23:21 "Sen gerek" | |
"SEN GEREK" / Bir aýdymyň taryhy
Aýdym-saz sungaty
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen edebiýatda, sungatda yz galdyran şahslar ýatlanylyp, olaryň eden işleri barada, ömri döredijiligi barada gyzykly söhbetler edilýär. Şahyr, edebiýatçy alym Begmyrat Ussaýew hakdaky ýatlamalar beýnide ýer tapmadyk mahaly galam-kagyza ýapyşanymy duýman galýaryn. Bu gezek hem şeýle boldy. Meniň bu ýatlamam şahyr Begmyrat Ussaýewiň sözlerine döredilen “Sen gerek” diýen aýdymyň döreýş taryhy barada. Ine, ýene-de radioda Begmyrat Ussaýewiň sözlerine "Sen gerek" diýen aýdym ýaňlanýar. Men şirin labyzly bagşy Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetiren bu aýdymyny bütin durkum bilen diňläp, onuň şirinligine eýlenen süňňümi süýji ýatlamalaryň ummanyna atdym... ...Şahyr, alym Begmyrat Ussaýew täze ýazan goşgusyny hemişe ilki maňa okap berýärdi. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mugallym bolup işlänsoň, şygyrlaryny labyzly hem täsirli okaýardy. Men onyň goşgy okaýşyna-da, käte-käte keýpi çag mahaly joşup aýdyma hiňlenişine-de maýyldym. Onuň özboluşly labyzly hem ýakymly owazynyň ölemenidim. Şonuň üçinem öýde dynç alaýn çagymyz köplenç men ondan aýdym aýdyp bermegini haýyş ederdim. Ol dutar çalyp bilmese-de hiç haçan sözümi ýykmazdy. “Akja ýarym”, “Gal indi”, “Selbinýaz”, “Galmanam” ýaly halk aýdymlaryna şeýle bir şirinlik bilen hiňlenerdi weli, men ähli işimi goýup, ertirden agşama çenli ony diňlemäge, şol şirin owaza dünýe malyny bermäge kaýyldym. Edil aşyk-magşuklar ýaly şol pursatlaryň hiç haçan soňlanmazlygyny islärdim. Begmyrat öýde ýeke galdygy ýa-ha kitapdyr gazetlere güýmenerdi, ýa-da dana şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýuwşjadan hiňlenerdi. Onuň akyldar atamyz Magtymgulynyň her sözüne, her setirine aýratyn äheň bermek edähedi bardy. Belki, bu häsiýet oňa professor Mäti Kösäýewden geçendir. Sebäbi Mäti Kösäýew hem akyldaryň goşgularyny şol mylaýym äheňde okaýardy. Biz ençeme ýyllap professorlar bilen duldegşir goňşy bolup oturanymyz üçin olar bilen baryş-gelişimiz juda ýakyndy. Onsoň professor bilen Begmyradyň gatnaşygy-da halypa-şägirtlikden hem ýygydy. Bir gün Begmyrat “diňle” diýdi-de, täze ýazan goşgusyny süýjülik bilen okap başlady. Bu goşgy ýazyldy seniň şanyňa, Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Göwnüm güler, gülüp gelseň ýanyma, Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Men böküp ýerimden turdym-da, dünýäni unudyp goşgy okap duran ýanýoldaşymyň ýanyna bardym. Ol maňa dur diýen terzde yşarat etdi-de, goşgyny tä ahyryna çenli okady: Geň görýäler Aýa, Güne deňeseň, Häzir weli şoňa laýyk diňe sen. Sözlerimde galat bardyr diýme sen Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Gözel zat dörese, yhlasdan dörär, Ýeter menziline yhlasly ýörän, Söýgi diýilýän dert-agyr dert örän- Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Kyrkyň alkymynda çal sepen başym, Gurban bolsun diýsem, aýyp bor, düşün. Keşgin çekişmäge baharyň, gyşyň— Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Bir goşguda öwýän tozun aýagyň, Bir goşguda öpýän gül deý ýaňagyň. Aýdym bolan şo-ol söýgini aýagyn, Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Güller bezegidir baglaň, ekiniň, Siňer goşgularma gül deý şekiliň, Diýerin men “özge gyzlar, çekiliň” Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Bagtlydyr söýülen owalda-başda, Keramata uýsaň, ynan şu goşga. Nähili deliller tapaýyn başga Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Nirelerde, niçik halda bolsaň-da, Güleniň göreýin, görmäýin gamda. Dilim söz sözleýär, elim galamda, Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Hemmä miýesser däl, wasp etmek ýaryn, Men saňa bagyş etdim zehinmiň baryn. Ýene şol sözlermi gaýtalaýaryn- Sen gerek, sen gerek, diňe sen gerek. Soňan ol şol şirin labyzy bilen maňa ýüzlendi: - Sen gerek diýsem, goşgy özüňe bagyşlanandyr öýdäýmegin. Şahyr il adamsy bolýar, onuň eserlerem il üçin. Olaryň gahrymanlary hem halk—diýdi. Men Begmyradyň şirin labzyndan owaz alýan yssy mähriň başga birine bagyşlanmandygyny ýüregim bilen duýsamam, onuň raýyny ýykmak islemedim: - Liriki gahrymanyň keşbi bir ýerden gözbaş almaly ahyry. Ol toslama bolsa eseriň lezzeti gaçar. Beýdip öz duýgyňy ýaşyrjak bolma. Biz öz aýdyşyň ýaly, ýaş-ýeleň däl, duýgymyzy gizlär ýaly. - O diýeniň dogry. Ýöne... – Ol bir dem salym säginip durdy-da: - Aý, bolýa-la, sen derrewjek muny maşinkadan geçir. Oglanlar eýýäm sazy taýýar diýip, gyssap durlar- diýdi. Soňam köpmanyly ýylgyrdy-da: - Aýdym hasam şirin bolar ýaly şeýleräk heňde ýaňlansa gowy-diýip, ol duran ýerinde ellerini galgadyp, owadan hiňlendi. Özem goşgy setirlerini şeýle bir owazly bilen aýtdy weli, men tutuş dünýäni unudyp, diňe şu pursata doldum. Aslynda-da, Begmyrat Ussaýew dessanlaryň aglabasyny ýatdan bilýärdi. Olardan belli-belli goşgulara labyzly hiňlenip, hersine özüçe şirinlik bererdi. Şonuň üçinem Begmyrat goşgy okap başladygy ýa-da akyldar atamyzyň diwanyny eline aldygy, ähli işimi goýup, ýanyna barardym-da, edil alkymynda oturyp, lezzet alardym. Şol pursat diňe bir beýnim däl, tutuş bedeni datly duýgular gaplardy. Bu gezek weli, men bu goşgynyň sözleriniňem, heňiniňem hakykatdan özümi jadylandygyna düşündim. Esli mahallap men şol ýakymly owazyň täsirinden aýňalyp bilmedim. Göwnüme bolmasa, bu goşgy dünýäme täze bir röwüş çaýyp, meni arzuwlaryň süýji ummanynda ýüzdürýärdi. Men goşgyny derrew ýat tutdum. Indi ony içimden gaýtalamagam meniň üçin ýakymlydy. Şondan kän mahal geçmänkä-de “Sen gerek” aýdym bolup, radioda ýaňlanyp başlady. Onyň sazyny zehinli kompozitor Çary Abdyllaýew ýazypdyr. Ýerine ýetirenem şirin labyzly aýdymçy Seýitnur Ataýewdi. Begmyrat Seýitnur neressäniň aýdýan aýdymlaryny, onuň labzyny gowy görerdi. Onuň bilen dostana gatnaşardy. Şoňa garamazdan, “Sen geregiň” ýerine ýetirilişine-de, onyň sazyna-da Begmyradyň syny oturmady. Ol bu aýdymyň başgaçarak, has şirin äheňde ýaňlanmagyny isleýärdi. Aradan kän mahal geçdi. Ine, “Sen gerek” ýene-de radioda ýaňlandy. Bu gezek ony, ýalňyşmaýan bolsam, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýdogdy Gurbanow ýerine ýetirýärdi. Onuň ýakymly owazy aýdyma aýratyn ýalkym çaýýan ýalydy. Aýdym köňüllere siňip, ol radiodiňleýjileriň söýgüsini gazandy. Ýöne “Sen gerek” her gezek ýaňlananda Begmyradyň üýtgeşik duýgulary başdan geçirýändigi görnüp durdy. Göwnüme bolmasa, ol bu gezegem aýdymyň owazyndanam, onuň ýerine ýetirilişindenem närazy ýalydy. Sebäbi ol aýdymyň ýerine düşmändigine gyýylýardy. Her gezegem ol bu aýdymyň has başgaçarak, has şirin bolmalydygyny, onyň datly labzynyň tutuş süňňüňi elendirmelidigini öwran-öwran tekrarlaýardy. Ýene-de bir zady - bu aýdymyň, bu goşgynyň men hakda däldigini düşündirmäge-de irinmezdi. Şonda ol edepliligiň, medeniýetliligiň, edebi sowatlylygyň aňrybaş nusgasyny görkezerdi. - Aýdym, goşgy, aslynda, edebi eser ýazylanda ol haýsydyr bir adam üçin däl-de, edebiýat üçindir. Edebiýatyň wezipesi halkyň ruhy galkynyşyny gazanmakdyr. Çünki adam şatlykly pursatda-da, ýüregini gam basanda-da öz duýgularyny paýlaşyp biljek goşgy setirlerini, şirin heňleri ýatlaýar. Bu-da şygyrýetiň, sungatyň durmuşdaky taýsyz uly güýjüni hem abraýyny kepillendirýär. Muny edebiýat meýdanynyň wekili hökmünde seniň ýatdan çykarmaga hakyň ýokdur. Men onuň bilen hemişe ylalaşýardym. Bu gezegem şeýle boldy. Sebäbi eliňe galam alanyňda göz öňüňde haýsydyr bir keşp janlanýanam bolsa, sen eseriňi diňe bir adam üçin döredeňok. Dogrudanam edebi eserler, edebiýat halkyň ruhy hazynasy. Ýöne “Sen gerek” radioda ýaňlananda, göwnüme bolmasa, Begmyrat öz duýgularyna buýsanýan ýalydy... Ine, şeýle günleriň birinde ýene-de radioda “Sen gerek” ýaňlandy. Bu gezek aýdymy türkmeniň söýgüli aýdymçysy Annaberdi Atdanow ýerine ýetirýärdi. Biz iki bolyp, aýdymy hezil edip diňledik. Onuň bu gezekki ýerine ýetirilişi has şirin, has datly, has ýakymlydy. Aýdym soňlanyp barýardy. Asyl onuň iň soňky gaýtalama setirleridi. Annaberdi neressäniň: “Sen gerek, sen gerek, sen Ogulgerek” diýen sözlerini eşidenden, Begmyrat zöwwe ýerinden galdy-da, “Ýeri-how, muny nädäýdi” diýip, elewredi. Ur-tut Annaberdä til edip başlady. Hernä ony kän gözlemeli bolmady. - Eý, sen ony nädäýipsiň. Ogulgerek nireden geldi ol aýdyma. Aňyrdan Annaberdi bir zatlar diýdi öýdýän, Begmyrat hezil edinip güldi. - Ýeri how, seň gelniň Ogulgerek bolany bilen aýdymy tutuş bir Ogulgerege bagyşlaýmaly däl ahyry. Ol umuman, zenan maşgalanyň erkek adama zerurlygy, onyň söýgüsi, duýgusy barada. Aýdymam bir adamynyňky däl, köpçüligiňki. Goşgynyň, aýdymyň güýji şonda-da. Bolanok-da onsoň... Begmyrat şeýdip janygyp, Annaberdä edebi döredijilik barada, liriki gahryman barada köp zatlary gürrüň berdi. Begmyrat gepleşip bolandan soň, trubkany ýerinde goýyp, ýene-de janykdy. -Bolmaz ahyry, oglan, beýdäýmek iliň zadyny, köpçüligiň zadyny ogurlan ýaly bolýaň onsoň. - Sen näme, dostuňy ynandyryp bilmediňmi. Saňa gelişjek zat däldir-le. Begmyrat çyny bilen jibrindi: - Annaberdi ertir Tejene toýa gidip barýan diýdi. Gelenden soň, aýdymy täzeden ýazdyrjakdygyny aýtdy. Şeýtmeli-dä, walla. Bolmaz ahyry. Şondan iki gün soň Annaberdi Atdanowyň Tejenden gelýärkä, ýol heläkçiligine uçrap, aradan çykandygy hakyndaky ajy habar ýaýrady. Biz oňa juda gaty gyýyldyk. Ýöne ajal göni gelende adamyň elinden gelýän zadyň ýokdugyny göre-göre gelýär adamzat. Belki, türkmende “kyrk gat öýüň bolsa demir galadan, ajal geler, emir bolsa Alladan” diýen söz şol sebäpli dörändir. Şeýtdi-de Annaberdi neresse aýdymy täzeden ýazgy etmäge ýetişmedi. Onsoň “Sen gerek” şol durşuna, iň soňunda “Sen Ogulgerekligi” bilen galyberdi. Begmyrat weli, muny özüçe ýordi. Annaberdi neressäniň öz maşgalasyna bir ýadygärlik galdyrasy geleniniň gaty ýürekdendigini ol her gezek bu aýdymy eşidende gaýtalaýardy. – Meň ýalňyşýan bolaýmagym ahmal, Annaberdi neresse belki, bu dünýäden ir gaýtjakdygyny duýup, goşgyň iň soňky setirini ýörite üýtgedendir. Şeýdip ol söwer ýaryna, maşgalasyna ýüregini açandyr. Ýadygarlik goýandyr. Şondan bäri “Sen gerek“ şol durkunda ýaňlanyp, diňleýjileri söýgi şalygyna äkidip, olara şa mülkünden mähir paýlaýar. Elbetde, “Ýagşydan at galar” diýlişi ýaly, “Sen geregi” döredenlerdenem diňe ýagşy at galdy. Onyň sözlerini ýazanam, ony ajapdan-ajap edip, şirin labyz bilen ýerine ýetirenlerem bu ýagty jahandan gaýtdylar. "Sen gerek" weli, şol datlylygy, mylaýym owazy bilen ynsan kalbyna aralaşyp, olara ruhy lezzet berip, söýgüli ýarlary birek-birege gowşuryp ýör. Gereklenýän ýarlar, söýülýän gözeller garramaýarlar. Şeýle şirin hem datly aýdymlar arkaly söýgi ataşy olaryň kalbyna bakylyk nuryny çaýýar. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |