakynda barýar.)
—Ýok, maňa resmi edaralardan bir söz aýdanam bolmady. Ýöne karara girmesinden öň moskwaly bir awtor (ady ýadymda ýok) şol hakda makala ýazyp, biziň gazetlerimiziň birinde çap etdirdi. Meniň ýanyma gelip, dramanyň zyýanlydygyny düşündirjek boldy. Menem jedelleşip durmadym. “Ýyllar geçer, döwür görkezer nämäniň nämedigini” diýip oňaýdym. Häzir şol döwür geldi diýip düşünýän.
Dogrusy, gyzyl imperiýanyň ýowuz şarpygyny Begmyrat Ussaýewiň özi-de dadypdy.
Begmyrat ömrüni Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym bolup işläp geçirdi. Ol hemişe, hemme ýerde bolşy ýaly, talyplara gezek gelende-de diýseň adalatlydy. Ol bar bilimini, ukybyny ýaşlara siňdirmäge, olaryň döwrebap adamlar bolup ýetişmegine goşant goşmaga sarp edýärdi. Şonuň üçinem, talyplar Begmyrat Ussaýewiň sapagynda oturmagy, ondan tälim-terbiýe almagy juda gowy görýärdiler. Edebiýat barada, şygryýet barada ýörite söhbetdeşlige öýe-de gelýärdiler.
* * *
Begmyrat Ussaýew professor Mäti Kösäýew bilen hem ýygy aragatnaşykdady. Çünki, professor bilen Begmyrat bile işleýärdiler. Şeýle hem, Mäti aga biziň ikimiziňem mugallymymyzdy. Türkmen edebiýatyny, onuň geçmiş taryhyny bäş barmagy ýaly bilýän Mäti Kösäýew durmuşa-da beletdi. Şeýle bolansoň, Begmyrat her bir işde Mäti aga bilen maslahatlaşmany gowy görerdi. Mäti aga bilen gürrüňleşmek, onuň akyllydan akylly gürrüňlerinidiňlemek uly bir mekdep geçen ýalydy.
Mäti Kösäýew türkmen edebiýatynyň janly ensiklopediýasy hasap edilýärdi. Şeýle bolansoň, onuň bilen söhbetdeşlik durşuna lezzetdi. Biz Mäti agalar bilen esli ýyllap goňşuçylyk ýaşadyk. Şonuň üçinem, Begmyrat Ussaýewiň Mäti Kösäýew bilen aragatnaşygy-da ýygydy.olar häli-şindi bile oturardylar. Olar biziň öýümizde oturan gezekleri men bu iki edebiýatçynyň gürrüňini heziller edinip diňlärdim. Çünki, olar hezreti atamyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýdyşardylar. Dürli temalarda gürrüň ederdiler. Şonda Mäti aga türkmen edebiýatynyň dürli meseleleri barada ýuwaşjadan, haýallyk bilen aýdyp bererdi. Bu adam diýjek bolýan zadyny—aýdýan her bir sözüni söhbetdeşiniň aňyna guýmany başarýardy.
Bir gezek men olaryň gapdalynda oturyp (sebäbi jaýymyz ýekeje otaglyjady)keşde çekýärdim. Hemem olaryň gürrüňlerine gulak asýardym. Birdenem, professoryň gözi meniň keşdeläp oturan işim edüşdi-de sözüni kesdi. Soňam:
—Ýeri şeýle ajaýyplygy döredip bilýän bolsaň, seniň okuw nämäňe gerekdi? Iş tikip, gözellik döredip otursaň-da boljak eken-ä—diýdi.
Mäti aganyň türkmen gelin-gyzlarynyň elinden gelýän ajaýyp işlerine ýokary baha berýändigini ozallar Nabat daýzadan (professoryň ýanýoldaşy) eşidenem bolsa, mugallymymyzyň özüme beýle diýmegi meni diýseň begendirdi.
Dogrusy, Mäti aga diýilýän adam hiç mahal biriniň ýüzüne dogry gelip: “Sen pylan” diýmezdi. Eger bardy-geldi biriniň häsiýeti oňa ýaramadyk mahaly, sypaýylyk bilen, örän medeniýetlilik bilen başyndan sowardy. Sebäbi Mäti agalaryň uly howlusyna gelýän edebiýatçy alymlaryň, şähyrlardyr ýazyjylaryň sany ýokdy. Ullakan tagta sekiniň üstü hemişe edebiýat birleşmesini ýada salyp, goşgy ýaňlanar durardy. Tomus günleri erik bişen çaglary-ha Mäti agalaryň giň howlusynyň gelim-gidimi has-da artardy. Mäti aga her adamyny güler ýüz bilen garşylap, hoşamaýlyk bilen hem ugradardy. Professoryň şu oňat häsiýetleri meniň ýanýoldaşym Begmyrat Ussaýewde hem bardy. Begmyrat hem adamyň göwnüne degmegi, göwün ýykmagy iň agyr zat hasaplaýardy. Aýyn bolmasa-da, hezreti Magtymguly Pyragynyň atasy Garry mollanyň – Döwletmämmet Azadynyň dürdäne setirlerini gaýtalardy. Bir göüwün ýykanyň Käbä ýykan bilen deňligini häli-şindi ýatlardy. Hem-de akyldarymyzyň “Ýagşynyň köňlünde kine az bolar” diýen setirlerini gaýtalardy-da, hiç kimden, hiç haçan kine saklamazlygy tekrarlardy.
Begmyrat Ussaýew Garry mollanyň “Wagzy-Azat” eserini, Magtymgulymyň gaty köp goşgularyny, Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyny, “Şasenem-Garyby” ýatdan bilerdi. Olardan setirleri häli-şindi gaýtalamany gowy görerdi. Ol hasam Magtymgulynyň goşgularyny ürç edip gaýtalardy. Gün içinde hökman bir gezek onuň kitaplarynyň haýsy hem bolsa birini eline alardy. Özi-de okan zadyny hiç mahal ýöne bir okap oňmazdy-da, eli galamly bellik baryny edip okardy.
Onuň bu häsiýeti ömrüniň ahyrky günlerine çenli-de şeýle boldy. Azajyk ýaramazlyk tapyp, keselhana ýerleşdi welin, ol menden akyldaryň eserlerini getirip bermegini sorady. Bir hepde geçenden soň ol kitaplary yzyna berdi-de:
—Ýokarky tekjäniň sag tarapynda “Muhammet pygamberiň ömri we döredijiligi” diýem iki kitap bolmalydyr. Şolary getirsene, hezreti Magtymgulynyň eserleri meni, birhili, basmarlajak bolýar – diýdi.
Indi-indiler görüp otursam, asyl, ol akyldaryň dünýä baradaky oýlanmalaryny okap, öz halkymyň akyl beýikligini bilip, şeýle diýen eken. Onuň iň soňky okan kitabynyň Muhammet aleýhessalam hakyndalygy meni birneme köşeşdirýär. Ýaşanyňa juda degýän şu dünýäde arassa hem mynasyp ýaşamalydygy baradaky onuň goýan bellikleri, Begmyrat Ussaýewiň hemişe terbiýeçi hem mugallym bolandygyny, geljek nesiller barada alada edenligini ýene bir gezek tassyklaýar.
Men Begmyrat Ussaýewi ýatladygymça, bütin türkmen edebiýatynyň gerçek-gerçek pälwanlary birme-bir göz öňümde janlanýar. Munuňam özüne ýetesi sebäbiniň bardygyny ýene bir gezek aýdasym gelýär. Sebäbi, Begmyrat çeper döredijiligiň daşyndan edebiýatymyzyň ösüşi, onuň aýry-aýry wekilleri barada ylmy derňewleri-de alyp barýardy. Onuň ylmy işi-de şahyrlar hem şygyrlar bilen baglanyşykly bolupdy. Ýöne ondan soňam Begmyrat edebiýatymyzyň üstünlikleri we kemçilikleri barada ençeme makalalary, çekişmeleri ýazypdy. Ýokarda adyny agzap geçen ylmy kitaplarymyzda hem olaryň ençemesi ýerleşdirilipdi. Ol şygryýetiň öwrediji hem terbiýeleýji bolmagy barada giden bir makalalary ýazyp, s çekişmeleri hem gurapdy. Bu zatlaryň daşyndan hem onuň talyplara berýän sapagy-da türkmen edebiýatyndandy. Bir gezek ol bu barada şeýle ýazypdy:
“Olar baradaky aýdylanlar, durmuş täsirleri bu gün meniň özüm üçin-de durmuşda, işde iň baý material bolup hyzmat edýär. Çünki, meniň alyp barýan okuw hem ylmy-döredijilik işlerim şu ussatlaryň döredijiligi, durmuş terbiýesi bilen baglanyşykly. Her bir ýazyja, şahyra okuw meýilnamasyndan bellenen bir wagt berilýär. Olar barada leksiýalar okaýaryn. Ýatlamalar bilen utgaşdyrylyp okalýan leksiýalar talyplarda uly täsir galdyrýar. Ýatlamany köpräk aýtmagymy talyplaryň özleri haýyş edýärler.”
Türkmen edebiýatynyň hakyky janköýeri Begmyrat Ussaýewiň ýazyjy-şahyrlaryň durmuşyna degişli maglumatlary ýygnamagy, oalry gözüniň göreji deý aýawly saklamagy-da hut şonuň bilen baglanyşykly.
Ýeke bir ýazyjy-şahyrlar däl, sungat ussatlarynyň ençemesiniň durmuşy-da Begmyrady az gyzyklandyrmaýardy. Meşhur bagşymyz Magtymguly Garlynyň, Şükür bagşynyň, Pürli Saryýewiň ullakan suratlary henizem öýümizde, kitap tekjeleriniň öňünde dur.
Begmyrat Ussaýewiň söz ussady Beki Seýtäkow bilen gatnaşygyny ýatlamak meniň hakydamda juda köp zatlary janlandyrýar. Beki Seýtäkow soňky döwürde ýazan eserleriniň elýazmasyny Begmyradyň okamagyny, belliklerini aýtmagyny,haýyş ederdi. Ýadymda, Beki aga “Tylla, seniň yşkyňda” atly powestiniň elýazmasyny iberip, onuň ýanyna hem şeýle hat ýazyp goýberipdir.
“Salam, Begmyrat!
Şu powesti okap çyk, dost! Şu gün akademiýada maňa bir zat aýtdylar. Şabende Kemineden has ulumyş. Maňa bolsa Şabendäniň şu powestde wasp edilýän döwri gerek.
Şu ýagdaýdan nähili çykmaly? Kemine bilen Talybynyň adyny üýtgedäýsek, nähili bolarka? Şeniň şu hakdaky pikirleriň maňa zerur.
Salam bilen, Beki. 10.12.73ý.”
Begmyrat Beki aganyň hatyny okandan soň uzaga çekdirmän, powesti hem okap çykdy. Soňam ol papkany goltuklap, Beki aganyň ýanyna gitdi. Dogrusy, Beki agnyň bellikleri nähili üýtgedenliginden doly habarym bolmasa-da, ýazyjynyň Begmyrada öwran-öwran “Sag bolsun!”aýdanlygyny ýadymdan çykaryp bilemok.
Begmyrat Ussaýewiň “Perwana” barada bellikler” atly ylmy makalasynyň döreýşi-de ýokardaky pikirler bilen gabatlaşýar. Beki Seýtäkowyň “Perwana” powesti şol mahalky “Sowet edebiýaty” žurnalynda çap edilen bada Begmyrat Ussaýew oňa bellikleri aýdyp, ýörite makala ýazdy. Eseriň gowy taraplary bilen birlikde kemçiliklerden hem doly halas däldiginigörkezdi. Soňra Beki Seýtäkow bu eserini gaýtadan işlände Begmyrat Ussaýewiň şol görkezen kemçilikleri düzedendigini, munuň eseriň çeperçiligine hem-de ideýa-mazmunyna iňňän oňat täsir edendigini uly höwes bilen gürrüň beripdi.
Elbetde, uly ýazyjynyň öz sözüne gulak asmagy, özüniň dostlarynyň biri hasaplamagy Begmyrady diýseň tolgundyrdy. Bu zatlaryň Beki aga diri gezipýören mahallary kän bir bilmedik bolsagam, ol aramyzdan giden soň Begmyradyň ýatlamalarynda oňa doly göz ýetirdim. Çünki Begmyrat Ussaýew Beki Seýtäkow bilen baglanyşykly ähli zatlary rejeläp, ýygnaşdyryp goýupdy. Talyplara sapak beren mahaly-da şol zatlary ýörite äkidip, talyplara görkezýärdi. Ýazyjynyň eli bilen ýazylan hatlar henizem bir papka bolup dur.
Begmyrat Beki aga bilen baglanyşykly bolan wakalary, ol baradaky ýatlamalaryň ençemesini ýazgy edip galdyrypdyr. Şol ýazgylary okadygymça, ýanýoldaşym Begmyrat Ussaýewiň türkmen edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşykly bolandygyna, oňyn aýry-aýry wekillerine aýratyn sarpa, hormat goýandygyna ýene bir gezek göz ýetirýärin. Ine, onuň Beki Seýtäkow baradaky ýazgylaryndan käbir parçalar:
“köplenç ony tanaýanlar, biziň deň-duşlarymyz Beki agany durmuşy degişmelerden doly bolan bir wäşi adam hökmünde görkezjek bolýarlar. Ol dogry. Beki aga juda degişgendem. Ýiti sözlüdi. Ýeňýärdem, ýeňlenini-de baýun alýardy. Degişmelerde gaty görmesi ýokdy.
Ýöne ol gaýgy-hasraty-da az görmändi. Onuň hasratlara çümen wagtlarynam görüpdim. Ol dostlaryny juda eý görýärdi. Onuň ýürekden hormatlaýan, sylaýan adamlary bardy. Gara Seýitliýew şolaryň biridi. Ol Gara şahyry dilinden düşürmezdi. Onuň syrkaw wagtlaryny Beki aga juda gamgynlyk bilen ýatlaýardy. Şahyr aradan çykanda ony jaýlap gaýdanymyzda bir awtobusda gaýtdyk. Hemmämiz hasratlydyk welin, Beki aga aýratyn gamlydy. Ol köp zatlary ýatlaýan bolarly. Uludan demini alyp: “Dotlarymyzyň iň gowusyny-ha ýitirdik” diýdi. “Gara neresse göni gözüňe seretse, gözünden ot syçraýardy. Ol durşuna goşgudy. Goşgy bou,p hem gitdi” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Soňam gürlemedi. Bu Begmyrat Ussaýewiň ýatlamasy.
Elbetde, Begmyrat Ussaýewiň öz sözleri bilen aýtsaň, onda onuň türkmen edebiýaty, onuň aýry-aýry wekilleri bilen gatnaşygy hakynda-da näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Sebäbi hut edebiýatyň içinde bolup, onuň ähli meselelerini öz gerdeninide göteren tankytçy Begmyrat Ussaýewiň ibze galdyryp giden edebi ýazgylary, goşgulardyr kyssa eserleri baradaky ylmy makalalary tarp ýerden döremändi. Ol döredijiligine aýratyn sarpa goýýan ýazyjydyr şahyrlarynyň eserlerine has ýygy-ýygydan ýüzlenerdi.
* * *
Garaşsyzlyk – Watan özbaşdaklygy şahyr Begmyrat Ussaýewiň döredijiligine uly täsirini ýetiripdi. Ol otursa-tursa türkmen halkynyň bu beýik Garaşsyzlygynyň gadyryny bilmelidigini, ony aýamalydygyny aýdardy. Elbetde, onuň şahyr hökmünde, edebiýatçy alym hökmünde etjek zatlary kändi.
Garaşsyzlygyň beýik bäşýyllyk baýramyna taýýarlanyp ýörlen mahallary şahyr, edebiýatçy alym, publisist Begmyrat Ussaýew baýramçylyk mynasybetli yglan edilen bäsleşige gatnaşjakdygyny, ýazjak eseriniň adynyň “Watannama” boljakdygyny, eýýäm onuň on iki süňňüniň beýnisinde bişendigini telim-telim tekrarlapdy.
Ynha, indi ençeme mahaldan soň, men onuň aýdyp, diýiň ýetişmediksözlerini halkyma, il-günüme ýetiresim gelýär. Bu ýazgy onuň Watanynyň waspyny ýetirjek, ýüreginden gaýnap çykjak sözleriniň edil özi bolup gaýtalanmasa-da, ýanýoldaş hökmünde bu agyr hem meniň özüm üçin juda kyn wezipäni boýnuma aldym.
Elbetde, Watany söýmegi, ony gözüň göreji deý aýamagy Begmyrat Ussaýew diňe bir iş ýerinde – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda edebiýatdan sapak berende, edebi makalalar bilen gazet-žurnal sahypalarynda eden çykyşynda tekrarlaman, öýde – ir ertir, giç agşam otursa-tursa-da gaýtalardy. Özem ol bu gün türkmeniň bagtynyň getirendigini, döwlet guşunyň onuň uç-gyraksyz mawy asmanynyň üstünde ganat ýaýýandygyny, Garaşsyzlyk ýyllary içinde bitirilen işleri birme-bir sanaýardy. Dogrudanam, bu zatlar – bu beýik hakykat, türkmeniň Garaşsyz döwleti, hemişelik Bataraplygy onuň şahyr köňlüni heýjana ýetirýärdi.
Ol jany-teni, bütin süňňi bilen iline-gününe, Watanyna berlen adamdy. Meger, şonuň üçindir, ol mydamaol bir sözi gaýtalar ýörerdi. Ony gaýtalamaga ol hiç mahal ýaltanmazdy.
“Biz – döredijilik adamlary häzir hemme wagtymyzdakydan öňdürijilikli işlemeli. Watanda bolup geçýän her bir täzeligi, her bir öňegidişligi halka gyzgyny bilen ýetirmeli. Şu eşretli günleriň gadyryny bilmäge, Watanygözüň göreji deýin goramaga hem söýmäge çagyrmaly. Edebiýat terbiýeleýji hem öwrediji serişde. Biz – edebiýatçylar Watanyň ýüregini duýup, onuň urgusyny halka ýetirsek, eşretli döwrana tiz ýeteris. Munuň üçin Prezidentimiziň syýasatlaryna gowy düşünmeli, oňa kalbyň, bütin süňňüň bilen uýmaly” diýerdi.
Türkmeniň ertiri! Türkmeniň geljegi! Bu sözleri alym Begmyrat Ussaýew juda uly guwanç hem buýsanç bilen gaýtalardy. Eýsem, ertiriň aladasy şu günden başlanmaýarmy näme? Dünýädäki her bir döwletiň – isle ol uly bolsun, isle-de kiçi, tapawudy ýok, her haýsynyň öz kada-kanunlary, öz ýörelgeleri, durmuş aýratynlyklry bolýar. Her bir halk öz döwletiniň şolaýratynlygyna görä ýaşaýar. Ýöne dünýä döwletleri umumy kada-kanunlardan hem ugur alýarlar. Biziň Garaşsyz hem hemişelik Bitarap döwletimizde-de adam ykbalyna şol hili, hatda ondan-da belent derejeden seredilýär. Özem döwletimiziň gurluşy, syýasy ýörelgeleri gün-günden kämilleşýär.
Eýsem, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden türkmen binasynyň dabarasy bu gün dünýä dolmadymy näme? Indi türkmen iline döwran baky dolanmadymy näme? Şahyr Begmyrat Ussaýewiň sözleri bilen aýtsak: “Ençeme asyrdan soň beýik Pyragynyň, Keminäniň ýurduna döwleti zaman geldi. Birwagtky ady taryhdan öçüriljek bolnan türkmen zamanamyzyň beýik Baýdak göterijisi, hormatly Prezidentimiziň hyzmaty, tagallasy, pähim-paýhasy, zehini arkuly bu gün dünýäniň halklary bilen egin deňeşdirip, Galkynyş zamanasy barha batly gadam urýar. Türkmeniň Watançylyk ruhuna beslenen beýik kerweni ýeňilmez ýaşyl Baýdagyny Günüň deňine göterip, Ak ýol düşdi!
Ogulgerek USSAÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy.
Edebi makalalar