TÜRKMEN DÜNÝÄSI
Men seniň kalbyňda gopýan harasady badabat duýdum-da, oňa düşünmek isledim. Ýöne her häçe jan etsemem seň dünýäň gapysyny açyp bilmedim. Sen ony şeýle bir gaty ýapypsyň weli, eger-eger açar ýaly däl. Onsoň men seniň iň näzik, iň arzyly duýgularyňa düşünmek üçin öz dünýäme dolandym. Şonda nirelerdendir bir ýerden owadan mukam eşidildi. Ýuwaşlyk bilen oňa gulak goýdum. Şirinden-şirin mukamyň “Maýagözeldigini” duýdum. Çünki bu mukam çalnanda dutaryň her kakuwy dünýäňde üýtgeşik bir näziklik döredip, kalbyňy owazlandyrýar.
Men sazyň şirinligine, Maýagözeliň mährine imrinip, nirä, näme üçin gelenimem unutdym. Göýä bu mukam ilkinji gezek ýaňlanýan ýaly boldy-da, Maýagözel meniň dünýämi tutuşlygyna gaplady. Indi men seniň köňlüňe barýan gapyny gözlemän, Maýagözeliň dünýäsine doldum.
Gözümiň öňünde sallanjyrap, müň näz bilen uz basyp, aşygyna tarap owsun atyp gelýän gyz peýda boldy. Onuň mahirden doly nazaryndan çogup çykýan şugla dünýäni ýagtylandyrdy. Onuň şöhlesine gamaşan gözümi ýumdum-da gaýtadan dünýä diň saldym. Göwnüme bolmasa, Maýagözel saňa çalymdaş ýaly göründi. Onuň gözlerinden çogup çykýan şugla meniňem dünýämi ýagtyldyp gitdi. Şonda göz öňümde tylla güýzüň altyn reňki peýda boldy. Adaja şemala gaýyp düşýän ýapraklar yzgarly topraga nepis keşde çekýärdi. Türkmen gelniniň çyrpysyny ýatladyp duran bu ajaýyp görnüşi synlamagyň lezzetini söz bilen beýan eder ýaly däldi.
Altyn güýzüň çigreklije howasynda öwüsýän ýumşajyk şemala towlanyp-towlanyp ýere düşýän ýapraklar bereketli topragy sary mahmala büremekçi bolýan ýalydy. Şonda biri-biriniň yzyndan kowalaýan ýapraklar ýelek ýaly bolup, ýere emaý bilen ýazylýady-da, owadan keşde çekýärdi. Şeýle ajaýyp pursatda men bu älemi seniň gözüň bilen göresim, hut seniň özüň bolup, dünýäni duýasym geldi. Maýagözeldäki mähriň röwşen şuglasyna meniň gözüm gamaşdy.
Men ýüregimde gopýan harasady basmarlamaga çalyşdym. Sebäp men bu çak bagtyýarlygyň çürbaşyna çykyp, onuň lezzetinden ýaňa serhoş bolupdym. Bu nähili beýle bolýarka? Heý-de, şeýle pursatda özüňi unutmak bolarmy? “Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar” diýlişi ýaly, menem şujagaz gözellige özümi aldyraýdymmykam? Belki, men bu çak dutaryň dillenjek-dillenjek bolup, ýüregi ersdirişi hakda oýlanýandyryn? Belki-de, Maýagözeliň ykbaly, onuň ýüregini ýaryp barýan söýgüsi hakda oýa batandyryn! Çünki mukam Maýagözeliň dünýäsini tutuşlygyna gözellige öwrüp, türkmen sährasynyň ajaýyp keşbini, bossanly baharyny, hatar gurap oturan obanyň alty ganat ak öýlerinden örýän bagtyýar iliň durmuşyny birin-birin janlandyrýardy.
Bu gözelligi duýmak, oňa düşünmek üçin hut şu pursat bu mukama gulak goýmalydy. Şonda sazyň şirinligi bilen utgaşyp döreýän ajap duýgynyň kalbyňy näme üçin şeýdip heýjana salýandygyna, onuň döremegine nämäniň itergi berýändigine göz ýetirmek mümkin.
Hany, sen birsellem gözüňi ýum-da, dünýä diň sal. Haýsy mukamy eşidýäň? Ony kim çalýar? Dutar haýsy heňde dillenýär? Ol seni türkmen ýaýlasynyň haýsy künjeginden alyp barýar? Ak sähralarda aga-ýana otlap ýören guba düýelere gabat geldiňmi? Ýa-da Köpetdagyň belent gaýalaryndan gaýdýan dury suwly çeşmelere inen owlak-guzylara duşduňmy? Maýagözeliň güžžüldedip düýe sagyşyny synladyňmy? Ýa-da Söýli gyzyň aşyk bolan ak sülgünlerine sataşdyňmy? Han gyzynyň tomagasyny ynjytman seýkin basyp gelşine göwnüň gitdimi? Bikäniň haýsy mukama imrinendigini duýduňmy? Leýli gelniň nazaryndaky mähri saýgardyňmy? Ak maraly yzarlap barýan awçynyň iň soňky pursatda atan güllesi zerarly bagryny topraga beren Jereniň ýüregine ýapyşan söýgi zerarly ýanyp-bişişini duýduňmy?
Eger şu pursatlar biynjalyk eden bolsa, onda seniň türkmen dünýäsine doldugyňdyr. Şol dünýäniň lezzetinden, mährinden datdygyňdyr. Şol mähirden bolsa ömür-ahyr ganma ýokdur...
Ogulgerek Ussaýewa.
Taryhy makalalar