Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna
▶ ÝERDEN ÝOKARDAKY PIKIRLER
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň medeni mirasy has içgin öwrenilýär. Türkmen halkynyň belli şahslaryna, nusgawy şahyrlaryna hormatly Prezidentimiz tarapymdan uly hormat goýulýar. Olaryň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahatlar geçirilýär. Türkmeniň dünýä belli şahslarynyň doglan günlerine bagyşlanan dabaralara daşary ýurtly alymlaryň uly topary gatnaşýar. Indiki ýylda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň bellenmegi hormatly Prezidentimiziň türkmeniň görnükli akyldaryna goýýan çäksiz üns aladasynyň netijesidir. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmeniň kalbyna iň beýik ynamy, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Şonuň üçinem üstünden üç asyra golaý wagt geçse-de akyldaryň goşgulary türkmeniň kalbyna nuranalyk guýup gelýär. Bagşylaryň ürç edip aýdýan aýdymlarynyň aglabasynyň sözleriniň bu dananyň galamyna degişlidigini bellemek juda ýakymly. Eýsem meşhur bagşy Sahy Jepbarowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren “Sataşdym”, Güljan Hummedowanyň “Näme sen”, Gurban Gummanowyň “Aýryldym” ýaly aýdymlaryny diňläp, olaryň şirinliginden gananlaryň şol pursatdaky başdan geçirmelerini göz öňüne getirmegiň özi-de beýik akyldaryň danalygyny, durmuş baradaky pelsepesini äleme ýaýmaýarmy näme? Aslynda-da akyldaryň haýsy bir goşgusyny alsaňam, onuň durmuş baradaky çuňňur pelsepeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Onsoň dananyň her sözüne, her setirine düşünmek üçin onuň dünýäsine dolmaly, pikir derýasynda akyl gämisini ýöretmeli bolýaň. Akyldaryň goşgularynyň, asla bütin döredijiliginiň içinden geçýän many-mazmun tutuş dünýä bilen bagly.
Şu ýerde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýän hormatly professorymyz Mäti Kösäýew bilen bolan wakany ýatlamak isleýärin. Professor sapak geçip durka talyplaryň biri:
- Ýoldaş mugallym, men Magtymguly Pyragynyň şu goşgysynda näme diýjek bolýanyna düşünmedim-le - diýipdir.
Professor:
- Sen-ä gaty ezber ekeniň. Biziň-ä henize çenli hezreti Magtymgulynyň döredijiligine akyl ýetirip bilmän ýörşümizdir- diýipdir.
Şu ýerde birneme yza çekilip, hormatly mugallym, professor Mäti Kösäýewler bilen ençeme ýyl goňşy ýaşandygymyzy, onuň şahyrlar, ylaýta-da Magtymguly Pyragy baradaky gürrüňlerini köp gezek diňländigimizi aýtmakçy. Mäti mugallym bilen şahyr, alym Begmyrat Ussaýew duşuşanda olar köplenç edebiýatyň meseleleri, onuň taryhy barada gyzykly gürrüň ederdiler. Mäti Kösäýew Magtymguly Pyragy barada söz açanda, dana aýratyn sarpa goýardy. Akyldaryň dünýe baradaky goşgularyndan mysal getirip, onuň şahyrlykdan has ýokarda durýandygyny delilleriň üsti bilen düşündirerdi.
Köňül dünýä zerin yzlap durupdyr,
Göz hem gözelleri gözläp durupdyr,
Til hem gybat, ýalan sözläp durupdyr,
Şeýtan bir käpirdir, nebis hem zalym.
Senden medet ýetişmese, ýa Jepbar,
Bu beladan baş gutarmak haçan bar?
Howaýy höwesge bolduň griftar,
Hak gullugyna ýokdur zerre mejalym.
Şeýle mysallardan soň, Mäti Kösaýew Magtymguly Pyragynyň sufizme eýerendigini, Haka gulluk edendigini nygtardy-da, akyldaryň setirlerini ýekeme-ýeke mysal getirerdi.
Bir gezekki gürrüňdeşlikde Begmyrat Ussaýew Mäti Kösäýewe şeýle sowal berdi.
- Mollam, alymlar hezreti Magtymgulynyň “Näme sen” diýen goşgusynyň
soragyna jogap gözläp, gaty köp pikirleri öňe sürýärler. Şolara siziň garaýşyňyz nähili?
Mäti aga çaýly käsesini ýerde goýdy-da, bir dyzynyň üstüne galdy.
- Akyldaryň bu goşgusyna jogap tapjak bolsaň, onuň tutuş döredijiligini suwara bilmeli. Dananyň bir ya iki goşgusyny okap, o goşgy o hakda, bu goşgy bu hakda diýmek çetin. Dogrusy, özüm-ä şony başaramok. “Näme sen” hem edil “Gördüňmi” bilen bir hörpde ýazylan goşgy. Meniň düşünişimçe, bularyň ikisinde-de gürrüň Hak tagala barada gidýär. Diňle:
Ýagty salar gider zulmat gününde,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Bahar eýýamynda, heýhat gününde
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Rumda, Gypjakda, Çyny-Maçynda,
Zumeýyl ornunda, arşyň içinde,
Yklym degresinde, pelek burçunda,
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Sen bu setirlere üns ber, ilki bilen onuň Sahypjemaly kim? Ol nirede ýaşaýar? Ol ynsmy-jynsmy, şony bilmeli. Setirsaýyn çuňlaşyp gidip barýan pelsepede Sahypjemalyň salgysyny akyldaryň özi berýär.
Mesgen tutmuş gara dagyň burnunda,
Alynyň mülkünde, Isa ornunda,
Ýeriñ arkasynda, gögüň garnynda
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Magtymguly çeker ýaryň gamyny,
Gezip, tapa bilmez roýy-zemini,
Ýa ady Jebraýyl – Hakyň emini
Meniň sahypjemalymny gördüňmi?
Indi sen şu goşguda gözlenýän sahypjemal bilen akyldaryň heniz görmedik diberine aşyklygyny deňeşdir-de, “Näme seniň” kime ýüzlenip ýazylandygyna özüň düşüniber. Onuň jogabyny, meniň düşünişimçe, akyldaryň manydan doly setirleriniň arasyndan okamaly.
Asla seni görmemişem dildarym,
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen.
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gül-gülmi sen, näme sen?
Akyldaryň pelsepä ýugrulan bu setirleriniň manysyny tirmek üçin onuň şu hörpde ýazylan beýleki eserlerine hem belet bolmaly. Ýogsam adamyň görmedik zadyna beýle maýyl bolmagyna düşünmek kyn. Ýöne akyldaryň goşgylaryna her kim bir hili düşünýär, onsoň onuň manysyny hem her kim özüçe düşündirýär. Ine, meselem, “Aşyk bolmuşamy” alyp gör. Şonda öňe sürülýän pelsepe okyjyny pikirlenmäge, oýa batmaga mejbur edýändir. Eýsem şu ýerde Garry mollaň terbiýesini alan, gündogar edebiýatynyň genji-hazynasyny bäş barmagy ýaly bilýän dananyň bu sözleri öz magşuk gyz üçin dile getirmejegi hakda oýlanmaly dalmi näme?! Akyldar Haka aşyk bolup, onuň didaryna ýetmek üçin:
Aýdadyr Magtymguly, men anda käne ugradym,
Seýil edip bardym pelekde, lamekana ugradym,
Çün meni ryswa kylan yşky käne ugradym,
Ýetmiş iki şäher ile müň bir dükana ugradym,
Şunça sergezdan sepil yzaýa aşyk bolmuşam
- diýýär.
Men bu sözleri diňe Hakyň yşkyna düşen dana akyldar aýdyp biler diýip, pikir edýärin. Professoryň bu sözlerini hakyda salan ‘Näme sen” hakda oýlanyp” diýen makala boldy. Süleýman Ilamanow bu oýlanmasynda akyldaryň soragyna özüçe, öz düşünişine görä jogap berýär. Belki, bu bir tarapdan, dogrudyr. Sebäbi Magtymgulyşynas alymyň aýdyp gezçişi ýaly, akyldaryň eserlerine düşünmek, olaryň manysyny tirmek her bir adamyň öz dünýägaraýşyna, duýgy-düşünjesine bagly. Elbetde, oýlanmany ýazmak üçin awtoryň akyldaryň eserlerini az okamandygyny bellemek gerek. Ýöne “Magtymguly Pyragy “Näme sen” şygrynda daşky dünýäniň-barlygyň zatlaryny ýüzugra şygra, owaza salyp,agzap barýan ýaly duýgyny döredýän bolsa, onda oňa şeýle düşünýän göwün hem aň entek öz kämilligini doly gazanyp bilen däldir” diýse-de yz ýanyndan dana şahyryň öz içki dünýäsini yzygiderli kämilleşdirendigini, adamzat ähline ruhy kämilligiň aňrybaş eserlerini ýadygär galdyrandygyny nygtaýar. Eýsem Magtymguly Pyragynyň dünýä baradaky çuňňur pelsepelerini özünde jemleýän goşgularyny barnak büküp sanap bolarmy? Elbetde, ýok. Çünki dana şahyryň her bir setiri, her bir sözi tutuş barlygyň özboluşly teswiri bolup durýar. Eýsem:
Jan matasyn bizden nagtyna alyp,
Bir daban zemine satyp baradyr.
- diýen setirler tutuş dünýä hem-de ynsan ömri baradaky çuňňur oýlanmalaryň has aňyrdan gaýdýandygyna şaýatlyk etmeýärmi näme?
Magtymguly Pyragy diýlende ilki bilen göz öňüňe ähli döwürleriň akyldarynyň keşbiniň janlanýandygynyň sebäbi hem şonda bolsa gerek. Ynsan ömri, adam ykbaly, dünýä, durmuş, barlyk baradaky oýlanmalaryň many-mazmun taýdan setirsaýyn çuňlaşyp gidip oturmasyna akyldaryň diňe öz döwri, öz topragy barada däl-de, tutuş dünýä möçberinde pikir ýöredendigi bilen düşündirip bolar. Dünýä baradaky oýlanmalar näçe çuňlaşdygyça, akyldar şahyryň setirlerinde onuň köňýl kämilligi aýdyňlaşýar. Çünki akyldaryň Hak Hudaýa tutuş süňňi,durky bilen ymtylanda, onuň dünýäsine röwşenlik aralaşýandygyny subut edýän eserleriniň bir ýa iki däldigi hemmelere aýan. Şeýle bolansoň, “Näme sen”, “Gördüňmi” ýaly goşgularda akyldaryň Sahypjemalynyň Hakyň hut özüdigine birjik-de şübhe galanok.
Her dilber kim, köňlüm öýün ýarydar,
Ýatan bagtyn ol Ýaradan ýörüder,
Gargyşym daşlary mum deý erider,
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.
- diýip, kim diýip biler. Elbetde, biziň düşünimizçe, diňe Hak Tagala tutuş barlygyň eýesidir. Diýmek, bu setirler hem şoňa degişlidir. Onsoňam diňe Hakyň nazar salan topragy, alkyş eden adamy-da şeýle derejä eýe bolup biler diýen pikirleriň döremegi hem ahmal. Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän pikirler, ýeriň-gögüň, arşyň-kürsüň Subhany hakdaky oýlanmalar gitdigiçe çuňlaşýar. Onsoň akyldaryň kime aşyk bolup, haýsy Sahypjemaly gözlaýändigi öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär. Eýsem, “ toba kylyp, bir piriň topragyna bulanmaga taýýar” akyldaryň her setirinde Hak Allanyň ýagty nury şöhlelenmeýärmi näme? “Kurana uýup, Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok” diýýän Pyragy başgalara-da “Hak diýip ýüregini daglamagy” maslahat berýär.
Eýsem älem giňişliginiň gurluşyny, ondaky dag-derýalaryň ýerleşişini sanlyja setirlerde beýan etmegi başaran danayň öz döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri bilen türkmeniň ykbalynyň ruhy jebisliginiň, bitewiliginiň iň süýji arzuwlaryny gursagynda göterip, bu goja Zeminden has ýokary galandygyny duýmak bolýar. Onsoň akyldaryň dünýä baradaky, durmuş hakdaky pikirleri bilen ýüzbe-ýüz bolup, onuň döwürler, döwranlar täzelendigiçe belende göterilmesiniň sebäbine göz ýetirýärsiň.
Ogulgerek Ussaýewa.
Magtymgulyny öwreniş