20:16 Belent sarpanyñ beýany | |
BELENT SARPANYŇ BEÝANY
Publisistika
Hormatly Prezidentimiziň jöwher galamyna degişli bolan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserini okap, türkmeniň bu milli guwanjy bilen has içgin tanyşmak bolýar. Ussat seýisleriň terbiýelän dal bedewleri aýlawlary baglaýar. Gadymy Margianada gazuwagtaryş işlerini geçiren belli rus alymy Sarianidi taý süňkleriniň üstünden barandygyny, onuň ahalteke atlarynyň neslidigini aýdýar. XIX asyrda türkmen topragyna syýahata gelen A.Wamberiniň hemde Marko Polonyň ýazgylarynda türkmenler hakda söz açylýar. Marko Polo türkmenler hakda şeýle belleýär: «Olar maldarçylyk bilen meşgullanýandyklary üçin, nirede öri bolsa, dag bolsun, düz bolsun, islän ýerlerinde mekan tutunýarlar. Bu ýerde, size aýtsam, saýry türkmen atlary hemem örän gowy, bahasyda gymmat gatyrlar köpeldilýär». Jahankeşdeleriň bu ýazgylary türkmeniň dal bedewiniň taryhynyň waspynyň asyrlara uzaýan dygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininiň önümi bolan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly çuňňur filosofiýa ýugrulan eserinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk döwrün de türkmeniň atly ýigitleriniň ýörişiniň başlanyşy hakda şeýle ýazýar: «...Ine, gadymy galanyň basgançaklaryndan deprekçiler düşüp gelýärler. Olaryň yzy bilen ellerinde Nusaý ritonlaryny göterip, şa zenany Tomirisiň döwrüne mahsus zenan lybaslaryndaky beýik börükli gyzlar gelýärler. Olar atlylaryň ýanyna gelip, bu dabaranyň çepertaryhy keşbini janlandyrýarlar. Çünki atababalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepaly bolmagy öz gursagyna guýan türkmen perzentleri bu mekanda dostlugyň, agzybirligiň, rowaçlygyň höküm sürmegi üçin yhlas edýändiklerine buýsanýarlar». Akyldar Magtymguly türkmen ýigidine bedew atyň gerekdigini öz eserlerinde öwranöwran tekrarlaýar. Dana şahyr «Aty gerek» goşgusynda: At gazanar goç ýigidiň, Owwal bedew aty gerek — diýse, «At islärin» diýen şygrynda: Kerem etseň, Kadyr Alla, Dünýälikde at islärin — diýen ýaly setirleri hem dana akyl daryň türkmeniň bedew atlaryna goýan sarpasynyň näderejede belentligine, behişdi bedewleriň halkyň durmuşynyň bir şahasy bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Eýsem, geçen asyrda, ýagny 1935nji ýylda Aşgabat-Moskwa aralygyndaky atly ýörişe gatnaşan türkmeniň çyn bedewleri dälmidi näme?! Edil türkmen ýigitleriniň özleri ýaly, ba tyrgaýlyk bilen 4300 kilometrden gowrak ýol geçen ahalteke bedewleri dünýäni haýrana goýupdy. Beýik Ýüpek ýoly bilen türkmen topragyna myhman bolanlar bu toprakda öndürilýän nepis halylaryň, behişdi bedewleriň başga bir ýurtdaky halylara ýada atlara meňzemeýändigini hem ýazyp galdyrypdyrlar. Jahankeşdeleriň, alymlaryň tassyklamagyna göräde, ahalteke bedewleri barada «Asman atlary», «Behişdi bedewler» ýaly düşünjeler dünýä ýaýrapdyr. Hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewlerine berýän uly ünsi netijesinde welaýatlaryň ählisinde atçylyk sport toplumynyň gurulmagy, paýtagtymyzda ýörite atçylyk toplumynyň döredilmegi, ahalteke atlarynyň tohum arassalygynyň saklanmagy üçin ylmy işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň milli guwanjynyň näderejede gymmatlydygyna şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçinem türkmen hal kynyň behişdi bedewlerini seýislemekde ýörite mekdepleri, ýolýörelgeleri bolupdyr. «Görogly» şadessanynda Jygalybegiň Gyraty seýisleýşi türkmeniň bedew seýislemegindäki aýratyn bir ýoludyr. Asyrlaryň dowamynda behişdi bedewleri seýislemekde gazanylan tejribeler barha kämilleşmek bilen. Ussat seýisleriň terbiýelän bedewleri aýlawlary ençeme gezek baglandyrlar. Ula goýberilende, ýyldyrym ýaly bolup atylyp gidýän bedewler şol ussatlardan görelde alan şägirtleriň seýislän atlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Biz geljekde hem bedewlerimizi birjikde ünsden düşürmeris. Çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ynsabymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewleri tebi gatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilen güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr» - diýen dürdäne sözleri ahalteke bedewlerine bu toprakda neneňsi buýsanylýandygynyň, olaryň eý görülýändiginiň subutnamasydyr. Bu guwanç okyjynyň oýhyýallaryny ýenede ahalteke bedewleriniň taryhyna aralaşdyrýar. Şonda pikir ýumagy çözlendigiçe, taryhyň gatlaryndan öz soragyňa jogap gözleýärsiň. Hyýalyňda Oguz hanyň, Görogly begiň, Togrul hem Çagry begiň, Alp Arslanyň, Il Arslanyň we türkmeniň beýikbeýik ogullarynyň münen bedewleri peýda bolýar. Keý Kowsuň «Kowusnamasyndaky» bedew edinmek bilen bagly maslahatlar häli-häzirem gymmatyny ýitirenok. Pikirler, oýlar ýenede okyjyny aýlapdolap Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne getirýär. Şonda hormatly Prezidentimiziň bedewler baradaky kitabyndaky dür dänelerde gözüň eglenýär. «Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly şalara mynasyp. Olar tüňňüburun, buýsançly başlaryny belent tutýar we olaryň ýallary howada owsun atýar». Bu sözler türkmeniň behişdi bedewleriniň halkyň özi bilen ýaşytdaş gamyşgulak atlarynyň waspyny ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň gamyşgulak bedewlerimize bolan buýsanjy tutuş halkymyzyň ýüregine ornap, türkmeniň dünýäde taýsyz gözelligi bilen saýlan ýan bedewiniň şanşöhratyny örboýuna galdyrýar. Ogulgerek USSAÝEWA, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |