GUŞ DILI
Altyn güýzüň iň soňky günleridi. Howa mazaly çigräpdi. Öý-içeriniň hysyrdysyna başlamankam, açyk howadan dem almak üçin penjiräni açdym. Guşlaryň şadyýan sesi içerä doldy. Birsellem diň salyp duranymdan soň, radionyň burmasyny towladym. Dutaryň owazy şol bada guşlaryň sesini basdy. Ýöne az salymdan olaryň enaýy jürküldisi has ýakyndan eşidildi. Indi guşlar dutardan çykýan saza öýkünip saýraýardylar.
Penjireden boýlanmak üçun oňa tarap ýönelenimde aýnaň içki tekjesinde biri-biriniň garşysynda oturyp, gezekli gezegine enaýy saýraýan saryja guşlara gözüm düşdi. Olary ürküzmezlik üçin duran ýerimden yzyma öwrüldim. Guşlar weli, meni görmeýän ýalydylar. Goşulyşyp saýraýan guşlaryň owazy göýä dutaryň çalýan heňini yzarlaýana çalymdaşdy. “Şa dilliniň” her kakuwynda olar bürhili heň edip, üýtgeşik saýraýardylar. Olardan gözümi aýryp bilmän näçe duranymam bilemok. Olaram meni unutdylar öýdýän. Guşlaryň sazlaşykly saýraýşy dutardan çykýan saz bilen garyşyp, ajaýyp bir owazy döredýärdi. Indi guşlaryň özlerem bu görnüşden lezzet alýana meňzeýärdi. Olar şeýdip dutaryň sazyna öz owazlaryna goşup saýraýyşlaryna ähli zady unudan ýalydylar.
Ine, birdenem nirelerdendir bir ýerden uçup gelen başga bir guş olaryň gapdalynda gondy-da, batly-batly jürküldedi. Onuň sesinde nähilidir bir gaharyň bardygy duýulýan ýalydy. Men ony aňşyrjak bolup, has ünsli diňledim. Bileje oturan guşlar oňa birbada üns bermediler. Emma soňky gelen guşuň çynydy. Ol has batly jürküldäp başlady, guşlaryň ekabrragy uçup aýnanyň aňyrsyndaky şahada gondy.
Soňky gelen guşam onuň gapdalynda häzir boldy. Şol dem öýde ýeke galan guş saýramasyny tapba goýdy-da, olaryň beýlesindäki şaha gondy. Meni guşlaryň bu oýnunyň näme bilen tamamlanjakdygy gyzyklandyrdy.
Beýleräkde bir şahada gonan guşjagaz ýüzüni başga tarapa sowup, göýä olara gahar edýän ýalydy. Onuň ýüzüni sowup oturmagy ýaňky onuň ýanyndan uçup giden guşa ýaramadyk bolarly. Ol şol tarapa seredip saýrap başlady. Ol şeýle bir şirin saýrady weli, göýä ol öz taýyndan ötünç soraýan ýalydy. Öz gapdalyndakynyň beýleki bir şahadaky guşa seredip saýramasy soňky gelene ýaramady öýdýän. Olam ýüzüni başga tarapa öwürdi. Onuň ýüzüni öwrenini gören guş şobada öz taýynyň oturan şahasyna geçdi. Ýuwaşjadan taýyna tarap süýşenekläp barşyna ganatlaryny galgadyp, enaýy bir oýun edip başlady. Has golaýlaşandan ýene-de häkisi ýaly saýrady. Esli mahallap ýüzüni öwrüp oturan taýynyň gahary ahyry ýazyldy öýdýän. Ol taýynyň ýanyna ýetende olar bileje ýene-de penjiräniň iç ýüzünde gondular. Olaryň dutaryň owazyna öýkünip saýraýan sesleri ýene içärä doldy...
Şu pursat meniň hakydamda başga bir waka janlandy. Şo gezek biz çagalar bilen gezelenje çykypdyk. Ikindinara bolansoň, köçede hereket ýeterlikdi. Öňümizden gidip barýan ulag birden badyny gowşadyp, çepe sowuldy. Nämäň nämedigini saýgaryp ýetişmänkäk, köçäň ortarasynda çiňarkan ýatan guşa gözümiz ildi. Gapdalyndaky guşlar bolsa çüňkleri bilen galdyrjak bolup başagaýdylar. Ulaglar hereketine üns bermän olaryň her haýsy arkan ýatan guşy galdyrjak bolýardy. Biz ulagy saklap, bu ahwalaty synlamaga durduk. Guşlar weli bu çak ýoldaş;aryna kömek berjek bolup, özlerine abanýan howpy aňanokdylar. başagaýdylar. Olary batly gelýän ulaglaryň badyny saklajak bolup jygyldaýyşlary-da, uly sersleri bilen çalýan zoguny hem eşitmeýän ýalydylar. Esli mahaldan ýene-de guşlaryň ikisi kömege geldi. Indi olar arkan ýatan guşy dört bolup aýaga galdyrjak bolýardylar.
Japbaklaryň “dört bolsaň pag-da” diýişleri ýaly, olaryň hem çeken azaplary biderek gitmedi. Ahyry arkan ýatan guş aýagyna galdy. Şobada onuň gapdalyndakylar enaýy saýradylar-da asmana göterildiler. Ýerden esli galanlaryndan soň birbada uçup gidibermediler. Olar ýaňy aýaklanan guşuň depesinde aýlaw etdiler. Oňa çenli guş özüne geldi öýdýän. Olam ganat kakyp asmana galdy. Olar ak asmanda gözden ýitýänçä, bu dilsiz-agyzsyz jandarlaryň birek-birek üçin janlaryny orta goýanlary hakda oýlandym...
Şonda aňymda olaryň öz dilinde gepleşişleri janlandy. Olaryň diline düşünmäge çalyşdym. Oýlandygymça-da guş dili maňa juda çylşyrymly däl ýaly bolup göründi. Bir tebil tapyp arkanlygyna ýykylan guşuň öz joralaryny kömege çagyrandygyna, olaryň ikisiniň kömek edip bilmän, öz dillerinde başgalardan haraý isländiklerine hut şol pursat düşündik. Guş dili! Bu diliň şirinliginiň dutaryň owazy bilen deňeşip bilýändigini, guşlaryň duýgusynyň çuňdygyny, olaryň hem edil ynsan ýaly birek-birege gahar edip, öýkeläp, söýüp bilýändigini bu dil arkaly duýdum.
Guş dili! Haçan nämahal saýraýandygyna seredip, bilbiliň diline düşünmegiň kyn däldigini aňşyrdym. Bu ýerde, meniň pikirimçe, üýtgeşik üşük gerek däl ýaly bolup dur. Onuň üçin tutuş dünýäni ýüregiň üstünden geçirip, älem sazlaşygyna goşulmak gerekmikä diýip pikir edýärin. Siz nähili görýäňiz? Ýa-da men ýalňyşýarmykam. Belki, guş dili adamzada mähremlik eden Sumrug guşuň bize galdyran şirinligidir! Ynanmasaňyz guşlar saýranda çynyňyz bilen gulak salyp göräýiň!
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar