HAKYDA GUŞY
Ol ýene öňki endigine görä ýola düşdi. Göwnüne ol keremli daglara barsa, ýüki ýeňläýjek ýalydy. Çünki her gezek şeýdip dünýä sygmadyk mahaly daglara gelerdi-de zaw-zaw bolup ýatan dereleri synlardy. Olaryň her otuna-çöpüne belet Selim esli mahallap nazaryny bir ýere dikip oturardy-da soňam ýuwaşlyk bilen ýerinden galyp, gyçak-gyçak daşlary ýaryp çykan arçanyň deňinde saklanardy. Onuň çalymtyl miwesini agzyna atyp, ýakymly ysyna berlerdi. Şonda daglardan çykýan seda ony gadymýete aralaşdyryp, köňlüne aram berýärdi. Selim bu sedada ömürboýy soňlanmajak syryň bardygyny duýsa-da, onuň manysyny tirip bilenokdy. Şonda onuň aňynda dürli pikirler at çapardy. Aňdan-aňa, ýürekden ýürege uçup ýören bu seda onuň hakydasynda hemişe şol bir wakany janlandyrýardy...
...Şol gezek olar iki dost bolup synaga taýýarlanmak üçin okalga ugradylýar. Okuw mekdebiniň okalgasynda boş ýeri tapmak kyndy. Selim bilen Sähet bu gezek aýry oturmaly boldylar. Selim gerekli kitaplaryny goltuklap, okalganyň bir gyrasynda esli salym eglendi. Gözi bilen oturjak ýerini peýlände edil garşysynda oturan gyza gözi düşdi. Ol oturjagyny-oturmajagyny bilmän ýaýdandy. Ýöne gyzyň özüne üns bermän oturyşyny görüp, ahyry aýgyt etdi. Gerekli sahypany açyp okap başlasa-da onuň bar ünsi garşysyndaky gyzdady. Ol bu gyzyň özleri bilen bir ýerde okaýandygyny aňsa-da onuň haýsy ýyllykdygyny bilenokdy. Selim gyza seretmejek bolsa-da özünden bidin gabaklaryny galdyrman oturan gyza ogryn-dogryn garanyny duýman galýardy. Her gezegem onuň ýekeje sapar özüne seretmegini isleýärdi. Ýöne gyzyň kitaplardan başyny galdyrman oturmagy ony otdan alyp suwa salýardy. Asla indi onuň kitap bilenem, ýetip gelýän synag bilenem seri ýokdy. Bar islegi bu gyzyň gapdalyndan turman, bu gyzdan gözüni aýyrman synlap oturmakdy.
Süýji hyýallara özüni aldyran Selim şeýdip näçe oturandygynam duýmady.
–Selim, ýör how, gaýdaly. Okalgada bizden başga adam galmady.
Selim pikirlerinden aýňalanda garşysyndaky gyzyň ýokdugyna gözi düşdi. Ol göwünli-göwünsiz ýerinden turup, haýallyk bilen kitaplaryny ýygnaşdyrdy. Dostunyň hemişekiliginiň ýokdugyny Sähet badabat duýdy.
–Näme boldy, how, saňa? Ýaman gowşak görünýäň-le.
–Hiç zat.
–Diýseňem bir zada bolýar saňa.
Selim dostuna syr bildirmejek bolsa-da onuň gözüniň öňünden ýaňky gyzyň keşbi gidenokdy. Ol bu gyzy haçan, nirede görendigini hakydasyna getirjek bolup aň elegini dörjeleýärdi. Eger ýene bir gezek gabat geläýse, oňa beýnisinde häliden bäri gaýtalanyp duran iň mukaddes sözleri aýtjakdygyna öz-özüni ynandyrýardy.
Ertesi dostlar ýene okalga geldiler. Bu gezek Selimiň gözleri ilki bilen düýnki gyzy gözledi. Gyzyň gapdalyndaky oturgyjyň boşdugyny görüp, begenjini gizlejegem bolmady.
–Sähet, men-ä ho-ol, çetde oturjak, senem halan ýeriňde çökäý.
Sähet dostunyň yýalyna derrew düşündi. Selim gyzyň gapdalynda ýerleşdi-de, kitabyň gatyny açdy. Kitapda nämeleriň ýazylandygy Selimiň gözüne ilenokdy. Oňa derek kitabyň ýüzünde gyzyň ap-ak ýüzüne dökülip duran alyn saçlary seçelenen ýalydy. Selim syryny bildirmezlik üçin gyza üns bermediksirän bolsa-da, ýüregi atygsap gursagy ýaraýyn diýýärdi. Ol şeýdip oturşyna ne kitap okap bildi, ne-de ynjalyp...
Selim ýüregine agram berýän duýgusyny dostuna duýdurdy.
–Sähet, ýaňky meň gapdalymda oturan gyzy tanaýarmyň?
Sähet sakga durdy-da dostuna seretdi:
–Sen çynyň bilen aýdýaňmy, ýa-da degişýämiň?
– Çynym bilen soraýan.
Sähet elini çarpyp gülüp başlady. Soňam gülkiň arasynda dostuna degdi:
–Eý, sen uklap ýörmüň? Ol-a bizden bir ýyl aşakda okaýan Güldäne. Özem ýokarky gatda ýaşaýar.
–Şeýlemi?
–Näme sen ony şu çaka çenli göreňokmydyň?
–Ýok, men ony düýn birinji sapar gördüm. Çynymy diýýän, düýnden bäri ol gyz meniň huşumdan çykanok.
–Juda ýüregiň üzülip barsa, otaglaryny salgy bereýin.
–Ýok, how, diýýäniň näme?
Selim dostunyň gepine pitiwa etmese-de, şu çaka çenli Güldänäni birje gezegem görmändigine ökündi. Şeýle owadan gyzy nädip henize çenli tanamandygyna gynandy. Nädibem bolsa onuň gözüne ilmäge, ünsüni çekmäge howlukdy. Ýöne onuň ähli arzuwyna ýygralyk çyny bilen badak saldy. Onuň indi Güldänäni görenden dili tutulyp, el-aýagyny ýitirip başlaýardy. Dostunyň söýgi oduna tutaşyp, öz ýanyndan örtenip, kösenip ýörendigine Sähediň jany ýanýardy.
–A-how, sen erkek bol ahyry halys özüňi oňarmaýan bolsaňam, olaryň otagyna bile baraly.
Dostlar tirkeşip, umumyýaşaýyş jaýynyň üçünji gatyna çykdylar. Otagyň gapysyna gelenlarinde Selim sakga durdy:
–Sähet, bu-la birhili bolýa, men oňa näme diýjegimi bilemok. Hakydamda ýekeje sözem ýok.
–Oňa söz gerek däl, gardaş. Ol seniň gözüňi görenden näme diýjek bolýanyňa düşüner. Şeýle halatda diňe gözler sözleşýä. Kemine şahyr:
Gara-gara gözler bilen
Gözleşmeşek oýnagaly.
Näzik inçe biller bilen
Guçuşmaşak oýnagaly-diýmänmi näme?
–Senem ýok zady tapaýaň-da, walla.
–Ýa seň öz duýgyňa ynamyň ýokmy?
–Bar weli, utanýan.
–Sen erkek kişi ahyry.
Gapy kakylandan kän mahal geçmänkä, işik açyldy. Güldänäniň gözüne ilki bilen Selimiň boz-ýaz bolup durşy ildi. Ol biraz yza çekildi-de ýigitlere soragly bakdy. Güldänä gözi düşenden Selimiň huşy başyndan uçdy. Esli salymlap olaryň hiç haýsyndan ses çykmady. Ýigitler ne içeri girdiler, ne-de näme üçin gelendiklerini aýtdylar. Birdenem Selim duran ýerinden hyrra yzyna öwrüldi-de, basgançaga tarap ýöneldi. Sähedem kän eglenmän, onuň yzyny eýerdi.
Henizem nämäniň nämedigine düşünip bilmän duran Güldäne olaryň näme üçin gelendiklerine düşünip bilmedi. Ol şo ol gezek okalgada duşaly bäri Selimiň özüne biparh garamaýandygyny duýýardy. Onuň ogryn-dogryn garaýşy bilen nazarlar çaknyşýardy. Şonda ýüreklerden joşup çykýan mähiň ýylysy birbaş beýnä urýardy. Güldäne indi esli mahal bäri Selimiň dilinden bu mukaddes sözi eşidip, kalbyny rahatlandyrasy gelýärdi. Ol bu hadysany wakalaryň içinden geçirip, durşuna bialaç işigi ýapdy. Şol demde-de süýji hyýallar onuň süňňüni gowşatdy. Öz duýgusyny duýduryp bilmeýän ýigitden ýyly söz hantama bolanyna ökündi.
Indi Güldäne her gezek okalga gelende özüne iň arzyly bolan ýerde-Selimiň oturan oturgyjynda oturýardy. Her gezegem şol sapar garşysynda oturan Selimi göz öňüne getirip, göwün ýüwrüderdi. “Wah, şu oturgyja dil bitse, şol ýigidiň dünýäsine dolsam armanym galmazdy. Arman, ne oturgyç sözläp bilýär, ne-de men şol ýigidiň dünýäsine aralaşyp bilýän...”
***
Güldänä syny näçe otursa-da, ony göresi gelip, ýüregi üzülip barsa-da Selime ýygralygy ejir baryny çekdirýärdi. Ol her gün Güldänäniň ady bilen ýatyp-turýardy. Düýşünde oňa ýüregini açýardy. Ýöne huşunda weli, ol Güldänäniň ýanyna barmaga het edip bilenokdy. Okalgada baranda ol her gezek Güldänäniň oturan oturgyjynda oturardy. Şonda ýigidiň beýnisinde “Şu oturgyç meniň duýgymy Güldänä ýetirse, menem onuň mährinden gansam” diýip arzuw ederdi. Şeýdip ýürekden aşyk bolan gyzyna söýgüsini duýduryp bilmän, öz-özüni kösäp ýöşrşüne Selim talyplyk ýyllarynyň yzda galandygyny soň-soňlar duýup galdy.. Indi ol Güldänä bolan söýgüsini ýüreginiň çuňlugyna siňdirendiirin öýdüpdi.
Ölçerilmedik oduň ýuwaş-ýuwaşdan sönüşi ýaly, söýgüde mähir ýetmezçilik etse, diňe arzuw, isleg teşne ýürekleri gandyrardan ejiz gelýän bolarly. Ýogsam bu juwanlaryň ikisem şol bir zady-mähri, sönmez söýgini küýseýärdi.Arman ýürekde ýer eden şol inçe duýgy ýygralyk zerarly Selimiň hakydasynda ömürlik galdy...
... Hakydada aňdan-aňa, ýürekden ýürege uçýan altyn guş şol birwagtky mukaddes sözleri ýyllaryň gatyndan alyp geldi-de, daglaryň gaýasynda seda bolup ýaňlandy. Şonda Selimiň gözüniň öňünde ak mapraç gelin Güldäne peýda boldy. Şol birmahalky garamyk gözler mähir bilen balkyldap durdy. Selim yşk oduna çawlanan ýüregini açyp bilmän, ömür-ahyr hakydadan çykmajak ahmyrda galandygyna düşünip, duşdan öten ýyllaryň bu duýgyny öçürip bilmändigini boýun aldy...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar