MÄHIR SALLANÇAGY
Haltäç ogluny-gelnini işe ugradyp, öý-içeriniň hysyrdysy bilen güýmenip ýörşüne şol gezek näme bolandygyny hakydasyna getirjek bolup, beýnä agram berdi. Ýöne şunça pikir öwürse-de ol wakany ýatlap bilmedi. Oňa derek başga-başga pikirler beýnini bulaşdyrdy. Haltäç elindäki esgini gaýtadan çyglady-da penjiräniň tekjesindäki owadan gülleriň ýapraklaryny süpürmäge durdy. Näçe emaý bilen hereket edýändirin öýtse-de, birden çym-gyzyl bägülüň ýalaňaç galandygyny duýdy. Muňa ýüregi bilen gyýlan Haltäç özünden beter çagalarynyň gynanjakdygyna gyýyldy. Ol haýallyk bilen halynyň üstüne gaýyp düşen bägülüň näzik perlerini ýekän-ýekän çöpledi. Soňam esli nahallap olaryň ysyndan ganmady. Bihuş ediji ys burnuna urandan ol gynanjyny ýatdan çykaryp, dünýäniň, tutuş älemiň gözelligini boýlan ýaly boldy.
Ol birbada niredediginem, näme işläp ýörenliginem unutdy. Onuň gözüniň öňünde hälki ýatlajak bolup, azara galan şol birmahalky waka janlandy. Şol ýatlamanyň ezizligi kalbyna dolan Haltäç esli mahallap gymyldap bilmedi. Göýä şol birmahalky mähir öz şirinligi bilen Haltäji mähir sallançagynda üwreýän ýalydy. Şol ýatlamadan kalba dolan ýagtylyk Haltäji bossanly meýdanlara alyp gitdi...
Şol bossanly meýdanda ol ýatlamalaryň jümmüşine aralaşyp, esli mahallap ondan sypyp bilmedi. Asla onuň şol ýakymly pursatlardan daşlaşasy gelmedi. Şol üýtgeşik duýgy, şol näziklik süňňüni eýeledigiçe, ol öz duýgularyndan çekindi. Indiden soň, şol birmahalky, ýaşlyk döwründäki duýgularyňa dolanmak oňa utanç ýaly göründi. Onsoň ol ynsan gatnaşyklarynyň özeniniň mähir-muhabbetdedigini hakydada aýlap, şol duýgularyň tutuş ömre barabar bagt eçilendiigini boýun aldy.
... Müňbir arzuw bilen törüne gelin geçiren Haltäç begenjinden ýaňa dylym-dylym edýärdi. Onuň üçin tutuş dünýä mähre eýlenen ýalydy. Toýa gelenleriň baryny birden bagryna basagy gelýärdi. Şol duýgulara özüni aldyrdygyça, olar Haltäji öz dünýäsine alyp gitdi. Indi ol gelni bilen oglunyň toýunda däl-de, hut öz toýundady.
... Ak-gök geýdirme üçin ýüpek ýorganyň aşagyna salnan juwanlaryň mähri birek-biregiň süňňüni suwardy. Yhlas arzuwlap ýeten Haltäjiniň elinden tutup oturyşyna oňa tarap barha gysmyljyrady. Ak-gök geýdirme edýän enäniň degişmesine töwerekdäkiler wakyrda berdiler.
-Yhlas jan, agşama howlaýaň öýdýän, gelniňe tarap omzaýşyň ýorganyň daşyndanam görnüp dur-la, ballym. Birneme sabyrlyrak bolmasaň, üstüňden gülen köpeler.
Yhlas ogurlykda tutulan ýaly boldy. Ýöne şonda-da Haltäjiň elini sypdyrmady. Hut şu ýüpek ýorganyň aşagynda dörän ýütgeşik mähir heniz biri-birine ylygyp ýetişmedik juwanlary täze bir dünýäniň, täze bir duýgynyň-maşgala mukaddesliginiň bosagasyndan ätletdi. Onsoň şol duýgy, şol mähir goşa gumry ýaly bolup oturan juwanlaryň ýüreginden çogup çykdy-da dünýä doldy. Şol yssy mähirden ömür alan perzentler bu gün indi öz balalaryna guwanýar.
... Ol geçeni ýatlap ýörmegiň geljegiň öňüni baglaýandygy baradaky pikiri ýadyna saldy-da, süýji arzuwlardan arany açyp, gysymyndaky ter bägülüň perlerini asylgy duran eşikleriň ýakasyna gysdyrdy. Soňam özüni dürsemek üçin ýüzüni sowuk suwa ýuwdy. Şol pursat onuň gulagyna ýakymly owaz eşidildi. Ol owazyň nireden gelýändigini aňşyrmak üçin gözüni ýumdy-da, birdem dünýä diň saldy.
Ýöne birbada ho-ol, alysda şemala ygşyldap oturan sährany synlap, olaryň bahar gülleridigini-de, güýzüň solgun otlarydygyny-da aňşyryp bilmedi. Onsoň ol alasarmyk ýagdaýda goňşy otaga boýlandy. Ol ýerde hiç kime gözi düşmänsoň, ýürege ýakyn owazyň nireden gelýändigi hakda oýlandy. Hakyda ýumagyny çözledigiçe, şirin owaz onuň dünýäsini eýeledi.
Ýürek owsundyryjy owaz Haltäjiň dyňzap duran hyjuwyny jylawlamak isleýän ýaly, bir beýgelip, bir-de peselýärdi. Birdenem ol Haltäjiň kalbyny elendirip başlady. Haltäç oňa düşünjek bolup çytraşdy. Zeminiň ýüreginden syzlyp çykýan owaz indi güýzüň tylla ýapraklary ýaly bolup, howada sessiz gaýmalaşýardy. Şonda ol kalbyna ýagtylyk bolup dolan bu owazyň ýuwaşjadan erkini alandygyny duýdy-da, öz bolşundan elheder aldy. “...Men bu sazy kimiň çalýandygyny bilmek isleýän weli, asyl ol meniň içimden turýan eken. Bu nämäniň alamatyka?”
Ol şol pursat ykbalyň özüne eçilen bagtyny ýatlady. “Ýüregiň öz-özünden owazlanyp durmasy bagtyň çürbaşy bolsa gerek. Dünýäniň alymlarynyň bagtly zenanlar käte-käte özi bilmezden aýdyma hiňlenýär diýmesi çyn öýdýän. Şu çak özüm hiňlenmesem-de, kalbymyň owazlanýandygyny, öz bagtynyň aýdymyny aýdýandygyny duýdum. Eýsem näme? Ogul ýerinde ogluň, gyz ýerinde gyzyň bolup, ýanýoldaşyň bilen gazygyňda goşa garramak, öz perzentleriňe bileje guwanmak bagtyň çürbaşy dälmi näme? Şeýle pursatda ýüregiň owazlanman bilermi!”
Bu bagtyýarlyk Haltäjiň süňňüne aralaşdygyça, ol güýzüň tyllaýy don geýen topragyň mähir çogup duran sallançagynda üwrelýändigini, onuň owazyna teşnedigini duýdy...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar