17:15 Karar | |
Çary ÝEGENMYRADOW
Goşgular
▶ KARAR Indi besdir, gamgyn bolmak hebesdir, Bolmadyk işler hiç, boljak iş boldy. Her niçigem bolsa, ysgajak gülüm, Wagtynda açyldy, wagtynda soldy. Şol sebäplem kalby lälezar eýläp, Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk. Biminnet nur saçýan Güni hem Aýy, Bu ýagty dünýäni görýän diýibem. Toýa gitjek ýaly, her gün ir bilen Öýümden keýpikök örýän diýibem. Päkize kalbymy lälezar eýläp, Şay aýdym aýdaryn indiden beýläk. Bilip bolmaz, käte ownuk alada, Gam bolup üstüme salsa kölege. Şepagat taparyn aýdymdan-sazdan, Men öñdenem aýdym-saza ölemen. Şol sebäpli kalby lälezar eýläp, Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |