BUGDAÝLY MEÝDAN
Ol Gökderäni etekläp oturan bugdaýly meýdany höwes bilen synlap durşuna bu ýylky hasylyň ýüzüni gyzartmajakdygyna düşündi. Ol ýuwaşlyk bilen adaja öwüsýän şemalyň ugruna ygşyldap oturan altynbaş sünbülleri yralap goýberdi. Mazaly bişen altyn däneleň şybyrdysy onuň göwnüni göterdi. Ol edil şuş-şu mahal mülk ýerini gujagyna gysasy, begenjini toprak bilen paýlaşasy, bu bereketiň, bolçulygyň gözbaşynda duran Arkadaga alkyş sözlerini aýdasy geldi. Birdenem begençden ýaňa bokurdagy hykga doldy-da, alkyşlary köňül köşgüne salyp, sähranyň ak şemalyna gowşurdy. Kalba dolan şatlygyňy säher şemaly bilen paýlaşmagy oňa atasy öwredipdi. Sebäp şemal sähralaryň, ýaýlalaryň üstünden geçip, türkmeniň topragynyň bereketine eýlenýärmiş-de, seniň alkyşlaryňy aryş-agla göterip, beýik Tagalanyň dergähine eltýärmiş. Allanyň dergähine baran bir keleme söz müň bir bolup yzyna dolanýar-da, niýetlenen adamyň köňlüne mähir bolup guýulýarmyş. Jepbar atasynyň bu sözleriniň hakykatdygyna birjik-de şübhelenenokdy. Sebäbi atasy Oraz aganyň şol birmahalky gürrüňleri henizem onuň aňynda şol aýlanyp durdy, aýlanyp durdy.
* * *
Kolhozyň Gökderäniň aşak ýüzündäki ekinlerini suwarmaga gelende Oraz mirap hemişe agtygy Jepbary yzyna tirkärdi. Jepbar heniz ýaşam bolsa, atasynyň ýumşuna ýarapdy. Günorta boldugy gara tüňräni dolduryp, çaý gaýnadardy. Onsoň ataly-ogul ikisi ullakan söwdüň aşagynda oturardylar-da, çaý çorba edinerdiler. Şonda Oraz aga hemişe şol bir zady gaýtalardy:
– Köşek, bolşewik diýen bela elimizden almadyk bolsa, ine, şu ýaýylyp ýatan seleň sähra biziň mülk ýerimizdi. Bu ýerler bize ata-babalarymyzdan miras galypdy. Arman, bize buýrmady muň eşretini görmek. Ýöne, her näme-de bolsa, Watana gaýdyp geldim, şoňa-da şükür.
Jepbar ahyry bir gün özüni ünjä goýýan soragy morta aýdyp goýberdi:
– Ata, sen näme bir ýere gitdiňmi? Näme üçin?
Oraz mirap agtygynyň başyny sypady-da:
– Köşek, indi senem bu zatlara akyl ýetirerçe bolupsyň, ýigit çykyp barýaň. Bu ahmyr meniň ýüregimde galmasyn, eşdip goý – diýdi.
O döwürleri ýatlasam ýanyberýän, köşek. Ine, şu görünýän ýaýlan ýaňky aýdyşym ýaly, biziň mülkümizdi. Almaly, üzümli, erikli meýdana gören höwes ederdi. Atam pahyryň eken baglary her ýyl bol getirerdi. Menem mazaly jahyl çykan ýigitdim. Özümem atam aradan çykansoň, obaň mirabydym. Ol döwürde birek-biregi aldamak ýa-da biriniň hakyny iýmek, ýamanlyk etmek diýen zat ýokdy. Her kim öz hakyna kaýyldyr. Ine, birdenem hökümet ýerimizi kolhoza geçirdi. Menem “baý, gulak” diýip, Sibire sürgün etdiler.
Baý-ba, şol azaplary çekip ýörkäk, diri galarys, gaýdyp bu topraga nazarymyz düşer öýdemzokdyk. Şonda Sibiriň şuwlap duran şemalyndan bu mekana salam ibererdim. Köňlümde iň ýagşy arzuwlary çygdamlap, çygdamlap, aldajy syrgyn sowlandan soň, ähli arzuwlarymy ak tokaýlygyň ümsümligine tabşyrardym. Şol arzuwlar bilen ýaşap, günümi sanap, yra-dara gezip ýörkäm, bir gün türmäň başlygy çagyrýar diýdiler. Ýüregim gopup gitdi. Saglygym egbarly bolansoň, ýanymdaky oglanlar bilen hoşlaşdym.
– Eýgilige çagyrýan däldirler. Birden gelmesem, razy boluň. Eger ata Watana gaýdyp barsaňyz, Gökderäň etegindäki miraplaň maşgalasyna salam aýdyň.
Şundan artyk sözläp bilmedim. Boýnumy sallap, düşdüm nökeriň yzyna. Başlygyň jaýyna girenimden endamyma ýyly ornap gitdi. Göwräm boram-boş bolup lagşady. Özümi ele almaga, her iş bolsa-da mert garşylamaga çalyşdym. Şol pursat göwräme tekge berlen ýaly boldy, dikeldim. Başlyk geplemänkä, gapdalynda duran zenan maşgala:
– Oraz daýy – diýdi.
Men bu ýerlerde, Sibiriň jümmüşinde kimiň özüme Oraz daýy diýip ýüzlenjegini hakydama getirip ýetişmänkäm, ol:
– Siz meni tanamadyňyzmy, Oraz daýy - diýip, ýüzüme mähirli garady.
Ol zenana gaýta-gaýta seretsemem, onuň kimdigini asla ýatlap bilmedim. Ol muny aňdy öýdýän:
– Oraz daýy, men agronom Andreýiň gyzy Nataşa. Ýadyňyza düşýärmi, siz bize Gökdepä kän gelerdiňiz. Her gezegem maňa üzüm, alma getirerdiňiz. Men şo-ol saçyny tasadyp, öňüňizden uglap çykýan Nataşa-da. Ýadyňyza düşýärmi, siz atdan düşmänkäňiz buldurap duran üzümleri maňa bererdiňiz. Menem begenjimden ýaňa diriň-diriň bökerdim. Men Moskwanyň lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, harby ugurdan işläp ýörün. Meni şu ýerdäkileriň saglygyny barlamaga iberdiler. Dokumentlere seredip otyrkam, siziň adyňyza gabat geldim-de çagyraýdym.
Türkmençe gepläp duran bu maşgala maňa öz obamyzy, türkmen topragynyň mährini, saçyny tasadyp ýören kiçijik gyzy ýatlatdy. Gökderäniň bag-bakjaly obalary birme-bir göz öňümde janlandy. Nataşanyň bu ýerde hossar çykmasymeni biraz ejizletdi. Baryp ony gujaklasym, ýaňaklaryndan taýly gezek öpesim geldi. Ýöne men bendidim. Ol hem lukman. Onsoň ýuwdundym-da:
– Hä, indi ýadyma düşdüň, Nataşa jan, kakaň, ejeň gowumy? Jigiň neneň?
Ol jogap bermäge howlukmady. Birhaýukdan soňam:
– Kakam Stalingrad söweşinde wepat boldy. Ejemem Gökdepede galdy. Açlyk zerarly gitdi o pahyr. Uruşdan soň jigimem alyp, Moskwa gaýtdym. Ynha, indem harby ugurdan lukman. Meniň size edip biljek ýekeje ýagşylygym bar. Oraz daýy. Sizi ýeňliräk ýerde işe goýmaga kömek edeýin. Wagtyňyz dolansoňam, aman sag ýurduňyza aşar ýaly tabşyraryn.
Nataşa iş saparyny gutarýança, men onuň ýanynda bolup, keselçilikdenem mazaly saplandym. Dogrusy, ozal-a ykbaldyr weli, şol ýerde Nataşa duşmadyk bolsa, birmahal Sibiriň agaçlaryna dökün bolardym. Bir ýagşylyk ýatdan çykmaz diýleni eken. Nataşa çaga bolsa-da özüne üns-aladany unutman ekeni.
Ine, şeýdip on ýedi ýyl oturyp, Watana dolandym. Ilki-ilkiler men birhili öwrenişip bilmedim. Dogrusy, bu zatlar düýş ýalydy.
Şonda men obadan çykyp, göni mülk ýerimizi gaýdardym. Atamyň eken üzüminden, almasyndan nam-nyşan galman, tozap ýatyr bu ýerler. Nebsim agyryp, bogazym dolardy her gezek bu ýeriň şeýdip eýesiz ýatanyny görenimde. Bir günem kolhoz başlygynyň ýanyna baryp, bu ýere gök ekmegi haýyş etdim. Ähli aladasyny öz boýnuma alyp, işe başladym. Bu toprak maňa güýç-kuwwat, ylham berýärdi. Ýadamany-ýaltanmany bilmän, gije-gündiz işledim. Ine, şondan bäri bu ýerlerde ýetişýän hyýardyr pomidoryň, gawundyr garpyzyň tagamy hemmeleri imrindirip gelýär. Meniň saňa diýjek zadyň, köşek, pederleň ýaly senem ykbalyňy şu topraga baglagyn. Bu biziň ata-babadan gelýän ýörelgämizdir. Wagt geler, belki, bu ýerleriň ýene bize gaýdyp gelmegi ahmal. Umytda bolmaly...
* * *
Altynbaş bugdaýly meýdana guwanyp durşuna Jepbaryň gözüniň öňünde atasynyň keşbi dikeldi. Hut şol pursat Oraz mirabyň gadymy mülk ýeriniň üstünden öwüsýän adaja şemal Jepbaryň kalbyna üýtgeşik bir mähir bolup doldy. Şol birmahalky miraplaryň mülk ýeriniň özüne gaýdyp berilmeginiň ýurtda öwüsýän Garaşsyzlyk şemalynyň ýakymydygyna düşünýän Jepbar bugdaýly meýdana guwançly nazar aýlap, Galkynyşyň badyna tolgunýan ýüreginiň buýsanjyny dile getirdi.
– Ýaşyň uzak bolsun, Arkaag! Bu topragyň her gysymy, akar suwlaň her damjasy adyňy mähir bilen gaýtalasa, halkyň göwün matlabyny bir sizde beýan edýär.
– Alkyş saňa, Arkadag! Oraz mirabyň arzuwlan zamanasyny tutuş halkyna bagyş eden Gerçegiň aljagy alkyş, görjegi gowlukdyr. Çünki türkmeniň sährasyndan öwüsýän adaja şemallar halkyň alkyş-dileginden ýüklenip, Arkadagyň ak köşgüniň howasyny ýakymyna çoýýar...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar