08:08 Älem sazlaşygynyñ aýdymy | |
ÄLEM SAZLAŞYGYNYŇ AÝDYMY
Publisistika
Adamzat döräp, Ýer togalagynda ýaşap başlany bäri, onuň janly tebigat, töwerek-daşy bilen gatnaşygy dowam edip gelýär. Dünýä halklarynyň köpüsi ýaly, türkmen halky hem öz ýaşaýan topragyna mukaddeslik hökmünde garap, ony gudrat saýypdyr. Hut şonuň üçinem Oguz hanyň nesilleri öz ýaşaýan tebigatynyň gözellikleriniň şekillerini keşde-gaýmalara öwrüp, nagyşlara ge- çiripdirler. Olaryň zehin-başarnygynyň önümi bolan nepisden-nepis nagyşlar onuň dokaýan halysyna, geýim-eşiklerine siňipdir. Sebäbi daş-töweregini gurşaýan tebigata çäksiz söýgüsi bolmadyk ynsan şeýle nepisligi döredip bilmezdi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň öz tebigatyna bolan gatnaşygyny onuň nepis halysy bilen baglanyşdyryp, şeýle delillendirýär: «Türkmen halysy — türkmeniň tebigata bolan badalgasynyň nusgasy. Türkmeniň halysy — türkmeniň Äleme bolan soňsuz tagzymynyň beýanydyr. Türkmeniň halysy — onuň köňlüniň aýdymydyr». Öz dogduk mekanynyň yssy mähri bilen dem alýan, onuň gözelliklerinden ylhamlanýan adam üçin türkmen tebigaty ruhlandyryjy güýç bolup, hyzmat edýär. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň çuňňur flosofýa ýugrulan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserlerini okanyňda hem, açyk-aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halysynyň taryhy, onuň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlary özünde jemleýän bu eserlerde türkmen halysynyň ony döreden halk bilen özen kökleriniň birdigi, haly diýmegiň hut türkmeniň ömrüdigi ylmy taýdan derňelýär hem-de ol barada giň düşünje berilýär. Türkmeniň milli häsiýeti bilen onuň topragynyň üstündäki gözelligiň arabaglanyşygynyň gaty gadymdandygyny taryhy nukdaýnazardan belläp, halkyň ruhy we ahlak sypatlaryny, tejribesini, aýratynlygyny ýüze çykarmagyň guraly hökmünde hyzmat edýän alamatyna medeniýetiň möhüm bölegi hökmünde garaýan milli Baştutanymyz «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserlerinde anyk pikirleri öňe sürýär. Bu bolsa türk- meniň ata-babalarynyň tebigat bilen adamy bir bitewülikde aňlap bilendigini görkezýär. Şeýlelikde, bir tarapdan, tebigat, ikinji tarapdan, adamlaryň älem bilen gatnaşyklary esasynda gözel hem nepis sungat döreýär. Ol sungat biri- birine ýakyn bolan, sazlaşykly hereket edýän taraplary ysnyşdyrýar. Türkmeniň geçen nesilleri özleriniň tebigat bilen şeýle ýakynlygyny, aýrylmaz baglany- şygyny duýup, tutuş Älemi tebigat hökmünde göz öňüne getiripdirler we ony tutuşlygyna, şol ajaýyplygy bilen öz nagyşlarynda we halyda şekillendirmegi başarypdyrlar. Şeýlelikde, türkmen zenanlarynyň döreden nagyşlary bilen bir hatarda olaryň tebigat bilen gatnaşygy hem nusga alarlykdyr. Tebigatyň güýjüne halyçylaryň döredijilik akabasy hökmünde baha berýän hormatly Prezidentimiziň tekrarlaýşy ýaly, şol güýçden ylhamdyr joşgun alýan türkmen halyçy zenanlary owunjak çitimleriň üsti bilen gözellik döredip, bu käri özünden soňky nesillere miras galdyrypdyrlar. Türkmen tebigatynyň gözelli- gine düşünmek üçin, ilki bilen, onuň mukaddesdigine, ylham çeşmesidigine tüýs ýürekden uýmaly, onuň ýyly demini duýmaly. Eger türkmeniň halysy onuň köňül aýdymy — täleý kitaby bolýan bolsa, türkmeniň tebigaty onuň soňlanmajak, hiç mahal irizmejek şirin mukamydyr. Bu mukamyň şirinligini tutuşlygyna hala geçirýän türkmen zenanynyň tebigy ukyplylygy onuň döredýän sungaty arkaly dünýä dolýar. Türkmen zenanynyň Älemiň gözellikleriniň aýdyňlygyny duýmak ukybynyň zehinden, akyl-paýhasdan, milli däp-dessurlardan gözbaş alýandygy üçinem, olaryň ellerinden çykýan halylar gözelligiň nusgasy bolup, dünýä inýär. Bir söz bilen aýdanyňda, hormatly Prezidentimiziň: «Dünýä ýüzünde Zeminiň, Asmanyň, Älem giňişliginiň ynsana dürli hili şertlendirilen umumylyk bolşy ýaly, ynsanyň ruhy-flosofýa pikirleri, taglymatlary hem ýene şol umumylyk garaýyşlarynda seplenilmelidir» diýip nygtaýşy ýaly, türkmen halysynda hem dünýä, Älem gözellikleri biri-biri bilen sazlaşykly beýan edilýär. Çünki tebigata ýakynlyk, onuň gözelliklerine guwanmak türkmen halyçylary üçin ylham çeş- mesi bolup hyzmat edipdir. Ýokarda belleýşimiz ýaly, munuň üçin halyçynyň öz ene topragy, arassa asmany bilen bagry badaşmaly. Şol baglanyşyk bolanda, halyçy öz ýaşaýan ýeriniň, daş-töwereginiň tebigy gözelligini halynyň süňňüne siňdirýär. Şeýlelikde, nepis halylarda «gazaýak», «içýanagyz», «guşdyrnak», «guşly göl», «dagdan» ýaly nagyşlar emele gelýär. Halyda tebigatyň keşbini çekmek, halyçynyň ýüreginde orun alan mukaddesligiň suratyny nagyşlarda emele getirmek türkmen zenanynyň çagalykdan süňňüne siňen ylhamdyr. Sebäbi türkmen zenany öz topragynyň mukaddesligini şirin hüwdi bilen perzendiniň gursagyna guýýar. Türkmen halyçysynyň dem alýan howasy-da, onuň aýagynyň astyndaky toprak-da gudratly güýje eýe. Çünki «Ene toprak milli ruhy tejribäni esasy gö- terijidir hem saklaýjydyr, ine, şundan-da tebigata bolan çäksiz ünsümiz, biziň milli döredijilik däplerimiz gelip çykýar». Hormatly Prezidentimiziň bu sözleri düşündiriş talap etmeýän bolsa gerek. Hakykatdan-da, türkmen tebigatynda, onuň ene topragynda halkyň dünýäsini, oý-pikirlerini aýdyňlaşdyrýan aýratyn güýjüň, gudratyň bar bolmagy hem ahmal. Şol gudratly güýjüň täsiri bilen döreýän türkmen halylarynda gelin-gyzlaryň tebigatyň gözelligini özüne siňdirip bilendigi hormatly Prezidentimiziň eserlerinde örän täsirli pikir ýöretmeler arkaly jaýdar bellenilýär. Çünki öz ýaşaýan topragynyň gözelligini haly nagyşlarynda, göllerinde suratlandyrmagy başaryp, ony sungat derejesine ýetiren türkmen zenanynyň elinden çykýan eserleriň tebigat bilen baglanyşygyny okamak üçin hem, hut şol dünýäden dem almaly, oňa ýüregiň bilen berilmeli. El halylary türkmeniň ata-babalarynyň tebigaty, Älemi bitewülikde aňlap bilendigini görkezýär. Haly tebigat bilen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar esasynda gözel hem nepis sungat bolup döreýär. Ol sungat biri-birine ýakyn bolan, sazlaşykly hereket edýän taraplary has-da ýakynlaşdyrýar. Türkmenleriň geçen nesilleri özleriniň tebigat bilen şeýle ýakynlygyny, aýrylmaz baglanyşygyny duýup, tutuş Älemi tebigat hökmünde göz öňüne getiripdirler. Şonuň üçinem olar öz gören, duýan zatlaryny tutuşlygyna, şol ajaýyplygy bilen hala çitmegi başarypdyrlar. Şeýlelikde, türkmen zenanlarynyň döreden halysy bilen bir hatarda olaryň tebigat bilen gatnaşygy hem nusga alarlykdyr. «Adamyň kalby diňe bir güle göwni gidýän zat däl-de, ol gözellikden ýaradylandyr we Älemiň sazlaşygy bilen goşulyşyp, özüniň ýokary paýhas bilen, Älemiň gurluşy bilen bitewüligini ykrar edýär. Onuň şeýlediginiň bir şaýady — türkmen halysy dünýäde iň bir kämil nusgadyr». Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligini halyda synlanyňda, halyçy gyz-gelinleriň gözellikleri beýan etmäge bolan ukyp-başarnyklarynyň çäksizligini duýmak bolýar. Gök asmandan we türkmeniň giň ýaýlalarynyň keşbinden nusga alyp döredilen nusgalar ýurdumyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň beýany bolup, ynsan bilen tebigatyň sazlaşygyny we bir bitewüligini ýene bir gezek doly subut edýär. Aslynda, halynyň durkunda, gözelliginde halkymyzyň akyl-paýhasy, dünýägaraýşy, ýaşaýşyň alamatlary, ýer-ýurduň çägi, keşbi, mukaddes topragyň egsilmez baýlygy şöhlelendirilýär. Şonuň üsti bilenem ýaş nesilde bu sungata, türkmen topragyna, onuň tebigatyna höwes döredilýär. Haly nagyşlary türkmen baharynyň joş urýan öwüşginleri, çägeli depeleriň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, çarwanyň ak öýündäki oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýalpyldysy, bedewleriň toý- nak dürküldisi, şemalyň birsydyrgyn owazy ýaly geň galdyryjy pursatlar täsin duýgulary oýaryp, halyçyda zähmet joşgunyny döredýär. Şol duýgular bilen çitilen çitimler inçe hem nepis nagyşlaryň suduryny emele getirip, türkmeniň bu sungatynyň adyny äleme ýaýýar. «Ynsan özüniň gözel oý-pikirlerini dünýä wekilliginiň nikaby bilen örtýär. Ol durky bilen owadan dünýädir. Şonuň üçinem zeminiň aýalyp, geljekki nesillere ýetirilmegi ynsanlaryň päl-niýeti, duýgy-düşünjesi bilen baglydyr». Hormatly Prezidentimiziň bu pikiri türkmen halysynyň süňňüniň hut tebigatdan gözbaş alýandygyny tassyklaýar. Şol duýgy-düşünje bilen beýnisi bekän türkmen halyçysynyň elinden çyk- ýan halylary synlanyňda hut şol duýgularyň döremegi tötänden däldir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde hem türkmen halkynyň tebigat bilen baglanyşygy barada häli-şindi ýatlanylýar: «Türkmeniň tebigat bilen arabaglanyşygynyň sazlaşygyny biz «Oguznamada» bark urýan gül-gunçaly sähralara, ýazlaga çykyp, onuň her otuny-çöpüni, lälesini-gülälegini söýgüläp apalaýşynda, «Gorkut ata» şadessanynda oguz gerçekleriniň çaýlara, kert gaýaly jülge-derelere mähirli garaýşynda, «Görogluda» başy ümürli-dumanly daglara, täsin dürlere beslenen gowaklara bolan üýtgeşik gatnaşygynda görýäris» diýip nygtaýşy ýaly, ýarym çarwa bolan türkmen halkynyň öz topragy, onuň gözellikleri bilen gatnaşygy hem aňyrdandyr. Türkmen halysyndan gelip çykýan pelsepäniň tebigylygy barada «Arşyň nepisliginde» şeýle jümleler bar: «Indi meseläni has anyklaşdyralyň. Türkmen halysy — tebigatyň suraty. Halynyň tebigylyk tarapyny aýrybaşgalaşdyrýan uly şahalaryň biri — tebigatyň suratyny janlandyrmagy türkmen halylaryny giňden meşhur etdi». Milli Liderimiziň türkmen halysynyň gözelligini tebigatdan, Älemden we ynsan kalbyndan alýandygy baradaky çuňňur flosofk garaýyşlary biri beýlekisi bilen utgaşyp, ummasyz gözýetimi döredýär. Şonuň asyl manysyna düşünmek üçinem, döwlet Baştutanymyz ýene-de halkyň ruhy dünýäsine aralaşmalydygyny, türkmen tebigatyna aýratyn üns hem mähir bilen garamalydygyny nygtaýar. Çünki türkmen halysyndaky nagyşlar türkmen topragynyň, howasynyň we haý- wanat hem-de ösümlik dünýäsiniň aýdyň suratyny çekýär. Türkmen topragynyň ähli gözelliklerini özünde jemleýän halylarda tebigat bilen ynsanyň sazlaşygy — Asman, Zemin, Toprak bitewüligi jemlenýär. Türkmen halyçylaryna şu hili sungaty döretmek başarnygynyň berilmegi döredijilik zehininiň olaryň süňňüne ymykly siňendigine şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem halyçylar öz işinde ussatlyk derejesine eýe bolup, olaryň ellerinden çykan eserleriň asyrlaryň dowamynda ýaşamagyna itergi berýär. Türkmen halysynyň şekillendiriş diliniň köpdürlüliginiň we çylşyrymlylygynyň onuň köp asyrlyk taryhynyň netijesidigi hakdaky pelsepäni delillendirip, hormatly Prezidentimiz «Janly rowaýatda» nagyş salmagyň tehniki usullarynyň — çitimleriň adalgasyny halkyň taryhy bilen bir ýere jemlenmesinde görýär. Onuň gelip çykyşynda heňňamlaryň dürli döwürlerinde bolan etnik ýagdaýlar, goňşy halklar bilen gadymy we häzirki zaman gatnaşyklar öz beýanyny tapypdyr. Haly ýüwürdilenden soň, ilki bilen toprak kakylýar. Şonda arzuwlaryň aras- salygynyň esaslarynyň emele gelýändigi, ynsan ähliniň aslynyň toprakdygy aňladylýar. Çünki ak erişleriň içinden geçen ak argaç topragyň aklygyny üpjün edýär, toprakdan soň, älem başlanýar. Türkmen halysynda ynsanyň toprak bilen älemiň sazlaşygynyň goşulyşmagynyň manysyna Älemiň ynsandyr toprak we olaryň ýokary paýhas bilen sazlaşýandygy diýip düşünmek bolar. Türkmen halysynyň şeýdip dokalyp başlanmagy ynsanyň Älemiň gurluşy bilen bir bitewüligini ykrar edýän toprakdan başlanýandygyny aňladýar. Haly toprak bilen başlanyp, toprak bilen hem tamamlanýar. Munda Älem hem Zemin ýaşaýşynyň sazlaşygyny jemleýän bir alamat diýip düşünýän halyçylaryň dünýägaraýşynda bu pikir aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Türkmen ruhuna mahsus, milli gymmatlygymyz bolan nepis nagyşlar halylaryň esasy süňňüni düzýär. Ýöne halynyň erişleri ak, köplenç ýagdaýda, onuň argajyny hem ak ýüplükden edýärler. Haly ak toprak bilen başlanyp, ak toprak bilen hem tamamlanýar. Iki tarapynda hem şabrap duran ak seçekleri bolýar. Ak topragyň, ak seçekleriň, ak erşiň düýp manysy, türkmen dünýäsinde giden bir aklyk ummanyny ýatladýar. Halyny içgin synlan adamda onuň asman ruhuny döredýändigini hormatly Prezidentimiz belleýär. Bu türkmen halkynyň «aklyk» diýen düşünjä uýýanlygy- nyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki «Aklyk — päklik» diýýän halkymyzyň owal- başdan bu düşünjä ýüregi bilen berlendigini her bir ädimde duýmak bolýar. «Ak zat — alnyňa ýagşy», «ak öý», «ak ýol», «ak bagt» diýip, ähli gowulyklary aklyk bilen baglanyşdyrmagy hem bu düşünjäniň halkyň aňynda-ruhunda mäkäm orun alandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň Älem, Asman, Zemin giňişligini bir bitewülige öwrüp, onuň ynsanyň ruhy çeşmesiniň akabasynda durýandygy baradaky çuňňur flosofýa ýugrulan pikirleri bilen baglanyşyklylykda ýüze çykýan tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşyk hem bu eserlerde ylmy taýdan yzarlanýar. Ynsanyň ak arzuwlaryny ak öýüň durkuna ornaşdyrýan türkmen zenanynyň ylham çeşmesi, zehin-başarnygy hem hut şol aklyk arkaly dünýä inýär. Şeýlelikde, Äleme, gözel tebigata, tutuş dünýä bolan söýgüden döreýän, ynsan bilen Älem giňişliginiň bitewüligini subut edýän türkmen halylarynyň nepis sungat bolup, dünýä inmeginde halyçy zenanyň şol mukaddeslik bilen baglanyşygy uly ähmiýete eýedir. Türkmen halysynyň şeýle gymmatlyk derejesine ýetmeginde tebigatyň, Älem gözelliginiň ähmiýetiniň juda uludygy, tebigatyň halyçylar üçin ylham çeşmesidigi, şeýlelikde, onuň halyçy üçin hakyky nusga bolup durýandygy hemmelere mälim hakykatdyr. Çünki biz tebigat hadysalarynyň gadymy ata- babalarymyzyň yrym-ynançlaryna esas bolandygyny taryhy çeşmeler arkaly bilýäris. Adamzadyň tebigat hadysalaryna sežde eden döwürlerinden bäri onuň tebigata ýakynlygy, halk döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Adamzat aňy kämilleşdigiçe, onuň durmuş baradaky düşünjeleri-de, tebigata, onuň gözelliklerine garaýşy-da giňeýär. Şeýlelikde, tebigat adamyň ruhy hem maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Onsoň tebigatyň belli bir böleginiň keşbi keramika eserlerine, binalaryň diwar bezeglerine, gap-gaçlara we haly nagyşlaryna siňdirilipdir. Türkmen halysynda tebigatyň aýdyň şekilleriniň nepis nagyşlar arkaly beýan edilmegi halkyň ruhy düşünjesine, dünýägaraýşyna, ylham-joşguny- na, yhlasyna, başarjaňlygyna mahsus hadysadyr. Hut şonuň netijesinde-de türkmen halysyndaky nagyşlarda Asman, Zemin sazlaşygynyň beýanyny görmek bolýar. Aslynda, gelip çykyşy boýunça, dünýäniň gözelliginden dörän nagyşlaryň sudurynyň türkmen zenanynyň ylahy güýçlere sygynmagyndan dörän bolmagy hem ahmal. Oduň, topragyň, suwuň, howanyň, ýyldyzlaryň, Aýyň we Günüň nyşany bolan nagyşlar has çylşyrymly düşünjelere öwrülip, el halylarynyň öwüşginliligini has-da artdyrýarlar. Biri-biri bilen sazlaşykda inçeden syk çitilen nagyşlar halynyň ýüzünde Arşyň owazyny döredip, ony ýuwaşjadan süňňüňe siňdirýär. Bu jadyly güýç türkmen halysynyň öňde-soňda gudrat bolup dörän- digine ynamyňy atdyrýar. Öz yhlasyndan, zähmetinden kemala gelen halylaryny edil doga-tumar ýaly görýän halyçylaryň kalbynda-da hut şonuň ýaly sazlaşygyň dowam edýändigini duýmak üçin, ýene-de olaryň ellerinden çykan halylary synlamaly. Şol sazlaşygyň barha berkeýändigini alamatlandyrýan nagyşlaryň has inçeden nepislik bilen çitilendigine göz ýetirmek bolýar. Hut türkmen halysynyň taryhy ýoly, ençeme asyry başdan geçiren bu sazlaşyk türkmen tebigatynyň halyçy zenanlaryň süňňüne guýan gudratydyr. Milli Liderimiziň çuň manyly eserlerinde bellenişi ýaly, Älem bilen Zeminiň sazlaşygyndan dörän türkmen halysynyň nagyşlarynda halyçynyň päk arzuwlary inçelik bilen yzarlanýar. Şeýle inçelik türkmen halylaryna we haly önümleriniň ählisine degişlidir. Çünki halyçy zenanlaryň ruhuna mahsus ýagdaý halyda tebigatyň aýdyň şekillerini nepis nagyşlaryň üsti bilen suratlandyrmakdyr. Bu milli Liderimiziň «Janly rowaýat» eserinde şeýle düşündirilýär: «Bu geň ýüze çykyş — halkyň milli ruhy Älemiň kanunlary bilen gatlyşyk, ylahy Älemiň gizlin syrlary we onuň taýsyz owadanlygy türkmen halysynda öwüşgin alypdyr». «Arşyň nepisligi» eserinde hormatly Prezidentimiz tebigat bilen ynsanyň sazlaşygyny döreden ilkinji halyçynyň Gün nurunyň şöhlelerinden erşini sepläp, çitimlik ýüplüklerini ak reňkli ak säherlerden, sarysyny altyn çägeden alyp dokan halysy bilen asmana uçanlygy baradaky rowaýaty getirip, türkmen halysynyň reňki çog gyzyl, sarysy Gün ýaly, agynyň hem ak säherler deýin owa- dan reňklerdigini aýdýar. Bu rowaýatda türkmen halysynyň gudrat hökmünde Arşdan gelendigine ynanypdyrlar. «Çöldäki öri meýdanlarynyň gülleýşi, ojaklaryň alawy, gumuň we çägäniň altyn öwüşginleri, janly-jandarlaryň derileriniň reňki we bişen naryň şuglasy ir döwürlerden bäri Merkezi Aziýada bolçulygyň-berekediň alamaty bolup, türkmen halysynyň ýüzünde karar tapyp, onuň nagyşlarynyň aýdymy bilen bir heňden gopýar». Hormatly Prezidentimiziň tekrarlaýşy ýaly, türkmen halysynyň ýüzünde nagşa öwrülip, baky karar tapan tebigat gözellikleri halyçy zenanlaryň öz topragyna, arassa Asmanyna, giň Äleme sazlaşykly goşulyşynyň alamatyny şöhlelendirýär. Türkmen halyçysynyň öz dokan halysynda Asman bilen Zemin sazlaşygynyň, onuň ynsana täsiriniň alamatlaryny suratlandyrmagy bilen dörän ajaýyp nagyşlara öz şekiline görä at dakylypdyr. Aslynda, tebigat hakyndaky täsirli aýdymyň nepis nagyşlarda jemlenen nusgasynyň türkmen halysynyň Älem hakdaky aýdymy aýdyp berýändigini milli Liderimiz öz eserlerinde gaýta-gaýta nygtaýar. «Türkmen halysy — onuň köňlüniň aýdymydyr. Bu aýdym bolsa bir günüň ýa bir döwrüň, asyryň aýdymy bolman, ol heň- ňamlaryň sedasyny gursagyna guýandyr». Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halysy onuň köňlüniň aýdymy bolsa, ony öten heňňamlaryň türkmen zenanynyň zehini arkaly ebedileşdirendigini hem nygtamak gerek. Ynsan bilen tebigatyň sazlaşygyny nagyşlaryna siňdirip, tutuş durky bilen mukama öwrülen türkmen halylary adam eli bilen döredilen gudratlygyndan hem ýokary galyp biler. Kär, hünär derejesinden milli gymmatlyga çenli ýol geçip, sungata öwrülen türkmen halysynyň her bir çitimi, her bir öýdümi, her bir gyrymy zenan ýüreginiň süýji arzuwlaryny özünde jemläp, aýratyn bir gudrat bolup, dünýä inýär. Şol gudrat türkmen gelin-gyzlarynyň çeper döredijiliginiň üsti bilen döwrüň durmuş flosofýasyny giňişleýin açyp görkezýär. Şeýle bolansoň, türkmen halysynyň ýüzündäki özboluşly nepislik türkmeniň atsyz suratkeşleriniň waspyny dünýä ýaýýar. Halynyň toprak bilen başlanyp, älem bilen sazlaşyp gidýän gyra nagyşlarynyň her birinde uly mazmun jemlenýär. Çünki asly toprakdan dörän adam oglunyň Asman, Zemin, Älem bilen baglanyşygyny ene topragynyň mähri arkaly duýýan türkmen zenanynyň inçe hem ýiti duýgularyndan kemala gelen nagyşlar edil türkmen tebigatynyň özi ýaly gözel hem gaýtalanmajak dünýädir. Älem, Tebigat, Asman, Zemin bilen sazlaşykda ýaşaýan türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri bolan el halylarynda el ugruna çitilen ýekeje çitimiň bolmazlygy onuň nagyşlarynyň iňňän takyk sazlaşygynyň juda ýokarylygyndan habar berýär. Tebigat diýlen düşünje, onuň gözellikleri islendik döwürde-de ynsan üçin ruhy çeşme bolup hyzmat edipdir. Çünki tebigatyň suraty Älem sazlaşygy arkaly türkmen zenanynyň ruhuna ornap, onuň aňynda zehine öwrülip, onuň dokaýan halylarynyň süňňüne siňipdir. Müňýyllyk menzilleri aşyp, türkmeniň adyny dünýä ýaýan el halylary halyçynyň Älem sazlaşygy bilen gatnaşygynda dörän, Älemiň we Zemin ýaşaýşynyň sazlaşygyny özünde jemleýän gudratly güýçdür. Onuň gymmaty milli Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halkyň durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylar guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwüşgini, dag çeşmesiniň şildirdisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy, bişen bugdaý başlarynyň ýumşaksy ygşyldysy ýaly, tebigatyň nepis hereketleri bilen hasyl bolýan reňklerde we simwollarda ýüze çykýar». Adamyň we tebigatyň arabaglanyşygyny tebigy boýag bilen reňklenen ýüplükleriň üsti bilen nagyş arkaly beýan etmek, tebigaty haly nagyşlarynda janlandyrýan halyçynyň bu topraga tagzymy bolup, dünýä inýär-de, türkmen halkynyň milli genji-hazynasynyň gymmatlygyny äleme ýaýýar. Türkmen haly- synyň keşbinde tebigatyň gözelliginiň, ata Watanyň, ene topragyň ezizliginiň durandygyny, onuň halyçy üçin döredijilik çeşmesi, ylham badalgasydygyny inçeden gelen nepis nagyşlar dolulygy bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde ynsanyň Älem, Asman, Zemin bilen sazlaşygy hakdaky çuňňur oýlanmalar, flosofk pikirlenmeler arkaly okyjynyň türkmen halysy hakdaky düşünjeleri has-da ösdürilip, bu sungatyň taryhy doly açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň bu eserleriniň ussat halyçylaryň täze neslini kemala getirmekde terbiýeçilik ähmiýetiniň kiçi-girim däldigini nygtap, türkmen halysynyň inçeden nepis nagyşlarynyň gelip çykyşy, olaryň döreýiş taryhy baradaky gyzykly maglumatlaryň okyjynyň dünýäsine dolýandygyny ýene bir gezek nygtamak artykmaçlyk etmese gerek. Älem, Asman, Zemin sazlaşygynyň netijesinde ynsanda joşýan ylham ony döredijilikli zähmete ugrukdyrýar. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän şol sazlaşygy türkmen zenanlarynyň zehin önümi bolan nepis halylarda açyk-aýdyň duýmak bolýar. Ýöne soňky döwürde adam bilen tebigatyň gatnaşygynyň peselendigi hormatly Prezidentimizi alada goýýar. Şonuň üçinem hormatly Arkadagymyz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada döwlet derejesinde alada edýär. Her ýylda şäherleriň we obalaryň daş-töwereginde müňläp-müňläp agaç nahallary oturdylýar. Ýylyň dowamynda hem olara degerli idi-yssuwat edilýär. Türkmen topragynyň gözelligini, daş-töweregiň, sähra düzleriniň, Garagumuň ajaýyplygyny şol durkunda indiki nesillere galdyrmagyň aladasy bilen ýaşaýan milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň bol suwundan Garagum lälezara öwrülýär. Garagumuň ak, gara sazaklaryny, çeti-çerkezli tokaýlyklaryny şol durkunda aýap saklamak üçin hem «Bereket- li Garagum» döwlet goraghanasy döredildi. Bu döwlet derejeli işleriň alnyp barylmagy, bir tarapdan, gadymy türkmen topragynyň asyl durkuny asyrlap saklamak bolsa, başga bir tarapdan, ýaşlaryň aňynda toprak, Asman, Zemin diýen düşünjeleriň berkemeginde täsiri ummasyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň türkmen topragyny, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini gowulandyrmak, aýap saklamak bilen birlikde, tutuş dünýäde ekologiýa syýasatyny güýçlendirmekde öňe sürýän teklipleri bütin dünýäde uly goldaw tapýar. Bu babatda ýurdumyzda alnyp barylýan işler sanardan kändir. Çünki ynsanyň Älem, Zemin bilen sazlaşygynda, ilkinji nobatda, topragyň durýandygy üýtgewsiz hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň tebigatyň ynsan aňyna täsiri baradaky pikirleriniň neneňsi derejede gymmatlydygyny şu jümleler hem tassyklaýar: «Ynsan özüniň Äleme baglydygyny duýup, Äleme ýakynlaşýar. Ynsan şeýdip beýgelýär. Äleme bolan söýgüden döreýän gudrat — sungat türkmen halysy!» Bu sözler şu günüň ýaşlaryna tebigat, Älem, Asman, Zemin barada, türkmen halysynyň nagyşlarynyň taryhy barada, olarda äleme bolan söýgi hakda gymmatly maglumat berip, halynyň türkmen halky üçin gadyr-gymmatynyň çäksizdigini öwran-öwran nygtaýar. Bu gymmatly eserlerde hormatly Prezidentimiziň haly dokaýan çeper elli zenanlara goýýan hormaty setirsaýyn ör-boýuna galýar. Olaryň zehin-başarnygyndan, Älem, Asman, Zemin, mukaddes toprak bilen gatnaşygyndan döreýän müň öwüşginli nepis halylaryň dünýäde deňsiz-taýsyz gymmatlykdygyna ünsi çekýär. Bu bolsa türkmene hem-de onuň nepis halylaryna goýulýan çäksiz hormatyň bir ülşüdir. Ogulgerek USSAÝEWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |